Çyn-Maçynda türkmen gazy alawlaýar

Hawa, indi on üç ýyla golaý wagtdan bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen «mawy ýangyjy» üznüksiz ugradylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde mümkin boldy. «Asyryň gurluşygy» diýen ada eýe bolan ägirt uly desganyň hut Lebap topragyndan — «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkden gözbaş alýandygy bellärliklidir.  

                                                                   

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen, özüni ynamdar hyzmatdaş hökmünde görkezip gelýär. Geçen ýyllarda alysdaky ýurda baglaşylan şertnama laýyklykda tebigy gazyň uly möçberi akdyryldy. Bu işiň gerimi soňky ýyllarda has-da giňeldilýär. Oňa geçen ýylyň başynda «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi uly itergi berdi. Kämil desganyň kömegi bilen bu kändäki gaz guýularyndan uzynlygy 188 kilometre barabar bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly harytlyk önüm üznüksiz akdyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 3,5 milliard kub metrden hem gowrak boldy. Dostana ýurda häzirki döwürde her gije-gündizde «mawy ýangyjyň» 20 million kub metrden gowragy ugradylýar. Munuň özi meýilnamada bellenileninden 5 million kub metrden hem artykdyr. Täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi, guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ösüşleriň täze belentliklerini ynam bilen eýelemäge giň mümkinçilikleri açýar.  

                                                                   

Türkmeniň «mawy ýangyjy» Çyn-Maçynda alawlap, gülläp ösüşe, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan nurana ýoly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi geljegimiziň has-da röwşen boljakdygynyň aýdyň kepilidir.  

                                                                                                           

Baýram MÄMMEDOW.