San­ly Türk­me­nis­tan — aý­dyň gel­jek

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, bütin dünýäde bolşy ýaly, «Sanly ykdysadyýet» düşünjesi özüne mynasyp orun aldy. Ol maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýola goýuldy we olar üstünlikli amal edilýär. Olar «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» daýanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna düşünmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetli bolan bu resminama ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri esasy ugurlary beýan edilip, ony 3 tapgyrda durmuşa geçirmek bellenilýär. Milli ösüşiň meýilnamasyna giren sanlylaşdyrmak syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä bilen aýakdaş gitmek maksatlaryny öz içine alýar. 

                                                                   

Konsepsiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňünde innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýeňil bolmadyk wezipe goýdy. Elbetde, sepgide ýetmek üçin degişli hukuk binýady zerur bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly ulgama geçmegiň çäklerinde onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Kanunda elektron resminama dolanyşygy, elektron söwda, kommunikasiýa aragatnaşyk torlary, elektron amallar we olardan peýdalanmagyň kadalary barada düşünjeler berilýär.  

                                                                   

Elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynançly dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada ýokarda salgylanylýan Türkmenistanyň Kanunynda bellenildi. Ol bolsa sanly hyzmatlaryň we dolanyşygyň hukuk esasyny emele getirýär.  

                                                                   

«Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýilýäniniň biziň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlandygy duýulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitleýän netijeleriň ýokarlanylmagyna we ykdysady kuwwatyň pugtalanmagyna itergi berýän dördünji senagat rewolýusiýasyny durmuşa geçirmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerekdir. Şoňa laýyklykda, maglumat eýýamynda, dördünji senagat rewolýusiýasy şertlerinde tehnologik täzelikleri önümçilige ornaşdyrmazdan bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak mümkin däldir. Sanly ykdysadyýet elektron senagatyny döretmekligi, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyny aradan aýyrmaklygy talap edýär. Gurluşyk ulgamynda täze döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň gazananlaryny giňden ulanmak arkaly «akylly öý» ulgamy esasynda binalar gurlup başlandy we bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşandyny goşmak, sanly ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşige Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary, magistrantlary we talyplary hem gatnaşdylar. «Innowasion şäher» tematiki ugry boýunça institutyň magistranty Şageldi Weliýew I orna we «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar» tematiki ugry boýunça institutyň mugallymy Narly Babanazarow III orna mynasyp boldular. Bu «akylly öý» taslamasy Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda ilkinji gezek ornaşdyryldy. Munuň özi maglumatlar eýýamynda sanly ulgam arkaly ykdysadyýetini kuwwatlandyrýan ýurtlar bilen ata Watanymyz Türkmenistanyň hem aýakdaş gitmegine ýardam edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň sany barha artýar, «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary giňeldilýär. Ulag ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şeýle hem, ykjam maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzda demir ýol petekleri nobata durman satyn almak mümkinçiligi döredilip, olaryň onlaýn tertipde satuwy ýola goýuldy. Şeýle hem taksi hyzmatynyň täze görnüşleri hödürlenip başlandy. Hususan-da, paýtagtymyzdaky «Taksomotor awtoulag» kärhanasynda hereket edýän onlarça ýeňil awtoulaglara planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy. 

                                                                   

Mahlasy, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijesi döwletimizde ähli ykdysady pudaklaryň yzygiderli kämilleşmegine getirýär. 

                                                                                                           

Täzegül TAGANOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň magistranty.