Önüm öndür, öz paýyňy al!

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiren mejlisinde ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak, hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen möhüm Karara gol çekdi. 

                                                                   

Resminama laýyklykda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak bellenildi. Döwletimiz tarapyndan ýer eýeleriniň bol önüm öndürmekleri üçin edilýän şeýle aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygynda başlangyjyny goýan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň ynamly dowam etdirmegi bilen ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga has uly üns berilýär. Oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrylan ykdysady usullaryň bütin ýurduň ösüşlerine ýetirýän täsirini bu gün anyk görmek bolýar. Welaýatymyzyň ilatynyň saçagynda çörek, et, ýumurtga we beýleki azyklyk önümleriň bolçulygy üpjün edilýär. Ýene bir guwandyryjy ýagdaý: önüm öndürijileriň bol hasyl öndürmäge bolan höwesleri artýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürijileriň zähmetine belent sarpa goýýar. Olary höweslendirmek üçin ýeňillikleriň sanawyny yzygiderli baýlaşdyrýar. Köp önüm öndürýän zähmet adamlaryny sylaglaýar, hormatly atlary dakýar. Bu bolsa zähmet çekýän adamyň gadyrynyň bilinýändigini hem görkezýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen önüm öndürijilere eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, döwlet tarapyndan düýpli goldawlar berilýär we dürli ýeňillikler döredilýär. Dökün, suw, tehnika bilen baglanyşykly döredilen ýeňillikler, önüm üçin salgytlaryň bolmazlygy ýer eýeleriniň bol hasyl almaga bolan höweslerine höwes goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň şu möhüm Karary hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrar. Munuň üçin ýer eýeleri hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Ilmyrat BERDIÝEW.