Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadydyr. Türkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda: “Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şoňa görä-de, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy” diýip nygtady.

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp binanyň ýanynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýygnandylar. Dabara “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.

Milli Liderimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelýär. Ýygnananlar Türkmenistanyň häzirki döwürde okgunly ösüşini üpjün edýän hem-de Diýarymyzyň halkara derejedäki at-abraýyny belende göterýän täzeçil, öňdengörüjilikli syýasaty hem-de parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary amala aşyrýan döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzama düzülen ýodasyndan ýöräp geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milli Liderimiz özygtyýarly döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ýörelgeleriniň bakylygynyň hem-de mizemezliginiň nyşany hökmünde bina edilen belent Bitaraplyk binasynyň öňüne gül dessesini goýdy.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabaraly çärä gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmegi bilen, diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş halkara bileleşigiň durmuşynda täze döwür başlandy. Munuň özi dünýä diplomatiýasynyň taryhynda täze ädim boldy.

Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde ýurdumyz türkmen Bitaraplygynyň BMG-niň ýörelgelerine hem-de maksatlaryna laýyk gelýändigini, onuň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalaryny amala aşyrmakdaky netijeliligini iş ýüzünde subut edýär.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanmak bilen, ýokary ösüş derejeli ýurtlaryň hataryna okgunly goşulmak üçin özüniň geosyýasy, geoykdysady, serişde hem-de adam mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Aýry-aýry döwletler hem-de halkara guramalar bilen köp görnüşli hyzmatdaşlygyň çäkleriniň işjeň giňeldilmegi netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasaty Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.

2020-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösüşiň sebit hem-de ählumumy işine hemmetaraplaýyn ýardam etmek, Müňýyllygyň maksatlaryna ýetmek, halkara gün tertibiniň ilkinji nobatdaky meselelerini çözmek üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli ýollaryny döretmek baradaky meýlini tassyklaýan täze ýörelgeleri we teklipleri yzygiderli öňe sürýär. “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama şeýle başlangyçlaryň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy dekabrda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin mejlisinde bu barada aýdyp, Türkmenistan şu ýylyň döredijilikli başlangyçlara, anyk many-mazmuna, hakyky hereketlere esaslanýan çärelere baý bolmagy üçin ähli tagallalary etdi diýip nygtady. Bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, olaryň netijeliligini gazanmaga, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmen döwleti Bitaraplyk derejesine eýermek bilen, şu geçen ýyllaryň dowamynda dünýäniň ýurtlary, iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklary işjeň pugtalandyrdy. Bu köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleri syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlarda anyk many-mazmuna eýe bolup, yzygiderli giňeldilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soň, çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

...Adamzadyň belent ynsanperwer däpleriniň dabaralanmagy parahatçylyk söýüjilik, özara düşünişmek hem-de dostluk ýörelgelerine çuňňur sarpa goýýan halkymyzyň mizemez garaýyşlarydyr. Hut şonuň üçin hem şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri dabaraly, ruhubelent ýagdaýda geçdi.

14.12.2021
Şanly ýyldaky şowly gadamlar

Gymmatly baýlygymyz bolan tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak arkaly ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir we başarjaň işgärleriniň baş maksadydyr. Baýlyk çykaryjylaryň bitirýän öwgä mynasyp işleri hakynda olaryň hünär baýramçylygynyň uly dabara bilen toýlanýan gününde söhbet açmak has-da ýakymlydyr.

Müdirligiň türkmeniň kalby deýin giň sährasynda ýerleşýän köp sanly gaz känlerinde işler üznüksiz dowam etdirilýär. Edermen gazçylar üstümizdäki şanly ýylda dünýä ýylylyk we ýagtylyk paýlaýan, ösüşlere binýat bolýan «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini has artdyrýarlar. Has takygy, tebigy gazyň 11 milliard 293,3 million kub metrden gowragy öndürilip, şu ýylyň on bir aýlyk meýilnamasy 134 göterimden gowrak berjaý edildi. Şol bir wagtyň özünde gaz kondensatynyň 42,6 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem üstünlikli ýerine ýetirildi.

— Şu ýylyň başynda diňe bir biziň müdirligimiziň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş konsernimiz üçin hem taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz 15-nji ýanwarda «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşdy we bu häzirki zaman desgasynyň işine ak pata berdi. Ulanylmaga berlen ilkinji gününden döwrebap desgada işler sazlaşykly guralýar. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisine iberilýän harytlyk önümiň möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Gaz çykaryjylarymyzyň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber sagbolsun aýdýarys — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Serdar Kurbankulyýew gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan desgada ýokary hünärli işgärler üçin täze iş orunlarynyň köp sanlysynyň döredilendigini, olaryň örän amatly şertlerde gaýratly zähmet çekýändiklerini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi. Halal we netijeli işleseň, döwletimiz gadyryňy bilýär, sylagyňy ýetirýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, müdirligiň işgärleriniň birnäçesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Olardan müdirligiň Guýulary düýpli we ýerasty bejeriş böleginiň burawlaýjysy Aşyrnepes Ballyýew «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň operatory Meretglyç Annaklyçew, şol bölegiň Önümçilik dispetçer gullugynyň maşinisti Nurýagdy Jumaýew, ulaglar kärhanasynyň sürüjisi Hudaýberdi Begow bolsa «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.

Şanly ýyly zähmet üstünliklerine besleýän gaz çykaryjylar ýetilen sepgitler bilen kanagatlanman, ýene ynamly öňe gitmek ugrunda yhlasly işleýärler. Munuň üçin guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilen işler utgaşykly we ýokary depginde alnyp barylýar. Golaýda müdirligiň düzümindäki gaz känleriniň sanawyna «Agarguýy» gaz käni hem goşuldy. Hereketsiz duran guýularyň 40-sy abatlaýjylaryň tagallalary bilen gaýtadan önüm berip ugrady.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

žurnalist. Surata düşüren Merdan ORAZOW.

14.12.2021
Ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen topragynyň uly baýlygy bolan nebitdir gazyň gazylyp alnyşyny artdyrmak, olary amatly şertlerde içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň öňünde jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Şeýle möhüm işe pudagyň welaýatymyzdaky edara-kärhanalarynyň işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Kärine ussatlaryň bitirýän işleri hakynda olaryň hünär baýramynyň bellenilýän döwründe söhbet açmak has-da ýakymlydyr. Halkymyz bahasyz baýlygymyz bolan nebitdir gazymyzy sowulmajak ýazymyza, eşretli ýaşaýşyň çeşmesine deňeýär. Bu düşünjede ulaltma ýa-da hakykatdan daş düşme ýokdur. Ojaklarymyzyň alawly, durmuşymyzyň gözel bolmagynda ýylylygyň we ýagtylygyň çeşmesi bolan nebit we tebigy gaz möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu baýlyklaryň ýataklaryny agtaryp tapmak, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek arkaly önümleri sarp edijilere ýetirmek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna bazar bäsleşiginde geçginli önümleri öndürmek işleri utgaşykly we netijeli alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ýokary ruhubelentlik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olar tarapyndan çuňluk burawlamakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ene ýeriň çuňluklaryndan tebigy gazyň we nebitiň täze gorlarynyň üstüniň açylmagy bolsa olaryň zähmetleriniň ýerine düşýändiginden habar berýär. Şanly ýylyň geçen döwründe olar tarapyndan Uzynada, Agarguýy meýdançalarynda guýularyň birnäçesi burawlanyp, gymmatly çig malyň senagat akymlary alyndy. Bu üstünlikde buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýew, buraw ussalary Yslam Soltanow, Myrat Joraýew, Işanguly Mämmetkulyýew, Döwlet Babakulyýew, meýdan geology Penji Abdyllaýew ýaly başarjaň adamlaryň uly zähmet paýy bar.

Hormatly Prezidentimiziň tebigy gazyň gazylyp alynýan we daşary ýurtlara ugradylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin möhüm taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle çemeleşme pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga goşmaça mümkinçilikleri açýar. Oňa şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen «Malaý» gaz käninde ulanylmaga berlen häzirkizaman gaz gysyjy desgany mysal görkezmek bolar. Ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metre barabar bolan desga tebigy gazyň gazylyp alnyşyny düýpli artdyrmaga berk esas döretdi. Bu känden alynýan önümiň aglaba bölegi bolsa baglaşylan şertnama laýyklykda Hytaý döwletine akdyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri bu işde yhlaslylyk we tutanýerlilik görkezýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen on bir aýynda «mawy ýangyjyň» 11 milliard 293,5 müň kub metri gazylyp alyndy. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň möhletinden ep-esli öň abraý bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Müdirlik boýunça hasabat döwründe gaz kondensatynyň 42566 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem ýerine ýetirildi. Edermen gazçylarymyz şanly ýyly şowly jemlemek, zerur önümleriň öndürilişiniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda barha gaýrata galýarlar. Olaryň tagallalarynyň ýerine düşjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Sebäbi baýlyk çykaryjylar belent maksatlara gulluk edýärler. Ol bolsa ata Watanyň baýlygyna baýlyk goşmak bilen baglanyşyklydyr.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinip, gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen döwründe çig malyň 464,5 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, ondan benziniň 202,7 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 123,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, degişli meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi.

Öndürilýän harytlyk nebit önümleriniň eksport edilýän ugurlary hem barha artýar. Üstümizdäki ýylda oňa Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Täjigistan Respublikalary hem goşuldy. Daşary ýurtlular kärhanada öndürilýän dizel ýangyjyna hyrydar çykýarlar. Agyr wakuum gazoýly bolsa Ýewropa döwletlerinde üstünlikli ýerlenilýär. Bu guwandyryjy ýagdaý kärhananyň önümleriniň hiliniň ýokarydygyndan habar berýär. Şeýle oňyn görkezijiler bolsa hormatly Prezidentimiziň pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmaga yzygiderli üns bermegi netijesinde mümkin boldy.

Aýlary-günleri bagtyýarlyga beslenýän ata Watanymyzda toýlar-toýa ulaşýar. Bu baýram gününde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän möhüm pudagyň başarjaň we ruhubelent işgärleriniň adyna hoşallyk sözleri aýdylýar. Biz hem aýdylýan gutlaglara goşulýarys hem-de baýlyk bolçulygyny döredýän adamlara mundan beýläk-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Mämmet GYLYJOW.

14.12.2021
Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri we mümkinçilikleri

Düýn Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň halkara wirtual sergisi açyldy. Onuň maksady ýurdumyzyň senagat we önümçilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, maýadarlary çekmekden, içerki hem-de daşarky söwdada hyzmatdaşlaryň ornuny giňeltmekden ybaratdyr. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirýäris.

Atageldi HALJANOW,
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili:

— Dünýäde hoşniýetli, oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistana gyzyklanmalaryň barha artýan döwründe sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda şeýle wirtual sergileriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň miwelerini giňişleýin beýan edýär. Şu günler ýurdumyzda baýramçylyk çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem serginiň işi bilen tanyşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmäge bagyşlap guralýan ähli dabaralar, sergidir forumlar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, halkara gatnaşyklarda-da birnäçe şanly wakalara şaýat bolduk. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi. Dünýäde uly seslenme tapan wakalaryň hatarynda milli Liderimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumy, YHG-nyň 14-nji sammiti, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammiti, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumy bar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş edip, öňe süren başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz garaýyşlarymyzyň we öňde goýýan maksatlarymyzyň BMG-niň, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlarymyzyň, beýleki ýurtlaryň hem bähbidine laýyk gelýändigini nygtaýar. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, BMG-niň halkara düzümleri bilen gatnaşyklary özara düşünişmegiň esasynda alyp barýar.

Begmyrat ALAKBAÝEW,
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary:

— Maliýe-ykdysadyýet toplumynyň beýleki düzümleri bilen birlikde, ministrligimiz hem wirtual sergä gatnaşýar. Onda ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazananlary, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarydyr özgertmeler hakynda gürrüň berilýär. Sergide Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy hukuk derejesine esaslanyp amala aşyrýan halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijeleri aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy diýlende, diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, sebitde, şeýle hem dünýäde adamzadyň bähbidini nazara alýan başlangyçlar, durmuşa geçirilýän işler göz öňüne gelýär.

Wirtual gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 50-den gowragynyň diwarlyklarynda önümlerdir hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Ol diňe bir ildeşlerimizde däl, eýsem, daşary ýurtlularda hem uly gyzyklanma döredýär. Wirtual serginiň açylyş dabarasyna Dubaýda dowam edýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisindäki türkmen pawilýonyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy has-da täsirli boldy.

Serginiň işe başlamagy ýetip gelýän halkara baýramçylygymyza mynasyp sowgatdyr. Onuň işinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Mergen ORAZOW,
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary:

— Wirtual sergide ministrligimiziň diwarlygyna hemmelere: «Hoş geldiňiz!» diýýäris. Onda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça öňdebaryjy kärhanalar — sement zawodlary, «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasy, kän müdirlikleri, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Ýaşlyk keramzit zawody, «Nebitmaş» kärhanasy we beýlekiler hakynda maglumat berilýär. Bu kärhanalarda her ýylda önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ösüş meýilnamalary işlenip taýýarlanýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin önümleriň täze görnüşlerine bolan islegler öwrenilip, innowasiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.

Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawodlaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde milli senagatyň ösüşiniň has-da depginli bolmagy üpjün edilýär. Şeýle hem täze iş orunlary döredilýär.

Şeýle nusgalyk işleriň başynda duran döwlet Baştutanymyzy ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmekde netijeli gural bolan baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».

14.12.2021
Maksatly menzilleri nazarlap

Şu gün — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

Bu — durmuş hakykaty: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ata Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudagy ösüşli menzillere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagaty we geologiýa pudagy hem uly özgerişlere eýe bolýar. Bu pudakda ýangyç çig mal serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän täze desgalary gurmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini köpeltmek üçin täze önümçilikleri döretmek boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Welaýatymyzdaky nebitgaza baý ýataklarda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri hem «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga gönükdirilen netijeli geologiýa-tehniki çäreleri durmuşa geçirmekde yhlaslylyk görkezýärler. Olar öz öňlerinde maksat edilip goýlan belent wezipäniň amala aşyrylmagy üçin nebitgaz gözleg işleriniň täze ugurlaryny özleşdirmekde, ýangyç çig mal gorlaryna baý ýataklarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmekde, guýulary burawlamakda, abatlamakda täze, döwrebap tehnikalardan, sanly tehnologiýalardan ygtybarly peýdalanýarlar. Guýularda dürli tehniki, tehnologiki çäreleriň, öňüni alyş we düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň netijesinde ýerasty gatlaklaryň önüm berijiligi has-da ýokarlanýar.

