Hususyýetçiler obasenagat toplumynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa, süýji tagamly gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. 

                                                                   

 «Gündogar akymy» täzeçillikleriň gözleginde 

 Halk hojalygynyň obasenagat toplumynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän hususyýetçileriň biri bolan «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti ugurdaş daýhanlar we kärendeçiler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, ösümlik ýagy, mal iými, maýonez ýaly önümleri öndürýär. Hojalyk jemgyýetine oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden 6 müň gektar ýer bölegi bölünip berildi. Hususyýetçi daýhanlar bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda günebakar, soýa, raps, künji hem-de bugdaý ekýärler. Şu günler hojalyk jemgyýetiniň daýhanlary bugdaý oragyna girişdiler.  

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýär. 2019-njy ýylda kärhanada ösümlik ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şu ýyl bolsa bu ýerde täze önümleriň — ýaglylygy 40, 62,5, 72,5, 82,5 göterim bolan maýonezleriň önümçiligine girişildi. Şol maýonez önümleri «Günaý» haryt nyşany bilen 200, 400 we 800 gramlyk gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär. Olar hili we tagamy boýunça daşary ýurt önümleri bilen mynasyp bäsleşmäge ukyplydyr. 

                                                                   

«Günaý» haryt nyşanly maýonezleri öndürýän kärhananyň önümçilik kuwwaty sagatda 2 tonna maýonez öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhana Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle hem kärhana ýylda 18 müň tonna günebakar çigidini gaýtadan işläp, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde öndürilýän ösümlik ýagy «Günaý» haryt nyşany bilen 1 we 5 litrlik gaplara gaplanylyp, bazarlara çykarylýar we alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. 

                                                                   

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň ösdürip ýetişdiren ekinleriniň hasylynyň gaýtadan işlenilenden galýan bölegi mallar üçin iým taýýarlamakda peýdalanylýar. 

                                                                   

 Dag etegindäki miweli mekan 

 Diýarymyzda oba hojalygy bilen meşgullanýan iri hususy düzümleriň biri hem miwe we beýleki gök önümleri ösdürip ýetişdirýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» paýdarlar jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar.  

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň dag etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän ekin meýdanlarynda ösdürilýän nahallaryňdyr baglaryň ählisi damjalaýyn ulgam arkaly suwarylyp, ideg işleriniň aglaba bölegi awtomatlaşdyrylan döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Garagum derýasyndan çekilen umumy uzynlygy 27,5 kilometre barabar bolan suw geçiriji ulgam hem-de kuwwatly göteriji enjamlar arkaly getirilýän suw deňiz derejesinden 180 metr belentlikdäki howza çykarylýar we şol ýerden ekin meýdanlaryna paýlanylýar. Ekin meýdanlarynyň şeýle belentlikde ýerleşmegi bolsa miweleriň bol hasyl bermegine we süýji tagamly bolmagyna kömek edýär. 

                                                                   

2019-njy ýylyň ýazynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 1200 gektar meýdany özleşdirmäge girişen hususyýetçi daýhanlar şu ýyl bereketli toprakdan ilkinji hasyly ýygnamaga girişdiler. Bu ýerde ýetişdirilen garaly we şetdaly hasylynyň ilkinji tapgyry eýýäm bazarlara çykaryldy. Bulardan başga-da, ekin meýdanlarynda alma, armyt, hurma, hoz we badam ýaly miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär.  

                                                                   

Şeýle hem hojalyk jemgyýetleri ýakyn geljekde jemi 80 gektar meýdany eýeläp, gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmäge niýetlenilen, ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanalaryň birnäçesini gurmagy meýilleşdirýärler. Olaryň ilkinjileri şu ýylyň ahyryna çenli ulanyşa giriziler. 

                                                                   

 Köpugurly hususy daýhan hojalygy 

  «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygy hem indi ençeme ýyldan bäri gök-bakja ekinlerini, miweleri ösdürip ýetişdirmekde, et-süýt önümlerini we towuk ýumurtgasyny öndürmekde oňyn tejribe toplan hususyýetçi hökmünde tanalýar. Daýhan hojalygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalarynda ekologiýa taýdan arassa we ýokumly gök-bakja önümleri bolan pomidoryň, hyýaryň bol hasyly ýetişdirilýär. Şeýle hem şol ýerdäki ekin meýdanlarda alma, erik, garaly, şetdaly ýaly miweli baglara ideg edilip, ýokary hasyl alynýar.  

                                                                   

Daýhan hojalygynyň Kaka etrabyndaky ýer böleklerinden üzümiň bereketli hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol ýerdäki ýyladyşhanalarda banan we pyrtykal ýaly tropiki miweleri ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi öwrenilýär. 

                                                                   

Guşçulyk hojalygy hem «Daýhan sarpasynyň» alyp barýan işleriniň möhüm ugrudyr. Daýhan hojalygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki guşçulyk toplumynda taýýarlanylýan guş eti we towuk ýumurtgasy ýokary hili bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çägindäki maldarçylyk toplumynda iri şahly mallar idedilip, bazarlarymyzda uly islegden peýdalanýan et-süýt önümleri öndürilýär. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler, berilýän goldawlar ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sanynyň artmagyny we olaryň alyp barýan işleriniň geriminiň giňelmegini şertlendirýär. Innowasion tehnologiýalary we ylmy çemeleşmeleri hemra edinen telekeçiler ýerden, suwdan rejeli peýdalanyp, ekinlerden bol hasyl almagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmagy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini artdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýärler.  

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».