Elekt­ron ne­şir­ler: döw­rüň tiz­li­gi bi­len tä­ze göz­ýe­tim­le­re

Ta­lyp­lyk döw­rün­de žur­na­lis­ti­ka de­giş­li geç­ýän sa­pak­la­ry­myz­da in­ter­net žur­na­lis­ti­ka­sy­nyň gel­je­gi, ýur­du­myz­da bu ug­ry ös­dür­mä­ge be­ril­ýän üns ha­kyn­da dyn­gy­syz gür­rüň eder­dik, pi­kir alyş­ma­la­ry gu­rap, dün­ýä tej­ri­be­sin­den mag­lu­mat­la­ry öw­re­ner­dik. Asyl, mil­li met­bu­gat ne­şir­le­ri­mi­zi in­ter­net ar­ka­ly okap bil­jek gün­le­ri­miz hem uzak­da däl eken. Sä­hel wagt­dan ins­ti­tu­ty ta­mam­lap, re­dak­si­ýa­da işe baş­la­ny­my­za la­ýyk iki ýyl bol­ýar. Hut şol wagt­dan bä­rem Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň ýur­du­my­zyň äh­li ga­zet-žur­nal­la­ry­nyň elekt­ron gör­nü­şi­ni özün­de jem­le­ýän «Türk­men­met­bu­gat» in­ter­net ne­şi­ri he­re­ket ed­ýär. In­di biz bu hak­da ar­zuw et­me­giň ýe­ri­ne, özü­miz gün­de­lik wa­ka­la­ryň jüm­mü­şin­de bo­lup, ola­ry elekt­ron ne­şir­ler ar­ka­ly oky­jy­la­ra des­sin ýe­tir­me­giň ug­run­da gez­ýä­ris. In­ter­ne­tiň­dir san­ly ul­ga­myň dur­mu­şy­my­za şeý­le tiz ara­la­şaý­şy­ny gör­se­ňiz­läň!.. 

                                                                   

Dog­ru­sy, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy ha­kyn­da oza­lam kän ýa­zyp­dyk. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de kagyzda çykarylýan gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri işjeň dowam etdirmek ba­ra­da aý­dan­la­ry şu te­ma ýe­ne bir ýo­la üns çek­mä­ge iter­di. Bu ba­bat­da di­ňe soň­ky ýyl­lar­da ga­za­ny­lan­la­ra gys­ga­ça syn ber­len­de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da, şol san­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny eme­le ge­ti­ren­di­gi­ni il­kin­ji no­bat­da aýt­ma­ly. Şun­luk­da, ze­rur bo­lan mag­lu­mat inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry kä­mil­leş­di­ri­lip, iş­le­riň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di. 

                                                                   

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň 2019-njy ýyl­da açy­lan met­bu­gat.gov.tm in­ter­net saý­ty ýur­du­my­zyň ne­şir­le­ri­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek­de il­kin­ji tej­ri­be bol­dy. Bu saýt­da Di­ýa­ry­myz­da çap edil­ýän ga­zet-žur­nal­la­ryň 30-sy­nyň PDF nus­ga­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga hem-de ola­ry ýük­läp al­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. Saý­tyň oky­jy­la­ry gün­de­lik çap­dan çy­kan ne­şir­ler­dä­ki ha­bar­dyr ma­ka­la­la­ryň iň gy­zyk­ly­la­ry, gul­lu­gyň dü­zü­mi­ne gir­ýän çap­ha­na­la­ryň hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len hem tan­şyp bil­ýär­ler. 2020-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň «Türk­men­met­bu­gat» in­ter­net ne­şi­ri­niň mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy bol­sa ýur­du­myz­da çap edil­ýän ga­zet-žur­nal­la­ry elekt­ron gör­nüş­de köp­çü­li­ge el­ýe­ter­li et­mek we on­laýn abu­na­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da tä­ze­çe çe­me­leş­me­le­re ba­dal­ga ber­di. 

