Gözelligiň nusgasy

Eziz Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli alnyp barylýan ösüş-özgertmeler akylyňy haýran edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, adyl syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, ýurdumyzyň mundan bu ýana ösmegi, gözelleşmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy geljek 30 ýylda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar ýanynda alnyp barylýan gurluşyk, binagärlik işleri, gazanylýan beýik ösüşler maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin döredilýän her bir binalardyr desgalar bolsa asuda ýaşaýşymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, paýtagtymyzyň we onuň daş-töwereginiň gözelligini, ajaýyplygyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda her bir maşgalanyň aýratyn jaýynyň ýa-da öýüniň bolmagyny üpjün etjekdigini aýdyp geçdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen 30 ýyllyk maksatnamanyň doly derejede durmuşa geçiriljegine halkymyz berk ynanýar. Ata-baba ýoluny dowam etdirip, gurmak we döretmek ýörelgeleri ösdürmek bilen, eziz Diýarymyz, şol sanda, paýtagtymyz Aşgabat gözelligiň nusgasyna öwrülýär. Eýýäm ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan ak şäherimiz Aşgabat owadanlykda, arassalykda dünýäni haýrana goýmak bilen, ýaşamak we işlemek üçin iň amatly şäher hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan binalaryň sanynyň barha köpelmegi   halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, iş orunlarynyň amatly şertlerini döretmegiň baş şerti bolup durýar. Elbetde, şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykyp, ykdysady hyzmatdaşlygyň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!  

                                                                                                           

Bazargeldi TÖRÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.