2021-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri
- Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezdi. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli bellenen esasy çäreleriň köpüsi ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Şu ýyl 30 sany iri desga ulanmaga berilmeli bolsa, olaryň sany 73-e ýetdi. Ykdysadyýetde 6,2 göterim ösüş depgini saklandy. Hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy. Ýurdumyzda häzirki döwürde hem iri senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köpsanly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdeplerdir çagalar baglary hem-de ençeme beýleki desgalar bar.
- Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleri alnyp baryldy.
- Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şu ýylyň on bir aýynda benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, bitum öndürmegiň meýilnamasy 140,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 121,4 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 132 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 göterim hem-de 136,7 göterim üpjün edildi. Maýa goýumlary barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.
- Gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginde şu ýylyň geçen on bir aýynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 139,5 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 113,6 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,6 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 132,9 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,2 göterime, onuň eksporty bolsa 135,9 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 152 göterim berjaý etdi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama şu ýylyň on bir aýynda 151,4 göterim ýerine ýetirildi.
- 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 116,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 108,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,2 göterime, nah matalarynyň önümçiligi 105,5 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 116,4, gön önümleriniň önümçiligi 104,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň on bir aýynda birža söwdalarynyň 273-si geçirilip, 29 müň 419 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 108 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 115,4 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 125,2 göterime deň boldy.
- Hasabat döwründe obasenagat toplumynda önümleriň önümçilik möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,7 göterime, «Türkmenatlary» döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 153,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe maýa goýumlarynyň esasan oba we suw hojalygyny ösdürmek, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilendigi bellenildi.
- Şu ýylyň on bir aýynda ulag-kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi. «Türkmendemirýollary» agentliginde ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 137,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 131,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 111 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.
- Hasabat döwründe şanly senelere bagyşlanyp, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni çäreler, duşuşyklar, wagyz-nesihat işleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar guraldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler geçirildi. Ýylyň başyndan bäri halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, wideoaragatnaşyk arkaly dürli çäreler guraldy. 30-njy noýabrda Şekillendiriş sungat muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara maslahaty geçirildi.Türkmen hünärmenleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, birnäçe halkara okuwlaryna we maslahatlaryna gatnaşdylar. Birnäçe halkara resminamalaryna gol çekildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 103,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzda gazet-žurnallary elektron görnüşinde ilata ýetirmegi üpjün etmek ulgamy kämilleşdirildi.
- Hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň jemi 132 görnüşi neşir edildi. «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forumy, «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri», «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara ylmy maslahatlary geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň geçiren umumy sapagy bilim edaralarynda nusgalyk watançylyk dersine öwrüldi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy. Ahal hem-de Lebap welaýatlarynda täze orta mekdepleriň 7-si dabaraly ýagdaýda açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, uniwersitetleriň 3-si, institutlaryň 4-si hojalyk hasaplaşygyna geçirildi, Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalar tassyklanyldy. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri utgaşykly alnyp baryldy. Saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn – ene, sagdyn – çaga, sagdyn – geljek» atly Milli strategiýa tassyklanyldy. Sagaldyş-dikeldiş edaralarynda öňdebaryjy tejribeleri lukmançylyk işine ornaşdyrmak işjeň dowam etdirildi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keselleri hassahanasy we Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana açylyp, ulanylmaga berildi. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyklaryna badalga berildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynyň 20-sine gatnaşyp, bäş altyn, on kümüş, on dokuz bürünç, jemi 34 medala mynasyp boldular.
- Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, milli Liderimiziň netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilen degişli işler barada aýdyldy. Hasabat döwründe ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri döwlet saparlary, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen geldiler. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin sebitiň ähli döwletleriniň Prezidentleri ýurdumyza geldiler. 28-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň Başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Täjigistan Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda hem-de resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynda boldy. Ýylyň dowamynda onlaýn tertibinde döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumyna, YHG-niň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammitine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara foruma gatnaşdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 84 wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 49 wekiliýet iberildi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1783-si guraldy. Ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 182-sine gol çekildi. Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler, maslahatlaşmalar yzygiderli geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri hyzmatdaşlygyň dürli görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň hem birnäçesine gatnaşdylar. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň, beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de işewürler forumlary we daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
* * *
Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine ser salnyp, sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Milli Geňeşiň wekilleri bilen bilelikde geçirilen şol maslahatlaryň barşynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň alyp barýan yhlasly işleri tebigy baýlyklaryň iri ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge ygtybarly goşantdyr. Korporasiýanyň düzüminde hereket edýän geofiziki, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi we beýleki bölümler bu ugurda düýpli işleri bitirýärler. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýän işler iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da, beýleki barlag usullaryny, şeýle hem gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Bu işleri amala aşyrmakda korporasiýanyň düzümine girýän Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri hem tutanýerli zähmet çekýärler.
Kärhanamyzyň zähmet toparlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen 11 aýynda seýsmiki gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnamany 105,3 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Hasabat döwründe ekspedisiýamyz boýunça 3D usulynda 435 inedördül kilometr meýdandaky işler üstünlikli ýerine ýetirildi.
