Ykdysadyýetiň ykraryýeti toý sergisinde aýdyň şöhlelendi

20-21-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanylyp, ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guraldy. Oňa Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýet birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma iberen Gutlagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilýändigini aýdyň beýan etdi.

 Sergä gatnaşanlar ýurdumyzyň içerki önümleriniň baýlaşdyrylandygynyň we kämilleşdirilendiginiň gözli şaýady boldular. Ol ýerde ykdysadyýet, energetika, senagat, nebit we gaz, dokma senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleri, şeýle-de 40-dan gowrak hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri we hyzmatlary görkezildi. Dürli ugurlara degişli wideorolikleriň görkezilmegi bagtyýar halkymyzyň kalbyna öwrülen milli medeniýetimiziň ruhy gözelligini beýan etdi. Ykdysady we medeni ösüşiň sazlaşygyny we bitewüligini şöhlelendiren sergi oňa gelenleriň kalbynda belent duýgyny döretdi. 

                                                                   

Ykdysady üstünliklerimiziň sergisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, innowasion ösüşler giňden beýan edildi. Onda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygynyň-da töweregi köp adamly boldy. Diwarlykda ýerleşdirilen neşir we çaphana önümleri ýokary çap ediliş usuly boýunça aýratyn tapawutlylygy bilen sergä gelenleriň gyzyklanmasyny artdyrdy.  

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi bagtyýar halkymyza ýaşaýyş-durmuş eşretini bagyş edýän hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlarynyň binýadynyň mizemezligini bütin dünýä görkezdi.