Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň gurluşykçylary Üçajy — Zergär aralygynda gaz geçirijini gurmak işlerini üstünlikli tamamladylar. Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçiriji Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda bu iň iri elektrik stansiýasy geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilipdi. Tebigy gazda işleýän häzirkizaman desgasy ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaklyga hem giň mümkinçilik döredýär.  

                                                                   

Kämil desganyň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmekde täze gaz geçirijiniň ähmiýeti uludyr. Bu möhüm buýurmanyň baş potratçysy wezipesini ýokarda ady agzalan trestiň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirligi ýerine ýetirdi. Müdirligiň ussat binaçylary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmak işiniň öň hatarlarynda bolýarlar. Ezber gurluşykçylar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek işinde hem özleriniň başarnyklaryny görkezýärler. Toplanan baý tejribe, ýokary guramaçylyk täze gaz geçirijini çekmek işini bellenilen möhletinde, ýokary hil derejesinde tamamlamaga hem oňyn şert döretdi. Bu işde Görkimyrat Atamyradow tarapyndan baştutanlyk edilýän gurluşykçylar toparynyň agzalary aýratyn tapawutlandylar. Gurluşyk meýdançasynyň baştutany möhüm işlerde ussa Nurmyrat Aýtmyradowyň, kebşirleýji Merdan Orunowyň, agregatçy Ýoldaş Urkunowyň, slesar gurnaýjy Maksat Kemalowyň, turbanyň daşyny örtüji Altymyrat Ýollyýewiň has tutanýerlilik görkezendiklerini nygtaýar. Ýeri gelende, möhüm taslamany durmuşa geçirmäge «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki gurluşyk guramalarynyň birnäçesiniň kömekçi potratçy hökmünde gatnaşandyklaryny, bu uly üstünlikde olaryň hem uly zähmet paýynyň bardygyny bellemek artykmaçlyk etmez.  

                                                                   

Agzybirlik, başarjaňlyk, maksada okgunlylyk ýaly sypatlary özünde jemleýän gaýratly adamlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan möhüm wezipeleri berjaý etmäge ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň gujur-gaýraty bilen ýene bir möhüm iş üstünlikli tamamlandy. Çekilýän yhlasly zähmetiň netijesinde peýda bolan kuwwatly we kämil desgalar uzak ýyllaryň dowamynda diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, sebitdäki döwletleriň abadançylygyna, halklaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat eder.  

                                                                                                           

Mämmet GYLYJOW.