Welaýatymyzyň çäginde döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň birisi Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigidir. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän dokma senagaty düzümleriniň hatarynda kärhananyň ady hormat bilen tutulýar. Şu ýylyň dowamynda bu ýerde 44 million manatlyk önümiň öndürilmegi meýilleşdirildi. Häzirki gazanylýan üstünlikler hünärmenleriň bu önümleriň möçberiniň 50 million manatlykdan kem bolmajakdygyny çaklamaklaryna esas döredýär.
Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere dünýä bazarlarynda uly isleg bildirýärler. Eksporta iberilýän önümleriň artmagynda bu fabrigiň hem aýratyn paýy bar. Kärhana 2014-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Şondan bäri önümçilik meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ykdysatçy Rahat Juraýewanyň aýtmagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri fabrikde 15 million 333 müň manatlygyň ýerine 21 million 494 müň manatlyk önüm öndürildi. Pul hasabynda alnanda, meýilnama 140 göterim berjaý edildi.
Daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalary oturdylan pamyk egriji kärhanada işleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Önümçiligiň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy ýokary hili we zähmet öndürijiligini üpjün edýär. Ýüplük önümleri ähli görkezijileri boýunça dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Fabrikde önümiň hiline, nah ýüplügiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmek üçin kämil tehnologiýalardan ybarat barlamhana işleýär.
Häzirki wagtda öndürilýän önümleriň aglaba bölegi Russiýa, Türkiýe, Polşa, Gruziýa ýaly döwletlere eksporta iberilýär. Önümleriň ekologiýa taýdan arassalygy olaryň islegli bolmagynyň ýene bir artykmaçlygydyr. Kärhananyň baş inženeri Anwar Eminow kärhanada hünärmenleriň 150-den gowragynyň zähmet çekýändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, kärhananyň şu günlerdäki sazlaşykly işleri hormatly Prezidentimiziň özümizde öndürilýän önümleriň bolçulygyny döretmek ugrunda ýöredýän syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Bu bolsa il-ýurdumyzyň bähbidine hyzmat edýär.
Giň we ýagty, dokmaçylyk boýunça dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň ýerleşýän binalary dokma senagatynda bolup geçen oňyn özgerişlikleriň aýdyň subutnamasydyr. Esasy binada ýokary hilli nah ýüplükleriň önümçiligi ýerleşýär. Bu ýerde gurnalan enjamlaryň uzalyp gidýän göze gelüwli hatarlarynda hünärmenler işiň gidişine gözegçilik edýärler. Awtomatlaşdyrylan enjamlarda ýüplükler emele gelýär, taýýar önüm derejesine ýetirilýär. Dört hatarda bu işe ýöriteleşdirilen enjamlar kompýuter tehnologiýalary arkaly dolandyrylýar. Narhal Saparowa, Didar Çaryýew, Nigara Garowa, Şarapat Durdyklyçewa ýaly hünärmenler bu enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar.
Ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanada işler ileri. Bu bolsa ilki bilen kärhananyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuşlaryna hem oňyn täsirini ýetirýär. Fabrigiň direktory Bagtyýar Çaryýew kärhanada hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlarynyň aýratyn aladalar bilen gurşalyp alynmalydygy baradaky tabşyryklaryna hem jogapkärli çemeleşilýändigini gürrüň berýär. Özleri baradaky aladany çynlakaý duýýan zähmet adamlarynyň işe bolan garaýyşlary hem başgaça bolýar. Olar iş meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etmäge çalyşýarlar. Munuň iş ýüzünde hasyl bolýandygyny ýokary zähmet görkezijileri aýdyň tassyklaýar.
Ilmyrat BERDIÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.