Ilatyň desterhany üçin

Dostlugyň galla önümleri kärhanasynda un, çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bugdaýyň 14280 tonnasynyň gaýtadan işlenilendigi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 110,3 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigi-de aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Gaýtadan işlenilen şonça bugdaýdan gowy hilli unuň 10701 tonnasy öndürilip, bäş aýlyk meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Mundan başga-da bugdaý kepeginiň 3299 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama 102,1 göterim berjaý edildi.  

                                                                   

Kärhanada ýokary hilli çörek we çörek önümlerini öndürmekde hem guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar. Hasabat döwründe kärhanada gymmatly azyk önüminiň 581 tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň bäş aýy bilen deňeşdirilende, bu önümleriň 66 tonnasynyň artyk öndürilendiginden habar berýär. Kärhanada taýýar önümleri ilata öz wagtynda ýetirmek ugrunda-da degerli alada edilýär. Bu ýerde geçen döwürde ilatyň ösen isleginden peýdalanýan tüwiniň hem 300 tonnasy öndürilip, söwda nokatlaryna ugradyldy.  

                                                                   

Öňdebaryjy kärhananyň işgärleri esasy işleri bilen birlikde ýetip gelen galla oragyny hem taýýarlykly garşylaýarlar. Bu ýerde gymmatly azyk önümini kabul etmäge ammarlar doly taýýar edildi. Şeýle çemeleşme ilatyň desterhanynyň nygmatlardan doly bolmagyny kepillendirýär.  

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.