Habarlar
Hyzmatlar kämilleşdirilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaklary hemişe üns merkezinde bolup, bu babatda bahasyna ýetip bolmajak tutumly işler edildi. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler bolsa ähli ösüşleriň esasy bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirilýär. Döwrüň talabyna laýyklykda bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi barha giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen bank kartlary giňden ornaşdyrylýar. Bank kartlary töleg ulgamynda ulanylýan şahsy töleg guraly bolup, ol harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň bahasyny nagt däl görnüşinde tölemäge, bankomatlardan nagt pul almaga, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy, hususan-da, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurduň maliýe we maýa goýum binýadyny berkitmäge uly mümkinçilik berýär. Şeýle tagallalar bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrýar. Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy töwekgelçilikleri aradan aýyrmagyň we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Hasaplaşygyň nagt däl görnüşiniň ösmeginde bank kartlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň arasynda milli «Altyn Asyr» bank kartyndan başga-da häzirki wagtda özüniň amatlylygy we bähbitliligi bilen ildeşlerimiziň arasynda gysga wagtda uly meşhurlyga eýe bolan «Maşgala» we «Goýum» bank kartlarynyň üsti bilen islendik bankomatlarda ýa-da töleg terminallarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmek mümkinçilikleri döredilendir. Müşderilere ýokary hilli bank amallary we hyzmatlary hödürlenilýär. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny görkezmek bolar. Netijede ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň we töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, häzirkizaman maliýe gatnaşyklarynda döwrebap tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy halkara bank ulgamynda sazlaşykly gatnaşyklara giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetmiziň ähli pudaklaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Olar banklaryň we müşderileriň özara gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, hyzmatlaryň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga, müşderileriň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Zybagül ŞIROWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni.

25.12.2021
Halal zähmetiň belent sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ildeşlerimiziň birnäçesi döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda biziň ildeşlerimiz hem bar. Olar öz ýürek buýsançlaryny biziň bilen paýlaşýarlar.

Şöwket  KERIMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri:

— Bu sylag bizi ýene-de has yhlasly we ýokary öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Täze ýyl baýramynyň şatlygyna şatlyk goşdy. Baýramçylyk saçagynda naz-nygmatlaryň bolelin bolmagyna hususyýetçilerimiz uly goşant goşýarlar. Telekeçilik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň welaýatymyzda hem hususy eýeçiligi ösdürmek babatynda giň göwrümli işler ýola goýuldy. Ilki bilen ykdysadyýetiň hususy böleginde, sözüň doly manysynda, senagatçylar gatlagyny döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk, gurluşyk kärhanalaryny döretmek işleri üstünlikli ýaýbaňlandyryldy. Hususy eýeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Hususy eýeçiligi ýeňillikli karzlaşdyrmak işiniň ýola goýulmagy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüşlerine getirdi. Iň esasy hem döwletimiz bilen hususyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk talaba laýyk guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsleşigiň ýokarlanmagyna getirdi. Biz ýene-de yhlasly zähmetimiz bilen öndürilýän önümleriň diňe bir mukdarynyň artman, eýsem, hiliniň hem gowulanmagyna goşandymyzy goşarys.

Alym  JORAÝEW,
«Her gün» haryt nyşanly önümçiligiň ýolbaşçysy:

— Biziň önümçiligimiz Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginde ýerleşýär. Hususy kärhanamyz 2016-njy ýylyň iýunyndan bäri önüm öndürýär. Meniň özüm Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hem bolup durýaryn. Döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna her gün sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt, gatyk, gaýmak, dorog, peýnir önümlerini taýýarlap, ilata ýetirýäris. Kärhanamyzda Türkiýäniň we Niderlandiýanyň döwrebap tehnikalary ulanylyp, süýt önümlerinden başga-da, gowrulan ýeralmanyň bäş görnüşi, tagamly guradylan çörek bölejikleriniň alty görnüşi öndürilýär. Bu önümleri ýörite gaplarda ilata hödürleýäris. Önümleriň arzan we elýeterli bolmagy, tagamynyň daşary ýurtlaryň önümlerinden kem bolmazlygy ugrunda aladalanýarys.

