Hususy pudak — milli ykdysadyýetiň daýanjy

 Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ynsanperwer maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.  

                                                                   

Şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden gowrak bolandygy muny doly tassyklaýar. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan Gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň döwrüň ösen talaplaryna mynasyp işleri amal edýändigini aýratyn bellemek gerek. Kärhananyň hünärmenleri mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk ählihalk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar.  

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň eziz Diýarymyzyň çig mal serişdelerine baý bolan bu künjeginde halkara ülňülere kybap gelýän, umumy meýdany 25 gektara barabar bolan döwrebap kärhanasy günbatar sebitde hem telekeçiligiň ynamly ösdürilýändiginden habar berýär. Bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hemem diwar örtükleri üçin zerur bolan gipskartonyna ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýan gurluşyklarda, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda hem isleg barha artýar. 

 Kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen bu häzirki zaman önümhanasy ymaratlaryň içki diwarlaryny tekizläp, ýylmamak üçin zerur bolan önümleri taýýarlamakda ýylyň-ýylyna belent sepgitlere eýe bolýar. Kärhananyň önümçilik işlerini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mallaryň agramly bölegi Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Kärhanada taýýarlanýan gurluşyk serişdeleri üçin gerek bolan goşundylaryň belli bir bölegi Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär. Munuň öz Watanymyzda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem barha rowaçlyk tapýandygynyň güwäsidir. 

                                                                   

Kärhanadaky juda kämil enjamlar oturdylan barlaghana taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin olar içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyplydyr. Kärhananyň golaýyndaky känlerden getirilýän çig mal taýýar harytlyk görnüşine getirilýänçä, amala aşyrylýan işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlary netijeli işletmek bilen amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda il-ýurt bähbitli, tutuş dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täzeden-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginlerde alnyp barylýan mesgenine öwrüldi. Kärhananyň hünärmenleri halkara ölçeglere laýyk taýýarlanýan serişdeleriniň gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Kärhanada önümçiligiň ähli ulgamlary hut türkmen hünärmenleri tarapyndan başarnykly dolandyrylýar. Olaryň her biri hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, bitirýän işleriniň ähli babatlarda ýokary hilli bolmagyny gazanýar. «Akgaýa» hojalyk jemgyýetinde täzelikde öndürilip başlanan «Kent» haryt nyşanly suw esasly boýaglar bolsa 10 we 20 kilogramlyk ýaraşykly gaplarda sarp edijilere ugradylýar. Dürli reňkli ol boýaglary müşderiler uly isleg bilen satyn alýarlar. Aslynda, häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagyna, köp babatlarda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri çylşyrymly we giň möçberli işleri ygtybarly ýola goýmakda daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümlerinden yzda galmaýarlar. Çünki berkarar döwletimizde hereket edýän kanunlar türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Bu ýerdäki önümhanalarda, ammarlarda, sorujy desgada, ýörite gaplarda (rezerwuarlarda), mehanizmleri abatlaýyş bölüminde işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Kärhanada hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilen raýatlarymyzyň kyrkdan gowragy zähmet çekýär. 

— Bu gün bitirýän işleri bilen tutuş ýurdumyzda we onuň daşynda hem giňden tanalýan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetimiziň bu kärhanasynda ýerine ýetirilýän önümçilik işleriniň ählisi diýen ýaly dolandyryş merkezinden, kämil kompýuterler arkaly, awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Gelip gowuşýan çig mallar hem, taýýar önümlerimiz hem ähli kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanamyzda gözden geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere hödürleýän gurluşyk serişdelerimiziň ýokary hilli bolmagyna hemem olaryň uly islegden peýdalanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň ýokary hilli, netijeli zähmet çekmek üçin amatly, ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny hemişe baş wezipe edip goýýar. Kärhanamyzyň hünärmenleriniň bu ynama mynasypdygyna buýsanýarys. Şu ýylyň geçen sekiz aýynda kärhanamyz boýunça ýokary hilli gurluşyk garyndy serişdeleriniň 11 müň 640 tonnasy we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hemem diwar örtükleri üçin gerek bolan gipskartonynyň 337 müň inedördül metri taýýarlanylyp, sarp edijilerden gelip gowşan sargytlar abraý bilen berjaý edildi. Taýýarlaýan önümlerimiz diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly ençeme döwletlerde hem uly isleg bilen satyn alynýar. Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri-de, gurluşyk serişdelerini taýýarlamak üçin zerur bolan çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly welaýatymyzyň çäklerinden alynýanlygydyr. Bu bolsa öndürýän önümlerimiziň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmaga aýratyn täsirini ýetirýär. Bize halal zähmet çekip, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, kärhananyň önümçilik müdiri Parahat Gurbanow aýdýar. 

                       Hojaberdi BAÝRAMOW.                        «Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.