Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň durnukly depginini üpjün etmek we bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek maksady bilen sanly tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy esasynda milli ykdysadyýetimiziň täze modeli has kämilleşýär. Hut sanly ulgamyň hasabyna dolandyryş işleri sazlaşykly ýöredilýär, şol bir wagtyň özünde täze usullar önümçilige oňaýly täsirini ýetirýär. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen elektron we ylmy ulgamy özleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hem oňyn çözülýär. Hut şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň diňe bir mukdary artman, hili hem gowulanýar, elýeterli nyrhlar emele gelýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döredilýän jemi içerki önümiň möçberinde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň yzygiderli ýokarlanmagy hem sanly tehnologiýalaryň hususy önümçilikde işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde, ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmekde we bank hyzmatlarynyň häzirkizaman tehnologiýalary arkaly alnyp barylmagynda bank ulgamynyň ösüşi örän möhümdir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrdy, bank hyzmatlarynyň hilini düýpli ýokarlandyrdy, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürdi. Hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleriniň («Internet-banking», «Mobil-banking») ornaşdyrylmagy netijesinde harajatlar üzül-kesil azaldy. Bu özgerişlikler ykdysady pudaklaryň ählisinde sazlaşykly ösüşleri üpjün edýär.
Ýurdumyzda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Sebäbi ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy zähmet öndürijiligine hem täsirini ýetirýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden, internet ulgamyna geçýän kärhanalaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ikinjiden, önümçiligi sanlylaşdyrmak ýörelgesine eýerip, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrýan kärhanalar üçin bu ugurda amatly şertleriň döredilişine döwlet uly üns berýär.
Suraý JUMAÝEWA,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.