                                                                   

In­di oky­jy­lar «Play Mar­ket» ýa-da «App Sto­re» in­ter­net dü­kan­la­ryn­dan «Türk­men­met­bu­gat» mo­bil go­şun­dy­sy­ny te­le­fon­dyr plan­şe­ti­ne, komp­ýu­te­ri­ne ýük­läp, on­laýn abu­na ýa­zyl­mak ar­ka­ly is­län wag­ty, is­län ýe­rin­de tä­ze­lik­ler­dir ha­bar­lar bi­len tan­şyp bil­ýär­ler. Bir­ba­da 30-a go­laý ga­zet-žur­na­ly hem elekt­ron, hem PDF gör­nüş­de hem­mä el­ýe­ter­li ed­ýän mo­bil go­şun­dy çap­dan çy­kyp, eli­mi­ze go­wuş­maz­dan öňür­ti is­len­dik ne­şi­ri des­sin oka­ma­ga, şun­luk­da, gym­mat­ly wag­ty­ňy hem se­riş­dä­ňi tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şun­da däp bo­lan ka­gyz ne­şir­le­ri in­kär et­mek üçin däl-de, on­laýn ga­zet-žur­nal­la­ryň kä­bir ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny de­ňeş­di­rip gör­mek üçin bir za­da üns çek­mek is­le­ýä­ris. Me­se­lem, ada­ty abu­na­da di­ňe bir ga­zet ýa-da žur­nal üçin ge­çir­ýän pu­lu­my­za «Türk­men­met­bu­ga­ta» on­laýn abu­na ýa­zyl­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň äh­li ga­zet-žur­nal­la­ry­ny okap bil­ýä­ris. Özem in­di oky­jy­lar üçin ýö­ri­te abu­na ýa­zy­ly­şyk möw­sü­mi­ne ga­raş­mak ze­rur­ly­gy hem ýok. «Türk­men­met­bu­gat» mo­bil go­şun­dy­sy­nyň üs­ti bi­len is­län gü­nüň­de, is­län sa­ga­dyň­da ne­şir­le­re abu­na ýa­zy­lyp bol­ýar. Mu­nuň üçin ula­ny­jy­la­ryň el te­le­fon­la­ryn­da­ky TMCELL ha­sa­byn­dan ýa-da dür­li bank­la­ra de­giş­li bo­lan bank kart­la­ryn­dan nagt däl gör­nüş­de tö­leg ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi el­ýe­ter­li. 

                                                                   

As­lyn­da, dün­ýä­niň mag­lu­mat gi­ňiş­li­gi­ne go­şu­lyş­mak üçin ne­şir­le­riň elekt­ron­laş­dy­ryl­ma­gy esa­sy ze­rur­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, her gün­de 4 mil­liard­dan gow­rak adam (dün­ýä ila­ty­nyň deň ýa­ry­sy) in­ter­ne­te gi­rip, dür­li mag­lu­mat­la­ry göz­le­ýär. Di­ňe «Goog­le» plat­for­ma­syn­da her ýyl­da 2,5 tril­lion ge­zek göz­leg edil­ýär. Has iş­jeň ula­ny­jy­la­ryň gün­de 7 sa­ga­da go­laý wag­ty­ny in­ter­ne­te sarp ed­ýän­dik­le­ri, me­ge­rem, köp­le­ri geň gal­dyr­sa ge­rek. Hut şeý­le gör­ke­zi­ji­ler hem in­ter­ne­tiň au­di­to­ri­ýa­sy­nyň bar­ha çalt gi­ňe­me­gi­ni şert­len­di­rip, ha­bar­dyr mag­lu­mat­la­ryň oky­jy­la­ra mi­nut­sa­ýyn ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­ly­gy­ny art­dyr­ýar. 

