Milli ykdysadyýet: geçilen ýol — geljege badalga

Ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden maksatnamalaýyn çykyşy serimize gelýär. Hormatly Prezidentimiziň şol taryhy günde: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik işlere, uly üstünliklere öwrülip, datly miwe eçilýär. 

                                                                   

Garaşsyzlygyň esasy mazmuny, döwletimiziň şu döwürde eýe bolan belent mertebesi, parahatçylygyň esasynda gazanan gülläp ösüşleri dessine göz öňüňde dikelýär. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň bu sözlerinde Watan bilen Garaşsyzlygy, il bilen ýurdy biri-birinden aýryp bolmaýandygyny aýdyňlaşdyrýan belent many bar. Olaryň birligini berkidýän güýç bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk arkaly gülläp ösüşlere gönükdirilen döwlet syýasatynda beýanyny tapdy. Bu döwletli syýasat Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň şanly toýuny tutuş il-ýurdumyzyň asudalykda we agzybirlikde, ruhubelent garşylaýandygyny seriňde aýlanyňda munuň şeýledigine has aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu dabaraly senäniň edil öň ýanynda ildeşlerimiz ýene bir şanly wakany – döwlet Baştutanymyzyň doglan gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. 

                                                                   

Gadymy taryhymyza ser salsaň, ata-babalarymyz öz ykrar eden Baştutanlaryny elmydama döwletiň sütüni saýypdyrlar. Bu kesgitlemede, ozaly bilen, döwletiň kuwwaty, il-ýurduň abadanlygy, asudalygy göz öňünde tutulypdyr. Bu garaşylýan arzuwlar hem kuwwatly ykdysadyýet arkaly wysal bolupdyr.  

                                                                   

Hut döwlet syýasatynyň milli ýörelgelerimize laýyklykda ýöredilmegi netijesinde Türkmenistanda hem kuwwatly ykdysadyýet emele geldi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, halkyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Döwlet syýasatynyň we ykdysady taglymatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen paýhasa esaslanmagynda hem biz şol manyny görýäris. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleriniň çeşmesiniň hem şondan gaýdýandygyna ünsümizi çekeliň.  

                                                                   

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýene bir täze derejä göterilýär. Pudaklaryň ählisinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň täze modelini has kämilleşdirýär. Hut sanly ulgamyň hasabyna dolandyryş işleri sazlaşykly ýöredilip ugraldy. Ilat üçin sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberi artýar. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen elektron we ylmy ulgamy özleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hem oňyn çözülýär. Hut şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň diňe bir mukdary artman, hili hem gowulanýar, elýeterli nyrhlar emele gelýär, ýaşaýyş-durmuş amatlylyklary köpelýär. Milli ykdysadyýetimizi has hem ösdürmek, ilatyň harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi goşmaça iş ýerlerini döretmäge hem ýardam berýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň netijesinde emele gelen nyrhlaryň elýeterliligi, önümleriň bolçulygy halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öz belent wezipesine girişen ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge degişli wezipelere üns bermegi hem ýöne ýerden däldir. Sebäbi kuwwatly ykdysadyýet bolelin ýaşaýşy üpjün edýär, ony elmydama täze derejelere göterýär.  

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda önümçiligine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýan milli ykdysadyýetimiziň ilatyň esasy isleglerini köpçülikleýin kanagatlandyrmaga bolan ukyby emele geldi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň işe girizilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy we azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň oňyn netijesidir. Üstesine, Türkmenistan çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine hem eýe bolýar. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerine daşary ýurt bazarlarynda islegiň örän uludygyny hem bellesek, onda biziň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarymyzyň has giňelýändigi aýan bolýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynyň goýberýän ýokary hilli önümleri içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksporta hem iberilýär. Diňe bir Halajyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük fabrigi geçen ýylda öz önümleriniň 36 million 862 müň 866 manatlygyny Russiýa, Türkiýe, Polşa, Ermenistan ýaly ýurtlara eksporta iberdi. 

                                                                   

Kuwwatly ykdysadyýetiň bar ýerinde ekerançylygyň medeniýeti hem ösýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda diňe bir biziň welaýatymyz boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şu günlerde şol ýeriň 130 müň gektarynda ekilen gowaçanyň hasylyny ýygnamak işi gyzgalaňly barýar. Şonça meýdandan 320 müň tonna ýokary hilli hasyl almak meýilleşdirildi. Ýurduň dänä bolan islegi hem üpjün edilýär. Esasy azyklyk ekinleriň biri bolan bugdaý 130 müň gektar meýdanda ekilýär. Welaýatymyzda ýazlyk we güýzlük ýeralmany hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek üçin 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdany bölünip berildi. Şu ýyl ýeralmanyň ekilen her gektaryndan 140 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 5625 gektar, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 6045 gektar meýdan bölünip berildi. Oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde hususyýetçileriň hem paýy artýar. Ekerançylykdaky oýlanyşykly çemeleşmeler ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen suwy netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda häzirki günübirin durmuşa geçirilýän işler oba hojalyk ekinlerinden alynýan dürli önümleriň bolçulygynyň ýene-de dowamly artmagyna täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut biziň welaýatymyzda Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglar geçirildi, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäpleri anyklanylyp, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň uly meýilnamasy amala aşyrylýar, Kerki şäherinde hemişelik esasda dolandyryş merkezini guramak boýunça düýpli işlere badalga berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda sazlaşykly ösüşleri üpjün edýän milli ykdysadyýetimiziň emele gelen nusgasy Türkmenistanyň ösüşleriniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirjek täze mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň gazanan uly bir artykmaçlygydyr. Ýetilen sepgitler Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň oňyn netijelerini görýändigini aýdyň görkezýär. 

                                                                                                           

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

                       

žurnalist.