Ýurdumyzda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak geljekde Balkanýaka we Gögerendag — Ekerem sebitlerinde gury ýerdäki ýataklarda çuň ýerleşen gatlaklaryň, şeýle hem Hazarýaka sebitinde golaýda ýüze çykarylan, nebitgaz toplanan zolaklaryň özleşdirilmegi bilen berk baglanyşdyrylýar. Öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda nebitgaz känlerini abadanlaşdyrmak, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit känleriniň amatlyklaryny ösdürmek ulgamynda Körpeje ýatagynda gaz gysyjy bekedi gurmak göz öňünde tutulýar. Konserniň geologiýa-gözleg işinde gözleg-burawlaýyş işleri üçin täze çäkleri ýüze çykarmak we taýýarlamak maksady bilen, seýsmik gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly Günbatar Çeleken ýatagynyň meýdançalarynda, şol sanda Ogurjaly adasynda, deňiz ýalpaklygyndaky Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň meýdançalarynda, Gyzylgum gaz ýatagynyň deňiz we kenar, Gögerendag nebitgaz zolagynyň kenar böleginde, Merkezi Garagumdaky Mydar — Sansyz nebitgaz zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar çäginde, şol sanda Astanababa we Çalgerişbaba meýdançalarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek bellenilýär. Seýsmik gözleg we geologiýa-gözleg ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi geljekde uglewodorodlary çykarmakda, aýratyn hem nebit çykarmak boýunça mümkinçilikleri düýpli giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolan ata Watanymyzyň nebitgaz senagaty barada söhbet açylanda, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada gürrüň etmezlik mümkin däl. Mälim bolşy ýaly, bu zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu ýerde özara baglanyşykly tehnologik enjamlary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýän täze, ýokary önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Geljekde zawodlar toplumynda sintetik ýaglaryň täze görnüşleriniň önümçiligini guramak maksady bilen, binýatlyk ýaglaryň bar bolan önümçiligini kämilleşdirmek, saýlanyp alynýan katalitik izodeparafinizasiýa prosesini ornaşdyrmak, haýal kokslaýjy enjamy we gudrony asfaltdan arassalaýjy blogy öz içine alýan toplumy ulanmaga bermek maksat edinilýär. Dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalamak boýunça enjamlaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň galyndylarynyň katalitik krekingi enjamlar toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu desgalaryň işe girizilmegi çig nebiti ýokary hilli nebit önümlerine gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmakda we degişlilikde olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga şertleri döreder.

Arkadag Prezidentimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan ýurdumyzyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini halkymyzyň hem-de bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda ummasyz işleri durmuşa geçirýär. Türkmen «mawy ýangyjyny» dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek milli Liderimiziň ýangyç-energetika syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly möçberli işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu gün ýurdumyzyň gaz geçiriji infrastrukturasynyň ösen derejelere ýetendigini bütin dünýä görýär. Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlup, «asyryň gurluşygy» adyna eýe bolan «Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý» gaz geçirijisiniň özem muňa aýdyň mysaldyr. Asyryň iri taslamalarynyň ýene biri bolan «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.

«Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar» diýip, Arkadag Prezidentimiz nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu aýdyň hakykata anyk göz ýetirýän ýurdumyzyň «gara altyn», «mawy ýangyç» ussatlary, geologlary maksatly menzillerde röwşen geljege tarap ynamly gadam urýarlar. Aýdylyşy ýaly, maksatly menziller bolsa myrada gowşurýar. Goý, şol menzillerde bütin adamzat bähbitli taryhy tutumlara badalga berip, halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, maksatlary myrat tapsyn!

Toýmämmet REJEBOW,

«Balkan».

14.12.2021
“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) Jemleýji resminamasy

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp;

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;

Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp;

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip yglan eden 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda kabul eden 73/338 Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen;

Baş Assambleýanyň 1999-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda1 kabul eden, halkara bileleşik, ozaly bilen bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy üçin, adamzadyň, hususan-da, geljekki nesilleriň bähbitlerine kybap gelýän parahatçylyk medeniýetiniň hem-de zor salmazlygyň döremegine ýardam berýän köptaraplaýyn ygtyýarnama bolan Jarnamasynyň hem-de parahatçylygyň medeniýeti ulgamynda Hereketleriň maksatnamasynyň möhümdigini ykrar etmek bilen;

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde, hususan-da, Aşgabatda 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna dabaraly ýagdaýda badalga bermek boýunça ýokary derejeli çäräni, “Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny”, “Parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” hem-de “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýaşlar forumyny”2 we beýleki halkara hem-de sebit çärelerini geçirmekde hem-de guramakda başlangyç üçin Türkmenistana aýratyn hoşallyk bildirmek bilen;

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Başlygy tarapyndan 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda çagyrylan parahatçylyk medeniýeti boýunça ýokary derejeli forumyň netijelerini goldamak bilen, onuň dowamynda Baş Assambleýanyň agza döwletleri we synçylary hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar parahatçylyk medeniýeti ulgamynda Jarnamany hem-de Hereketleriň maksatnamasyny doly hem-de netijeli amala aşyrmak babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny tassykladylar.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan yglan edilen we durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň dünýäniň döwletleriniň arasynda parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini hem-de sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn bellemek bilen;

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80 A hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” diýlip atlandyrylan Kararnamalarynyň, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän 71/275 Kararnamasyny, şeýle hem 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly 75/28 Kararnamasynyň ähmiýetini nygtamak bilen;

Şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisiniň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky “YHG sebitinde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” diýlip atlandyrylan 65/47 Kararnamasynyň ähmiýetini nygtamak bilen;

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda3 we 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda4 kabul edilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” (Aşgabat jemleýji resminamalary) meselesi boýunça ýokary derejeli halkara maslahatlaryň jemleýji resminamalaryny nazara almak bilen;

1.Dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşaşmagynyň däplerini pugtalandyrmakda, gymmatly ýörelgeleri, dünýägaraýyşlary we parahatçylygy saklamagyň hem-de höweslendirmegiň däplerini dikeltmekde halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy berkarar bolmagynda, halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýen ählumumy başlangyjyny ilerletmek boýunça teklibini goldadylar;

2.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna we BMG-ä agza ýurtlara 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de 2013 — 2022-nji ýyllarda medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň halkara onýyllygyny geçirmegiň netijelerine esaslanan parahatçylygyň medeniýetini ilerletmek boýunça ählumumy çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek çagyryşy bilen ýüzlendiler, şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň derejesinde 2023 — 2032-nji ýyllar üçin parahatçylyk we ynanyşmagyň medeniýetiniň ählumumy onýyllygyny yglan etmegi teklip etdiler;

3.Halkara bileleşik tarapyndan amala aşyrylýan, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, jedelleri parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga, parahatçylygy saklamaga, dünýä gurluşyna, ýaragsyzlanmaga, durnukly ösüşe, adam mertebesini we adamyň hukuklaryny höweslendirmäge, durmuş taýdan goşulyşmaga, demokratiýa, milli, sebit we halkara derejelerde hukugyň hökmürowanlygyna ýardam etmäge gönükdirilen tagallalaryň parahatçylygyň medeniýetiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýandygyny ykrar etdiler;

4.Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, hususan-da, bu merkeziň binýadynda döredilen Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň netijeli işini nygtadylar;

5.Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlary, BMG ulgamynyň edaralaryny, sebit we sebitara guramalary ýaşlaryň parahatçylygyň medeniýetini, sabyrlylygy hem-de medeniýetara we dinara gatnaşyklary höweslendirmäge gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gurallary döretmek mümkinçiliklerine garamaga, şeýle hem zerur bolan halatynda, bilim maksatnamalary we taslamalary arkaly adam mertebesine, plýuralizme we köpdürlülige hormat goýmaga düşünmegi ösdürmäge çagyrdylar;

6.Birleşen Milletler Guramasynyň Siwilizasiýalar bileleşigine öz işini işjeňleşdirmegi maslahat berdiler. Ýaşlaryň parahatçylyk, ynanyşmak, habarlylyk, açyklyk, inklýuziwlik we özara hormatlamak ýaly gymmatlyklara düşünmegini çuňlaşdyrmak maksady bilen, olary parahatçylyk we ählumumy ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek bu işiň özeni bolup durýar;

7.Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürmegiň, raýdaşlygy we sazlaşygy pugtalandyrmak arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam edýän gymmatlyklar hökmünde Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar;

8.Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna we beýleki halkara, sebit hem-de sebitara guramalara parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ilerletmekde, jedelleri parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagy maslahat berdiler;

9.Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça döredilen hem-de parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmekde, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça giň köptaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmäge gönükdirilen, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işini goldadylar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisini hem-de degişli halkara düzümleri ýokarda agzalan toparyň çäklerinde hyzmatdaşlyga goşulmaga çagyrdylar;

10.Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisini, halkara we sebit guramalaryny, hökümete dahylsyz birleşikleri we hususy taraplary, şol sanda ýaşlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli her ýylyň 12-nji dekabrynda halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge çagyrdylar;

11.“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty gurandygy we geçirendigi üçin Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

2021-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabat.

1 BMG-niň Baş Assambleýasynyň 53/243 A we B Kararnamalary.

2 BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamasy hökmünde çap edilen forumyň A/75/833 jemleýji resminamasy.

3 BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy (A/70/652-S/2016/20, goşundy).

4 BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy (A/75/651-S/2020/1203, goşundy).




13.12.2021
Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahata gatnaşdy

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irden halkara forumyň geçirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar we milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny we öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aňladýan bu gezekki forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine we onuň dowamynda tutuş adamzat üçin bähbitli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Taryhda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alanyňda, onuň iň täze taryhyň möhüm seneleriniň biridigi gürrüňsizdir. Bu hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna belent hormat-sarpa hem-de örän ýokary baha boldy.

Garaşsyz Türkmenistan bildirilýän çäksiz ynama eýe bolup, ähli syýasy-diplomatik we ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmak bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny doly güýjünde amala aşyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz Aşgabat işjeň halkara durmuşyň dünýä derejeli merkezi, iri wekilçilikli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Bu hem Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ine, bu gün hem şanly waka mynasybetli Maslahatlar merkeziniň giň zalyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Aşgabada çagyrylan belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary we beýlekiler bar.

Maslahata gatnaşyjylaryň düzüminiň şeýle köp sanly hem-de wekilçilikli bolmagy Garaşsyz Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň hem-de dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin netijeli gural hökmünde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ägirt uly mümkinçiliginiň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir tassyklanmasydyr.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar, uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Dabaraly ýagdaýda halkara forum açyk diýlip yglan edilýär.


Döwlet Baştutanymyza söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň dabaraly mejlisine gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, hemmelere foruma gatnaşýandygy hem-de köpugurly dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tekliplerini we pikirlerini alyşmaga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de sebit we dünýä derejelerinde birnäçe möhüm halkara çäreler — maslahatlar, köptaraplaýyn forumlar we söhbetdeşlikler, okuw maslahatlary we sapaklary geçirildi. Bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň agzalary, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, tanymal syýasatşynaslar, diplomatlar, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörişine öwrülen şol çäreleriň halkara gatnaşyklarda we häzirki zamanyň möhüm soraglarynda çözgütleri tapmakda ähmiýetiniň örän uly bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biziň bu günki maslahatymyz hem Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu halkara maslahatyň çäklerinde biz milli we umumadamzat bähbitli birnäçe soraglaryň üstünde durup geçeris hem-de olar barada pikir alşarys. Şeýle hem ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrmaly wezipelerimizi kesgitläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada biragyzdan Kararnama kabul etdi.

Şu başlangyjy öňe sürmek bilen, biz Birleşen Milletler Guramasynyň abraýy netijesinde goldanan köptaraplaýyn ylalaşygyň ykrar edilen şeýle görnüşi giň dünýä jemgyýetçiligini, syýasatşynaslary, diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, çözgütleri kabul edýän adamlary häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan äşgär meýillere giňden çekmek mümkinçiligine öwrüler diýip hasap etdik. Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, soňky döwürde düýpli üýtgedi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde dünýäde harby-strategik bäsdeşligiň ýitileşýändigini, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňelýändigini we güýçlenýändigini biziň ählimiz aýdyň görýäris. Şonuň netijesinde dünýädäki wakalar öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählumumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyrýar. Deňsizlige we garyplyga garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda, bosgunlara hem-de migrantlara kömek bermekde köp soraglary döredýär. Şeýle hem adamzadyň öňünde durýan ençeme beýleki düýpli soraglary çözmekde köp kynçylyklary ýüze çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek, özara gatnaşyklar medeniýetini ykrar etmek, biziň pikirimizçe, emele gelen ýagdaýy düzetmäge we netijeli ugra gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş edenimizde, biz hut şu wezipelerden ugur aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hakykatda bolsa bu başlangyç möçberine, syýasy gurluşyna, ykdysady we harby kuwwatyna garamazdan, ähli döwletlere gönükdirilen ýüzlenmä öwrüldi. Dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçilik duýmaga uly itergi berdi.

Ol dawalaryň we ylalaşyksyzlygyň güýjemeginiň öňüni almaga, dünýädäki häzirki ýagdaýy paýhasly seljermäge şert döretdi. Taryhyň we geljegiň nukdaýnazaryndan, täzeden oýlanmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

Bu çagyryş dünýäde uly seslenme döretdi. Sebäbi, ozaly bilen, parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň örän uly ählumumy ähmiýeti bardyr. Bu taglymat hemişe zerurdyr we netijelidir. Özi hem ol ählumumy ösüşiň we öňe gitmegiň wagtlaýyn däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär.

Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, biziň pikirimizçe, giň dünýägaraýyşlary hem-de ynsanperwer pikirleri we wezipeleri aňladyp, uly goldawa, oňyn seslenmä eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu döwürde Türkmenistanda ençeme iri halkara çäreler — maslahatlar, seminarlar, “tegelek stollar”, maglumat pikir alyşmalary geçirildi. Bu çärelere dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet wekilleri, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, belli syýasatşynaslar, diplomatlar, işewürler, bilermenlerdir žurnalistler gatnaşdylar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda toplanan baý tejribäniň sebit meseleleri çözülende, häzirki döwrüň esasy soraglary boýunça halkara gatnaşyklarda we umumy garaýyşlar işlenip düzülende peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen çäreler daşary syýasat hem-de hukuk ulgamynda nazary düşünjeleri ösdürmäge we barlaglary geçirmäge uly itergi berdi. Milli diplomatik mekdepleriňdir däpleriň mümkinçiliklerini baýlaşdyrdy. Halkara gatnaşyklar babatdaky binýatlyk esaslara täze garaýyşlary girizdi.

Esasy zat bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bütin dünýäde oňyn seslenme döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň wagt we ýagdaý bilen hiç wagt çäklendirilmedik gün tertibine bu düşünjeleri girizmekde möhüm hem-de täsirli gurala öwrüldi. Bu üstünliklere biziň ählimiz kanuny esasda buýsanyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň dilleriniň birinde, ýagny rus dilinde maslahaty dowam etdirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze wehimler we howplar bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň dikeldilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda men dünýä howp salan koronawirus pandemiýasyny göz öňünde tutýaryn. Hut ynamyň ýetmezçiligi, aýratyn hem birinji tapgyrda, bu howpa netijesiz halkara jogabyň, gaýragoýulmasyz köpçülikleýin çäreleriň görülmeginiň zerurlygynda özara düşünişmegiň ýokdugynyň sebäbine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu şertlerde jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-de pandemiýa garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ugurlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Ynanyşmak, özara düşünişmek halkara maliýe-ykdysady giňişlikde häzirki çökgünlik ýagdaýlaryndan çykmak bilen baglylykda, ykdysady, söwda, ulag, maýa goýum gatnaşyklaryny dikeltmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna bu işde esasy orunlaryň birini eýelemegi teklip edip, Baş Assambleýada agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan Kararnamalaryň taslamalaryny öňe sürendigini belledi. Hususan-da, munuň özi ulag we energetika ulgamlarynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir.

Häzirki döwürde netijeli ykdysadyýetiň ynanyşmagyň esasynda guralýandygyna ynanýarys. Işewür çaklamada ynanyşmagyň, ynamyň bar ýerine maýa goýumlar hem gelýär. Ynanyşmak ýok bolsa, maýa goýumlar bu zolaklardan sowlup geçýär, kooperasiýa, işewür gatnaşyklar ýitirilýär, ykdysady ösüşde durgunlyk bolup geçýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, gatnaşyklara açyklyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyna — hemişelik Bitaraplygyna sazlaşykly mahsusdyr. Biz ertir Bitaraplygyň halkara ykrarnamasynyň 26 ýyllygyny belläris. Elbetde, şu günki halkara maslahatyň bu möhüm waka gabatlanylmagynyň çuňňur manysy bardyr, biz ony köp sanly pikirdeşlerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde garşylaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna biz giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň şerti hökmünde garaýarys. Biz öz Bitaraplygymyzy ählumumy ösüşiň we öňegidişligiň, BMG-niň maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksadynda amala aşyrýandygymyzy buýsanç bilen aýdýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine berk daýanýan türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy barada aýdyp, hut Bitaraplygyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýändigini, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, onuň birnäçe Kararnamalary, şol sanda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda mazmuny we maksady boýunça ýakyn bolan Kararnamalary biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul etmegi Bitaraplygyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy möhüm görkezijidir. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agza döwletleriň ählisine biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Sekretariatynyň netijeli işini belledi.

Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwrüň dünýä bileleşiginiň durmuşyndaky syýasy medeniýet — bu netijeli, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esasyndaky gatnaşyklara taýýarlyk we ukyplylykdyr diýip belledi. Şeýle gatnaşyklaryň ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz.

Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we hemmeleri onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirlenmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hemmelere parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly mejlisi dowam edip, çykyş etmek üçin parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary wezipeli myhmanlaryna söz berdi.

Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä söz berildi.

Belent mertebeli myhman myhmansöýerlik we forumyň ýokary derejede guralandygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol syýasat häzirki döwür üçin has durnukly geljegi gazanmakda esasy şert bolup durýar.

Geçen ýyllarda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesini açyklyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetlilik ruhunda ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň baş ýörelgesi hökmünde kesgitläp, özüniň oýlanyşykly daşary syýasat doktrinasyny kemala getirdi.

H.Noziriniň pikirine görä, geografik, taryhy we medeni taýdan gelip çykyşyň anyk ýagdaýlary, türkmen halkynyň milli häsiýeti hem-de onuň özara hormat goýmak we bilelikde parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine esaslanan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlylygy Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty üçin ylham çeşmesi boldy.

YHG-nyň Baş sekretary hemişelik Bitaraplyk derejesi baş ýörelge bolup çykyş edýän bu syýasatyň Ýer ýüzüniň hemme döwletleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrandygyny nygtady. Bitaraplyk ählumumy meseleleri diňe parahatçylykly serişdeler arkaly çözmekde özüni möhüm hem-de netijeli gural hökmünde görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ilkinjileriň biri bolup goldan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyna örän uly ähmiýet berýär.

Biz bu ýere häzirki döwürde parahatçylyga, durnuklylyga we ykdysady ösüşe uly howp döredýän çynlakaý wehim bilen ýüzbe-ýüz bolýan sebitimiz üçin çylşyrymly döwürde ýygnandyk. Globallaşma şertlerinde ýüze çykýan ähli gapma-garşylyklar hem-de meseleler, köpçülikleýin ylalaşykly jogapkärçiligi talap edýär, çünki bu meseleler diňe ýakyn hyzmatdaşlyk we umumy tagallalar arkaly çözüp bilner diýip, YHG-nyň Baş sekretary nygtady.

YHG parahatçylyk bilen durnukly ösüşiň arasyndaky berk özara baglanyşygy ykrar edýär hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň ykdysady ösüşiň hakyky maksatlaryny amala aşyrmak, ýurtlaryň we sebitiň halklarynyň abadançylygy üçin zerur şert bolup durýandygyna pugta ynam bildirýändigini beýan edýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň YHG-nyň hyzmatdaşlyk etmek nusgasy bilen sazlaşykda, köpçülik bolup sebitleýin durmuş-ykdysady rowaçlygy we gülläp ösüşi gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini aýdyp, ýokary wezipeli myhman Türkmenistany ýakynda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli guralandygy bilen gutlady hem-de munuň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini we durnukly ösüşi hem-de rowaçlygy gazanmak üçin YHG-nyň howandarlygynda sebitleýin hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýändigini aýan edýändigini belledi.

Sammitde kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy sebit durnuklylygyna hem-de YHG sebitinde durmuş-ykdysady ösüşiň we rowaçlygyň esasy maksatlaryna ýetmäge ýoly hödürleýär.

Sözüniň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary sebitleýin ösüşiň umumy maksadyna ýetmekde YHG-ny hemişe goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirdi hem-de şu forumda beýan edilen başlangyçlaryň we teklipleriň soňky döwürde ýüze çykýan meseleler babatda ählumumy we sebitleýin durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde onuň ägirt uly şahsy goşandyny nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Husraw Nozirä we onuň üsti bilen Sekretariatyň ähli işgärlerine şu ýyl Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk eden döwründe, 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmeginde berlen goldaw we ýardam üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijeleriniň hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen uzak möhletli resminamanyň — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň guramanyň kuwwatyny we mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, YHG-a agza ýurtlar tarapyndan bellenen maksatlara ýetmek hem-de wezipeleri çözmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz mazmunly çykyşy üçin myhmana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew çykyş edip, maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de gün tertibine möhüm meseleler girizilen forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelýän çylşyrymly ýagdaý düýpli oýlanyşmagy hem-de has netijeli hereket etmegi talap edýän köp sanly möhüm meseleleri ýüze çykarýar. Şunda türkmen Bitaraplygy olary çözmekde özüniň ukyplylygyny görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanylan hem-de halkara bileleşigiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Geçen 26 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygy sebit we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň kemala gelmegine ýardam etdi we beýleki döwletlere görelde boldy. Häzirki wagtda bu dereje Türkmenistanyň özüniň ösüşi üçin hem, tutuş sebit üçin hem amatly şertleriň döredilmegine uly goşant goşmagyny dowam edýär. Bular barada aýtmak bilen, myhman şu günki maslahatyň hem-de onuň jemleýji resminamasynyň bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini öňe sürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, türki dünýäniň aýrylmaz bölegi hem-de türki halklaryň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hazynasy bolup durýar.

Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan 90-njy ýyllarda geçirilen türki döwletleriň sammitleri boýunça meseleleriň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde çykyş etdi hem-de bu guramanyň duşuşyklaryna, onuň kemala gelmegine hemişe işjeň gatnaşdy.

Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilen Stambul sammitiniň dowamynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde resmi taýdan goşuldy. “Netijede, türki hyzmatdaşlygyň düzüminde ozal ýetmeýän gymmatly halka emele geldi” diýip, myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şol sammitiň üstünlikli geçirilmegine uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň bu guramanyň hyzmatdaşlyk gurallaryna gatnaşmagynyň onuň maksatlarynyň hem-de uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, wezipeleriniň netijeli durmuşa geçirilmegi babatynda goşmaça kuwwat boljakdygy nygtaldy. Birnäçe taslamalary bilelikde amala aşyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar, munuň özi dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň agzalarynyň, sebitde we halkara giňişlikde agza döwletleriň arasynda parahatçylygy, rowaçlygy we ösüşi saklamak boýunça tagallalaryna ýardam etjekdigi gürrüňsizdir.

Bagdad Amreýew çykyşynyň ahyrynda guramanyň Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen, sebitleýin mümkinçiliklerini giňeltjekdigini nygtady. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine dost-dogan ýurtlaryň we halklaryň hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk ruhunyň berkidilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewe çykyşy hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Ýurdumyz agza döwletleriň goldaw bermeginde gurama synçy hökmünde goşuldy.

Milli Liderimiz bu wakanyň Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny nygtap, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna hem-de guramanyň Sekretariatyna Türkmenistanyň daşary syýasy tagallalaryny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şol bir wagtyň özünde, biz nobatdaky gezek Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak boýunça gün tertibini durmuşa geçirmekde Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy ulgamynda toplan tejribesini ulanmaga taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra çykyş etmek üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowa söz berildi.

Dýusen Kaseinow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy bu gün söýginiň we parahatçylygyň şäheri bolan Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýygnanandygyny, bu şäheriň bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňyn meýdança öwrülendigini belledi.

D.Kaseinow 26 ýyl mundan ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 185 ýurduň goldamagynda ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini belläp, Garaşsyz türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebit we ählumumy möçberde dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.

Biziň guramamyza agza ýurtlar bilen bolşy ýaly, tutuş halkara bileleşik bilen medeni diplomatiýanyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan ýokary halkara abraýa eýe boldy diýip, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy belledi.

Dýusen Kaseinow parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmakda milli Liderimiziň aýratyn hyzmatlarynyň bardygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň işjeň we netijeli guralyny kemala getirendigini aýtdy.

Myhman “parahatçylyk” we «ynanyşmak” diýen wajyp düşünjeleriň adamzat üçin öz ähmiýetini ýitirmeýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň medeni diplomatiýasynyň ähmiýetini we ony durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda Mary şäherine gadymy Merwiň mirasdüşeri hökmünde türki dünýäniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde, döwlet we halkara ähmiýetli ägirt uly çäreleri geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky başlangyjynyň we goldawynyň, şeýle hem Aşgabatda doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirýän türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda her ýylda geçirilýän köp sanly döredijilik çäreleriniň ähmiýetini belledi.

Dýusen Kaseinow ýolbaşçylyk edýän guramasynyň türki dilli halklaryň taryhy tejribä we pederleriň ruhy mirasyna esaslanýan giň möçberli parahatçylyk döredijilikli mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna bolan gyzyklanmalary barada aýdyp, ýurdumyzyň bu ugurda alnyp barylýan işlere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ýokary wezipeli myhman çykyşyny tamamlap, doganlyk türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we dünýä ýurtlarynyň durnukly ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer ulgama köptaraplaýyn, sebit we ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde garaýandygyny nygtady. Munuň özi türki dilli döwletler bilen gatnaşyklarymyza hem degişlidir.

Türki dilli döwletleriň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde “Dünýä dursun parahat!” atly türkmen aýdymynyň wideogörnüşiniň tanyşdyrylyşy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu çäre düýn Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan dabaralaryň çäklerinde geçirildi.

Biziň köklerimiz birdir, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz umumydyr, biz bitewi gymmatlyklara eýerýäris. Häzirki wagtda şu gymmatlyklara esaslanyp, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we dostlugyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambulda guralan sammitiň barşynda Türkmenistanyň medeni gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi bermek zerurlygyndan ugur alyp, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegi teklip edendigini ýatladyp, häzir türki özboluşlylygy saklap galmak we ösdürmek, biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, bu teklibi iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada oýlanmagyň wagtynyň ýetendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşlary we Garaşsyz Türkmenistana hem-de onuň halkyna aýdan hoşniýetli sözleri üçin abraýly sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, iri halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German çykyş etdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň wajyp we öz wagtynda öňe süren başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi.

BMG-niň Baş sekretary Aşgabatda geçirilýän we hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan bu foruma uly goldawyny beýan edýär.

Natalýa German BMG-niň Baş sekretarynyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Antoniu Guterrişiň belleýşi ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hemmetaraplaýyn goldaw bermek arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň işine önjeýli goşant goşdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynda birnäçe möhüm başlangyçlaryň kabul edilmegine ýardam berdi.

BMG-niň Baş sekretary hut Türkmenistanyň teklibi boýunça 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belläp, tutuş dünýäni gurşap alan COVID-19 ýokanjyndan başlap, garyplyga, deňsizlige, adalatsyzlyga, adatdan daşary howa ýagdaýlaryna, gapma-garşylyklara çenli ähli wajyp meseleleriň çözülmeginde bilelikde iş alnyp barylmagy netijesinde, parahatçylygyň berkidilmeginiň we ynanyşmagyň dikeldilmeginiň mümkindigini nygtady.

Antoniu Guterriş BMG-niň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, Gutlag hatynda parahatçylyga, durnukly ösüşe, adam hukuklarynyň üpjün edilmegine goldaw bermäge bolan umumy gyzyklanmalary nazara alnyp, däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German häzirki döwürde ynanyşmak ýörelgeleriniň döwletara we milli derejelerde durnukly we howpsuz ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki zamanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmegiň binýadyny emele getirýär.

Onuň pikirine görä, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda syýasy gatnaşyklaryň, durnukly ösüşi, raýdaşlygy we sazlaşygy berkitmek maksady bilen, özara düşünişmek hyzmatdaşlygynyň esasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyny başlamak bilen, medeni gatnaşyklary, birek-birege hormat goýmak hyzmatdaşlygyny berkitmek, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ägirt uly işleri amala aşyrýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, şeýle hem Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýaly ýokary derejedäki halkara ähmiýetli çäreler 2021-nji ýylyň möhüm tapgyrlaryna öwrüldi. Şeýle hem “Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentarileriň orny” atly parlamentara forumyň, Halkara ýaşlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna sebitiň döwletleriniň oňyn goşantlarynyň bardygyny belledi.

N.German emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almakda we parahatçylyk, ösüş, howpsuzlyk meselelerini oňyn çözmekde toparlaýyn tagallalara goldaw bermek işinde Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýurdumyzyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň netijeli jemlenmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy we manyly çykyşy üçin Natalýa Germana minnetdarlyk bildirip, öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm ugry we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.

Biz, ilkinji nobatda, 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldaw bermeginde Baş Assambleýanyň çözgüdi esasynda Bitarap ýurdumyzyň paýtagtynda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ornuny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döredilen pursadyndan bäri sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, ählumumy ösüşiň gün tertibiniň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini işjeňleşdirmekde netijeli binýat hökmündäki orny pugtalandy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etmegi merkeziň mümkinçiliklerini hem-de halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmekde şanly waka öwrüldi.

Häzirki döwürde merkeziň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy dolandyryş topary işleýär hem-de Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk ugurlary boýunça maksatlaýyn Iş topary we beýlekiler hereket edýär.

Merkeziň mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, suw meselesi, daşky gurşawy goramak, maglumat we biologik howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak we onuň ýaýradylmagynyň öňüni almak ýaly möhüm ugurlarda zerur boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ilçi Natalýa Germana hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli işgärlerine olaryň alyp barýan işleri, hünär ussatlygy we öz işine bolan yhlaslary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maslahaty dowam edip, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berdi.

Ol ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga berlen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Halkara Bitaraplyk güni hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň yglan eden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlady.

Kararnamalaryň kabul edilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, saklamak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, durmuşa geçirýän syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna 20-den gowrak döwletiň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen esasy ýörelgeleriň hem-de maksatlaryň, onýyllyklaryň dowamynda kabul edilen ylalaşyklaryň möhüm binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler birek-birege düşünişmek, halkara hukuga hormat goýmak we parahatçylygy, howpsuzlygy saklamaga gyzyklanmalary beýan etmekde köptaraply ösüşiň zerur şertleriniň biri bolup durýar diýip, D.Şlapaçenko belledi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmakda köpugurly ýörelgelere möhüm ähmiýet berýär. Şunlukda, parahatçylyk — munuň özi diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, oňyn hereketlere giňden gatnaşylmagyna esaslanýan sazlaşykly ösüşdir. Onda köptaraply gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigi, onuň ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen strategik gatnaşyklara öwrülendigi nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda D.Şlapaçenko BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ynamdar hyzmatdaş bolup durýandygyny we parahatçylygyň, durnukly ösüşiň saklanmagyna goldaw berýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, tutuş türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni we ýetip gelýän 2022-nji ýyl bilen gutlady hem-de hemmelere parahatçylyk, durnuklylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugur, halkara giňişlikde biziň tutuş işimiziň binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, ählumumy howpsuzlygyň kemala gelen binýadyny aýawly saklamak we pugtalandyrmak, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibiniň meýilnamalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işinde onuň syýasy-diplomatik tagallalaryna işjeň gatnaşmaga we ýardam bermäge berk ygrarlydygymyzy beýan etmegimizi dowam edýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda BMG-niň topary bilen bilelikde biz halkara derejede parahatçylyk hem-de gatnaşyklar medeniýetini ilerletmek üçin ählumumy çäräniň başyny başladyk, bu hereketiň çägini sebitiň çäklerinden daşda hem giňeltdik, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki nusgasyny gurmaga mümkinçilik berýän netijeleri gazandyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün BMG-niň dürli edaralary bilen möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekilýändigine aýratyn ünsi çekdi. Şol resminamalar ýakyn we uzak möhletli geljek üçin gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitlär.

Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan maksatlara ýetmäge yzygiderli çemeleşmäniň durnukly ösüşiň ählumumy we sebit strategiýalaryny doly amala aşyrmagyň berk kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasyna, BMG-niň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň her birine olaryň Türkmenistan bilen strategik gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň täze, has belent sepgitlerine çykmaga taýýardygyna ynandyrdy.

Soňra ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregoryň çykyşy diňlenildi. Ol sözüniň başynda hormatly Prezidentimizi we Türkmenistanyň ähli halkyny türkmen dilinde Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de ýokary derejede geçirilýän duşuşygyň guramaçylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Bu gezekki maslahatyň ähmiýetini belläp, Jon MakGregor dünýä medeniýetiniň ýörelgeleriniň we durnukly ösüşe ýetmekde ählumumy şertleri üpjün etmekde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň ähmiýetini nygtady.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden bäri Türkmenistanyň halkara diplomatiýanyň gapma-garşylyklary kadalaşdyrmakda netijeli, parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryny işjeň peýdalanýandygyny belledi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň dürli ugurlardaky howpsuzlyk bilen baglanyşykly başlangyçlaryny we onuň sebitleýin howpsuzlygy berkitmekde eýeleýän ornuny goldaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly goldaw bermek boýunça edýän tagallalaryna, onuň goňşy ýurda berýän hemmetaraplaýyn goldawyna ýokary baha berildi.

Jon MakGregoryň belleýşi ýaly, ÝHHG Türkmenistanyň ykdysady, ulag we ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky, ulag we energetika howpsuzlygy, guramanyň birnäçe möhüm borçnamalaryny özünde jemleýän ykdysady taýdan özara bähbitli halkara başlangyçlaryny goldaýar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ÝHHG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellemek isleýärin. Munuň özi bu möhüm ugurlar boýunça ýokary derejede geçirilýän halkara we sebit maslahatlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigini aňladýar diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy nygtady.

Şeýle hem Jon MakGregor pursatdan peýdalanyp, Bitarap Türkmenistanyň halkyny bu ýurduň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de bu oňyn başlangyjyň deňhukukly gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegini we halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegini üpjün edendigini belledi.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, bu möhüm senä bagyşlanan forumyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň gazananlaryny hem-de onuň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn meýdança öwrülendigine we uzak möhletleýin esasda ynanyşmagy, parahatçylygy berkitmek üçin gymmatlyklary, däp-dessurlary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly anyk işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Foruma gatnaşyjy çykyşynyň ahyrynda ýygnananlary öňümizdäki şanly baýram bilen gutlap, türkmen dilinde: “Halkara Bitaraplyk günüňiz gutly bolsun!” diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Jon MakGregora minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn üns berýändigini nygtady.

Her ýyl ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanylýar. Gatnaşyklaryň özüni oňat tarapdan görkezen ulgamlary bilen bir hatarda, geljek ýylda taraplar syýasy, ykdysady we ekologiýa hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmek boýunça netijeli işe girişerler.

Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, şu ýylyň dowamynda ÝHHG bilen bilelikde guralan forumlar, maslahatlar, hususan-da, ÝHHG-niň “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly forumy, energetika we ulag howpsuzlygy, ekologiýa hem-de howa durnuklylygy ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝHHG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de hyzmatdaşlygyň entek ulanylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň Helsinki jemleýji jarnamasyna goşulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatladyp, ikitaraplaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň gatnaşmagynda 30 ýylyň dowamynda gazanylan netijeleri seljermek we geljekde uzak möhletli köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, birnäçe çäreleri geçirmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan çäreleri guramak üçin zerur şertleri hödürlemäge taýýardygy beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz gysgaça jemleýji söz bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz halkara maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, maslahatyň barşynda beýan edilen ähli teklipleriň, pikirleriň, gymmatly başlangyçlaryň halkara gatnaşyklaryň ylmy-amaly binýadyny baýlaşdyrmak, häzirki döwürdäki köptaraplaýyn gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ulanyljakdygyny nygtady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde giň halkara çäreleriň jemlerini jemleýän bu maslahatyň parahatçylygyň medeniýeti ulgamynda ählumumy Jarnamada beýan edilen gymmatlyklaryň ýörelgelerini, dünýägaraýyşlary hem-de parahatçylygy aýawly saklamagyň we höweslendirmegiň däplerini dikeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Häzirki wagtda bu tagallalar öňküden hem zerurdyr. Türkmenistan ýokarda agzalan maksatlara Bitaraplygyň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge daýanyp, halkara syýasatyň häzirki ýagdaýlaryna laýyk gelýän çemeleşmeleriň başyny başlap we olary ulanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň özeni bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny doly ulanmak bilen ýetip boljakdygyna ynanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, maslahatyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň çuň manysy bardyr we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamak we pugtalandyrmak babatda Bitaraplyk syýasatynyň ägirt uly kuwwata eýedigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň dabaraly mejlisiniň netijeleriniň hem-de geçiriljek mowzuklaýyn umumy mejlisleriň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüşi maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki işiň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny ilerletmekde köptaraplaýyn tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolmaga ukyplydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz şu günki çykyşynda bu filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip, atlandyrandygyny ýatlatdy.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, gatnaşyjylara Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler hem-de türkmen tarapynyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryna berlen ýokary baha üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlary ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýlelikde, maslahatyň dabaraly umumy mejlisi ýapyk diýlip yglan edildi.

Mejlis tamamlanandan soň, köptaraplaýyn namalaryň 26-syndan ybarat bolan resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Ýewropa Bileleşiginiň – Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki sebitleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça bölüminiň «Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlary boýunça platformany döretmek» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany maliýeleşdirmegi AIDS-e /Inçekesele/ Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy barada Grant Ylalaşygynyň Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Ýokary hilli nesil saglygy hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi gowulandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda «Ýaşlaryň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge, gender deňligini we ýaşlaryň gatnaşygyny ilerletmäge gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi boýunça taslamasyny» durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirişiň milli prosesiniň kämilleşdirilişi boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy; 2021 — 2025 ýyllarda Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Çarçuwaly maksatnama; «Parnik gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak üçin ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» atly taslamany bilelikde amala aşyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Durnukly ösüş üçin ilat baradaky dezagregirlenen maglumatlar» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsirini gowşatmak we oňa uýgunlaşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

***

Günüň ikinji ýarymynda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda mowzuklaýyn plenar mejlisleriň üçüsiniň çäginde öz işini dowam etdi.

Mejlisleriň “Parahatçylygy we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti”, “Parahatçylyk medeniýeti bilen bütindünýä durnukly ösüş Gün tertibiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk”, “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy medeniýetini emele getirmegiň ynsanperwer ölçegi” diýen atlary hem geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlaryny we mowzuklaryny kesgitledi.

Çykyşlarda hem-de sanly ulgam arkaly iberilen ýüzlenmelerde foruma gatnaşyjylar parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň ornuna we ähmiýetine hemmetaraplaýyn baha berdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplygyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — dünýäniň aýry-aýry ýurtlary hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi, içerki syýasy durnuklylygy şertlendirip, türkmenistanlylaryň aň-düşünjesini kesgitledi. Raýatlarymyz üçin dawa-jenjelsiz ösüş hem-de umumymilli bitewülik parahat we abadan durmuşyň şertlerine öwrüldi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň umumy ykrar edilen hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşigiň tagallalary bilen doly raýdaşdyr.

Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak işinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, onuň häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk institutynyň artýan ornuna we ähmiýetine düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine ulanýan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýä gün tertibiniň esasy meselelerini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işi tamamlanandan soň, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Jemleýji resminama kabul edildi.

13.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahata gatnaşdy

11.12.2021. Şu gün paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irden halkara forumyň geçirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar we milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny we öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aňladýan bu gezekki forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine we onuň dowamynda tutuş adamzat üçin bähbitli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Taryhda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alanyňda, onuň iň täze taryhyň möhüm seneleriniň biridigi gürrüňsizdir. Bu hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna belent hormat-sarpa hem-de örän ýokary baha boldy.

Garaşsyz Türkmenistan bildirilýän çäksiz ynama eýe bolup, ähli syýasy-diplomatik we ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmak bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny doly güýjünde amala aşyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz Aşgabat işjeň halkara durmuşyň dünýä derejeli merkezi, iri wekilçilikli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Bu hem Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ine, bu gün hem şanly waka mynasybetli Maslahatlar merkeziniň giň zalyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Aşgabada çagyrylan belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary we beýlekiler bar.

Maslahata gatnaşyjylaryň düzüminiň şeýle köp sanly hem-de wekilçilikli bolmagy Garaşsyz Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň hem-de dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin netijeli gural hökmünde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ägirt uly mümkinçiliginiň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir tassyklanmasydyr.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar, uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Dabaraly ýagdaýda halkara forum açyk diýlip yglan edilýär.

Döwlet Baştutanymyza söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň dabaraly mejlisine gatnaşýanlar bilen mähirli salamlaşyp, hemmelere foruma gatnaşýandygy hem-de köpugurly dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tekliplerini we pikirlerini alyşmaga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de sebit we dünýä derejelerinde birnäçe möhüm halkara çäreler — maslahatlar, köptaraplaýyn forumlar we söhbetdeşlikler, okuw maslahatlary we sapaklary geçirildi. Bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň agzalary, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, tanymal syýasatşynaslar, diplomatlar, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörişine öwrülen şol çäreleriň halkara gatnaşyklarda we häzirki zamanyň möhüm soraglarynda çözgütleri tapmakda ähmiýetiniň örän uly bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biziň bu günki maslahatymyz hem Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreleri hem öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu halkara maslahatyň çäklerinde biz milli we umumadamzat bähbitli birnäçe soraglaryň üstünde durup geçeris hem-de olar barada pikir alşarys. Şeýle hem ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrmaly wezipelerimizi kesgitläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada biragyzdan Kararnama kabul etdi.

Şu başlangyjy öňe sürmek bilen, biz Birleşen Milletler Guramasynyň abraýy netijesinde goldanan köptaraplaýyn ylalaşygyň ykrar edilen şeýle görnüşi giň dünýä jemgyýetçiligini, syýasatşynaslary, diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, çözgütleri kabul edýän adamlary häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan äşgär meýillere giňden çekmek mümkinçiligine öwrüler diýip hasap etdik. Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, soňky döwürde düýpli üýtgedi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde dünýäde harby-strategik bäsdeşligiň ýitileşýändigini, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňelýändigini we güýçlenýändigini biziň ählimiz aýdyň görýäris. Şonuň netijesinde dünýädäki wakalar öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählumumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyrýar. Deňsizlige we garyplyga garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda, bosgunlara hem-de migrantlara kömek bermekde köp soraglary döredýär. Şeýle hem adamzadyň öňünde durýan ençeme beýleki düýpli soraglary çözmekde köp kynçylyklary ýüze çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek, özara gatnaşyklar medeniýetini ykrar etmek, biziň pikirimizçe, emele gelen ýagdaýy düzetmäge we netijeli ugra gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş edenimizde, biz hut şu wezipelerden ugur aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hakykatda bolsa bu başlangyç möçberine, syýasy gurluşyna, ykdysady we harby kuwwatyna garamazdan, ähli döwletlere gönükdirilen ýüzlenmä öwrüldi. Dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçilik duýmaga uly itergi berdi.

Ol dawalaryň we ylalaşyksyzlygyň güýjemeginiň öňüni almaga, dünýädäki häzirki ýagdaýy paýhasly seljermäge şert döretdi. Taryhyň we geljegiň nukdaýnazaryndan, täzeden oýlanmaga çagyryş bolup ýaňlandy.

Bu çagyryş dünýäde uly seslenme döretdi. Sebäbi, ozaly bilen, parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň örän uly ählumumy ähmiýeti bardyr. Bu taglymat hemişe zerurdyr we netijelidir. Özi hem ol ählumumy ösüşiň we öňe gitmegiň wagtlaýyn däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär.

Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, biziň pikirimizçe, giň dünýägaraýyşlary hem-de ynsanperwer pikirleri we wezipeleri aňladyp, uly goldawa, oňyn seslenmä eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu döwürde Türkmenistanda ençeme iri halkara çäreler — maslahatlar, seminarlar, «tegelek stollar», maglumat pikir alyşmalary geçirildi. Bu çärelere dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet wekilleri, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, belli syýasatşynaslar, diplomatlar, işewürler, bilermenlerdir žurnalistler gatnaşdylar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda toplanan baý tejribäniň sebit meseleleri çözülende, häzirki döwrüň esasy soraglary boýunça halkara gatnaşyklarda we umumy garaýyşlar işlenip düzülende peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilen çäreler daşary syýasat hem-de hukuk ulgamynda nazary düşünjeleri ösdürmäge we barlaglary geçirmäge uly itergi berdi. Milli diplomatik mekdepleriňdir däpleriň mümkinçiliklerini baýlaşdyrdy. Halkara gatnaşyklar babatdaky binýatlyk esaslara täze garaýyşlary girizdi.

Esasy zat bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bütin dünýäde oňyn seslenme döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň wagt we ýagdaý bilen hiç wagt çäklendirilmedik gün tertibine bu düşünjeleri girizmekde möhüm hem-de täsirli gurala öwrüldi. Bu üstünliklere biziň ählimiz kanuny esasda buýsanyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň dilleriniň birinde, ýagny rus dilinde maslahaty dowam etdirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze wehimler we howplar bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň dikeldilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda men dünýä howp salan koronawirus pandemiýasyny göz öňünde tutýaryn. Hut ynamyň ýetmezçiligi, aýratyn hem birinji tapgyrda, bu howpa netijesiz halkara jogabyň, gaýragoýulmasyz köpçülikleýin çäreleriň görülmeginiň zerurlygynda özara düşünişmegiň ýokdugynyň sebäbine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu şertlerde jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-de pandemiýa garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ugurlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Ynanyşmak, özara düşünişmek halkara maliýe-ykdysady giňişlikde häzirki çökgünlik ýagdaýlaryndan çykmak bilen baglylykda, ykdysady, söwda, ulag, maýa goýum gatnaşyklaryny dikeltmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna bu işde esasy orunlaryň birini eýelemegi teklip edip, Baş Assambleýada agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan Kararnamalaryň taslamalaryny öňe sürendigini belledi. Hususan-da, munuň özi ulag we energetika ulgamlarynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir.

Häzirki döwürde netijeli ykdysadyýetiň ynanyşmagyň esasynda guralýandygyna ynanýarys. Işewür çaklamada ynanyşmagyň, ynamyň bar ýerine maýa goýumlar hem gelýär. Ynanyşmak ýok bolsa, maýa goýumlar bu zolaklardan sowlup geçýär, kooperasiýa, işewür gatnaşyklar ýitirilýär, ykdysady ösüşde durgunlyk bolup geçýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, gatnaşyklara açyklyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyna — hemişelik Bitaraplygyna sazlaşykly mahsusdyr. Biz ertir Bitaraplygyň halkara ykrarnamasynyň 26 ýyllygyny belläris. Elbetde, şu günki halkara maslahatyň bu möhüm waka gabatlanylmagynyň çuňňur manysy bardyr, biz ony köp sanly pikirdeşlerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde garşylaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna biz giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly gepleşikler stolunyň başynda kadalaşdyrmaga we çözmäge oňyn täsir etmegiň şerti hökmünde garaýarys. Biz öz Bitaraplygymyzy ählumumy ösüşiň we öňegidişligiň, BMG-niň maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksadynda amala aşyrýandygymyzy buýsanç bilen aýdýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine berk daýanýan türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy barada aýdyp, hut Bitaraplygyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýändigini, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, onuň birnäçe Kararnamalary, şol sanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda mazmuny we maksady boýunça ýakyn bolan Kararnamalary biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul etmegi Bitaraplygyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy möhüm görkezijidir. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agza döwletleriň ählisine biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Sekretariatynyň netijeli işini belledi.

Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwrüň dünýä bileleşiginiň durmuşyndaky syýasy medeniýet — bu netijeli, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esasyndaky gatnaşyklara taýýarlyk we ukyplylykdyr diýip belledi. Şeýle gatnaşyklaryň ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz.

Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrardym diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we hemmeleri onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirlenmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hemmelere parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly mejlisi dowam edip, çykyş etmek üçin parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary wezipeli myhmanlaryna söz berdi.

Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä söz berildi.

Belent mertebeli myhman myhmansöýerlik we forumyň ýokary derejede guralandygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol syýasat häzirki döwür üçin has durnukly geljegi gazanmakda esasy şert bolup durýar.

Geçen ýyllarda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesini açyklyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetlilik ruhunda ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň baş ýörelgesi hökmünde kesgitläp, özüniň oýlanyşykly daşary syýasat doktrinasyny kemala getirdi.

H.Noziriniň pikirine görä, geografik, taryhy we medeni taýdan gelip çykyşyň anyk ýagdaýlary, türkmen halkynyň milli häsiýeti hem-de onuň özara hormat goýmak we bilelikde parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine esaslanan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlylygy Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty üçin ylham çeşmesi boldy.

YHG-nyň Baş sekretary hemişelik Bitaraplyk derejesi baş ýörelge bolup çykyş edýän bu syýasatyň Ýer ýüzüniň hemme döwletleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrandygyny nygtady. Bitaraplyk ählumumy meseleleri diňe parahatçylykly serişdeler arkaly çözmekde özüni möhüm hem-de netijeli gural hökmünde görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ilkinjileriň biri bolup goldan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyna örän uly ähmiýet berýär.

Biz bu ýere häzirki döwürde parahatçylyga, durnuklylyga we ykdysady ösüşe uly howp döredýän çynlakaý wehim bilen ýüzbe-ýüz bolýan sebitimiz üçin çylşyrymly döwürde ýygnandyk. Globallaşma şertlerinde ýüze çykýan ähli gapma-garşylyklar hem-de meseleler, köpçülikleýin ylalaşykly jogapkärçiligi talap edýär, çünki bu meseleler diňe ýakyn hyzmatdaşlyk we umumy tagallalar arkaly çözüp bilner diýip, YHG-nyň Baş sekretary nygtady.

YHG parahatçylyk bilen durnukly ösüşiň arasyndaky berk özara baglanyşygy ykrar edýär hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň ykdysady ösüşiň hakyky maksatlaryny amala aşyrmak, ýurtlaryň we sebitiň halklarynyň abadançylygy üçin zerur şert bolup durýandygyna pugta ynam bildirýändigini beýan edýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň YHG-nyň hyzmatdaşlyk etmek nusgasy bilen sazlaşykda, köpçülik bolup sebitleýin durmuş-ykdysady rowaçlygy we gülläp ösüşi gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini aýdyp, ýokary wezipeli myhman Türkmenistany ýakynda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli guralandygy bilen gutlady hem-de munuň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini we durnukly ösüşi hem-de rowaçlygy gazanmak üçin YHG-nyň howandarlygynda sebitleýin hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýändigini aýan edýändigini belledi.

Sammitde kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy sebit durnuklylygyna hem-de YHG sebitinde durmuş-ykdysady ösüşiň we rowaçlygyň esasy maksatlaryna ýetmäge ýoly hödürleýär.

Sözüniň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary sebitleýin ösüşiň umumy maksadyna ýetmekde YHG-ny hemişe goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirdi hem-de şu forumda beýan edilen başlangyçlaryň we teklipleriň soňky döwürde ýüze çykýan meseleler babatda ählumumy we sebitleýin durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde onuň ägirt uly şahsy goşandyny nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Husraw Nozirä we onuň üsti bilen Sekretariatyň ähli işgärlerine şu ýyl Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk eden döwründe, 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmeginde berlen goldaw we ýardam üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijeleriniň hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen uzak möhletli resminamanyň — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň guramanyň kuwwatyny we mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, YHG-a agza ýurtlar tarapyndan bellenen maksatlara ýetmek hem-de wezipeleri çözmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz mazmunly çykyşy üçin myhmana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew çykyş edip, maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de gün tertibine möhüm meseleler girizilen forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelýän çylşyrymly ýagdaý düýpli oýlanyşmagy hem-de has netijeli hereket etmegi talap edýän köp sanly möhüm meseleleri ýüze çykarýar. Şunda türkmen Bitaraplygy olary çözmekde özüniň ukyplylygyny görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanylan hem-de halkara bileleşigiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Geçen 26 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygy sebit we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň kemala gelmegine ýardam etdi we beýleki döwletlere görelde boldy. Häzirki wagtda bu dereje Türkmenistanyň özüniň ösüşi üçin hem, tutuş sebit üçin hem amatly şertleriň döredilmegine uly goşant goşmagyny dowam edýär. Bular barada aýtmak bilen, myhman şu günki maslahatyň hem-de onuň jemleýji resminamasynyň bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini öňe sürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, türki dünýäniň aýrylmaz bölegi hem-de türki halklaryň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hazynasy bolup durýar.

Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan 90-njy ýyllarda geçirilen türki döwletleriň sammitleri boýunça meseleleriň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde çykyş etdi hem-de bu guramanyň duşuşyklaryna, onuň kemala gelmegine hemişe işjeň gatnaşdy.

Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilen Stambul sammitiniň dowamynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde resmi taýdan goşuldy. «Netijede, türki hyzmatdaşlygyň düzüminde ozal ýetmeýän gymmatly halka emele geldi» diýip, myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şol sammitiň üstünlikli geçirilmegine uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň bu guramanyň hyzmatdaşlyk gurallaryna gatnaşmagynyň onuň maksatlarynyň hem-de uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, wezipeleriniň netijeli durmuşa geçirilmegi babatynda goşmaça kuwwat boljakdygy nygtaldy. Birnäçe taslamalary bilelikde amala aşyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar, munuň özi dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň agzalarynyň, sebitde we halkara giňişlikde agza döwletleriň arasynda parahatçylygy, rowaçlygy we ösüşi saklamak boýunça tagallalaryna ýardam etjekdigi gürrüňsizdir.

Bagdad Amreýew çykyşynyň ahyrynda guramanyň Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen, sebitleýin mümkinçiliklerini giňeltjekdigini nygtady. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine dost-dogan ýurtlaryň we halklaryň hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk ruhunyň berkidilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewe çykyşy hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Ýurdumyz agza döwletleriň goldaw bermeginde gurama synçy hökmünde goşuldy.

Milli Liderimiz bu wakanyň Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny nygtap, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna hem-de guramanyň Sekretariatyna Türkmenistanyň daşary syýasy tagallalaryny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şol bir wagtyň özünde, biz nobatdaky gezek Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak boýunça gün tertibini durmuşa geçirmekde Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy ulgamynda toplan tejribesini ulanmaga taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra çykyş etmek üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowa söz berildi.

Dýusen Kaseinow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy bu gün söýginiň we parahatçylygyň şäheri bolan Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýygnanandygyny, bu şäheriň bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňyn meýdança öwrülendigini belledi.

D.Kaseinow 26 ýyl mundan ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 185 ýurduň goldamagynda ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini belläp, Garaşsyz türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebit we ählumumy möçberde dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.

Biziň guramamyza agza ýurtlar bilen bolşy ýaly, tutuş halkara bileleşik bilen medeni diplomatiýanyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan ýokary halkara abraýa eýe boldy diýip, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy belledi.

Dýusen Kaseinow parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmakda milli Liderimiziň aýratyn hyzmatlarynyň bardygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň işjeň we netijeli guralyny kemala getirendigini aýtdy.

Myhman «parahatçylyk» we «ynanyşmak» diýen wajyp düşünjeleriň adamzat üçin öz ähmiýetini ýitirmeýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň medeni diplomatiýasynyň ähmiýetini we ony durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda Mary şäherine gadymy Merwiň mirasdüşeri hökmünde türki dünýäniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde, döwlet we halkara ähmiýetli ägirt uly çäreleri geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky başlangyjynyň we goldawynyň, şeýle hem Aşgabatda doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirýän türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda her ýylda geçirilýän köp sanly döredijilik çäreleriniň ähmiýetini belledi.

Dýusen Kaseinow ýolbaşçylyk edýän guramasynyň türki dilli halklaryň taryhy tejribä we pederleriň ruhy mirasyna esaslanýan giň möçberli parahatçylyk döredijilikli mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna bolan gyzyklanmalary barada aýdyp, ýurdumyzyň bu ugurda alnyp barylýan işlere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ýokary wezipeli myhman çykyşyny tamamlap, doganlyk türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we dünýä ýurtlarynyň durnukly ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer ulgama köptaraplaýyn, sebit we ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde garaýandygyny nygtady. Munuň özi türki dilli döwletler bilen gatnaşyklarymyza hem degişlidir.

Türki dilli döwletleriň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymynyň wideogörnüşiniň tanyşdyrylyşy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu çäre düýn Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan dabaralaryň çäklerinde geçirildi.

Biziň köklerimiz birdir, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz umumydyr, biz bitewi gymmatlyklara eýerýäris. Häzirki wagtda şu gymmatlyklara esaslanyp, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we dostlugyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambulda guralan sammitiň barşynda Türkmenistanyň medeni gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi bermek zerurlygyndan ugur alyp, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegi teklip edendigini ýatladyp, häzir türki özboluşlylygy saklap galmak we ösdürmek, biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, bu teklibi iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada oýlanmagyň wagtynyň ýetendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşlary we Garaşsyz Türkmenistana hem-de onuň halkyna aýdan hoşniýetli sözleri üçin abraýly sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, iri halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German çykyş etdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň wajyp we öz wagtynda öňe süren başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

BMG-niň Baş sekretary Aşgabatda geçirilýän we hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan bu foruma uly goldawyny beýan edýär.

Natalýa German BMG-niň Baş sekretarynyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Antoniu Guterrişiň belleýşi ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hemmetaraplaýyn goldaw bermek arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň işine önjeýli goşant goşdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynda birnäçe möhüm başlangyçlaryň kabul edilmegine ýardam berdi.

BMG-niň Baş sekretary hut Türkmenistanyň teklibi boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belläp, tutuş dünýäni gurşap alan COVID-19 ýokanjyndan başlap, garyplyga, deňsizlige, adalatsyzlyga, adatdan daşary howa ýagdaýlaryna, gapma-garşylyklara çenli ähli wajyp meseleleriň çözülmeginde bilelikde iş alnyp barylmagy netijesinde, parahatçylygyň berkidilmeginiň we ynanyşmagyň dikeldilmeginiň mümkindigini nygtady.

Antoniu Guterriş BMG-niň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, Gutlag hatynda parahatçylyga, durnukly ösüşe, adam hukuklarynyň üpjün edilmegine goldaw bermäge bolan umumy gyzyklanmalary nazara alnyp, däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German häzirki döwürde ynanyşmak ýörelgeleriniň döwletara we milli derejelerde durnukly we howpsuz ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki zamanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmegiň binýadyny emele getirýär.

Onuň pikirine görä, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda syýasy gatnaşyklaryň, durnukly ösüşi, raýdaşlygy we sazlaşygy berkitmek maksady bilen, özara düşünişmek hyzmatdaşlygynyň esasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyny başlamak bilen, medeni gatnaşyklary, birek-birege hormat goýmak hyzmatdaşlygyny berkitmek, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ägirt uly işleri amala aşyrýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, şeýle hem Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýaly ýokary derejedäki halkara ähmiýetli çäreler 2021-nji ýylyň möhüm tapgyrlaryna öwrüldi. Şeýle hem «Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentarileriň orny» atly parlamentara forumyň, Halkara ýaşlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna sebitiň döwletleriniň oňyn goşantlarynyň bardygyny belledi.

N.German emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almakda we parahatçylyk, ösüş, howpsuzlyk meselelerini oňyn çözmekde toparlaýyn tagallalara goldaw bermek işinde Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýurdumyzyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň netijeli jemlenmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy we manyly çykyşy üçin Natalýa Germana minnetdarlyk bildirip, öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm ugry we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.

Biz, ilkinji nobatda, 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldaw bermeginde Baş Assambleýanyň çözgüdi esasynda Bitarap ýurdumyzyň paýtagtynda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ornuny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döredilen pursadyndan bäri sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, ählumumy ösüşiň gün tertibiniň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini işjeňleşdirmekde netijeli binýat hökmündäki orny pugtalandy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamany kabul etmegi merkeziň mümkinçiliklerini hem-de halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmekde şanly waka öwrüldi.

Häzirki döwürde merkeziň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy dolandyryş topary işleýär hem-de Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk ugurlary boýunça maksatlaýyn Iş topary we beýlekiler hereket edýär.

Merkeziň mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, suw meselesi, daşky gurşawy goramak, maglumat we biologik howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak we onuň ýaýradylmagynyň öňüni almak ýaly möhüm ugurlarda zerur boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ilçi Natalýa Germana hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli işgärlerine olaryň alyp barýan işleri, hünär ussatlygy we öz işine bolan yhlaslary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maslahaty dowam edip, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berdi.

Ol ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga berlen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Halkara Bitaraplyk güni hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň yglan eden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlady.

Kararnamalaryň kabul edilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, saklamak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, durmuşa geçirýän syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň çäklerinde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna 20-den gowrak döwletiň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen esasy ýörelgeleriň hem-de maksatlaryň, onýyllyklaryň dowamynda kabul edilen ylalaşyklaryň möhüm binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler birek-birege düşünişmek, halkara hukuga hormat goýmak we parahatçylygy, howpsuzlygy saklamaga gyzyklanmalary beýan etmekde köptaraply ösüşiň zerur şertleriniň biri bolup durýar diýip, D.Şlapaçenko belledi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmakda köpugurly ýörelgelere möhüm ähmiýet berýär. Şunlukda, parahatçylyk — munuň özi diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, oňyn hereketlere giňden gatnaşylmagyna esaslanýan sazlaşykly ösüşdir. Onda köptaraply gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigi, onuň ilkinji nobatda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen strategik gatnaşyklara öwrülendigi nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda D.Şlapaçenko BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ynamdar hyzmatdaş bolup durýandygyny we parahatçylygyň, durnukly ösüşiň saklanmagyna goldaw berýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, tutuş türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni we ýetip gelýän 2022-nji ýyl bilen gutlady hem-de hemmelere parahatçylyk, durnuklylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugur, halkara giňişlikde biziň tutuş işimiziň binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, ählumumy howpsuzlygyň kemala gelen binýadyny aýawly saklamak we pugtalandyrmak, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer ulgamlarda, hususan-da, durnukly ösüş ulgamynda ählumumy gün tertibiniň meýilnamalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işinde onuň syýasy-diplomatik tagallalaryna işjeň gatnaşmaga we ýardam bermäge berk ygrarlydygymyzy beýan etmegimizi dowam edýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda BMG-niň topary bilen bilelikde biz halkara derejede parahatçylyk hem-de gatnaşyklar medeniýetini ilerletmek üçin ählumumy çäräniň başyny başladyk, bu hereketiň çägini sebitiň çäklerinden daşda hem giňeltdik, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki nusgasyny gurmaga mümkinçilik berýän netijeleri gazandyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün BMG-niň dürli edaralary bilen möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekilýändigine aýratyn ünsi çekdi. Şol resminamalar ýakyn we uzak möhletli geljek üçin gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitlär.

Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan maksatlara ýetmäge yzygiderli çemeleşmäniň durnukly ösüşiň ählumumy we sebit strategiýalaryny doly amala aşyrmagyň berk kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasyna, BMG-niň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň her birine olaryň Türkmenistan bilen strategik gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň täze, has belent sepgitlerine çykmaga taýýardygyna ynandyrdy.

Soňra ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregoryň çykyşy diňlenildi. Ol sözüniň başynda hormatly Prezidentimizi we Türkmenistanyň ähli halkyny türkmen dilinde Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de ýokary derejede geçirilýän duşuşygyň guramaçylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Bu gezekki maslahatyň ähmiýetini belläp, Jon MakGregor dünýä medeniýetiniň ýörelgeleriniň we durnukly ösüşe ýetmekde ählumumy şertleri üpjün etmekde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň ähmiýetini nygtady.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden bäri Türkmenistanyň halkara diplomatiýanyň gapma-garşylyklary kadalaşdyrmakda netijeli, parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryny işjeň peýdalanýandygyny belledi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň dürli ugurlardaky howpsuzlyk bilen baglanyşykly başlangyçlaryny we onuň sebitleýin howpsuzlygy berkitmekde eýeleýän ornuny goldaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly goldaw bermek boýunça edýän tagallalaryna, onuň goňşy ýurda berýän hemmetaraplaýyn goldawyna ýokary baha berildi.

Jon MakGregoryň belleýşi ýaly, ÝHHG Türkmenistanyň ykdysady, ulag we ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky, ulag we energetika howpsuzlygy, guramanyň birnäçe möhüm borçnamalaryny özünde jemleýän ykdysady taýdan özara bähbitli halkara başlangyçlaryny goldaýar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ÝHHG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellemek isleýärin. Munuň özi bu möhüm ugurlar boýunça ýokary derejede geçirilýän halkara we sebit maslahatlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigini aňladýar diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy nygtady.

Şeýle hem Jon MakGregor pursatdan peýdalanyp, Bitarap Türkmenistanyň halkyny bu ýurduň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de bu oňyn başlangyjyň deňhukukly gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegini we halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegini üpjün edendigini belledi.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, bu möhüm senä bagyşlanan forumyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň gazananlaryny hem-de onuň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn meýdança öwrülendigine we uzak möhletleýin esasda ynanyşmagy, parahatçylygy berkitmek üçin gymmatlyklary, däp-dessurlary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly anyk işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Foruma gatnaşyjy çykyşynyň ahyrynda ýygnananlary öňümizdäki şanly baýram bilen gutlap, türkmen dilinde: «Halkara Bitaraplyk günüňiz gutly bolsun!» diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Jon MakGregora minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn üns berýändigini nygtady.

Her ýyl ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanylýar. Gatnaşyklaryň özüni oňat tarapdan görkezen ulgamlary bilen bir hatarda, geljek ýylda taraplar syýasy, ykdysady we ekologiýa hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmek boýunça netijeli işe girişerler.

Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, şu ýylyň dowamynda ÝHHG bilen bilelikde guralan forumlar, maslahatlar, hususan-da, ÝHHG-niň «Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny» atly forumy, energetika we ulag howpsuzlygy, ekologiýa hem-de howa durnuklylygy ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝHHG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de hyzmatdaşlygyň entek ulanylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň Helsinki jemleýji jarnamasyna goşulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatladyp, ikitaraplaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň gatnaşmagynda 30 ýylyň dowamynda gazanylan netijeleri seljermek we geljekde uzak möhletli köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, birnäçe çäreleri geçirmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýokarda agzalan çäreleri guramak üçin zerur şertleri hödürlemäge taýýardygy beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz gysgaça jemleýji söz bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz halkara maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, maslahatyň barşynda beýan edilen ähli teklipleriň, pikirleriň, gymmatly başlangyçlaryň halkara gatnaşyklaryň ylmy-amaly binýadyny baýlaşdyrmak, häzirki döwürdäki köptaraplaýyn gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ulanyljakdygyny nygtady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde giň halkara çäreleriň jemlerini jemleýän bu maslahatyň parahatçylygyň medeniýeti ulgamynda ählumumy Jarnamada beýan edilen gymmatlyklaryň ýörelgelerini, dünýägaraýyşlary hem-de parahatçylygy aýawly saklamagyň we höweslendirmegiň däplerini dikeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Häzirki wagtda bu tagallalar öňküden hem zerurdyr. Türkmenistan ýokarda agzalan maksatlara Bitaraplygyň ýörelgelerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge daýanyp, halkara syýasatyň häzirki ýagdaýlaryna laýyk gelýän çemeleşmeleriň başyny başlap we olary ulanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň özeni bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny doly ulanmak bilen ýetip boljakdygyna ynanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, maslahatyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginiň çuň manysy bardyr we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamak we pugtalandyrmak babatda Bitaraplyk syýasatynyň ägirt uly kuwwata eýedigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň dabaraly mejlisiniň netijeleriniň hem-de geçiriljek mowzuklaýyn umumy mejlisleriň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüşi maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki işiň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny ilerletmekde köptaraplaýyn tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolmaga ukyplydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz şu günki çykyşynda bu filosofiýany «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip, atlandyrandygyny ýatlatdy.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, gatnaşyjylara Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler hem-de türkmen tarapynyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryna berlen ýokary baha üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlary ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýlelikde, maslahatyň dabaraly umumy mejlisi ýapyk diýlip yglan edildi.

Mejlis tamamlanandan soň, köptaraplaýyn namalaryň 26-syndan ybarat bolan resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Ýewropa Bileleşiginiň – Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki sebitleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça bölüminiň «Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlary boýunça platformany döretmek» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany maliýeleşdirmegi AIDS-e /Inçekesele/ Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy barada Grant Ylalaşygynyň Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Ýokary hilli nesil saglygy hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi gowulandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda «Ýaşlaryň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge, gender deňligini we ýaşlaryň gatnaşygyny ilerletmäge gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi boýunça taslamasyny» durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy;

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirişiň milli prosesiniň kämilleşdirilişi boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy; 2021 — 2025 ýyllarda Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Çarçuwaly maksatnama; «Parnik gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak üçin ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» atly taslamany bilelikde amala aşyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Durnukly ösüş üçin ilat baradaky dezagregirlenen maglumatlar» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsirini gowşatmak we oňa uýgunlaşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

***

Günüň ikinji ýarymynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda mowzuklaýyn plenar mejlisleriň üçüsiniň çäginde öz işini dowam etdi.

Mejlisleriň «Parahatçylygy we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti», «Parahatçylyk medeniýeti bilen bütindünýä durnukly ösüş Gün tertibiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyk», «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy medeniýetini emele getirmegiň ynsanperwer ölçegi» diýen atlary hem geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlaryny we mowzuklaryny kesgitledi.

Çykyşlarda hem-de sanly ulgam arkaly iberilen ýüzlenmelerde foruma gatnaşyjylar parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň ornuna we ähmiýetine hemmetaraplaýyn baha berdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplygyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — dünýäniň aýry-aýry ýurtlary hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi, içerki syýasy durnuklylygy şertlendirip, türkmenistanlylaryň aň-düşünjesini kesgitledi. Raýatlarymyz üçin dawa-jenjelsiz ösüş hem-de umumymilli bitewülik parahat we abadan durmuşyň şertlerine öwrüldi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň umumy ykrar edilen hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşigiň tagallalary bilen doly raýdaşdyr.

Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak işinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, onuň häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk institutynyň artýan ornuna we ähmiýetine düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine ulanýan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýä gün tertibiniň esasy meselelerini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işi tamamlanandan soň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Jemleýji resminama kabul edildi.

www.tdh.gov.tm

13.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Kararnamasyna laýyklykda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini almagynyň 26 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary öz gutlaglarynda halkara bileleşigiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýändigini nygtaýarlar.

Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraplaýyn işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, dokma senagaty ministri R.Rejepow, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, bilim ministri G.Ataýewa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew, Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Baş direktory A.Berdiýew, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Baş direktory G.Nurmuhamedow iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, A.Hudaýberdiýew, M.Gazakbaýew gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Sapiýew, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Beskostyý, Liwiýanyň Türkmenistandaky Ykdysady hyzmatdaşlyk býurosynyň başlygy Issa Ali Alfounas, Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Andžeý Madeý, Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjak, Russiýa Federasiýasynyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň prezidenti W.Alekperow, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko, “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk, Russiýa Federasiýasynyň “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti I.Makarow tüýs ýürekden we mähirli gutladylar.

Milli Liderimiziň adyna köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.

(TDH)

12.12.2021
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu bilen duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda Wiorel Gutu, ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle hem, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Guramanyň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny belläp, ileri tutulýan ugurlary hem-de Gurama tarapyndan beýleki döwletler bilen amala aşyrylýan taslamalar barada aýdyp geçdi. Häzirki wagtda gol çekilmegi meýilleşdirilýän «FAO bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly Maksatnamasynda» ileri tutulýan ugurlaryň göz öňünde tutulandygyny hem-de onuň hyzmatdaşlygyň ösmegine uly itergi berjekdigini nygtady.

 Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, myhman bilen mähirli salamlaşyp, türkmen tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylar bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň bu Gurama bilen oba hojalygyň dürli meseleleri babatynda işjeň hyzmatdaşlygynyň alnyp barylýandgyny aýdyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlginiň benefisiar bolmagynda agzalan Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy we gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň wajyp tapgyrlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda bu Guramanyň ýurdumyzda wekilhanasynyň açylmagy bilen baglylykda özara pikir alşyldy we bu ugurda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda FAO-nyň wekilhanasyny açmak we tehniki kömegini bermek hakynda Ylalaşygynyň» taslamasynyň üstünde işlenilýändigi bellenip geçildi. Şeýle hem, myhman bu wekilhananyň açylmagy bilen bagly Türkmen Hökümeti tarapyndan degişli resminamalar boýunça bellikleriň we teklipleriň iberilmegine garaşylýandygyny aýtdy. Bu resminamalaryň taslamasynda wekilhanany açmak bilen bagly, beýleki döwletlerde adaty bolşy ýaly, ýurdumyz tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirme we wekilhanany ýerleşdirmek üçin jaý bilen üpjün etmek meseleleriniň hem bardygyny aýtdy. Mundan başga-da, Gurama tarapyndan geljekki ýyllarda balyk hojalygy babatynda tehniki kömegini bermäge hem, türkmen tarapyndan ýüz tutulan halatynda, goldaw bermäge mümkinçiligiň bardygy bellenilip geçildi.

Duşuşygyň tamamlanyp barýan pursatynda oňa gatnaşyjylar birek-birege minnetdarlyk bildirip, gelejekde hyzmatdaşlygy giňeltmekde we ösdürmekde zerur işleriň geçiriljekdigini nygtadylar. Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

11.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 10-njy dekabry)


Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Biz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm soraglaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarys.

Geçen ýyl, belli sebäplere görä, şeýle düzümde duşuşyk geçirilmedi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara giňişlikde häzirki döwürde alyp barýan işini şu gün toplumlaýyn seljermek uly ähmiýete eýedir. Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň geljek döwürdäki syýasy-diplomatik işiniň wezipelerini we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek örän möhüm bolup durýar.

Ilki bilen, geçen iki ýylda dünýäde ýagdaýlaryň düýpli özgerendigini bellemek zerurdyr. Umumy geostrategik ýagdaý çylşyrymlaşdy. Sebit derejesinde, şol sanda ýurdumyzyň serhetleriniň gönüden-göni golaýynda üýtgeşmeler bolup geçdi.

Koronawirus pandemiýasy we onuň bilen bagly ykdysady, söwda, maýa goýumlar we ynsanperwer gatnaşyklardaky çäklendirmeler dünýä syýasatynyň umumy ýagdaýyna öz täsirini ýetirdi.

Bu ýagdaýlaryň ählisi bizden Türkmenistanyň uzak möhletli milli bähbitlerini nazara alyp, halkara strategiýamyzyň binýatlyk esaslaryna — Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige, ähli döwletlere we olaryň saýlap alan içerki gurluşynyň, daşary syýasat ugrunyň nusgasyna hormat goýmagy talap edýär. Bolup geçýän üýtgeşmelere laýyklykda çalt, ýöne oýlanyşykly we hakyky ýagdaýdan ugur alyp hereket etmegi, jogapkärli hem-de öňdengörüji çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň hatda ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýlar şertlerinde hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen syýasaty bir maksat esasynda yzygiderli alyp barandygyny bellemek zerurdyr.

Bitarap döwletimiz halkara hukuk kadalarynyň berkarar bolmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki esasy köptaraplaýyn institutlaryň ornuny we abraýyny berkitmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrdy. Möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, sebitde hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam etdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şu ýylyň döredijilikli başlangyçlara, anyk many-mazmuna, hakyky hereketlere esaslanýan çärelere baý bolmagy üçin ähli tagallalary etdi.

Bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, netijeli bolmagyna, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen we şu ýylky mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça möhüm Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň arasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýalary görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy buýsandyryjy görkeziji boldy.

Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň halkara meseleler düzgünleşdirilende Bitaraplyk kadalaryny netijeli ulanmak boýunça Düzgünleriniň ýygyndysyny taýýarlamak boýunça işler hem alnyp barylýar.

Türkmenistanyň sebit derejesinde alyp barýan işleriniň netijesinde uly wakalar bolup geçdi. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu duşuşykda örän möhüm çözgütler kabul edildi. Olarda biziň sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy üçin ähli esasy ugurlar boýunça hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk esasynda, sebitiň her bir döwletiniň bähbitleri nazara alnyp we ykrar edilip, strategik ugurlar kesgitlendi.

Bu duşuşygyň jemleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr. Onuň netijeleri sebit birleşikleriniň birnäçesiniň mejlisleriniň dowamynda hem bellenip geçildi.

Köptaraplaýyn görnüşden başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn esasda hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi. Muňa mysal hökmünde geçen döwürde sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň ählisiniň Türkmenistana döwlet, resmi we iş saparlary bilen gelendiklerini aýtmak ýeterlikdir.

Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Sammit bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýakyndan goşulyşyp, özara hyzmatdaşlyk etmäge örän uly isleg bildirýändiklerini we pugta eýerýändiklerini görkezdi. Ösüşiň möhüm wezipelerini bilelikde çözmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, ulag we energetika pudaklarynda, ekologiýa ulgamynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Şu ýylyň noýabr aýynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Stambulda geçirilen sammiti hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu guramadaky möhüm we netijeli ornunyň ykrar edilmegi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy durnuklylygyň şerti hökmünde möhüm ornunyň aýdyň tassyklanmasy boldy. Doganlyk döwletleriň ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge umumylykda çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýokary abraýa eýe bolandygyny aýdyň görkezýär. Bitarap döwletimizi ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde doly hukukly kabul edýän halkara bileleşik tarapyndan biziň alyp barýan daşary syýasatymyza berilýän goldawyň barha artýandygyny aýdyň subut edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz geljek döwürde gazanylan netijeleri has-da berkitmelidiris. Dünýäde gazanan ornumyzy has-da pugtalandyrmalydyrys we güýçlendirmelidiris. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň konseptual esaslaryna gyşarnyksyz eýerip, halkara ýagdaýyň üýtgeýän şertlerine laýyk getirmelidiris.

Bu ýerde esasy ugur döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm şerti hökmünde Bitaraplygymyzy yzygiderli berkitmek bolmalydyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda alyp barýan işlerimizi güýçlendirmek we anyk ugurlara gönükdirmek zerur bolup durýar. Häzirki döwürde munuň üçin ähli şertler — syýasy şertler hem, hukuk şertleri hem bar.

