Täsinliklere baý täze şäherde

Döwlet Baştutanymyz 10-njy sentýabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Arkadagly Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň ol ýerde geçirilen göçme mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň şu ýylyň birinji dekabrynda ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmäge hem-de düzgünleşdirmäge ýardam etjek möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.  

                                                                   

«Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni. Dogrusy, Köpetdagyň eteginde gurulýan täze şäheri hem gözüň bilen görmeseň, aýdylana ynanar ýaly däl. Bary-ýogy üç ýylyň içinde tarp ýerde şäher döretmek! Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwesi, höziri! 31 ýyl mundan öň türkmende täze durmuş, täze eýýam başlandy. Garaşsyzlyk adamlaryň täzeçe ýaşamaga, işlemäge höwesini artdyrdy. Ýurdumyz ösüş-özgerişlere beslenip, täze etraplaryň döremegine, oba-kentlerimiziň gözel keşbe girmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ep-esli gowulanmagyna getirdi.  

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenen ýylynda gurlup ulanmaga berlen dürli maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň sanawy milli Garaşsyzlygyň bize beren bagtynyň näderejede gymmatlydygyny ýene-de bir gezek aýan etdi. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy toýlanan ýylynda ulanmaga berlen, berilýän täze desgalar bu sanawyň üstüni ýetirip, barha uzap barýar. Şolaryň birem «akylly» ýörelgeler, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýan, täsinliklere hem-de täzeliklere baý döwrebap welaýat merkezidir. 

                                                                   

Köpetdagyň eteginden günbatarlygyna uzaýan aýna ýaly tekiz ýol bu şäheriň üstünden alyp barýar. Golaýlanyňda, ýoluň belent ýerinden täze salynýan desgalar edil eliň aýasynda ýaly görünýär. Ilki bilen, bu düýpli gurluşygyň tamamlanyp barýan birinji tapgyryndaky ak binalaryň hataryna gözüň düşýär. Olar sanardan kän. Özi-de biri-birinden üýtgeşik. Onuň taslamasyny iň soňky dünýä tejribeleri we innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlamak üçin köp sanly tekliplerdir tejribeleriň öwrenilendigi düşnükli. Gözel ymaratlar türkmen binagärliginiň barha kämilleşýändiginiň, döwrebaplaşýandygynyň aýdyň nusgasy bolup kalbyňa ornaýar. Binalaryň her birine döwrümiziň beýik arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmeti, yhlasy siňdi.  

  Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň gyrasyndan geçýän, ahalteke atymyz Akhanyň adyny göterýän ýoluň aýlawly ýerinde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alyp, milli buýsanjymyza hem guwanjymyza öwrülen meşhur Akhanyň heýkeli gurulýar. Bu işi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy alyp barýar. Oňa täze merkezde «Ahal» monumentiniň hem-de oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň gurluşyklary-da ynanyldy. Ýeri gelende, bu kärhananyň hünärmenleri tarapyndan paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky «Welosiped» binasynyň ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyklykda gurlandygyny bellemek gerek. Bu ugurdan baý tejribe toplan türkmen telekeçileri özlerine nobatdaky gezek bildirilen ynamy ödemek üçin gije-gündiz zähmet çekip, täze binalaryň öňkülerden-de üýtgeşik, owadan bolmagy ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.  

                                                                   

Täze welaýat merkezinde töwerekleýin gurulýan 5, 7, 9 gatly belent ýaşaýyş jaýlarydyr 2 gatly kottejler toplumlary ünsüňi özüne çekýär. Bu pursat ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda» Karary esasynda ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlarymyza nesip etjekdigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç döredýär. Jaýlaryň birinji tapgyrdakylarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, daş-töweregine dürli baglardyr güller ekilipdir. Bu zamanabap öýlerde nesibeli ildeşlerimiziň jaý toýlaryny toýlajak günleri indi daşda däl. 

                                                                   

Köpetdaga garap duran, binagärlik keşbiniň üýtgeşikligi bilen bada-bat gözüňe ilýän desgalaryň Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik müdirliginiň edara binalarydygyny soraman bilmek bolýar. Olary owadanlykda, ýyndamlykda dünýä meşhur behişdi bedewlerimize dakylýan nallaryň şekilleri bezeýär. Esasy girelgäniň, üçegiň nalyň şekilinde bolmagy binalara üýtgeşik görk berýär. Edil şonuň ýaly, ol ýerdäki dürli maksatly ymaratlaryň hem her birinde şol ugra degişli şekilleri, bezegleri görmek bolýar. Milli binagärligiň ajaýyp däpleriniň döwrebap öwüşginler bilen sazlaşygy desgalara aýratyn ýakym çaýýar. 

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».