Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Balkan welaýaty: 

                                                                   

 7. Himiýa senagatyndaky öňegidişlikler 

                                                                   

Türkmenistan himiýa senagatynyň önümçiliginde zerur bolan çig mallaryň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda himiýa önümçiligini depginli ösdürmekde Balkan welaýatyna aýratyn orun degişlidir. Welaýatyň iň çetki, magdana baý künjegi bolan Garabogazköl aýlagyny alyp göreliň! Bu ýerde gidromineral serişdeleriň, gazdyr nebitiň, ýerasty ýod-bromly şerebe suwlarynyň, kaliý, natriý duzlarynyň, kükürt we beýleki mineral çig mallaryň baý tebigy ýataklary jemlenendir. 

                                                                   

Häzirki wagtda Balkan welaýatynda magdan senagatyny ösdürmekde, beýleki gazylyp alynýan çig mal ýataklarynyň serişdelerini senagat möçberinde toplumlaýyn özleşdirmekde gazanylýan sepgitler örän ýokarydyr. Sebitde ýerleşýän döwlet we hususy senagat desgalarynda ýerasty gorlar, gidromineral serişdeler netijeli özleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň düzüminde gaýtadan işleýän senagatyň paýy barha ýokarlanyp, döwlet gaznasyna daşary ýurt pulunyň köp mukdarda gelip gowuşmagy üpjün edilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen mejlisinde Balkan welaýatynyň Hazar we Gumdag şäherlerinde tehniki ýody, bromy we brom önümlerini, Esenguly etrabynda ýod önümlerini öndürýän önümçilikleri maliýeleşdirmek, Türkmenbaşy etrabyndaky Garabogazköl aýlagynyň baý mineral serişdelerini himiýa taýdan giňden özleşdirmek üçin maýa goýum serişdelerini çekmek, «Guwlyduz» kärhanasyny doly täzeden gurmak, bu önümçiliklerde öndüriljek önümleri ýerleşdirmegiň ygtybarly bazarlaryny tapmak meselelerine hem garaldy. Çig mal gorlarynyň täze ýataklarynyň üstüni açmak, gaýtadan işlemek boýunça Balkanda badalga berlen iri möçberli, maksatnamalaýyn işler milli himiýa senagatyny ösdürmegiň önümçilik binýadyny barha pugtalandyrýar. Ýetilen sepgitler pudagyň, galyberse-de, welaýatyň eksport ugruny ep-esli artdyrmaga, senagatyň jemi içerki önümdäki paýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen innowasion ösüş strategiýasyna laýyklykda, senagatyň jemi içerki önümdäki paýyny 2052-nji ýylda 43 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Häzir ýurdumyzda, aýratyn-da, Balkan welaýatynda ýerleşýän himiýa ugurly iri senagat toplumlarynyň doly kuwwatynda işledilmegi, hereket edýän beýleki desgalaryň tehniki taýdan durkunyň täzelenmegi senagatyň jemi içerki önümdäki paýyny, meýilleşdirilişi ýaly, 27,8 göterime ýetirmäge oňyn şert döredýär. Bu görkezijiniň has-da artdyrylmagy bilen, sebitiň iri senagat ojaklarynda ýagyň, ýangyjyň, piroliza önümleriniň dürli görnüşleri öndüriler, natriý sulfatynyň görnüşleriniň mukdary birnäçe esse ýokarlandyrylar. Diýarymyzyň sebitleriniň ösüşine badalga berjek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bişofit, epsomit, magniý oksidi we magniý metaly ýaly himiki birleşmeler natriý sulfat önümçiliginiň taşlandy şerebelerini gaýtadan işlemegiň esasynda öndüriler. Meýilnamalarda bellenilişi ýaly, 2052-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüm gurluşynda senagatyň paýynyň artmagynyň hasabyna, Türkmenistanyň ösen dünýä döwletleriniň hataryndaky orny has-da pugtalanar. Ykdysady taýdan seljerilen geologik-tehniki çäreleriň çarçuwasynda günbatar sebitiň baý çig mal meýdanlarynda düýpli geologik-gözleg işleriniň depginini yzygiderli güýçlendirmek meýilleşdirilýär. 