Şu esaslara daýanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzyň geçiren köp sanly çärelerinde toplan tejribesini ýokary derejede ulanmaly.

Geçen ýyl halkara guramalaryň we dünýä jemgyýetçiliginiň giňden gatnaşmagynda bellenen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen bagly düýpli nazary we amaly tejribäni netijeli peýdalanmaly.

Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlar bilen hem işjeň we bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmaly.

Şunuň bilen baglylykda, men ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň ýanyndaky wekillerine, daşary ýurtlardaky ähli ilçilerimize degişli diplomatik işleri yzygiderli esasda geçirmegi tabşyrýaryn. Siz sebitdäki we ýurtlardaky gatnaşyjylaryň sanyny artdyryp, hakyky işler we giň mazmunly başlangyçlar bilen üstüni ýetirip, toparyň işine ýakyndan goldaw bermeli.

Bu ugurda işleri diňe bir arzuw-islegler görnüşinde däl-de, birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaly. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlara, gatnaşyklaryň şeýle görnüşine gatnaşmagyň bähbitli taraplaryny tutanýerli we ynamly görkezmeli.

Bu hyzmatdaşlygyň Birleşen Milletler Guramasynyň strategik we maksatnamalaýyn wezipelerini durmuşa geçirmekde mümkinçiliklerini hem-de aýratynlyklaryny anyk beýan etmeli.

Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bitaraplyk bilen baglanyşykly kabul eden Rezolýusiýalaryna hem degişlidir. Bu resminamalaryň we başlangyçlaryň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini, olaryň kadalaryna we tertibine eýerilmegini gazanmaly.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň we döwletiniň däl-de, eýsem, Bitaraplygymyzy iki gezek ykrar eden, goldan bütin dünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr.

Bu goldawy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, mümkin boldugyça, köp sanlysynyň hakyky işler bilen berkitmegini üpjün etmeli. Bitaraplygyň Watanyna wekilçilik edýän diplomatlar hökmünde siziň wezipäňiz şundan ybaratdyr. Siz öz jogapkärçiligiňizi doly duýup, bu ugurda biziň tagallalarymyza giň halkara goldawyň berilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmeli.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde döwletimiziň beýleki ýurtlar, halkara birleşikler, maliýe institutlary bilen özara bähbitli we uzak möhletli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy onuň häzirki zaman geoykdysadyýetiniň öňdäki hatarlarynda bolmagyny aňladýar. Bu bolsa halkara bazarlarda artykmaç mümkinçilikleri bolan ornumyzy üpjün etmäge, tehnologik we innowasion ösüş üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Biziň ýurdumyz şeýle hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ähli ýurtlar we döwletara birleşikler bilen kooperasiýa we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, men Daşary işler ministrligine, söwda-ykdysady toplumyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyz we wekilhanalarymyz, käbir ýurtlarda döredilen Söwda öýlerimiz bilen bilelikde, ykdysady diplomatiýanyň ýollaryny has-da işjeňleşdirmegi tabşyrýaryn. Şeýle hem bu diplomatiýany amala aşyrmagyň anyk düzgünlerini döretmeli. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen özara gyzyklanma bildirilýän we yzygiderli işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikleri döretmeli.

Şundan ugur alyp, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi teklip edýärin. Olary zerur serişdeler bilen üpjün etmeli. Olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmaly.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns bermeli. Oňa biziň ykdysady ölçeglerimize meňzeş ölçegleri bolan döwletleriň gatnaşmagynyň tejribesini maksatly we hemmetaraplaýyn öwrenmeli.

Bu wezipe koronawirus pandemiýasy bilen bagly dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp duran şertlerinde, ulag gatnawlarynda köp soraglaryň bar ýagdaýynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz şeýle şertlerde gatnaşyklary çalt dikeltmek we durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin öz hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasyna aýratyn üns bermeli. Şu ýylyň ýazynda Sues kanalynda gämi gatnawlarynda dörän kynçylyk däp bolan ulag gatnawlary ulgamynda soraglaryň bardygyny görkezdi.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjün edilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze ulgamlary we ölçegleri ýola goýmak örän möhüm wezipe bolup durýar.

Türkmenistan şeýle şertlerde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň möhüm we geljegi uly bolan merkezi hökmünde öz mümkinçiliklerini teklip etmelidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni gury ýol we deňiz üpjünçilik ulgamlaryna çekmelidir. Biziň diplomatiýamyz hem köp derejede bu wezipäni çözmäge niýetlenendir.

Pandemiýa bilen bagly soraglar barada aýtmak bilen, ylmy diplomatiýa boýunça tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny hem bellemek isleýärin.

Biz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, onuň Aşgabatdaky Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça edarasy bilen oňat iş gatnaşyklaryny ýola goýduk. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pandemiýa garşy göreşde tagallalaryny goldaýarys, özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde howply ýokanç kesellere garşy göreşde halkara ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda anyk hereketleriň we başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmegi, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda olary goldamak we durmuşa geçirmek boýunça maksatlaýyn çäreleri geçirmegi tabşyrýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň halkara syýasy orny we abraýy artýar. Ýurdumyzyň ykdysady, serişde, önümçilik binýady we mümkinçilikleri berkeýär. Şonuň netijesinde, dünýäniň dürli sebitlerinde ýurdumyzyň bähbitleriniň gerimi hem giňelýär.

Merkezi Aziýa we Hazar sebiti döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bu döwletlerdäki ilçilerine köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esaslarda gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmegi tabşyrýaryn.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ilçilerimiz bu döwletleriň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň syýasy we ykdysady netijelerini ýerine ýetirmek we öňe sürmek boýunça işlere aýratyn üns bermelidir. Şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hyzmatdaşlarymyzyň ünsüni hemişe çekmegi üpjün etmelidir.

Azerbaýjandaky, Eýrandaky, Gazagystandaky, Russiýadaky ilçilerimize bu ýurtlaryň hökümetleri bilen Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly özara gatnaşyklary güýçlendirmegi tabşyrýaryn. Bu sammit şu ýyl belli sebäplere görä geçirilmedi. Ýagdaýlar mümkinçilik beren badyna, biz bu sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde we many-mazmuna baý görnüşde hökman geçireris. Bu soragy hemişe gözegçilikde saklamak geljek döwürde siziň öňüňizde durýan ileri tutulýan wezipedir.

Geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin hem ähli zerur şertleri üpjün etmeli.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazandyk. Gatnaşyklarymyzy, şol sanda Hazar we Gara deňizleriniň zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklarymyzy toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinýändigimizi we oňa taýýardygymyzy tassykladyk. Bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişlidir.

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy we Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge doly eýerýär. Biziň şol döwletler bilen gatnaşyklarymyz üýtgewsizdir we olara daşky ýagdaýlar täsir etmeýär. Häzirki döwürde biz bu gatnaşyklarda ykdysady, energetika, ulag ugurlaryna aýratyn üns berýäris.

Geljek döwürde Owganystan, Eýran, Pakistan, Hindistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hem örän uly üns bereris. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlarynda örän möhüm üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň ençemesini gurmak öňe sürüldi.

Türkmenistan olary durmuşa geçirmäge özüniň doly eýerýändigini, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklaýar.

Şeýle hyzmatdaşlygyň oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine we onuň dowam etdiriljekdigine ynanýarys.

Biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýäris. Bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Biz hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman şäher aglomerasiýalaryny döretmek babatda gözlemäge taýýar.

Biz Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmegi goldaýarys. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda bu döwletler bilen biziň bähbitlerimiz golaýdyr ýa-da gabat gelýär. Şonuň netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly giňişlik açylýar.

Biz Arap dünýäsi, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen has ýakyndan we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy tassyklaýarys.

Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen ählumumy möhüm soraglary çözmekde özara düşünişmegi we tagallalary birleşdirmegi berkitmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris.

Türkmenistan üçin köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň işine başlangyçlary öňe sürüp, ýakyndan gatnaşmak strategik taýdan ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, Milletler Bileleşiginiň maksatlaryny we gymmatlyklaryny, bu guramanyň Tertipnamasynyň kadalaryny mundan beýläk-de ileri tutarys. Olar häzirki zaman dünýäsiniň binýadynyň esasy sütünleri bolmagynda galýar.

Bu esasy sütünler deňhukuklylyk, halkara hukugyň kadalaryna, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bolup durýar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň wezipeleriniň ähmiýetini ýitirmäge, onuň dünýäniň halklary üçin ýokary wezipesini peseltmäge synanyşyklary hiç wagt ylalaşyp bolmajak ýagdaý hasaplaýarys. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi dowam ederis.

Soňky döwürde Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi ýaly iri birleşikler bilen özara gatnaşyklarynda ösüş gazanyldy. Şu ösüşi bellemek bilen, biz hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan ugurlaryny, Ýewraziýada häzirki zaman energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri dowam etdirmegi we has-da güýçlendirmegi maksat edinýäris.

Biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna netijeli we döredijilikli gatnaşmagy hem dowam ederis.

Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy hökmünde dünýä giňişliginde parahatçylygy söýüjilik, adalatlylyk we deňhukuklylyk maksatlaryny ykrar etmäge öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, yslam dünýäsiniň kanuny bähbitlerini goramakda onuň ornuny berkitmek hem Türkmenistanyň daşary syýasatynda mundan beýläk-de möhüm orny eýelär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de dünýä giňişliginde uly we döredijilikli işleri alyp barar. Biziň daşary syýasatymyz we diplomatiýamyz hemişe işjeň ýagdaýda bolup, başlangyçlary öňe sürmelidir. Bolup geçýän özgerişlere laýyklykda öz wagtynda netijeli hereket etmelidir.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Çalt depginler bilen ösýän, kuwwatly we durnukly döwlete öwrüldi. Gazanan bu örän uly üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz häzirki döwürde we geljekde dünýäde ýurdumyzyň berk ornuny üpjün etmäge niýetlenendir. Biziň dostlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň sanyny artdyrmaga, içerki ösüş we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatyň ykrar edilen we täsirli şertine öwrüldi. Özüniň häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýändigini, örän zerurdygyny we ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna gabat gelýändigini doly subut etdi.

Bitaraplyga esaslanyp, bu ugra sazlaşykly laýyk gelýän parahatçylygy söýüjilik, hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak mümkinçiliklerini artdyryp, Türkmenistan daşary syýasat ugruny ynamly we üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Öz strategik maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Bu işde biz diplomatiýamyza esasy orny degişli edýäris. Mukaddes Watanymyzyň milli bähbitlerini goramakda siziň ýokary hünär ussatlygyňyza, tejribäňize, bilimleriňize we tutanýerliligiňize bil baglaýarys.


Hormatly ilçiler!

Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Sag boluň!

11.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramçylyklarymyzyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanow bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iş kesilen 338 raýatyň günäsini geçmek baradaky degişli Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlap, her ýyl dekabr aýynda diplomatik gullugyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin DIM-niň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Diplomatlar üçin möhüm waka bolýan bu duşuşyk milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, döwrüň möhüm meselelerini düýpli seljermäge hem-de öňde durýan işlere degişli anyk tabşyryklara ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýýan wezipelerini netijeli çözmek üçin hemme şertleriň bardygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, DIM-niň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň binalary öňdebaryjy enjamlar we ähli zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Türkmen diplomatlary hem-de olaryň maşgala agzalary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri döredildi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz halkara syýasy sahnada parahatçylygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk babatynda yzygiderli işleri amala aşyrýar, hyzmatdaşlygyň geografiýasyny we many-mazmunyny giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ündewlerinden ugur alnyp, DIM dürli döwletler, köptaraplaýyn birleşikler bilen giň gerimli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri alyp barýar.

Türkmenistan uzak möhletleýin milli maksatlara we dünýä jemgyýetiniň bähbitlerine laýyk gelýän daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, sebitleýin we global ösüş işine anyk goşandyny goşýar.

Şu güne çenli Türkmenistanyň BMG-de 17 sany dürli ugurlardaky Rezolýusiýany öňe sürendigi we olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Biziň ýurdumyz 6 gezek Baş Assambleýanyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça Geňeşi, Ilat hem-de ösüş boýunça komissiýasy, Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy ýaly 12 sany düzüm birlikleriniň agzasy bolup durýar.

Beýleki halkara birleşikler bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Bu gün ýurdumyz 49 sany halkara guramalarda mynasyp wekilçiligi alyp barýar, dünýäniň 40 döwletinde ilçihanalarymyz, konsullyklarymyz we wekilhanalarymyz açyldy we olar öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň daşary syýasaty netijesinde soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyna berk itergi berildi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hyzmatdaşlygyň täze guraly Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy döredildi. Onuň üçünji mejlisi şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda geçirildi.

Noýabryň ahyrynda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçdi. Onuň dowamynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe anyk başlangyçlar beýan edildi. Indiki ýyl bolsa ýurdumyz 6-njy Hazar sammitini kabul eder.

Aýratyn hem ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy ýola goýmak işinde milli Liderimiziň başlangyçlarynyň örän wajyp ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky teklibi parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek babatyndaky işde dünýä ýurtlaryna tagallalary birleşdirmegi ugrukdyrýan ähmiýetli alamat boldy. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan goldanyldy.

Şeýlelikde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde Türkmenistanyň hem-de onuň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetli orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesini mundan beýläk-de amala aşyrmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy degişli toplumlaýyn işleri geçirýär diýip, wise-premýer aýtdy we türkmen diplomatlarynyň öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary edip, Watan öňündäki borçlaryny mundan beýläk-de gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekip, bu resminama bilen ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň çykdajylarynyň we işgärler sanynyň tassyklanylýandygyny hem-de diplomatik işgärler we olaryň maşgala agzalary üçin durmuş ýeňillikleriniň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi we degişli ýolbaşçylara bu resminamany ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylda döwletiň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýynyň garaşylýan netijeleri, geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny gowy netijeler bilen jemlemek, durnukly makroykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijelerini gazanmak, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň üstümizdäki 2021-nji ýyl üçin bellenen iş meýilnamalaryny doly amala aşyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

Şu ýylyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 101 göterim we çykdajy böleginiň 99,6 göterim ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Wise-premýer 2022-nji ýyl üçin gaýragoýulmasyz wezipeler barada hasabat berip, milli ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny artdyrmaga, pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak arkaly pudaklaryň girdejililigini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň görüljekdigini aýtdy. Mundan başga-da, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzyň eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak, ýerli önümçilikleriň hasabyna importyň möçberini azaltmak, işewürlige amatly şertleri döretmek bilen hususy telekeçiligi has-da ilerletmek wezipelerini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrmagyň hasabyna hem-de giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek bilen, geljek ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterime çenli möçberde emele gelmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň bilen birlikde, 2022-nji ýylda merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp bolan we gurluşygy alnyp barylýan binalaryňdyr desgalaryň, saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, agyz suw üpjünçilik desgalarynyň hem-de mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarys diýip belledi.

Geçen ýyl, belli sebäplere görä, şeýle düzümde duşuşyk geçirilmedi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň halkara giňişlikde häzirki döwürde alyp barýan işini şu gün toplumlaýyn seljermek uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň geljek döwürdäki syýasy-diplomatik işiniň wezipelerini we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek örän möhüm bolup durýar.

Ilki bilen, geçen iki ýylda dünýäde ýagdaýlaryň düýpli özgerendigini bellemek zerurdyr. Umumy geostrategik ýagdaý çylşyrymlaşdy. Sebit derejesinde, şol sanda ýurdumyzyň serhetleriniň gönüden-göni golaýynda üýtgeşmeler bolup geçdi.

