«Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» boýunça 2020-2023 ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyň gelejegi

Şu gün, 2022-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda, Ýewropa Geňeşiniň wekilleri bilen «Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy» boýunça 2020-2023 ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistan wekiliýetiniň Strasburg şäherine (Fransiýa) 4 günlük iş sapary başlandy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Saparyň ilkinji gününde Ýewropa Geňeşiniň Merkezi edarasynda ýygnaklar geçirildi we olarda Ýewropa Geňeşiniň agzasy bolmadyk döwletler bilen gatnaşyklar, Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlyk we umumy hukuk giňişliginiň döredilmegine hemaýat bermek - guramanyň agzasy bolmadyk döwletler üçin goşuluşmaga açyk bolan Ýewropa Geňeşiniň Konwensiýasyna goşulmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Öňümizdäki üç güniň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ýygnaklarda Merkezi Aziýada hukugyň üsti bilen Demokratiýa üçin Ýewropa komissiýasy (Wenesiýa komissiýasy) bilen, Merkezi Aziýada hukukçylar üçin adam hukuklary çygrynda bilim boýunça Ýewropanyň maksatnamasy (HELP) bilen bagly meseleleri, Ýewropa Geňeşiniň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça, şeýle hem ykdysady jenaýatlara garşy göreşde (CA TAEC) hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.