Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna we başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Hökümet agzalaryny hem-de tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tejribeçilik, ylmy-önümçilik institutlarynda, ylmy merkezlerde döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullarydyr tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler döredildi. Nygtalyşy ýaly, ylym, bilim, innowasion tehnologiýalar babatda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki orny pugtalandyryldy.
Türkmen halkynyň gadymy maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ylmy-medeni diplomatiýamyz dünýäde giňden dabaralandyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryny, ýurdumyzyň ähli alymlaryny, ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, abadançylyk, ylym ulgamynyň işgärlerine bolsa ylmy we döredijilik işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Halkara guramalar bilen parlamentara hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar berkidilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammed, şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili bilen duşuşyklar geçirildi.
Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmak, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň gadymy däplerini, milletiň maşgala gymmatlyklaryny saklamak, hukuk hem ekologik medeniýetli jemgyýeti döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň kanunçylyk esaslaryny üpjün etmegiň çäklerinde milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde döwletimiziň we jemgyýetimiziň dürli ugurlaryna degişli kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak, olary seljermek hem-de kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işleri alyp barýarlar.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy hoş habar — 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bilen gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu çözgüdiň ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny kanagatlanma bilen belledi. BMG bilen däp bolan gatnaşyklaryň üsti her ýylda täze, anyk mazmun bilen ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara ugurda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýelejekdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 7-nji iýunynda “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Ýerli, milli, sebit hem-de ählumumy derejede suw serişdeleri ulgamynda hereketleri we hyzmatdaşlygy höweslendirmek” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Prezident Emomali Rahmonyň hoşniýetli sözlerini hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bu ýokary derejeli forumyň açylyş dabarasynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda suw ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan yzygiderli işler barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda bu möhüm ulgamda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine syn berildi, suw serişdelerini dolandyrmakda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw üpjünçilik ulgamyndaky bilelikdäki işleri utgaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda maglumatlaryň hilini gowulandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olarda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berildi, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara gün tertibiniň örän möhüm meseleleriniň birine bagyşlanan şeýle iri foruma gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Biziň ýurdumyz köpasyrlyk milli ýörelgelerimize daýanyp, bu ugurda giň gerimli işleri dowam eder diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmen tebigy gazyny çykarmakda, sarp edijilere ýetirmekde hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmakda “Galkynyş” gaz käninde çykarylýan tebigy gazy harytlyk derejesine getirmek möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, degişli şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlary bilen baglanyşykly taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tejribäni we täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna pudagyň kuwwatyny artdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer hasabaty dowam edip, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, önümçiligi zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Dürli ölçegli oturtma turbalary satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Dürli ölçegli oturtma turbalary täze burawlanýan nebit guýularynyň gurluşygynda ulanmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz känlerini özleşdirmek, täze guýulary burawlamak işleriniň yzygiderli dowam edýändigini belledi. Munuň üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ilkinji nobatda, bu toplum häzirki zaman enjamlarydyr tehniki serişdeleri bilen üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak bilen bir hatarda, gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, şu ýyl 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektar meýdana gant şugundyry ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende, ilkinji nobatda, galla oragy döwründe hem-de gowaça ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de welaýatlaryň häkimleriniň şu resminamada kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alnyp, suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa hem-de Garagum derýalary boýunça seljermeleri geçirmek, suw akymlaryny gowulandyrmak, suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzda suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça kesgitlenen agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda guramaçylyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak ugrunda geçirilýän işleriň netijesinde innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly kuwwatly kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär, täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, zerur enjamlary daşary ýurtly önüm öndürijilerden göni satyn almak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.
Konserniň zawodlarynda gurnalan tehnologik enjamlaryň ygtybarly işledilmegi önümçiligiň kuwwatlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda iişleriň bökdençsizligini üpjün etmek üçin enjamlary öndüriji tarapyndan bellenilen tertipde abatlaýyş işleriniň geçirilmegi zerur bolup durýar. Wise-premýer himiýa pudagynyň kärhanalary üçin zerur enjamlary göni öndüriji kompaniýalardan satyn almak baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa toplumynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, pudagyň önümleriniň içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi dowam etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna gözegçilik edýän pudaklarynyň işini, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň biri bolan himiýa senagaty kärhanalarynyň çig mal bilen doly üpjün edilişini, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dubaý şäherinde “EKSPO — 2020” sergisinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ulanmak barada hasabat berdi.
