Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze mer­ke­zi top­lum­la­ýyn şä­her­gur­lu­şy­gy­ň nus­ga­sy­dyr

Ahal we­la­ýa­ty, 18-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, şä­he­ri aba­dan­laş­dyr­maga gönükdirilen tas­la­ma­lar, bi­na­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. 

                                                                   

Soň­ky ýyl­lar­da tu­tuş ýur­du­myz­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de şä­her­le­riň we oba­la­ryň keş­bi has-da öz­ger­di. Şun­da adam­la­ryň amat­ly ýa­şaý­şy­ny we göw­ne­jaý dynç al­şy­ny üp­jün ed­ýän şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän we “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar­dan ugur al­ýan sy­ýa­sa­tyň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we eda­ra ediş mer­ke­zi­ şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­za bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di­ler. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ly­gyň çäk­le­rin­de ýol­la­ryň ugur­la­ry­ny gör­kez­ýän şe­kil­ler, şeý­le hem kö­çe­le­riň we jaý­la­ryň ady­nyň, bel­gi­le­ri­niň gör­nüş­le­ri hem-de olar­da hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly yşyk­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny peý­da­lan­ma­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz dur­muş dü­zü­mi­ne de­giş­li bi­na­la­ryň be­zeg iş­le­rin­de, ola­ryň en­jam­laş­dy­ry­ly­şyn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň iş­jeň ula­nyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow mer­ke­ziň çä­gin­de bi­na edil­ýän we­la­ýa­tyň Ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bu ýer­de dö­re­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän mu­zeý ota­gy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mu­ze­ýiň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­nyň hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler, göz öňün­de tu­tul­ýan me­ýil­na­ma­lar bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze şä­her­de elekt­ro­bus­la­ryň we elekt­rik to­gy ar­ka­ly işleýän tak­si­le­riň hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri öňe sür­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz daş­ky gur­şa­wyň eko­lo­gi­k ýag­da­ýy­ny go­rap sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, ulag­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ne sü­rü­ji­le­ri hem-de ola­ra teh­ni­ki hyz­mat et­mek bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­si­ni iç­gin öw­ren­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz mer­ke­ziň kö­çe­le­ri­niň at­la­ry­ny gör­kez­ýän bel­gi­le­riň yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­myn­da nou-hau­la­ryň, san­ly ul­ga­myň, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy se­riş­de­le­riň or­naş­dy­ry­ly­şy­na de­giş­li me­se­le­le­re ýe­ne bir ge­zek ün­si çe­kip, bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da adam­lar üçin dö­re­dil­ýän amat­lyk­la­ryň esa­sy or­ny eýe­le­me­li­di­gi mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gör­ke­zi­ji bel­gi­le­re de­giş­li gü­wä­na­ma­la­ryň, pa­tent­le­riň alyn­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di we bu ugur­da de­giş­li dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­za ýol-ulag ul­ga­my­nyň gu­rul­ýan in­že­ner­çi­lik des­ga­sy­na, gör­ke­zi­ji bel­gi­le­riň her bi­ri­ne de­giş­li gul­luk­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gü­wä­na­ma­la­ryň we pa­tent­le­riň alyn­ma­gy­nyň ze­rur­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ozal be­ren tab­şy­ry­gy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýer­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň we tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýe­wiň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ta­ryh­da öç­me­jek yz go­ýan bel­li şah­sy­ýet­le­ri­mi­zi ýat­la­mak, at­la­ry­ny ebe­di­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, şä­he­riň şa­ýol­la­ry­na we kö­çe­le­ri­ne ola­ryň at­la­ry­ny dak­mak bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Mil­li Ge­ňe­şi­ň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy her bir şah­sy­ýe­tiň hü­nä­ri, onuň alyp ba­ran ug­ry na­zar­a alnyp, ola­ryň her bi­ri­niň ady­nyň mah­sus eda­ra bi­na­la­ry­nyň ýer­leş­ýän kö­çe­le­ri­ne da­kyl­magynyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­riň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry na­zar­da tu­tul­ma­ly­dyr. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şä­he­riň dur­muş dü­zü­mi­ne de­giş­li me­se­le­ler ba­bat­da aý­dyp, on­da san­ly ul­ga­myň, “akyl­ly şä­her” ka­da­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­nyň äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow köp san­ly adam­la­ryň is­leg­le­ri­ni na­zar­da tu­tup, Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­niň mer­ke­ziň çä­gin­de döw­re­bap met­ji­di gur­mak ba­bat­da ko­mi­te­te tek­lip bi­len ýüz tu­tan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. 

                                                                   

Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki dö­wür­de türk­men hal­ky­nyň asyl­ly däp­le­ri­niň do­wam et­di­ril­me­gin­de, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da, ýag­şy umyt-ar­zuw­la­ryň wy­sal bol­ma­gyn­da döw­re­bap met­ji­diň bi­na edil­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy we mer­ke­ziň çä­gin­de bir­ba­da 5,5 müň ada­myň na­ma­za dur­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­jek met­ji­di gur­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­la­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, adam­la­ryň ýa­şa­ma­gy, zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy hem-de bu we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de hem­me­le­re üs­tün­lik ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ýo­lug­ra mer­ke­ziň çä­gin­de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan kot­tej­ler top­lu­my­nyň ýa­nyn­da sak­lan­dy we iki gat­ly kot­tej jaý­la­ryň bi­rin­de dö­re­di­len amat­lyk­lar bi­len ta­nyş­dy. 300 ine­dör­dül metr meý­da­ny bo­lan jaý­da döw­re­bap ýa­şa­mak, göw­ne­jaý dynç al­mak üçin ýo­ka­ry amat­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. 

                                                                   

Şeý­le hem hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz esa­sy ýol­la­ryň ug­run­da­ky ýan­ýo­da­lar bi­len gy­zyk­lan­dy. D.Ora­zow ýan­ýo­da­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da müm­kin­çi­li­gi çäk­li adam­lar üçin amat­lyk­la­ryň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gu­rul­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, gu­rul­ýan des­ga­la­ryň we bi­na­la­ryň oý­la­ny­şyk­ly ýer­leş­di­ril­me­gi­niň, ýa­na­şyk ýer­le­riniň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na ýe­ne-de bir ge­zek gur­lu­şy­gyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ün­sü­ni çek­di. Mu­nuň özi gel­jek­de gur­lu­şyk­çy­la­ryň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ni üp­jün eder.