                                                                   

Türk­men ne­şir­le­ri­niň on­laýn gör­nüş­de el­ýe­ter­li edil­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän tä­ze­lik­ler­dir ha­bar­la­ry me­dia gi­ňiş­lik­de des­sin ýaý­rat­mak mak­sa­dyn­dan ugur al­ýar. Ga­ly­ber­se-de, on­laýn abu­na­ny iş­jeň­leş­di­rip, ga­zet­dir žur­nal­la­ry çap et­mek we ola­ryň ti­ra­žy bi­len bag­ly kä­bir çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Çün­ki ne­şir­le­riň elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ka­gyz ýa-da reňk bi­len bag­ly ýü­ze çyk­ýan me­se­le­ler, ma­li­ýe çyk­da­jy­la­ry bel­li bir de­re­je­de azal­ýar. Şeý­le-de ga­zet-žur­nal­la­ryň äh­li sa­ny­ny ýa-da aý­ry-aý­ry ha­bar­dyr ma­ka­la­la­ry ar­hiw hök­mün­de elekt­ron gör­nüş­de sak­lap gal­ma­ga şert dö­red­ýär. Mu­nuň özi äh­lu­mu­my in­ter­net gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ýan mag­lu­mat­la­ryň «Goog­le», «Yan­deх», «Ya­hoo» ýa­ly dün­ýä­niň esa­sy in­ter­net saýt­la­ry­na ut­gaş­ma­gy­na-da müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa şol göz­leg saýt­la­ry ar­ka­ly Türk­me­nis­tan ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş­mak is­le­ýän oky­jy­lar üçin yg­ty­bar­ly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

                                                                   

Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­klaryna gö­rä, gel­jek­de on­laýn ne­şir­le­re is­leg di­ňe art­mak bi­len bo­lar. Şun­dan ugur alyp, Di­ýa­ry­myz­da mil­li met­bu­ga­tyň san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi­niň ba­şy­ny baş­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ugur­da dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­me­giň we öz­leş­dir­me­giň, tä­ze me­dia-teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň peý­da­lan­ma­gyň, bi­le­lik­dä­ki mag­lu­mat­lar tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň, ýur­du­my­zyň žur­na­list­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Dün­ýä­niň köp döw­let­le­rin­de ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­la­ryň ne­ti­je­le­ri hem on­laýn ne­şir­le­re gy­zyk­lan­ma­la­ryň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şun­da oky­jy­lar in­ter­net ar­ka­ly mag­lu­mat­la­ry has tiz alyp bol­ýan­dy­gy­ny, bir däl-de, en­çe­me çeş­mä ýüz­le­nip bil­ýän­dik­le­ri­ni, alan peý­da­ly mag­lu­mat­la­ry­ny beý­le­ki­ler bi­len paý­laş­mak müm­kin­çi­li­gi­ni on­laýn ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ry ha­sap­la­ýar­lar. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da çap edil­ýän äh­li ga­zet-žur­nal­la­ryň bir bi­te­wi in­ter­net saý­ty hem-de mo­bil go­şun­dy­sy gör­nü­şin­de ne­şir edil­me­gi, ola­ryň her bi­ri bo­ýun­ça aý­ra­tyn elekt­ron gaz­na­nyň bol­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, oky­jy­la­ra, öz is­le­gi­ne gö­rä, is­len­dik wagt­da on­laýn usul­da abu­na ýa­zyl­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­me­gi hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň me­ýil­le­ri­ni na­za­ra alyp, türk­men met­bu­gat ne­şir­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, žur­na­list­le­riň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gün­ki gün ka­gyz ne­şir­le­riň elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ril­me­gi ha­bar­la­ryň mi­nut­sa­ýyn däl, hat­da se­kunt­sa­ýyn Ýer ýü­zü­niň is­len­dik kün­je­gi­ne ýaý­ra­ýan «mag­lu­mat­lar asy­ryn­da» ýur­du­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­le­ri, ýe­ten we ýet­ýän sep­git­le­ri ha­kyn­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da öz­bo­luş­ly gu­ral bo­lup hyz­mat ed­ýär. Onuň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bol­sa türk­men žur­na­list­le­ri­niň ze­hi­ni­ne, ukyp-ba­şar­ny­gy­na, dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ne bag­ly. 

                                                                                                           

Aý­gül RA­HY­MO­WA.

                       

«Türk­me­nis­tan».