Ykdysady üstünlikleriň şöhlelenmesi

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergisi öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilelikde gurady. 

                                                                   

Däbe öwrülen serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň bu giň göwrümli çärä gatnaşyjylara Gutlagynyň okalmagy göwün göteriji alamaty, uly ruhubelentligi döretdi. Arkadagly Serdarymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ulgamlaryny ösdürmekde belent sepgitlere ýetip, sebit hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Önümçilik, ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeni-durmuş maksatly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, döwrebap desgalaryň her ýylda ýüzlerçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi, eziz Diýarymyzyň halkara derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Watanymyzyň baş toýuna bagyşlanýan sergi köp öwüşginliligi we giň göwrümliligi bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine serginiň ilkinji gününde onuň bilen tanşan ildeşlerimiz hem göz ýetirendir. Ahal welaýatynyň, şeýle-de welaýatymyzda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň sergi bölümlerine gyzyklanma has uludyr. Olarda welaýatymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dolulygyna öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Welaýatymyzda hereket edýän iri senagat kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň eksport ugurly, bäsdeşlige ukyply azyk, gurluşyk, dokma we beýleki görnüşli önümleri, hojalyk harytlary sergi bölümlerine özboluşly bezeg çaýýar. Gökdepe, Kaka, Babadaýhan etraplaryndaky iri dokma toplumlarynyň brend nyşanly önümleri bu gün uly meşhurlyga eýedir. Oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanylýan ekologiýa taýdan arassa önümleriň hem hyrydary ýetik. Döwrebap maldarçylyk, guşçulyk pudaklarynda alnyp barylýan işler-de guwandyryjydyr. Nobatdaky serginiň ýöriteleşdirilen bölümlerinde hem ýokarda agzalanlar giňden şöhlelenýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň baýramçylyk sergisi ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha galkynýandygyny hem-de gülläp ösýändigini dabaralandyrýar.  

                                                                                                           

Ýörite habarçymyz.

                       

Surata düşüren Maksat Müllikow.