Döwlet tarapyndan hususy kärhanamyzyň işine ýokary baha berilýär. Milli ykdysadyýetiň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandymyz üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary berildi, birnäçe gezek hoşallyklar bildirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagymy hususy kärhanamyzyň işine berlen ýokary baha diýip hasaplaýaryn. Munuň üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýaryn.

Eziz DOWRANOW,
«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy:

— Täze ýylyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym baýramçylyk şatlygymy goşalandyrdy. Häzirki wagtda oba hojalygynda hem hususyýetçiligiň paýy ep-esli ýokarlandy. «Ýigit» hojalyk jemgyýetini döretmegimiziň esasynda ýerden bol önüm almak arzuwlarymyz durýar. Bu arzuwymyzyň şu günlerde üstünlikli amala aşýandygyna begenýäris. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzyň çäginde önümlerimiz bilen tanalýarys. Ýaşaýşymyzyň özeni bolan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarys. Hojalyk jemgyýetimiziň ýyladyşhanalarynda we ekerançylyk ýerlerinde ilat üçin zerur bolan gök we bakja önümlerini, dürli miweleri ýetişdirýäris. Bu bolsa bazarlarymyzdaky önümleriň bolçulygyny döretmäge uly goşant bolýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürýänler üçin örän amatly şertleri döredip berýär. Bu bolsa bizi has-da ýokary öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin gujur-gaýratymyzy aýamarys.

25.12.2021
Telekeçiler işjeňlik görkezýärler

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk ugurlaryny durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär.

Welaýatymyzda hem Türkmenbaşy etrabynda gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän «Ak-Gaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şolaryň hatarynda görkezmek bolar. «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasynyň önümleri hem sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. «Demir ölçeg» hususy kärhanasy tarapyndan elek- trik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, elektrik enjamlaryny, elektrik howa geçiriji ulgamlary gurnamak hem-de sazlamak, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir gurluşlary öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, elektrik enjamlaryny abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän dürli ölçegdäki ýükasty tekjeler halk hojalyk ýüklerini ýükläp-düşürmekde, ammarlara ýerleşdirmekde hem-de uzak wagtlap saklamakda wajyp ähmiýete eýedir. «Läle plastik» hususy kärhanasy hem ýerli çig maldan gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan polietilen torbalaryň, şeýle-de plýonkalaryň önümçiligini üstünlikli alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmek barada öňde goýýan wezipesini ýerine ýetirmäge telekeçiler mynasyp goşant goşýarlar. Welaýatymyzyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän ýokary hilli önümler terligi bilen alyjylara ýetirilýär.

Hususy işewürler bazar gatnaşyklaryny giňeldip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Olar ýetip

gelýän täze ýyly toý sowgatly garşylap, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny guwandyryjy zähmet görkezijilerine beslemek ugrunda uly tagallalary edýärler.

Toýmämmet HAJYÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.

25.12.2021
Rowaçlyga beslenýän tutumlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Bu wakalar durmuşymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyryp, nurana geljegimize öz şuglasyny saçýar. Gün-günden gözelleşýän eziz Diýarymyzda beýik işleriň amala aşyrylmagy döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny artdyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli hem ynsanperwer syýasaty netijesinde eziz Diýarymyzy ösüşiň has belent derejelerine götermek boýunça asylly başlangyçlar, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi geljekki ösüşlerimiziň berk binýady bolup hyzmat edýär hem-de nurana ertirlerimiziň kepiline öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, «Garaşsyz, Bitarap Watanymyz gün-günden rowaçlanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar».

Häzirki döwürde ýurdumyzda raýatlary durmuş taýdan ygtybarly goramak boýunça tutumly işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň ösüşleriniň esaslaryny üpjün edýän kanunçylyk-hukuk ulgamy hem kämilleşýär. Raýatlaryň azatlyklaryny, hukuklaryny we bähbitlerini goramak şol işleriň düýp özenini düzýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek babatda badalga berlen özgertmeler hem oňyn netijelerini berýär.

Sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan, halkara standartlara laýyk gelýän täze, döwrebap innowasion tehnologiýalar we maglumat-aragatnaşyk enjamlary önümçilik, hyzmat ediş we beýleki ulgamlara, pudaklara giňden ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatda has netijeli ähmiýete eýe bolan mümkinçilikleri durmuşymyzda öz mynasyp ornuny tapýar.

