Her bir döwlet ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň ýoluny, usullaryny, döwlet goldawynyň görnüşlerini diňe bir ýurtda ýa-da sebitde däl, eýsem, dünýäde kemala gelen ýagdaýlary nazara alyp, özi kesgitleýär. Golaýda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläkki durnukly ösüşine ýardam berjek ugurlara bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, azyk harytlarynyň ýeterlik möçberdäki gorlaryny döretmek, içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatynda garalan meseleler munuň şeýledigini tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar — maý aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 11,5 göterime deň bolmagy ýurdumyzda ähli jähetden, hususan-da, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin berk ykdysady binýadyň bardygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Milli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ýurtlaryň ünsleriniň güýçlenmegi diňe bir adamlaryň iýmit önümlerine barha artýan islegleri bilen baglanyşykly bolman, eýsem, global derejede ýüze çykýan birnäçe sebäpleriň täsiriniň görnetin artmagy bilen hem düşündirilýär. Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam etmegi, şeýle-de ählumumy pandemiýa ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň belli bir derejede çäklendirilmegine getirdi. Dünýäde ýüze çykan şeýle çylşyrymly şertler ýurduň ykdysady, şol sanda azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek meselesiniň ähmiýetini artdyrýar.
Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy döwletiň diňe bir özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň şerti bolman, eýsem, ilatyň deňagramly iýmitlenmeginiň ýeterlik derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatynda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, agrosenagat toplumynyň eksporta gönükdirilmegini güýçlendirmäge mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem möhüm esaslaryny emele getirýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importa bolan garaşlylygy azaltmakdan, şeýle-de azyk önümlerini öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, iýmit önümleriniň ilat üçin elýeterliligini, olary satyn almak mümkinçiliklerini azyk howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezmek bolar.
Köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem azyk howpsuzlygyny gazanmakda ileri tutulýan ugurlar, esasan, oba hojalyk pudagyny ösdürmekden, munuň üçin ony goldamagyň degişli çärelerini kabul etmekden, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakdan, eksporty höweslendirmekden ybaratdyr. Oba hojalyk önümçiligi hemişe hereket edýän döwlet kadalaşdyrylyşy, şeýle-de milli azyk bazarlarynyň goraglylygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.
Ýerli önümçiligiň hasabyna, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýşy we hojalyk işi üçin amatly şertleri döretmek arkaly azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler alnyp barylýar.
Geljekde oba hojalyk ulgamynyň, diňe bir durmuşa gönükdirilen, döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolman, halkara zähmet bölünişigine goşulyşmaga, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur pul serişdelerinidir maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm bolmagy ugrunda amala aşyrylýan işleriň oýlanyşykly alnyp barylmagy möhüm hasaplanýar. Şunda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň döwlete dahylly däl bölegine möhüm ornuň degişlidigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň ep-esli böleginiň hususyýetçiler tarapyndan öndürilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Hökümet mejlisinde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem şonça möçberde pul serişdelerini bölüp bermek barada degişli Karara gol çekilmegi bu ugurda ädilen örän oýlanyşykly ädimdir. Döwlet derejesinde kabul edilen şeýle çözgüt, bir tarapdan, telekeçilikde azyk önümçiliginiň geriminiň giňelmegine, beýleki tarapdan, importyň ornuny tutýan syýasatyň mundan beýläk-de işjeňleşmegine itergi berer.
Importy çalyşýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin milli önüm öndürijileri höweslendirmegiň, olara goldaw bermegiň dürli gurallarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy möhümdir. Döwletiň düzgünleşdiriş çärelerine degişli edilýän pudaklar saýlananda, önümleriň özboluşlylygynyň, hil häsiýetleriniň, bäsleşik derejesiniň we senagat kuwwatynyň hasaba alynmagy hökmany şert bolup durýar.
Mejlisde guşçulygyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan pudaklaryň hatarynda saýlanmagy, ilkinji nobatda, onuň zerurlygynyň derejesi hem-de düşewüntli, gysga wagtyň dowamynda özüni ödeýän pudak bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Häzir şeýle önümleriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn bellärliklidir. Olaryň önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmak maksady bilen, iýmlik bugdaýy, mekgejöweni, soýany ösdürip ýetişdirmäge hem-de bu ekinleri ýetişdirmäge isleg bildirýän taraplara ýer bölegini bölüp bermek barada hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararynyň guş etini we ýumurtgany öndürýän täze önümçilikleri döretmäge, ösdürmäge, giňeltmäge ýardam berjekdigi gümansyzdyr.
Aslynda, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmegi öňe sürýän syýasatyň amala aşyrylmagy ykdysady, durmuş we strategik taýdan maksadalaýyk bolup, birnäçe artykmaçlyklary döredýär. Bu syýasatyň ykdysady taýdan maksadalaýykdygy ýurduň içindäki çig mallaryň we zähmet gorlarynyň netijeli ulanylmagynda, önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmakda öz beýanyny tapýar. Bu oňyn ýagdaý ýurtda maýa goýum syýasatynyň has-da işjeňleşmegine itergi bermek arkaly täze iş orunlarynyň döredilmegine, netijede, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň artmagyna, döwletiň azyk howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýär.
Halkyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagy, ylmy-tehniki ösüşiň işjeňleşmegi we ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagy bolsa bu jähetden durmuş ähmiýetli netijeleriň ýokarydygyny görkezýär.
Mahlasy, import önümleriniň ornuny çalyşýan syýasatyň amala aşyrylmagy içerki islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik döretmek arkaly, wagtyň geçmegi bilen, eksport önümleriniň möçberleriniň artmagyna, ilkinji nobatda, öz ilatymyzy azyk önümleri bilen özümiz üpjün etmäge, soňra önümleriň galan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge itergi berýär. Bu çäreler ýurdumyzyň import garaşlylygynyň derejesini peseltmek bilen, ykdysadyýetiň senagatlaşmagyna, täze senagat kärhanalarynyň döremegine, netijede, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna ýardam berýär we ýurduň geljekki ösüşini üpjün etmekde strategik nukdaýnazardan bähbitli bolup durýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.