Has düşnükli bolar ýaly aýtsak, 2D usuly ýeriň gatlagyny bir ugur boýunça, 3D usuly bolsa ählitaraplaýyn öwrenýär. Şu sebäpden iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünli bolup, ol has çuň we çylşyrymly geologik gurluşy bolan gatlaklary içgin öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Kärine ussat hünärmenlerimiz ýeriň müňlerçe metrlik çuňluklaryndaky gatlaklary öwrenmek netijesinde alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda bu meýdançanyň çäginde geljegi uly bolan nebitgazly ýataklary anyklamagy üstünlikli amala aşyrýarlar.
Ýeriň çuňluklaryna dürli usullarda gönükdirilýän tolkunlar yza serpilende, ýörite awtoulaglarda oturdylan seýsmiki stansiýalarymyz ýüze çykýan maglumatlary ýazgylaryna geçirýärler. Şol ýazgydaky maglumatlar ekspedisiýanyň kompýuterlerinde ilkinji gezek gaýtadan işlenilýär. Alnan maglumatlar süzgüçden geçirilip, arassalanyp, degişli hünärmenlere gowşurylýar. Hut şol maglumatlar hem geofiziklerimiziň bitiren işleriniň hilini görkezýär. Toplanan maglumatlar soňra korporasiýanyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýji merkezine ýetirilýär. Diňe şondan soňra, ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanyp, ol çuň buraw işlerini alyp barýan müdirliklere berilýär. Çünki bu çäreleriň her biri aňryçäk takyklygy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky tagallalarynyň netijesinde soňky gysga wagtyň içinde kärhanamyz has ygtybarly seýsmiki stansiýalar, kuwwatly ýer sarsdyryjylar we beýleki zerur bolan tehniki enjamlardyr kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Munuň özi geofizikleriň bitirýän işleriniň netijeliligini gazanmaga we hilini ýokarlandyrmaga täsirini ýetirýär.
Şeýlelikde, Diýarymyzyň günbatar sebitiniň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen, nebitgazly ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig mallarynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, burawlaýjylara teklipnamalary taýýarlap bermekden ybaratdyr. Kärhanamyzyň hünärmenleriniň 400-e golaýy hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýärler. Üç sany seýsmiki we bir sany grawiki toparlarda işleýän hünärmenlerimiziň öz işlerini netijeli alyp barmagy üçin ähli şertler üpjün edilýär. Häzirki güne çenli welaýatyň çägindäki gyzyl reňkli gatlaklar dolulygyna diýen ýaly öwrenilendir. Indi esasy wezipe ondan aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekden ybarat bolup, bu möhüm iş häzirki wagtda «Gukurguýy» meýdançasynda amala aşyrylýar. Türkmen alymlarynyň tassyklamalaryna görä, miosen gatlaklarynyň bolsa uglewodorod çig mallary babatda geljegi uludyr.
Şaguly SÖÝÜNOW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň başlygy.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda — 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de käbir beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisde milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen baglanyşykly öňe süren başlangyjy we degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklary ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi teklip edýärin. Olary zerur serişdeler bilen üpjün etmeli. Olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmaly» diýmek bilen, dünýä ykdysadyýetiniň ösen tejribelerini öwrenmegi hem-de olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmagy maslahat berdi. Şunda ykdysady diplomatiýanyň milli nusgasyny kämilleşdirmek we ony has işjeň ýagdaýa getirmek, bu babatda ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesinden ýerlikli peýdalanmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty diňe sebitde däl, eýsem, Ýer ýüzünde hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi kepillendirýär. Halkara jemgyýetçilik milli Liderimiziň ynsanperwer garaýyşlarynyň, täze başlangyçlarynyň häzirki hem geljekki nesiller, tutuş adamzat üçin örän möhümdigini ykrar edýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlarynyň hem-de ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işeňňir gatnaşmagy we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly hem uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede barha giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan özüniň anyk işleri bilen sebitde ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga we sebitara hyzmatdaşlyga saldamly goşandyny goşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň syýasy durnuklylygy we ýokary ykdysady ösüş depgini Türkmenistana halkara gepleşikleri we maslahatlary geçirmek üçin oňyn mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bu halkara guramanyň düzümleri bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna iki gezek saýlanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy we ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge öz goşandyny goşýar.
Türkmenistan nebit-gaz gorlary boýunça dünýäniň baý döwletleriniň hatarynda durýar. Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika düzüminiň taslamasy, ýagny Ýewraziýa yklymynda syýasy we ykdysady durnuklylygy üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy şu jähetden örän möhümdir. Bu iri halkara taslama bitaraplyk syýasatynyň ösüş ýörelgesiniň yzygiderli we ygtybarly häsiýete eýedigini görkezýär.
Transmilli gaz geçiriji Owganystanyň we onuň ugrundaky ýurtlaryň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine, umuman, durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy üçin şertleri döreder. Mundan başga-da, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, owgan ykdysadyýeti üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermek we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň ýaly ynsanperwer çäreler Merkezi Aziýada, hususan-da, goňşy döwletimiz Owganystanda syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýynyň kadalaşmagyna, asudalygyň durnukly bolmagyna ýardam berer.