Halkymyza baky bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, ony ähli babatda dünýä nusgalyk ýurda öwürmekde ýadawsyz aladalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Gurbandurdy GARLYÝEW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Türkmenbaşy etrap bölüminiň bellige alyjysy.

25.12.2021
Türkmenistanyň Kanuny

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde:

«Öndürilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «24%-i» diýen sany «26%-i» diýen sana çalşyrmaly;

«Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleri» böleginde «31%-i», «48%-i» we «61%-i» diýen sanlary degişlilikde «34%-i», «53%-i» we «67%-i» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «73%-i» we «7» diýen sanlary degişlilikde «80%-i» we «8» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler» böleginde «133%-i», «31» we «48» diýen sanlary degişlilikde «146%-i», «34» we «53» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri)» böleginde «6» diýen sany «7» diýen sana çalşyrmaly;

172-nji maddanyň birinji böleginde:

ikinji tesimde «şeýle hem» diýen sözlerden soň «aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary hem-de» diýen sözleri goşmaly;

üçünji tesimde «üçin» diýen sözden soň «, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary amala aşyrýan taraplar üçin – bu işden alynýan peýda we oňa degişli ýerlemekden daşarky amallar böleginde» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen möhletlerde herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.

24.12.2021
Döwrebap ösüş

Sanly dolandyryş ulgamyna geçmek dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň hem aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny tassyklady. Şol esasda ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmek işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, XX asyr dünýä ykdysadyýetine awtomatiki dolandyryş ulgamyny bagyş etdi. Munuň özi ençeme adamyň gol güýjüni we wagty talap edýän işleriň indi gysga wagtda awtomatik usulda amala aşyrylmagyna şert döretdi. Şondan soňky XXI asyryň başyndan has ýaýbaňlanyp başlan sanly dolandyryş ulgamy diňe bir işleriň tizleşdirilen görnüşde ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmän, eýsem işleriň barşyny gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi.

Ykdysadyýetde sanly dolandyryş ulgamyna geçmek ýörite bilimli, tejribeli ýaş hünärmenler bilen üpjünçilik meselesiniň çözülmegi bilen bir wagtda alnyp barylýar. Şu günki ýaş hünärmenler, talyp ýaşlar gönüden-göni bilim alýan hünärleri bilen ugurdaş sanly tehnologiýalara erk etmek, bu ugurda dürli oýlap tapyşlary geçirmek bilen hem meşgullanýarlar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini gurmagyň 16-njy tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda talyp ýaşlarymyzyň oýlap tapyşlary esasynda «akylly öý» hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy dürli pudaklar boýunça ykdysady amallaryň tizleşmegini, özara maglumatlary alyşmagyň takyklygyny, tizligini we ygtybarlylygyny kepillendirýär. Sanly dolandyryş ulgamy edaranyň ýerine ýetirýän ykdysady amallaryny beýleki edaralar bilen şonuň ýaly tizlikde özara alşyp bilmegini üpjün edýär. Munuň özi döwlet we hususy eýeçilik ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň özara işini guramaga ýardam edýär. Ýerine ýetirilen iş we hyzmat görnüşleri üçin tölegleriň we hasaplaşyklaryň öz wagtynda ýokary hilli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Biz ýurdumyzda ykdysady ösüşlere giň ýol açýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris

Merjen ŞAMSIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

24.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy möhüm wezipedir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde durýan howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Soňky döwürde bu babatda kabul edilen halkara resminamalar bar bolan gurallary pugtalandyrmaga ýardam eder.

YHG agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň 14-nji bölümine laýyklykda, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, agza döwletleriň bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli anyk gurallaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” Bütindünýä sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda beýan eden oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Milli Liderimiziň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, şeýle hem Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini döretmek baradaky teklipleri-de giňden goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdeleri bilen bagly meseleler sebit işleriniň möhüm şerti bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň abadançylygynyň derejesi we ýaşaýyş-durmuşynyň hili suwdan rejeli we netijeli peýdalanmaga gönüden-göni baglydyr.