Mineral dökünleri öndürmek boýunça ozal bar bolan önümçilik binýady tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, azot, karbamid, kaliý, fosfor we beýleki zerur önümleriň öndürilişi barha ýokarlandy. Munuň özi diňe bir içerki bazardaky islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milli önümleri köp möçberde eksporta ugratmaga-da mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylansak, 2020-nji ýylda daşary söwda dolanyşygynyň çäklerinde eksport edilen esasy harytlaryň sanawynda mineral dökünleri daşarky bazarlarda ýerlemekden alnan girdeji 209,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,1 esse artdy. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde açylyp ulanmaga berlen täze zawodyň şeýle ýokary netijeleri gazanmakda paýy uludyr. Täze önümçilik toplumy ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işläp, bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, her gije-gündizde 2 müň, ýylda 660 müň tonna sintetik ammiagy öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümleri ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň jemi möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berdi. Zawodda öndürilýän karbamid döküniniň düzüminde 46,2 göterim azot mineraly saklanýar, munuň özi şeýle dökünleriň sanawynda ýokary netijelilik hasaplanýar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän mineral dökünleri ulanyp, goşulan gymmaty has ýokary, düzümi boýunça dürli gatnaşyklarda azot, fosfor, kaliý birleşmelerini saklaýan garyşyk mineral dökünleri öndürmek, olary has bähbitli bahalardan eksport etmek bilen bagly iri maýa goýum taslamasyny amala aşyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gepleşikler geçirilýär. Konserniň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde garyşyk döküni öndürmek boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny we tehniki tabşyrygyny taýýarladylar. Oňa laýyklykda, garyşyk döküni öndürmek üçin zerur bolan üpjünçilik ulgamynyň ykdysady taýdan has bähbitli, tebigy gurşawa ýetirjek zyýany nazarda tutulyp, bu önümçiligi ilatly nokatdan has daşda ýola goýmak maksadalaýyk hasaplandy. Häzirki wagtda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna barabar garyşyk mineral dökünlerini öndürýän desgany gurmak boýunça ygtybarly potratçyny saýlamak boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda türkmen kärhanalarynda öndürilýän karbamid dökünini daşary ýurtlara eksport etmek, ýoduň, bromyň we natriý sulfatynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda özbek tarapynyň gyzyklanmasyna hormat bilen garalýandygy aýdyldy.

  Sebitiň gyradeň ösüşini üpjün etmek meseleleri himiýa we gaýtadan işleýän senagat önümlerini öndürýän kärhanalary döretmek, ozal bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak bilen baglydyr. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda ulanyşa girizilen, ýyllyk kuwwaty 21 müň tonna deň bolan biaksial ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze önümhana bu ugurda içerki islegi kanagatlandyrmaga we polimeriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berdi. Welaýatyň ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen, sebitde hereket edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 100 göterim maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna nebiti we gazy çykarmak, bar bolan beýleki magdanlary gaýtadan işleýän desgalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatda himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy Garabogazköl aýlagynyň çig mal gorlarynyň uly geljegi bilen baglydyr. Maksatnamanyň çäklerinde bu sebitde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini öndürýän zawodyň ikinji tapgyrynyň, şeýle-de ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna deň bolan natriý sulfatyny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamalaryna ösüşiň täzeçe sepgidi hökmünde garalýar. Welaýatda bar bolan «Hazar» himiýa we «Balkanabat» ýod zawodlarynyň her birinde täze ýod hem-de brom-demir öndürýän desgalary gurmak meseleleriniň üstünde hem işlenilýär. Munuň özi çig maly daşamak üçin geçirijileriň uzynlygyny we olary abatlamak, çalyşmak bilen bagly çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer. Gyýanlyda ýerleşýän polimer zawodynyň önümçiliginde ulanylýan himiki serişdeleri şol desganyň ýakynynda öndürmekde hususyýetçilere uly orun berilýär. 

                                                                   

Welaýatda meýilleşdirilen işleriň hatarynda ilat üçin zerur harytlary, serişdeleri öndürmek, ýerli şertlerde düýpgöter täze önümçilikleri, döwrebap senagat toplumlaryny gurmak we işe girizmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçiriler. Bu kärhanalarda ähli işler taýýar önümleri öndürmek boýunça gutarnykly önümçilik aýlaw ýörelgesinde guralar. Şeýle çemeleşme çig mala, tebigy baýlyklara, zähmet ätiýaçlyklaryna we serişdelerine, arassa suwa, energiýa çeşmelerine, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine aňrybaş elýeterlilik ýörelgelerine esaslanýar. Sebitde bar bolan himiýa önümçiliklerine ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary, döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, munuň özi ösüşiň ileri tutulýan ýörelgesi hem-de aýrylmaz şerti bolup durýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, bitewi ylmy-önümçilik klasterleri kemala gelýär. Olar milli ykdysadyýeti tiz senagatlaşdyrmaga, ösýän pudaklara daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge, halkara ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny has-da kämilleşdirmäge ýardam edýär. Iri önümçilik desgalaryny gurmakda, işe girizmekde, ýokary hilli we islegli harytlardyr önümleri öndürmekde ekologiýa kadalarynyň pugta berjaý edilmegi döwrüň ýene-de bir möhüm talaby hökmünde öňe sürülýär. Himiýa senagatyny ösdürmegiň çäklerinde öňde durýan wajyp wezipeler magdan baýlyklaryny, mineral-çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmakdan, önümçiligi döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmakdan we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetiň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakdan, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri giň möçberde öndürmekden we olary dünýä bazarlaryna çykarmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda ornaşdyrylýan ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary senagat kärhanalarynda çig mallary galyndysyz gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. 

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.