Ahal welaýaty, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazarda tutup, bu ähmiýetli ekologik çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi merkeziň çäginde amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirer. Bu wezipäni oňyn çözmek üçin merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürelmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz germewleriň şekillerini synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyna, iň esasysy bolsa, olaryň uzak möhletleýin häsiýetde bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Gurluşyk işlerinde ulanylýan ähli serişdeleriň häzirki döwrüň talaplaryna we halkymyzyň milli ruhuna kybap gelmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden, täzeçil usullardan peýdalanyşlary barada giňişleýin hasabat berildi.
Hasabatyň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Ginnesiň rekordlar kitabynyň agzalarynyň bu ýerde bolup, 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi.
Hormatly Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň hem-de forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň agzalarynyň bu ýerde okuw maslahatyny guramaklarynyň ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýändigini aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy okuw maslahatyna pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň, bu ugurda ylmy işleri alyp barýan oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň çäginde bina edilen birnäçe häzirki zaman desgalarynyň we giň möçberli çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belledi. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we milli binagärlik aýratynlyklarynyň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen ajaýyp Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp, dünýä rekordyny täzeländigini belledi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Akhanyň sarpasy belentde tutulýar, täze merkezde onuň hormatyna ajaýyp heýkel bina edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkezde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýandygy we döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, merkeziň birinji tapgyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesinde tamamlanmagy ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady.
Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary hödürlendi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem gurluşyk işlerinde merkeziň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmegi barada aýdyldy. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagynyň olaryň bitiren hyzmatlaryna sarpanyň nyşanyna öwrüljekdigini we beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirjekdigini belledi. Şunda B.Kerbabaýew, K.Gurbannepesow, G.Ezizow, A.Garlyýew, S.Ataýewa, M.Kulyýewa, M.Garryýew we beýlekiler ýatlanylsa, maksadalaýyk bolar. Bu meselede Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary bilen maslahatlaşyp, onuň kanunçylyk taraplaryna üns berilmelidir.
Bu ýerde merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň gümmezleriniň görnüşleri, köp gatly jaýlarda oturdyljak häzirki zaman liftleriniň aýratynlyklary, şeýle-de Akhan atly bedewiň heýkeli we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly taslamalar, degişli çyzgylar görkezildi. Olaryň hatarynda täze merkeziň ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, täze metjidiň ýanynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň görnüşleri, lukmançylyk edaralarynyň enjamlarynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar, çyzgylar bar.
Gahryman Arkadagymyz awtobus duralgalarynyň sowadyjylar bilen üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, duralgalaryň ýanynda gazet-žurnallaryň söwdasyny guraýan dükanlaryň bina edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi şäher ilatynyň täzelikler we döwrüň möhüm wakalary bilen tanyşmaklaryny üpjün eder.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alynmalydygyna ünsi çekdi. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgelerden ugur alynmagy esasy talap bolup durýar.
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, aýratyn-da, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň liftleriniň oturdylmagy, lukmançylyk edaralarynyň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belledi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz metjidiň gümmeziniň görnüşlerini synlap, olaryň halkymyzyň milli ruhuna we asylly ýörelgelerine kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Akhan şaýolunyň ugry bilen ýola düşdi. Hormatly Arkadagymyz ýol ugruna yşyklandyryjy ulgamyň sütünlerini synlady we ady rowaýata öwrülen bedewiň heýkeliniň oturdylýan çatrygynda saklandy. Halkalaýyn ýoluň merkezinde bina edilýän heýkeliň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, Gahryman Arkadagymyz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli we uzak möhletleýin esasda bolmalydygyna ünsi çekdi.
Umumy beýikligi 31 metr bolan binanyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde oturdylan Akhan atly bedewiň heýkeliniň beýikligi 9 metr bolup, onuň ýüzi täze şäheriň merkezine tarap bakyp dur. Gahryman Arkadagymyz bu görnüşde çuňňur many-mazmunyň bardygyny aýdyp, ajaýyp bedewiň şäher ilatyna mähir bilen garaýandygyny belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy heýkeliň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we onuň bir tarapyndaky boşluk ýerde häzirki zaman suw çüwdüriminiň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çarpaýa galan bedewiň belent başly suw çüwdürimi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirjekdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrar. Şol bir wagtyň özünde merkezde ajaýyp bedewiň heýkeli oturdylan halkalaýyn ýoluň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmelidir, onuň agşamky görnüşleri has-da özüne çekiji bolmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň berkligine, olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi beýleki gurluşyklarda bolşy ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň uzak möhletleýinligini üpjün eder. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen Akhan atly bedewe goýýan sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň baş maksadynyň halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny ýokary hilli tamamlamak bilen baglanyşykly öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.