Suw möhüm tebigy serişdeleriň biridir. Ol adamyň tutuş ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda yssy howa şertlerinde ýaşaýjylary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. “Agyz suwy hakynda” Kanun hem-de “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama” kabul edildi, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi täzelenildi.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli ýerde suw üpjünçilik düzümleriniň gurluşygy alnyp barylýar we öňden barlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle hem täze suw howdanlaryny we suw serişdelerini rejeli ulanmak hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işler işjeňleşdirilýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly goşant boldy. Munuň özi Garagum sährasynyň howasynyň gowulanmagyna, haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsir etdi. Onda balyklaryň 20-ä golaý görnüşi mesgen tutdy. Şolaryň hatarynda garabalyk, lakga, okun, ýylankelle, çüýbalyk, kepir, ak amur we beýleki balyklar bar. Suwda ýüzýän guşlaryň sany hem artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda kölüň sebitini özleşdirmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň möhümdigini bellemek gerek.

Şeýle hem ýurdumyzda ösümlikleri ýetişdirmek arkaly çölleri özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň tejribe meýdançasynda şaly ýetişdirmek boýunça synag üstünlikli geçirildi. Ahal welaýatyna degişli meýdanda suwarmak üçin zeýkeş suwlary ulanylyp, agaçlary we oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek boýunça ylmy barlaglar geçirildi. “Altyn asyr” Türkmen kölüne barýan Baş zeýkeşiň ugrunda hurma, tuýa, sosna, erik, üzüm, mekgejöwen we ýeralma ekinleri ýetişdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny hem-de Pariž Ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan täze, rejelenen görnüşde tassyklanylan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýada birnäçe çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol çäreler ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektrik energetikasy ulgamlarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda zyýanly zyňyndylaryň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz bu ulgamda halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryňdyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürmek bilen birlikde, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Tokaý-seýilgäh zolaklaryny, ýaşyl gorag zolaklaryny döretmek, zerur bolan ösümlikleriň tohumlaryny taýýarlamak we nahallaryny ýetişdirmek, tokaýlary tükellemek, barlamak işlerini geçirmek arkaly tebigy mirasy aýawly saklamak hem-de artdyrmak baradaky maksatnama durmuşa geçirilýär.

Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň ulanylmagynyň kadalaşdyrylmagy we beýleki ençeme çäreler ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir etdi.

Täsin ekologiýa ulgamyna eýe bolan Garagum sährasynyň serişdelerine aýawly çemeleşmek hem-de onuň çäginde ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek we tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol ýerleriň ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga hem-de biologik köpdürlüligi goramaga gönükdirilen taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, munuň özi ak we gara sazak, gum akasiýasy, gandym, çomuç, üzärlik, ýandak, siňren, üçdiş, yşgyn, ýowşan ýaly ösümliklere hem-de beýlekilere degişlidir. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Sähranyň tebigy künjekleriniň täsin haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär. Munuň özi ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlemäge, geljekde bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalaryny halkara ulgama goşmaga mümkinçilik berdi.

Mundan başga-da, birnäçe milli maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa we Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Olarda ýurdumyzda howanyň gowulanmagyna, biologik köpdürlüligi aýawly saklamaga, suw serişdelerini goramaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadalaşdyrmaga, çölleşmä garşy göreşmäge ýardam edýän tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň bu ulgamdaky strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek biziň durmuşymyza mäkäm ornaşdy hem-de ilatyň giň goldawyna mynasyp boldy. Şonuň netijesinde, Aşgabatda we paýtagtymyzyň töwereklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň ähli şäherlerinde, obalarynda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag-seýilgäh hem-de tokaý zolaklarynyň meýdany ýylsaýyn giňelýär. Ynsan eli bilen döredilen, gözüňi dokundyrýan gök zolaklar ilatly ýerleri Günüň jöwzasyndan hem-de awtoulaglaryň işlenip çykarylan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar. Munuň özi, hususan-da, howanyň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň birnäçe kitaplary ýurdumyzyň tebigatyna we ösümlik dünýäsine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk Türkmenistanyň çöl-çägeli, çagylly ýerlerinde ösümlikleriň az bitýändigini we dürli derejede şorlaşandygyny belleýär.