Koronawirus pandemiýasy we onuň bilen bagly ykdysady, söwda, maýa goýumlar we ynsanperwer gatnaşyklardaky çäklendirmeler dünýä syýasatynyň umumy ýagdaýyna öz täsirini ýetirdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ýagdaýlaryň ählisi bizden Türkmenistanyň uzak möhletli milli bähbitlerini nazara alyp, halkara strategiýamyzyň binýatlyk esaslaryna — Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige, ähli döwletlere we olaryň saýlap alan içerki gurluşynyň we daşary syýasat ugrunyň nusgasyna hormat goýmagy talap edýär. Bolup geçýän üýtgeşmelere laýyklykda çalt, ýöne oýlanyşykly we hakyky ýagdaýdan ugur alyp hereket etmegi, jogapkärli hem-de öňdengörüji çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň hatda ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýlar şertlerinde hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen syýasaty bir maksat esasynda yzygiderli alyp barandygyny bellemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz halkara hukuk kadalarynyň berkarar bolmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki esasy köptaraplaýyn institutlaryň ornuny we abraýyny berkitmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrdy. Möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, sebitde hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam etdi.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi hem-de şu ýylyň döredijilikli başlangyçlara, anyk many-mazmuna, hakyky hereketlere esaslanýan çärelere baý bolmagy üçin ähli tagallalary etdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, netijeli bolmagyna, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen we şu ýylky mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça möhüm Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şolaryň arasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýalary görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna eýýäm 20-den gowrak döwletiň goşulmagy buýsandyryjy görkeziji boldy.

Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň halkara meseleler düzgünleşdirilende Bitaraplyk kadalaryny netijeli ulanmak boýunça Düzgünleriniň ýygyndysyny taýýarlamak boýunça işler hem alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň sebit derejesinde alyp barýan işleriniň netijesinde uly wakalar bolup geçdi. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu duşuşykda örän möhüm çözgütler kabul edildi. Olarda biziň sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy üçin ähli esasy ugurlar boýunça hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk esasynda, sebitiň her bir döwletiniň bähbitleri nazara alnyp we ykrar edilip, strategik ugurlar kesgitlendi.

Bu duşuşygyň jemleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr. Onuň netijeleri sebit birleşikleriniň birnäçesiniň mejlisleriniň dowamynda hem bellenip geçildi.

Köptaraplaýyn görnüşden başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn esasda hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi. Muňa mysal hökmünde geçen döwürde sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň ählisiniň Türkmenistana döwlet, resmi we iş saparlary bilen gelendiklerini aýtmak ýeterlikdir.

Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Sammit bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýakyndan goşulyşyp, özara hyzmatdaşlyk etmäge örän uly isleg bildirýändiklerini we pugta eýerýändiklerini görkezdi. Ösüşiň örän möhüm wezipelerini bilelikde çözmäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, ulag, energetika pudaklarynda, ekologiýa ulgamynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Şu ýylyň noýabr aýynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Stambulda geçirilen sammiti hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu guramadaky möhüm we netijeli ornunyň ykrar edilmegi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy durnuklylygyň şerti hökmünde möhüm ornunyň aýdyň tassyklanmasy boldy. Doganlyk döwletleriň ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge umumy çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýokary abraýa eýe bolandygyny aýdyň görkezýär. Bitarap döwletimizi ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde doly hukukly kabul edýän halkara bileleşik tarapyndan biziň alyp barýan daşary syýasatymyza berilýän goldawyň barha artýandygyny aýdyň subut edýär.

Biz geljek döwürde gazanylan netijeleri has-da berkitmelidiris. Dünýäde gazanan ornumyzy has-da pugtalandyrmalydyrys we güýçlendirmelidiris. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň konseptual esaslaryna gyşarnyksyz eýerip, halkara ýagdaýyň üýtgeýän şertlerine laýyk getirmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ýerde esasy ugur döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm şerti hökmünde Bitaraplygymyzy yzygiderli berkitmek bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň we anyk ugurlara gönükdirmegiň zerur bolup durýandygyny, häzirki döwürde munuň üçin ähli şertleriň — syýasy şertleriň hem, hukuk şertleriniň hem bardygyny belledi.

Şu esaslara daýanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň geçiren köp sanly çärelerinde toplan tejribesini ýokary derejede ulanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we geçen ýyl halkara guramalaryň, dünýä jemgyýetçiliginiň giňden gatnaşmagynda bellenen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen bagly düýpli nazary we amaly tejribäni netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Birleşen Milletler Guramasynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlar bilen hem işjeň we bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmak zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň ýanyndaky wekillerine, daşary ýurtlardaky ähli ilçilerimize degişli diplomatik işleri yzygiderli esasda geçirmegi tabşyrdy. Siz sebitdäki we ýurtlardaky gatnaşyjylaryň sanyny artdyryp, hakyky işler we giň mazmunly başlangyçlar bilen üstüni ýetirip, toparyň işine ýakyndan goldaw bermeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ugurda işleri diňe bir arzuw-islegler görnüşinde däl-de, birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaly. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlara, gatnaşyklaryň şeýle görnüşine gatnaşmagyň bähbitli taraplaryny tutanýerli we ynamly görkezmeli.

Bu hyzmatdaşlygyň Birleşen Milletler Guramasynyň strategik we maksatnamalaýyn wezipelerini durmuşa geçirmekde mümkinçiliklerini hem-de aýratynlyklaryny anyk beýan etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň özüniň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bitaraplyk bilen baglanyşykly kabul eden Rezolýusiýalaryna hem degişlidigini nygtady. Bu resminamalaryň we başlangyçlaryň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini, olaryň kadalaryna we tertibine eýerilmegini gazanmak möhümdir.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň we döwletiniň däl-de, eýsem, Bitaraplygymyzy iki gezek ykrar eden, goldan bütin dünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr.

Bu goldawy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, mümkin boldugyça, köp sanlysynyň hakyky işler bilen berkitmegini üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz belledi we Bitaraplygyň Watanyna wekilçilik edýän diplomatlaryň wezipesiniň şundan ybaratdygyna ünsi çekdi. Siz öz jogapkärçiligiňizi doly duýup, bu ugurda biziň tagallalarymyza giň halkara goldawyň berilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde döwletimiziň beýleki ýurtlar, halkara birleşikler, maliýe institutlary bilen özara bähbitli we uzak möhletli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy onuň häzirki zaman geoykdysadyýetiniň öňdäki hatarlarynda bolmagyny aňladýar. Bu bolsa dünýä bazarlarynda artykmaç mümkinçilikleri bolan ornumyzy üpjün etmäge, tehnologik we innowasion ösüş üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurdumyz şeýle hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ähli ýurtlar we döwletara birleşikler bilen kooperasiýa we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Daşary işler ministrligine, söwda-ykdysady toplumyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyz we wekilhanalarymyz, käbir ýurtlarda döredilen Söwda öýlerimiz bilen bilelikde, ykdysady diplomatiýanyň ýollaryny has-da işjeňleşdirmegi, şeýle hem bu diplomatiýany amala aşyrmagyň anyk düzgünlerini, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen özara gyzyklanma bildirilýän we yzygiderli işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikleri döretmegi tabşyrdy.

Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmegi, olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns bermeli. Oňa biziň ykdysady ölçeglerimize meňzeş ölçegleri bolan döwletleriň gatnaşmagynyň tejribesini maksatly we hemmetaraplaýyn öwrenmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu wezipe koronawirus pandemiýasy bilen bagly dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp duran şertlerinde, ulag gatnawlarynda köp soraglaryň bar ýagdaýynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz şeýle şertlerde gatnaşyklary çalt dikeltmek we durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin öz hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we ulag diplomatiýasyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şu ýylyň ýazynda Sues kanalynda gämi gatnawlarynda dörän kynçylyk däp bolan ulag gatnawlary ulgamynda soraglaryň bardygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we häzirki döwürde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjün edilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, täze ulgamlary we ölçegleri ýola goýmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistan şeýle şertlerde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň möhüm we geljegi uly bolan merkezi hökmünde öz mümkinçiliklerini teklip etmelidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni gury ýol we deňiz üpjünçilik ulgamlaryna çekmelidir. Biziň diplomatiýamyz hem köp derejede bu wezipäni çözmäge niýetlenendir.

Pandemiýa bilen bagly soraglar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ylmy diplomatiýa boýunça tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Biz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, onuň Aşgabatdaky Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça edarasy bilen oňat iş gatnaşyklaryny ýola goýduk. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pandemiýa garşy göreşde tagallalaryny goldaýarys, özara düşünişmegiň ýetilen derejesine ýokary baha berýäris diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde howply ýokanç kesellere garşy göreşde halkara ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda anyk hereketleriň we başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmek, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda olary goldamak we durmuşa geçirmek boýunça maksatlaýyn çäreleri geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň halkara syýasy ornunyň we abraýynyň artýandygyny belledi. Ýurdumyzyň ykdysady, serişde, önümçilik binýady we mümkinçilikleri berkeýär. Şonuň netijesinde, dünýäniň dürli sebitlerinde ýurdumyzyň bähbitleriniň gerimi hem giňelýär.

Merkezi Aziýa we Hazar sebiti döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ýurdumyzyň bu döwletlerdäki ilçilerine köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esaslarda gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ilçilerimiz bu döwletleriň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň syýasy we ykdysady netijelerini ýerine ýetirmek we öňe sürmek boýunça işlere aýratyn üns bermelidir. Şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hyzmatdaşlarymyzyň ünsüni hemişe çekmegi üpjün etmelidir.

Azerbaýjandaky, Eýrandaky, Gazagystandaky, Russiýadaky ilçilerimize bu ýurtlaryň hökümetleri bilen Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly özara gatnaşyklary güýçlendirmek tabşyryldy.

Bu sammit şu ýyl belli sebäplere görä geçirilmedi. Ýagdaýlar mümkinçilik beren badyna, biz bu sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde we many-mazmuna baý görnüşde hökman geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu soragy hemişe gözegçilikde saklamagyň geljek döwürde öňde durýan ileri tutulýan wezipedigini nygtady.

Geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin hem ähli zerur şertleri üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazandyk. Gatnaşyklarymyzy, şol sanda Hazar we Gara deňizleriniň zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklarymyzy toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinýändigimizi we oňa taýýardygymyzy tassykladyk. Bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişlidir.

Biziň ýurdumyz Hytaý Halk Respublikasy we Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge doly eýerýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we şol döwletler bilen gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini we olara daşky ýagdaýlaryň täsir etmeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde biz bu gatnaşyklarda ykdysady, energetika, ulag ugurlaryna aýratyn üns berýäris.

Geljek döwürde Owganystan, Eýran, Pakistan, Hindistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hem örän uly üns bereris. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlarynda örän möhüm üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň ençemesini gurmak öňe sürüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmäge özüniň doly eýerýändigini, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, şeýle hyzmatdaşlygyň oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine we onuň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Biz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli güýçlendirmegi-de maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu sebitiň Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly birnäçe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi.

Biz hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda, maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman şäher aglomerasiýalaryny döretmek babatda gözlemäge taýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etmegiň goldanylýandygyny nygtady. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda bu döwletler bilen biziň bähbitlerimiz golaýdyr ýa-da gabat gelýär. Şonuň netijesinde, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly giňişlik açylýar.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Arap dünýäsi, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen has ýakyndan we maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen möhüm ählumumy soraglary çözmekde özara düşünişmegi we tagallalary birleşdirmegi berkitmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Türkmenistan üçin köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň işine başlangyçlary öňe sürüp ýakyndan gatnaşmak strategik taýdan ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, Milletler Bileleşiginiň maksatlaryny we gymmatlyklaryny, bu guramanyň Tertipnamasynyň kadalaryny mundan beýläk-de ileri tutarys. Olar häzirki zaman dünýäsiniň binýadynyň esasy sütünleri bolmagynda galýar.

Bu esasy sütünler deňhukuklylyk, halkara hukugyň kadalaryna, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bolup durýar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň wezipeleriniň ähmiýetini ýitirmäge, onuň dünýäniň halklary üçin ýokary wezipesini peseltmäge synanyşyklary hiç wagt ylalaşyp bolmajak ýagdaý hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz nygtady we BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň dowam etdiriljekdigini belledi.

Soňky döwürde Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi ýaly iri birleşikler bilen özara gatnaşyklarynda ösüş gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan ugurlaryny, Ýewraziýada häzirki zaman energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň we has-da güýçlendirmegiň maksat edinilýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna netijeli we döredijilikli gatnaşmagyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy hökmünde dünýä giňişliginde parahatçylygy söýüjilik, adalatlylyk we deňhukuklylyk maksatlaryny ykrar etmäge öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, yslam dünýäsiniň kanuny bähbitlerini goramakda onuň ornuny berkitmek hem ýurdumyzyň daşary syýasatynda mundan beýläk-de möhüm orny eýelär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bitarap döwletimiz mundan beýläk-de dünýä giňişliginde uly we döredijilikli işleri alyp barar. Biziň daşary syýasatymyz we diplomatiýamyz hemişe işjeň ýagdaýda bolup, başlangyçlary öňe sürmelidir. Bolup geçýän özgerişlere laýyklykda, öz wagtynda, netijeli hereket etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Çalt depginler bilen ösýän, kuwwatly we durnukly döwlete öwrüldi. Gazanan bu örän uly üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz häzirki döwürde we geljekde dünýäde ýurdumyzyň berk ornuny üpjün etmäge niýetlenendir. Biziň dostlarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň sanyny artdyrmaga, içerki ösüş we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatyň ykrar edilen we täsirli şertine öwrüldi. Özüniň häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýändigini, örän zerurdygyny we ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna gabat gelýändigini doly subut etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bitaraplyga esaslanyp, bu ugra sazlaşykly laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak mümkinçiliklerini artdyryp, Türkmenistan daşary syýasat ugruny ynamly we üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Öz strategik maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny üstünlikli amala aşyrýar.

Bu işde biz diplomatiýamyza esasy orny degişli edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we mukaddes Watanymyzyň milli bähbitlerini goramakda olaryň ýokary hünär ussatlygyna, tejribesine, bilimlerine we tutanýerliligine bil baglanylýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda ilçilere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň diplomatlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen yglan edilen we tutuş dünýäde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň biragyzdan goldawyna mynasyp bolýandygy nygtaldy. Ýurdumyzda ýokary derejeli möhüm çäreleriň üstünlikli geçirilmegi, döwlet Baştutanymyzyň iri halkara forumlara gatnaşmagy, şu ýyl YHG-da başlyklyk etmegi ata Watanymyzyň hem-de milli Liderimiziň dünýä giňişliginde abraýynyň barha belent derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty sebit we dünýä derejesinde ykrar edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasydyr. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlaryň döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny hem-de öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändikleri bellenildi.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen, netijeli zähmet çekmek hem-de ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin diplomatik gulluklaryň işgärlerine ähli şertleriň döredilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalary gurulýar. Türkmen diplomatlary döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Munuň özi diplomatlary has netijeli işlemäge ruhlandyrýar we borçly edýär.

Bularyň ählisi diplomatik gulluklaryň işgärleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň öňündäki jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ajaýyp üstünlikler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan iri düzümleýin taslamalar gülläp ösýän Watanymyza, onuň belent halkara abraýyna hakyky buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň HHR-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi türkmen diplomatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ähli asylly başlangyçlarynda täze, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini jemläp, türkmeniň toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini belledi. Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenildi. Toýlarymyz toýlara ulaşýar. 12-nji dekabrda bolsa Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläris.

Şu gün siz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga hem-de ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyňyz üçin Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny alarsyňyz diýip, milli Liderimiz aýtdy. 11-nji dekabrda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara maslahata garnaşarsyňyz. Bu sene türkmen halkynyň tutuş taryhyň dowamynda eýerip gelýän parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk hem-de ynsanperwerlik ýaly belent ýörelgeleriniň dabaralanmasynyň aýdyň nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, abadan we bagtyýar durmuş, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.12.2021