Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem bagtyýar pursatlara baý ýyllaryň biri hökmünde toý-baýramlara beslenýär. Şu ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçildi. Golaýda bolsa Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylygyny uludan belläp geçdik.
Ginnesiň Bütindünýa rekordlar kitabyna altyn harplar bilen ýazylan Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat sebitde halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Dünýäniň dürli döwletleriniň, abraýly halkara guramalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän syýasy, ykdysady we medeni dabaralar mukaddes Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Muňa 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda köp döwletleriň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň gurduran özüniň binagärlik ajaýyp keşbi bilen dünýäni haýrana goýýan «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasynda geçirilen «Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň» 15-nji sammiti, hem mysal bolup biler. Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda meşhur merkeze öwrülýär.
Aşgabat geljegiň şäheridir. Oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz şaýollardyr köçeler bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Aşgabadyň erteki ýaly gündizki we gijeki görnüşleri, owadanlygy, gözelligi köpleri haýran galdyrýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen asuda Watanymyzda halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini äleme äşgär edýär.
Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bazar MUHAMMETGULYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy.