Häzirki wagtda dünýäde «sanly tehnologiýalar», «sanly ykdysadyýet», «sanly şäher», «sanly ulgam», «sanly aň», «sanly bilim» ýaly täze düşünjeleriň peýda bolmagy bilen, internete esaslanýan işewürligiň ähli ugurlarynda sanly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmak arkaly makroykdysady görkezijiler boýunça ýokary netijeleri üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary amala aşyrmagy esasy maksatlarynyň biri edip goýdy.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, adamzat durmuşynda bankomatlar, «internet-bank», «mobil-bank», «çat-botlar» ýaly düşünjeler hem peýda boldy. Maliýe-bank ulgamynda hil taýdan tapawutly «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Cash back» ýaly täze hyzmatlar bank işjeňliginiň kämilleşýändigini alamatlandyrýar. Bu, esasan hem, bank işewürliginde sanly özgertmeleriň ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Mundan başga-da öňdebaryjy, döwrebap programma üpjünçiliginiň kömegi bilen, şeýle hem internet arkaly onlaýn okuw sapaklarynyň geçirilişi bilim ulgamynda-da sanly özgertmeleriň başlanandygyna şaýatlyk edýär.
Sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullary durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giňden ulanylýar. Bu bolsa ykdysady özgertmelere bolan täzeçil talaby gün-günden güýçlendirýär. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalara, elektron söwda esaslanýan sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmagyň zerurlygy öň hatara çykýar.
Sanly ykdysadyýet önümçilik gatnaşyklarynda maglumat-aragatnaşyk serişdelerini peýdalanmak bilen sanly özgertmeleri amala aşyrýan ykdysadyýetiň bölegidir. Munuň esasy maksady raýatlara, şeýle hem edara-kärhanalara döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmekdir. Sanly ykdysadyýetiň giňişleýin ornaşdyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda hem dürli amatlyklary döredýär. Şeýle-de önümçilik bilen ylmyň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirýär.
Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň özi halkymyza ähli babatda amatlyklary döretjek uly wezipeleriň biridir. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýeti kemala getirmek öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini halkara standartlara laýyk getirmekde möhüm şert bolup durýar. Ozaly bilen ol ýurdumyzyň milli innowasion ulgamynyň kemala getirilmegini, döwrebap, bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarylmagyny şertlendirýär.
Bibigül NAZAROWA,
welaýat Statistika müdirliginiň hünärmeni.