Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatynda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda iş toparlarynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary taýýarlanylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatdaky çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, döwlet syýasatyny wagyz etmek we kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmek babatda alnyp barylýan işleriň ilerlemegine ýardam edýän anyk çäreler işlenip taýýarlanylýar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň örän möhümdigini nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda Milli Geňeşiň Halk Maslahaty we Mejlisi döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli guramaçylyk hem-de wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Halk Maslahatynyň agzalary wagyz-nesihat çärelerine, ýerlerde geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň agzalan maslahatdaky çykyşynda beýan edilen wezipeleriň taryhy ähmiýetini ilata düşündirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň täze taryhy eýýamyň maksatlaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak hem-de onuň başlangyçlaryny halkara giňişlikde ilerletmek işine goşýan goşandynyň wajypdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürilmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin jemgyýetçilik guramalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek we bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, işiň bu görnüşini amala aşyrmagyň düzgünleri, kadalary we şertleri kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň döwlet emlägini ulanmagyň netijeliligini we onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşarky we içerki maýa goýumlary çekmäge, döwlet emlägini dolandyrmak işini kämilleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu maddy-tehniki enjamlar we serişdeler “Türkmengaz” döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak arkaly “Bagaja” gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işiniň bu pudagyň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit känlerini düýpli özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda döwlet konserni tarapyndan “Çeleken” käniniň düzümine girýän meýdançalary düýpli özleşdirmek, täze nebit guýularyny gazmak arkaly çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny ýokary depginlerde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak, pudaklaýyn taslamalara isleg bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri we suw üpjünçiliginiň gowulandyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara we möhletlere laýyklykda geçirilýär, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak boýunça işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümi depginli dowam edýär, ýygnalýan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek hem-de hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalary netijeli işletmek üçin çäreler görülýär.
Welaýatlarda ekilen güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri dowam edýär, ýetişdirilen hasyl ýitgisiz ýygnalyp alynýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny has-da ösdürmegiň, ilatyň giň görnüşli hem-de ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny kämilleşdirmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere pagta ýygymy hem-de bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda wise-premýer ýurdumyzyň ýuridik şahslaryna gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakynda Buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär hem-de innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman senagat kärhanalary gurulýar, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär.
Bahalarynyň elýeterliligi we hil taýdan ýokarylygy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümlere uly isleg bildirilýär, olaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, dürli maksatly plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektron senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de isleg bildirilýän önümleri öndürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi we mundan beýläk-de isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan bähbitli elektrik energiýasyny almak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan bu maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşikde ýeňiji bolan kompaniýa bilen maslahat bermek hyzmatlaryny amala aşyrmak barada degişli şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini işjeň peýdalanmagyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň alysda ýerleşen ilatly ýerlerini, barmasy kyn bolan ýerleri elektrik energiýa bilen üpjün etmek üçin ulanmagyň giň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, “ýaşyl” energiýany ulanmak boýunça täze taslamalaryň örän zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri bilen bagly ykdysady taýdan bähbitli desgalary gurmagyň göz öňünde tutulan meýilnamalarynyň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etjekdigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew plastik önümleri öndürijileriň işine goldaw bermek barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda polietilenden we polipropilenden önümleri öndürýän kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen, ikilenç çig mal hökmünde isleg bildirilýän polimerleriň önümçilik galyndylary emele gelýär. Ýurdumyzda öndürilýän plastik önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde we eksportyň möçberini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky işleri giňeltmek hem-de ýerli haryt öndürijileriň çig mal bilen üpjünçiligini goldamak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, senagat pudagynyň ösdürilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de olary çig mal bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başlanan giň gerimli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 12 — 14-nji oktýabrynda geçiriljek döredijilik forumyna dünýäniň birnäçe döwletiniň wekilleri gatnaşmaga isleg bildirýärler. Halkara forumyň çäklerinde dürli görnüşli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň meýilnamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde boljak bu halkara festiwalyň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu sergä halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny bir ýere jemlär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, ählumumy bähbitler ugrunda özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pikir we tejribe alyşmak maksady bilen, halkara sergileridir maslahatlary yzygiderli guramagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aýlagda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ugurda yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Şol ýerde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşyga gatnaşdy. Türkmen tarapy energetika, ulag, logistika, maýa goýumlar we söwda ulgamlaryny özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Mundan başga-da, Er-Riýadda Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatly, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aýlag döwletleri bilen özara gatnaşyklar meselesi bilen baglylykda, şu ýylyň 13 — 17-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bahreýn Patyşalygyna iş saparynyň bolandygy bellenildi. Saparyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça nobatdaky geňeşmeler, Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň 12 — 16-njy sentýabrda Birleşen Arap Emirliklerine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. BAE-niň ugurdaş düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meselelere garaldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Abu Dhabi Ports Company PJSC” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Aýlagyň we tutuş Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Munuň üçin ykdysadyýet, söwda we maýa goýumlary, energetika, ulag, kommunikasiýalar we logistika, senagat we infrastruktura, ynsanperwer-medeni gatnaşyklar ýaly möhüm ugurlarda uly kuwwat we giň mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara hem-de sebitara düzümleriň ugry boýunça, şol sanda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ulgamynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, halkara şertnamalara hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulagynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümine degişli häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmalydygyny hem-de demir ýol boýunça ýük daşalyşynyň möçberiniň has-da artdyrylmagyny gazanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna pudagyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň mejlisini jemläp, şu gün birnäçe meselelere garalandygyny we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.