Ajaýyp eýýamyň ýaňy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň belleniljek güni barha golaýlaýar. Halkymyz uly toý-baýramlara beslenýän bu nurana güne her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Halkymyz bu şanly toýa özüniň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ajaýyp zähmet üstünliklerini, rowaçlyklaryny, ýeten belent sepgitlerini peşgeş edýär. Arkadagly Serdarymyzyň çuň parasata ýugrulan döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz dünýäde çalt ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bular babatda aýratyn bellenilip geçildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetýär. Şunda ýurdumyzyň tebigy gazy we nebiti öndürmekde gazanýan üstünlikleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.  

                                                                   

Hökümetiň nobatdaky mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň sekiz aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan bu meýilnama 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,3 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama bolsa 124,3 göterim amal edildi. Döwlet Baştutanymyz şunda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine gönükdirilen maýa goýum serişdelerini talabalaýyk özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 26 — 27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty geçirmegiň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.  

                                                                   

Soňky ýyllarda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalarymyza, hususan-da, Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijileriň gurulmagyna, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýerine ýetirilýän gurluşygyna berkarar döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyna goşan hakyky goşandy hökmünde garamak bolar. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň umumy ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär, ony dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürýär. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi bilen, dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ugratmagyň ösen ulgamyny döretmek babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda uly rowaçlyklara beslenýär. 

                                                                   

 Goý, berkarar Diýarymyzy kuwwatly energetika ýurduna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Çynar GELDIÝEWA,

                       

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgäri.