Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Döwlet Baştutanymyz durmuş ugurly syýasatymyz bilen baglylykda, bu meseläniň wajypdygyny nygtap, haryt nyşanyny döretmekde täze çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi we türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamdaky dünýä ölçeglerinden, öňdebaryjy tejribeden ugur almalydyklaryny, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmalydyklaryny belledi.
Milli haryt öndürijilerimiziň önümleriniň ýokary hiliniň hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň özboluşly alamaty bolan “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanynyň döwrüň talabyna laýyklykda döredilendigi häzirki wagtda mese-mälim ýagdaýdyr. Dürli ulgamlarda, şol sanda daşary söwda işinde ýetilen belent sepgitler munuň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, bu haryt nyşanynyň döredilmegi Türkmenistany Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösdürmegiň maksatlaryna hem-de geljek 30 ýyl üçin niýetlenen Milli maksatnamada we «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» kesgitlenen wezipelere kybap gelýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, eksporty artdyrmak, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek we olary daşary ýurtlarda giňden tanatmak şol wezipeleriň hataryndadyr.
“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşanynyň döredilmegi, oňa eýe bolmagyň ölçegleriniň kesgitlenilmegi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, ata Watanymyzyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önüm öndüriji hökmündäki abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer hem-de eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, ýurdumyza maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam berer. Bu nyşan daşary ýurtly alyjylarda Türkmenistanda öndürilen harytlara uly isleg döretmäge gönükdirilendir. Ol önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň we ekologik taýdan arassalygynyň kepili bolar.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde haryt öndürmek ulgamynda uly mümkinçiligi bolan döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda anyk çäreler görüldi. Bu gün ekologik taýdan arassa dokma önümlerimiz, ajaýyp halylarymyz, obasenagat toplumynyň önümleri daşary ýurtlarda giňden meşhurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, giň möçberli işleriň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Bu gün Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzda ägirt uly taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny saklamaga we onuň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýän binýatlaýyn esaslaryň döredilmegi ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň netijesidir. Daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän döwrebap senagat kärhanalarynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi, döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy, olaryň paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Bu işde milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryndan ugur almagy hem-de ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak boýunça anyk çäreleriň görülmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Telekeçiler üçin amatly şertleriň döredilmegi hususy işewürligiň wekillerine daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga we daşarky bazarlara çykmaga mümkinçilik açdy.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi dünýäniň işewür toparlary bilen şertnamalary baglaşmak hem-de giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak, daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny we söwda öýlerini açmak arkaly halkara hyzmatdaşlygy anyk işler bilen pugtalandyrýar. Bu birleşmäniň Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda wekilhanalarynyň, Hytaýyň Sinin şäherinde, Gyrgyzystanda Türkmenistanyň söwda merkezleriniň, Gruziýada dükanyň işledilmegi birleşmäniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir. Meselem, Saud Arabystany Patyşalygynda hereket edýän “Berkarar” dükanynda türkmen el halylary satylýar.
Türkmenistanyň dünýäniň söwda, ylmy-tehnologiýa we kooperasiýa gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagy, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesiniň durmuşa geçirilmegi köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eksportyň möçberlerini artdyrmaga we çäklerini giňeltmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň hem-de halk hojalygy toplumynyň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegiň aýdyň görkezijisidir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen haryt öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmaga, milli harytlarymyzyň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän birnäçe ähmiýetli wakalary bellemek gerek.
Ilkinji nobatda, bu 2014-nji ýylda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň döredilmegidir. Häzirki wagtda bu ulgam 2 müňden gowrak önüm öndürijini özünde jemleýär. Ýurdumyzda öndürilýän 61 müňden gowrak haryda bu nyşan berildi. Şolardan 20 müňden gowrak ştrih-kod döwlet eýeçiligindäki düzümlere, 40 müňden gowrak ştrih-kod bolsa hususyýetçilere berildi. Munuň özi bu harytlaryň dünýä bazarlarynda ilerledilmeginiň kepilidir.
2015-nji ýylda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy GS1 halkara guramasyna (Global Standart One) agza boldy we şunlukda, standartlaşdyrmak meseleleri boýunça döwletara hem-de sebitara birleşmeleriň işine girişdi. Munuň özi milli standartlary halkara resminamalar bilen sazlaşdyrmak boýunça meseleleri üstünlikli çözmäge, halkara standartlary iş tejribesine ornaşdyrmaga ýardam berýär.
2017-nji ýylda çyzykly şertli belgileriň halkara standartlara laýyk gelmegine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän werifikasiýa barlaghanasynyň açylmagy bu ugurda gazanylan üstünlikleriň biridir. Munuň özi harytlaryň Türkmenistandan daşary ýurtlara bökdençsiz iberilmegine, olaryň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň köp guramalaryna we kärhanalaryna, şol sanda hususy kärhanalara söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolan döwrebap identifikasiýa ulgamy elýeterli boldy.