Alymlar bu ýagdaýy Aral deňziniň guran düýbüniň duzly tozanynyň gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Güýçli ýelleriň täsiri netijesinde, bu tozan uzak aralyklara ýetýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çölleşen meýdanlary özleşdirmek, olary tokaý zolaklaryna öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek, täze suwarymly meýdanlary dolanyşyga girizmek boýunça uly ylmy mümkinçilikler we tejribe toplanyldy.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty tarapyndan çöldäki öri meýdanlaryny gowulandyrmak, ekologik ýagdaýy we ykdysady netijeliligi kadalaşdyrmak maksady bilen, gum ýerlerini oba hojalyk taýdan özleşdirmek boýunça ylmy-önümçilik maslahatlary işlenip taýýarlanyldy.

Aral deňziniň täsir edýän zolagyndaky tozanly ýellere garşy göreşmegiň netijeli usullarynyň biri-de tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Guran deňiz tarapyndan gelýän tozanly ýelleriň akymyny öwrenen alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, çägäniň 90 göteriminiň topragyň ýüzüne düşýändigi anyklanyldy.

Ýeliň ýokary tizlikde bolmagy hem-de termiki ýagdaýlar netijesinde gelýän çäge we duz howanyň has ýokarky gatlaklaryna hem aralaşmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, tokaýlyklary emele getirýän çöl ösümlikleri — sazak, gandym we çerkez duzly-tozanly ýellerden özboluşly gorag serişdesi hökmünde hyzmat edip biler. Tokaýlary döretmek boýunça işleriň geçirilen ýerleri çylşyrymly toprak-howa şertleri we aýratyn hem ygalyň az düşýändigi (ýylda 100 millimetrden hem az) bilen tapawutlanýandygy sebäpli, esasy agrotehniki çäreler çyglylygy saklamaga, topragyň düzümini hem-de ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Aral zolagynda tokaýlaryň döredilmegi ekologik ýagdaýa, biologik köpdürlüligi saklamaga, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna oňyn täsir eder we adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döreder.

Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen hem-de dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri bolan Aşgabat ýurdumyzda ekologik maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň paýtagtyny bagy-bossan şäher diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz özüniň arassa howasy, täsin baglary we dürli reňkli gülleri hem-de özboluşly suw çüwdürimleri bilen haýran galdyrýar.

Uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Aşgabat şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde binagärlik ulgamynda öňdebaryjy ýörelgeler hem-de innowasion inžener-tehniki çözgütler, milli binagärligiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar.

Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän suw çüwdürimli ýaşyl seýilgäh zolaklary özboluşly we amatly howa ýagdaýyny döredýär. Olar şäher giňişliginiň, binagärlik ulgamlarynyň görküne görk goşýar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzy ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan täzeçil konsepsiýasynyň, şol sanda şäherde giň gerimli gurluşyklary amala aşyrmak hem-de ony abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn düzümi we tutuşlygyna şäher giňişligini kemala getirmek babatdaky konsepsiýanyň esasyny ekologiýa ýörelgesi düzýär.

Ýurdumyz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna we daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidildi.

“Ýaşyl” ykdysadyýet konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.

Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologik maksatnamalaryňdyr taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.

(TDH)

24.12.2021
Işler gyzgalaňly barýar

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän pomidor hasyly saçaklaryň bezegidir. Birnäçe ýyl mundan ozal tapgyrlaýyn gurlup, ulanylmaga berlen bu ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän önümler ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ýyladyşhana toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilýän ter önümlere daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar.

Ýyladyşhana toplumynyň 30 gektar meýdanynda pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge we olardan bol hasyl almaga uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ilkinji ýyllarda pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda onuň görnüşleri has-da artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda ýyladyşhanada pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Pomidoryň ilkinji gezek synag edilen birnäçe görnüşlerinden ýokary hasylyň kemala getirilmegi gazanyldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda berekedini bolluk bilen eçilen hasyly ýygnamak işi depginli dowam edýär.

Pomidor ýygymyny guramaçylykly alyp barmakda we sarp edijilere ýetirmekde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň ähmiýeti uludyr. Hasyly ýygnamak işine ýygymçy gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi agzybirlikde gatnaşýar. Ýygnalan hasyly bellenilen ýere daşamakda ýöriteleşdirilen ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Işçi-hünärmenleriň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde gündelik ýygylýan hasylyň bir bölegi ak bazarlaryň üsti bilen terligine ilata ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportyň möçberini artdyrmak babatynda tagallalaryna saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda şu günler hasyly ýygnamak işleri has gyzyşýar. Munuň özi Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, ilatymyzyň toý saçagyny ýokary hilli ter önümler bilen birkemsiz üpjün etmek ugrundaky tagallalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýyladyşhana toplumynyň işgärleri şeýle asylly işlere saldamly goşant goşýandyklary üçin özlerini juda bagtly saýýarlar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynda işleriň gyzgalaňly alnyp barylýan pursatlary. Surata düşüren awtor.

