Bagta rowan beýik işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alnyp amal edilýän beýik işlere buýsanyp ýaşaýar. 

                                                                   

Halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýip belleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän buýsandyryjy beýik işler hem bu nurana sözleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatynyň oňyn netijelere beslenýän döwründe Watanymyzyň ähli künjeklerini gyradeň özgertmek işlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen birlikde welaýatlarymyzda hem halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ençeme işler üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak işlerine uly üns berilýär. Muňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň   hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan iş saparlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Ählimiziň bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyz halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda amal edilýän netijeli işler bilen ýakyndan yzygiderli gyzyklanýar. 

                                                                   

Golaýda bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ilatyň, aýratyn hem, çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler bilen gyzyklandy. Mälim bolşy, ýaly ýaş nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň öňündäki örän möhüm we jogapkärçilikli wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň batly depginler bilen ösýän künjekdigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz bu ýere iş saparynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň durmuşa geçirýän işleriniň barşy bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen içgin gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi. 

                                                                   

Ýurdumyzda şu ýylyň fewral aýynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk hem mynasyp dowam etdirmekde ençeme anyk wezipeler kesgitlenendir. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, şol belent maksatlary, aýdyň wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. 

                                                                   

Goý, ata Watanymyzyň şöhratly geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Nurmämmet ALTYÝEW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.