Bütindünýä serginiň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli, Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýylyň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklarynydyr forumlary geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergileri guramagy dowam etmek zerurdyr diýip, wise-premýere bu babatda tabşyryk berdi. Şeýle-de dürli ýurtlarda we şäherlerde söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etmek gerek, munuň özi harytlaryň eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öňde boljak Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi şu ýylyň 22 — 27-nji iýunynda Mary welaýatynda geçiriler. Medeni maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi, ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary guralar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde göçme maslahatlary, sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baý many-mazmunly, gyzykly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” operasynyň görkezilişi bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň we beýleki baýramçylyk çäreleriniň ugurdaş düzümleriň işini kämilleşdirmekde, milli mirasymyzy giňden wagyz etmekde, türkmen ýaşlarynyň döredijilik ruhuny höweslendirmekde aýratyn ähmiýetlidigini belläp, degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde her ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirmegi ýaş alymlara goldaw bermäge we olaryň başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşik ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaş alymlaryň bäsleşigi ylmyň we tehnologiýanyň alty ugry boýunça guraldy. Olar nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlardyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş alymlara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň wajypdygyna, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň ugurlarynyň artdyrylmagyna we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň giňden ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy makullap, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ýaşlaryň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ýaş alymlary höweslendirmek, hünärmenleri döwrüň talabyna laýyk derejede taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän bu şanly sene ylym we bilim ulgamlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde ylmy-önümçilik edaralarynyň, ylmy merkezleriňdir institutlaryň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ylmy barlaglaryň degişli derejede alnyp barylmagy, ylmy açyşlaryň höweslendirilmegi, täzeçil tehnologiýalaryň we dünýäniň ösen tejribeleriniň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamlaryndaky başlangyçlarynyň halkara guramalar, aýratyn-da, ÝUNESKO tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtady we hormatly Prezidentimizi Hökümet agzalarynyň adyndan bu şanly sene mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň üstünliklere beslenmegi bilen hem gutlady. Saparyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi we hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglanyldy.
Russiýa Federasiýasyna guralan saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary guralyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi.
Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasyndan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilendigi barada gelip gowşan hoş habar bilen mähirli gutlap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle-de wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habary aýdyp, bu şanly waka bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Türkmenistana, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatyna, umuman, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ählumumy maksatlara kybap gelýän başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Kararnamalaryň 18-sini kabul etmegi we ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende göterilýändigini görkezýär. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza hoş habaryň gelip gowşandygyny kanagatlanma bilen belläp, hemmeleri möhüm waka — Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň beýany hökmünde kabul edilýär. Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirip, işjeň, täze başlangyçlar bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde we bütin dünýäde ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegini kepillendirmek, daşky gurşawy goramak ýaly halkara meseleler boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ýardam berýär. Munuň özi dünýäniň ähli döwletleriniň we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatyna, möhüm ähmiýetli başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini, olary biragyzdan goldaýandygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň Aziýa sebitindäki işjeň we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň wekiliýetiniň döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy we onuň dowamynda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde geçirilen daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşandygy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri ol ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.
“Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenildi. Şunda sebitara we halkara howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berildi. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi aýdyldy. Şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli bolup durýar. Bu duşuşykda Türkmenistan tarapyndan sebit ähmiýetli başlangyçlar öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp barýan ýurtlaryň wekilleriniň duşuşyklaryny geçirmek, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar bar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de ýaşlar syýasaty, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça oňyn çözgütler kabul edildi. Duşuşygyň jemleri boýunça 4 sany resminamanyň kabul edilmegi olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, döwletimiziň tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilmegi bilen bir hatarda, halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň barha ösdürilmegine giň ýol açýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň netijeli döwletara, sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlygyň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki gatnaşyklaryň ilerledilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň däp bolan dostluk, strategik häsiýete eýedigini nygtady. Munuň özi 10-njy iýunda Moskwada geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň oňyn netijelere eýe bolandygyny görkezýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny, Russiýanyň paýtagtynda geçirilen duşuşykda resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmeginiň hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag ulgamynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň bu möhüm ugrunda işleri has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjy bilen bagly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlary dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklaryň ösüşine gönükdirilen resminamalar we olar boýunça zerur çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.