24.12.2021
Ösüşleri nazarlaýan tagallalar

Özbaşdak ösüş ýoluna düşenine 30 ýyl bolan döwletimiz bu gün dünýäniň ykdysady taýdan durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Ulag-logistika ulgamy milli ykdysadyýetimizde täze mümkinçilikleri döredýän esasy ugurlaryň biridir. Bu ulgamyň mümkinçilikleri sebitiçi çäklerde bolşy ýaly, halkara ulag we ýük gatnawlaryny güýçlendirmekde-de uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy oktýabrynda asyryň gurluşygy hasaplanýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda awtomobil, demir ýol, howa ulaglary ulgamlaryny ösdürmek, olara täzeçillikleri ornaşdyrmak, ýük gatnawlarynyň amala aşyrylyşyny kämilleşdirmek, howpsuz halkara geçelgeleri döretmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu işler hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna, taraplaryň arasynda ulag ulgamy arkaly syýahatçylyk pudagynyň we daşary-söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.

Garaşsyz Türkmenistan ulag-logistika babatda kabul edilen halkara hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen birlikde, bu ugurda täze başlangyçlaryň birnäçesini teklip edýär. Bu babatdan 2021-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly eden çykyşynda öňe sürlen başlangyçlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýandygyny, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde sebitiçi we sebitara ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny artdyrmak, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sanyny köpeltmek, olaryň işini kadalaşdyrmak boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak, täze ugurlary döretmek arkaly gadymy döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň çäginde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň, optiki süýümli elektrik geçirijileriň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýoluň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ýakyn geljekde Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek maksat edinilýär.

Tamamlanyp barýan ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde sebitde awtomobil, demir ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek, energetika, üstaşyr ulag we daşarky söwda ugurlarda hyzmatdaşlygyň işini işjeňleşdirmek, şeýle-de guramanyň çäklerinde söwdany ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagyň meseleleriniň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň, onuň düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň yzygiderli seljermesini geçirmegiň we azyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Sammitde kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzyň we tutuş sebitiň ulag ulgamynda esasy meseleler boýunça ylalaşykly strategiýany işläp taýýarlamak üçin esas bolup çykyş eder.

Ählumumy ösüş ugrunda irginsiz tagallalary edip, dünýä uzaýan dostluk, hyzmatdaşlyk ýollaryny gurýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

23.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna gulluk iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan bilen taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasy hem-de Hindistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda işjeň gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabry aralygynda Nýu-Deli we Yslamabat şäherlerinde gulluk iş saparlarynda bolandyklary hem-de şolaryň dowamynda halkara ähmiýetli duşuşyklara gatnaşyp, degişli gepleşikleri geçirendikleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň geçirilendigini aýtdy. Onuň çäklerinde garalan esasy meseleler barada habar berip, wise-premýer «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň guramaçylyk-gurluş binýadyny ösdürmek mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdi. Bu babatda türkmen tarapynyň ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatyna esaslanyp, şu dialogyň çäklerinde yzygiderli hem-de ulgamlaýyn esasda geçirmek üçin daşary işler ministrleriniň derejesindäki mejlisleriniň guralyny hem-de gatnaşyjy döwletleriň ýokary wezipeli wekilleriniň aýratyn ugurlar boýunça duşuşyklaryny, bilermenleriň maslahatlaşmalaryny ýola goýmak baradaky başlangyçlary beýan edildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berildi.

Şu başlangyçlaryň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň energiýa, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny birikdirýän taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamalaryny we beýleki möhüm taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin möhümdigi bellenildi.

Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Wise-premýer bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýokary syýasy derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň çäklerinde beýan eden nukdaýnazarlaryndan ugur alnyp, birnäçe esasy ýörelgelere esaslanylýandygyny aýtdy. Şol ýörelgeler syýasy ugurda täze owgan häkimiýeti bilen halkara gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldamakdan we Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň bu ugurda möhüm ornuny berkitmekden, ýurtdaky ykdysady ýagdaýy durnukly ýola goýmak üçin, onuň ykdysadyýetini dikeltmekden hem-de ösdürmekden, şol sanda onuň energiýa, ulag we aragatnaşyk düzümlerini kämilleşdirmek işine gatnaşmagyndan, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegi bermekden ybaratdyr.

Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklary özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky baglanyşygy ýokarlandyrmak üçin Aşgabat halkara ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky Ylalaşyga, «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň netijeleriniň ähmiýeti bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen başlangyjynyň halkara guramalaryň çäginde iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurdygy görkezilýär.

Wise-premýer öz hasabatynda saparyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada hem aýtdy. Onda Türkmenistanyň Hindistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-hindi pudagara iş toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyçlar beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň baş baýramy bolan Respublika güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna hindi tarapynyň uly ähmiýet berýändigi barada aýdyldy.

Wise-premýer Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşandygy barada hem hasabat berdi.

Mejlisde sebit we dünýä ýurtlary tarapyndan Owganystana kömek bermek boýunça öňde durýan wezipelerdir anyk çäreler maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Owganystana ýardam bermek, onuň ykdysadyýetini dikeltmek meselesinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz goňşy Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek we durmuş ulgamyny dikeltmek ugrunda giň möçberli we uzak möhletleýin işleri amala aşyrýar.

Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýoly gurmak, bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini bermek, owgan halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly amala aşyrylýan anyk işler aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem duşuşykda, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň 14-nji dekabrynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerilip, ýurdumyz tarapyndan Owganystanyň halkyna nebitgaz, senagat, oba hojalyk hem-de beýleki zerur bolan önümlerden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi aýdyldy.

Wise-premýer bu mejlisiň netijeleri boýunça Owganystanda ynsanperwerlik ýagdaýy barada Kararnamanyň kabul edilendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparynyň dowamynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Şonda Türkmenistanyň Pakistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny amala aşyrmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.

Pakistan tarapy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we baýlaşdyrmak maksady bilen, Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek bilen bagly başlangyçlar beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen diplomatlarynyň Türkmenistanyň goňşy we ýakyn sebitlerde ýerleşýän hem-de ýurdumyz bilen gadymdan gelýän taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde doly ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan çäreleriň mundan beýläk-de amala aşyryljakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna sebitdäki möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarymyz hökmünde garalýandygyny nygtady.

Gadymyýetden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Açyklyk we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan, dürli derejelerde geçirilýän döwletara gepleşikler bolsa gatnaşyklarymyzyň ýagdaýy boýunça pikir alyşmaga hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa 19-njy dekabrda Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýyna bagyşlanan nobatdan daşary mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşandygyny we onuň netijeleri boýunça degişli Kararnamanyň kabul edilendigini mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu Kararnamada Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýynyň gowulanmagy we bu babatda energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny, şol sanda owgan halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri berjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem Kararnamada 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen 15-nji sammitiniň we onuň dowamynda kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň Owganystandaky ynsanperwerlik meselelerini çözmekdäki orny öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň 19-njy dekabrda Nýu-Deli şäherinde «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň 3-nji mejlisine hem gatnaşandygyny belläp, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilendigini nygtady. Beýannamada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmekde giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlygyň zerurdygy bellenilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine üns çekilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu resminamada 11-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň netijeleriniň we onuň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň möhümdiginiň bellenilýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny Pakistan we Hindistan bilen bilelikde hem-de köptaraplaýyn görnüşde öňe sürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli we uzak möhletli ykdysady taslamalarynyň amala aşyrylmagy diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşar.

Biz Pakistan Yslam Respublikasy we Hindistan Respublikasy bilen emele gelen köpugurly hyzmatdaşlygymyzy halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de berkitmek ugrunda zerur işleri dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýurdumyzyň Bitaraplygy babatda türkmen diplomatiýasynyň syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

23.12.2021
Möhüm ugurdaky hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şol hyzmatdaşlykda, döwrüň talabyna eýerilip, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna hem uly orun berilýär. Şu ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde hem sanly ulgamyň we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri üns merkezinde boldy.