Türkmen işewürliginiň halkara derejede ornuny pugtalandyrmaga daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen kärhanalaryna ynamyny artdyrýan gurallardyr usullar ýardam etmelidir. Awtomatik ýagdaýda, şol sanda ştrih-kod boýunça identifikasiýalaşdyrmagy ulanmakdan başga-da, dolandyryş ulgamyny ISO standartlary boýunça güwänamalandyrmak hem-de milli barlaghanalary, şol sanda azyk önümleriniň barlaghanalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek harytlaryň we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
2019-njy ýylyň mart aýynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça azyk önümleriniň howpsuzlygyny barlamak boýunça Türkmenistanda ilkinji Barlaghana merkezi açyldy. Barlaghana düzümi öz esasy işinden başga-da, sarp edijilik we telekeçilik sowatlylygyny kemala getirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, önüm öndüriji bilen sarp edijiniň arasynda, şeýle hem eksportçy bilen onuň daşary ýurtdaky hyzmatdaşynyň arasynda ygtybarly gatnaşygy üpjün edýär.
Soňky ýyllarda eksportyň möçberi bilen bir hatarda, onuň görnüşleriniň sanawy hem artdy. Häzirki günde Türkmenistanda hususyýetçileriň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan gymmatly tejribe toplanýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bütindünýä we halkara sergilere, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Meselem, şu ýyl Türkmenistan Dubaý şäherindäki “EKSPO — 2020” sergisiniň çäklerinde birnäçe uly çäreleri geçirdi. Bu çäreler ähli gyzyklanma bildirýän döwletler we kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary ýurt bazarlarynda mahabatlandyrmaga hem-de ilerletmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Dubaýdaky milli pawilýony mundan beýläk-de ýurdumyzda öndürilen önümleri ilerletmek we ýerlemek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin ulanylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, dünýäde epidemiologik ýagdaýyň gowulanmagy ýurdumyzda halkara sergileri geçirmegi hem-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda merkezlerini açmagy dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi döwletimiziň eksport kuwwatynyň artmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer.
Harytlary nyşanlaşdyrmagyň milli ulgamyny döretmek, ony halkara talaplara laýyk getirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy söwdada tehniki päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak ýagdaýyny döretmäge mümkinçilik berer.
Halkara söwdadaky häzirki zaman meýilleriniň biri hem elektron söwdadyr. Onuň esasynda söwdanyň subýektlerini we obýektlerini awtomatik usulda identifikasiýalaşdyrmak, maglumatlaryň elektron alyş-çalşygyny hem-de milli önümçiligiň barha artýan möçberlerini we ýokary hilli türkmen harytlaryna bolan islegi nazara almak bilen, söwda işlerini awtomatlaşdyrmak tehnologiýalary bar. “Türkmenistanda öndürilen” milli nyşanynyň taýýarlanylmagy barada aýdylanda, bu ugurdaky işler döwlet Baştutanymyzyň anyk tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bellenilen meýilnamalary işjeň ilerletmek hem-de amala aşyrmak üçin şertleri döretmek babatda işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli haryt nyşany baradaky Tertipnamanyň işlenip taýýarlanylmagy işiň birinji tapgyrydyr. Ol milli haryt nyşanyny ornaşdyrmak boýunça ýüze çykýan wezipeleriň tutuş toplumyny göz öňünde tutýar. Hususan-da, bu wezipeleri çözmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna tabşyryldy. Häzirki wagtda bu mesele çözüldi, bäsleşik yglan edildi.
Söwda-senagat edarasynyň berýän habaryna görä, bu bäsleşige döwlet we hususy düzümler, IT kompaniýalar, dizaýnerler, suratkeşler, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler. Şeýle hem ähli isleg bildirýänleriň işlerine-de garalar.
Milli nyşan owadan şekili hem-de gysgalygy, şol bir wagtyň özünde çuňňur manysy bilen tapawutlanýan we özünde watansöýüjilik pikirini jemleýän türkmen, iňlis we rus dillerindäki şygaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy taslamalar saýlanyp alnyp, degişli taslama tassyklanar. Haýyşnamalara we taslamalara bellenilen görnüşlerde garamak göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda haýyşnamalaryň görnüşleri we bäsleşigiň şertleri ýerleşdirildi.
Ikinji tapgyr milli nyşany bermek baradaky Düzgünnamany işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Nyşany almak üçin harydyň hil we ekologik howpsuzlygy babatda ýokary standartlara laýyk gelýändigini subut etmek gerek bolar. Bu Düzgünnamada nyşany içerki we daşarky bazarlarda ulanmak baradaky maddalar hem göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygy köp babatda söwdany kadalaşdyrmagyň milli gurallarynyň halkara standartlara hem-de haryt alyş-çalyş tehnologiýalarynyň ösüşiniň uzak möhletleýin meýillerine esaslanýan maslahatlara laýyk gelmegine baglydyr.
“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşanynyň döredilmegi ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň görnüşlerini giňeltmäge uly mümkinçilikleri açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygyny baş maksat edinýän durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmaga ýardam berer.
(TDH)