Bitaraplyk derejesinden, hoşniýetli ýörelgesinden ugur alýan özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk Garaşsyz ýurdumyzda beýik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, intellektual taýdan ösüşini üpjün etmek üçin ajaýyp şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi deňagramlylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ýurduň durnukly ösmeginde onuň maliýe-bank ulgamy möhüm orun eýeleýär, bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň pugta kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şol strategiýa diňe bir durnukly ösüşi däl, eýsem, dünýäniň degişli ýagdaýyna uýgunlaşmagyny, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegine amatly şertleri döretdi. Şonuň bilen birlikde dünýäniň köp döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge giň ýol açyldy.
Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde dünýäniň ösen döwletleri bilen işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda kabul edilen kanunlaryň halkara talaplara laýyk getirilmegi, ykdysady amatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň barha özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.
Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär we bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurtda azyk bolçulygy döredilýär, ilat ýylyň dowamynda elýeterli bahadan, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjün edilýär we onuň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we söwda syýasatyny kämilleşdirmäge, ony halkara talaplara laýyk getirmäge başlady. Bu bolsa Diýarymyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamaga ýardam eder.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin parahat durmuşy, geljege ynamy berkidýär. Çünki hut asuda, durnukly ýagdaý döredijilikli zähmete, ýokary depginli ösüşe binýat döredýär, munuň özi ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna giň ýol açýar.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.
Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýol-ulag geçelgelerini gurmak baradaky il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler ýyl-ýyldan rowaçlyklara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýylynda amala aşyrylan beýik işleriň biri-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegidir. Bu taryhy waka bagtyýar halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Milli Liderimiz il-ulsumyzyň gadymyýetden köňlüne kök uran ynamy bolan «ýol» diýen mukaddesligiň gurulmagyna we onuň halkymyzyň eşretli durmuşyna eriş-argaç bolup goşulmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurluşy, amatlylygy, wagt taýdan gysgalygy, durmuş hyzmaty taýdan üpjünçiligi boýunça-da uly ähmiýete eýedir. Bu halkara ýolunyň gurlup, ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen böleginiň ugrundaky binalardyr desgalary, tehniki enjamlary we serişdeleri ýakyndan synlan ýa-da bu ýoly öz ulagy bilen geçen her bir ynsan ýoluň döwrebaplygyna anyk göz ýetirýär.
Ýoluň gyrasynda bina edilen «Kerwensaraý» söwda merkeziniň bir özi-de, ýolagçylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin göz öňünde tutulan ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýle-de bu ýoluň ugrundaky dürli tehniki hyzmatlar sürüjileriň barjak menziline bökdençsiz ýetmekleri üçin amatly şertleri döredýär. Ulag üçin ähli gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny bu ýerdäki dükanlardan tapmak mümkindir.
Bir zady aýratyn bellemek gerek, ol hem ýoluň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagydyr. Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ulanylmagy, Gün energiýasyndan peýdalanmagyň häzirki zaman ylmy usullarynyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Yşyklandyryşyň bu tygşytly we döwrebap usuly ýoluň doly yşyklandyrylmagyny üpjün etmek bilen birlikde, ol energiýa çeşmesiniň arzan hem-de yzygiderli akymyny emele getirýär. Ulaglaryň islendik görnüşi üçin hyzmat etmäge ukyply ýangyç guýujy beketlerde işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda şeýle döwrebap ýollary gurduryp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze giňişliklerine ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen POSYKOWA,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.
Berkarar döwletimizde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysady taýdan ösýän, dünýä giňişliginde mynasyp orna eýe bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda döwrebap aragatnaşyk serişdeleri, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary uly ähmiýete eýe bolup, olar köp babatda döwletiň we jemgyýetiň ösüşini kesgitleýär.
Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly ulgama geçmek işleri uly gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly we dahylsyz önümçilikleri döwrebap elektron ulgama tapgyrlaýyn esasda birikdirilýär. Netijede, sanly önümçilikli täze pudaklar döreýär. Ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy önümçilik, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky kärhanalara adam zähmetini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, raýatlarymyza wagt we baha taýdan amatly teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berýär. Tizligi, amatlylygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýan sanly ulgamyň ýene bir aýratynlygy, ol bize köp zatlary hiç ýere gitmesizden ýerine ýetirmegimize ýardam edýändigidir. Mysal üçin, sanly ulgamyň kömegi bilen dürli kitaplary elektron nusgada çalt tapmak we okamak, ylmy maslahatlary geçirmek, işewür duşuşyklary guramak mümkin. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa, ähli ugurlardaky ösüşi çaltlandyrýar hem-de durmuşa geçirilýän işleriň netijeliliginiň artmagyna oňyn täsir edýär.
Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda hem ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen bu ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle hem ylmyň öňdebaryjy gazananlary we okatmagyň kämil usullary giňden ornaşdyrylýar. Şu maksat bilen ýörite bilim portallary döredilip, ýaşlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bolsa häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwletimiz tarapyndan işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Biz — ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagymyza giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maliýe we ykdysadyýeti, bilim ulgamyny ösdürmekde il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Roza SAHATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.