Ýokary derejede geçirilen sammitde hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde sanly tehnologiýalary peýdalanmak, elektron söwda meýdançalaryny giňden ulanmak bilen özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary derejede möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Sebitiň ýurtlarynyň ählisinde innowasion ösüş üçin mümkinçilikleriň bardygyna, şeýle hem degişli ugurda tagallalary birleşdirmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigini belledi. Munuň bolsa, öz gezeginde YHG-a agza ýurtlaryna täze tehnologik kadalary bolan bütindünýä ykdysadyýetiniň örän uly bäsdeşlige eýe bolan gurşawyna goşulmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynda hem ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda sebitdäki maglumat deňsizligini aradan aýyrmak meselesine aýratyn orun berildi. Resminamada şeýle maksat bilen, maglumatlar düzümlerini döretmek we ulanmak işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de dowam etdirmek, elektron hökümet, sanly ykdysadyýet, emeli aň, telekommunikasiýa we operatorlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulgamlarynda, şeýle hem agza döwletleriň milli poçta operatorlarynyň we programmalaýyn önümleriniň tehnoparklaryny ulanmak arkaly bilelikde işleşmek barada bellenilýär.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda innowasion oýlap tapyşlaryň bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, kuwwatly elektron senagatynyň döredilmegi, halkara wirtual sergileriň guralmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň internet arkaly hödürlenilmeginiň möçberiniň artmagy hem-de beýleki mysallar sanlylaşdyrmanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Munuň özi Watanymyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, senagat taýdan kuwwatlanmagyna getirýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Biz hem maglumat-aragatnaşyk ulgamyna degişli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hökmünde ýaşlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim almaklary ugrunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döredilen şert-mümkinçilikler biziň maksatlarymyzyň myrat tapmagyna ýardam edýär.

Bazar Töräýew,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.

23.12.2021
Bank ulgamynyň ösüşli sepgitleri

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri günsaýyn artýar. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ykdysadyýetimizi ösdürmek, ýurdumyzy abadanlaşdyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda açylyp, ulanmaga berlen döwrebap, onlarça desgalaryň hataryndaky «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň täze binalary ösüşli menzilleriň buşlugydyr diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Bu ulgamy sanlylaşdyrmak bolsa ykdysadyýetimiziň milli nusgasyny ösdürmegiň möhüm tapgyrydyr. Şundan ugur alyp, ençeme şahamçalary we bank gulluklary özüne birikdirýän täze desgalarda ýerine ýetirilýän amallar, hödürlenýän hyzmatlar bilen baglanyşykly ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Täze desgalaryň hasaplaşyk nokatlarynda, girdeji we çykdajy kassalarynda gysga wagtyň içinde ýerli hem-de halkara bank amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek mümkin. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen olar ýokary derejeli innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Olarda internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, smart töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda tölegleriň islendik görnüşlerini ýerine ýetirmek, «Onlaýn kabulhana» ýaly döwrebap mümkinçilikler döredilýär.

Nagt pul serişdelerini kabul edip, nagt däl görnüşli amallary ýerine ýetirýän döwrebap banklarymyzda müşderileriň gymmatlyklaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýörite depozitariýa gutujyklary ornaşdyrylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň banklarynda «Elektron söwda» hyzmatynyň hereket etmegi, bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirýär. Şeýle-de ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan täze görnüşli bank hyzmatlarynyň birnäçesi müşderilere hödürlendi. Olardan «QR kod» tehnologiýaly «Galtaşyksyz töleg» ulgamy, «Halkbank terminal» hyzmaty, «Cash back» höweslendiriji hyzmatlary işe girizildi we nagt däl görnüşinde geçirilýän amallary ýönekeýleşdirip ýerine ýetirmek ýola goýuldy. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşine geçilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde ýyl-ýyldan bankomatlar, terminallar, «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» we «QR kod» ulgamlary arkaly geçirilen amallaryň möçberiniň artmagy müşderiler üçin döredilýän şertlerden netijeli peýdalanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda bank ulgamy boýunça bilim alýan hünärmenlere döwlet Baştutanymyz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan bank ulgamyny kämilleşdirip, ýurdumyzy ösüşleriň, özgerişleriň, üstünlikleriň täze menzillerine alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Annaşirin AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.

23.12.2021