Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Şanly wakalara beslenýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy gutly bolsun, eziz ildeşler! 

                                                                   

20-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady. Däp bolşy ýaly, ata Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ýüze çykardy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu serginiň belent maksatlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüljekdigi bellenilýär. Serginiň esasy mazmuny milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden we eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Bularyň ählisini milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny kämilleşdirmek boýunça möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işinde beýan edýän köpsanly diwarlyklar aýdyň görkezýär. 

 Bu ýerde energetika, senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, dokma senagaty hem-de halyçylyk, gurluşyk hem gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goraýyş, bagy-bossanlyga büremek ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen sergi bölümlerine orun berlipdir. Bu ulgamlaryň ählisiniň ösüş depgini köpsanly wideoşekilleriň görkezilmeginde, neşirýat önümlerinde — žurnallarda, owadan bezelen beýleki neşirlerde beýanyny tapdy. Mundan başga-da, edaralaryň diwarlyklarynda sergä gelýänlere önümler, kärhanalaryň, umuman, pudagyň ösüş meýilnamalary barada gürrüň berilýär. 

                                                                   

Sergide görkezilýän wideoşekiller gurluşygyň täze önümlerini we tehnologiýalaryny, gurluşyk serişdelerini öndürýän awtomatik kuwwatlyklarydyr zawodlary, suw sorujylary, suw arassalaýjy enjamlary, panel we diwar toplumlaryny, alýumin we plastik profilleri, santehnika we bezeg serişdelerini mahabatlandyrýar. «Aşgabat-sitiniň» we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ägirt uly taslamalarynyň binagärlik-şekil görnüşleriniň serginiň esasy bezegine öwrülendigini bellemek gerek. 

                                                                   

Gurulmagy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri hem-de iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýän gurluşyk desgalaryny şöhlelendirýän, şol sanda awtobanlaryň, köprüleriň, estakadalaryň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň möhüm ýollaryndaky köpgatly ýol aýrytlarynyň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümindäki monitorlarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen kuwwatly tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda ýol-ulag düzüminiň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň peýdalanylýar. Paýtagtymyzyň häkimliginiň diwarlyklarynda bag nahallaryny ösdürip ýetişdirýän, seýilgählerde ulanmaga niýetlenen germewleri, bezeg serişdelerini öndürýän önümçilik kärhanalarynyň harytlary görkezilýär. Şeýle-de, bu ýerde enjamlar we jemagat tehnikalary, ekologiýa hem-de abadanlaşdyryş ýaly bölümler ýerleşdirilipdir. Sergä ýygnananlar şu forumy guramaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň rowaçlygy hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de depginli, durnukly ösdürmek üçin ähli güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                                                           


                       

«Aşgabat».