Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden özbaşdak türkmen döwleti berkarar edilenden soň, geçilen ösüş ýolumyzyň her bir ýyly üstünliklere beslenýär. Şöhratly ýyllaryň hatarynda 2022-nji ýyl aýratyn bellenip geçilmelidir. Çünki «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen bu ýyl ýurdumyzyň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürilmegini üpjün etjek, türkmen halkynyň röwşen geljegine giň ýollary açjak, giň gerimli özgertmeleri özünde jemleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilen ýylydyr. Bu ýyl milli demokratik ýörelgelerimiziň dabaralanmasyna öwrülen döwlet ýolbaşçysynyň saýlawlarynda halkyň belent ynamyna mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýylydyr.
Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiýasyny öňe sürdi we onuň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bolsa ýurdumyzyň düýpli ösüşine itergi berdi. 2022-nji ýylyň geçen aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylan üstünlikler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurt boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň möçberiniň barha artmagy, köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ilatyň girdejileriniň artyp, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen merdana halkymyzyň gazanan üstünlikleridir.
Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlarynyň bolmagy ýurdumyzda energetika pudagyny, senagatyň nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa, gurluşyk materiallary we gaýtadan işleýän beýleki pudaklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda ýerli çig mallary gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň ösdürilmegi halk hojalygynyň senagatlaşmak derejesini ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmakda, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň uzak geljege gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini düzüm taýdan kämilleşdirmek, ony gurluş taýdan düýpli özgertmek meseleleri möhüm orun eýeleýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde milli ykdysadyýetiň durnukly we ygtybarly ösmeginiň möhüm şertleriniň biri hem hususy telekeçiligi çalt depginler bilen ösdürmekdir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususyýetçileri haryt önümçiligini ösdürmekde, iri maýa goýum taslamalaryny özleşdirmekde, önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmakda, dünýä bazarlaryna çykarylýan harytlaryň möçberlerini artdyryp, ýurduň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda saldamly işleri durmuşa geçirýärler. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy telekeçileriň başlangyçlaryny döwlet tarapyndan höweslendirmek hem-de goldamak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny giň gerim bilen ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda işlenip düzülen ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna itergi berer. Diýarymyzy ösüş-özgerişler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Gulgeldi GULGELDIÝEW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.