Sanly ulgam barada gürrüň açylanda innowasiýalar, kämil tehnologiýalar we olaryň dürli ugurlary göz öňümize gelýär. Durmuşymyzyň kämilligi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde jemlenendir. Sanly ulgam bilen baglanyşykly innowasion ykdysadyýetiň ösdürilmegi täze durmuşa, has kämil hem-de döwrebap ýaşaýşa giň şertleri döredýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki resminamalar kabul edildi.
Sanly ykdysadyýet düşünjesi XX asyryň ahyrynda ýüze çykdy we bütin dünýäde durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgam ornaşdyrylyp başlandy. Şondan soňky geçen çärýek asyrdan gowrak döwürde kämil tehnologiýalaryň täze görnüşleri döredilip, durmuşymyza ornaşdyryldy. Bu gün akylly telefonlar, beýleki öý hojalyk tehnikalary, şol sanda tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan öýler durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hatda dünýäniň dürli ýerlerinde «akylly şäherleriň» onlarçasy kemala gelýär.
Sanlylaşdyrma durmuşyň we önümçiligiň dürli gurşawlaryna ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysady işiň konsepsiýasydyr. Bu dünýäniň ähli ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda-da üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanlylaşdyrma syýasy, ykdysady we durmuş-medeni prosesleri özgerdip, ýaşaýşyň hiliniň has-da gowulanmagyna itergi berýär. Häzirki wagtda maglumat elýeterliliginiň ýokarlanmagy, özbaşdak işleýän akylly hojalyk enjamlarynyň köpelmegi, önümçilik proseslerine tehnologik gözegçiligiň ornaşdyrylmagy, zyýanly işlerde adamyň ornuny tutýan robot tehnikalarynyň döredilmegi sanly ulgamyň güýçli depgin bilen ösýändiginiň görkezijisidir.
Häzirki döwürde internet torunyň üsti bilen harytlary satyn almak, hyzmatlardan peýdalanmak, maglumatlary gözlemek we uzak aralykdan işewür gepleşikleri geçirmek ýaly durmuşymyzy ýeňilleşdirýän işleri ýerine ýetirmek bolýar. Sanlylaşdyrma şol zerurlyklaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen, edara-kärhanalaryň we guramalaryň işini has-da kämilleşdirmäge, adamlaryň durmuşyny mundan beýläk-de ýeňilleşdirmäge ýardam berýär.
Sanlylaşdyrma hojalyk durmuşynda, önümçilikde, hyzmatlar ulgamynda we beýleki birnäçe ugurlarda işjeň alnyp barylýar. Hojalyk durmuşynda ulanylýan döwrebap tehnikalar, «akylly öýler» we şäherlerde durmuş işjeňliginiň dürli ugurlary bilen baglanyşykly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi muňa anyk mysallardyr. Önümçiligiň sanlylaşdyrylmagy adam üçin agyr fiziki zähmeti ýeňilleşdirmäge, zähmet we önümçilik proseslerini netijeli guramaga hem-de gözegçilikde saklamaga, şeýle hem, kärhananyň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Meselem, «akylly» ulgamlar önümçilik kärhanalarynda işgärleriň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk geýinmegine we kadalaryň berjaý edilişine gözegçilik edip, şikes ýetmeleriň hem-de howply hadysalaryň öňüni almaga kömek edýär. Tehnologik gözegçiligiň kömegi bilen önümçilik konweýerlerinde zeper ýeten we kemçilikli önümler ýüze çykarylýar. Bu bolsa harytlaryň hiline gözegçiligi ýola goýmaga, wagty hem-de serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.
Hemmelere tanyş mysallaryň ýene biri-de, sanly bilim ulgamydyr. Elektron kitaphanalar, olardaky okuw kitaplary, gollanmalar we wideosapaklar okuw işini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Olar bilim alýanlaryň kitaphanalara barmak, kagyz kitaplary we olardaky maglumatlary gözlemek, ýörite derslere gatnaşmak üçin sarp edýän wagtlaryny tygşytlamaga kömek edýär. Sanly ulgamda bilim alýanlaryň öz taýýarlyk derejesine laýyklykda okuw maksatnamasyny we öwreniş depginini özbaşdak saýlap almak mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulýar.
Diýmek, sanlylaşdyrmada edara-kärhanalarda önümçilik prosesi, işleriň alnyp barlyşy, dolandyryş ulgamlarynda guramaçylyk işleri düýbünden üýtgeýär. Müşderiler bilen öndürijileriň, hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň arasyndaky gatnaşyklar, kärhananyň şol gatnaşyklarda eýeleýän orny özgerýär. Sanly ulgama geçiş täze sanly işewürlik nusgasynyň işlenilip taýýarlanylmagy, sanly harytlaryň we hyzmatlaryň döredilmegi, maglumaty toplamagyň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň awtomatlaşdyrylmagy, sanly taslamalaşdyrmanyň ornaşdyrylmagy, önümçilik proseslerini we üpjünçilik torlaryny dolandyrmak, dolandyryş wezipeleriniň ýerine ýetirilişi, robotlaryň we elektron resminama dolanyşygynyň ulanylmagy arkaly el zähmetiniň awtomatlaşdyrylmagy ýaly birnäçe ugurlarda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» 2020 — 2023-nji ýyllara niýetlenen ikinji tapgyry üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler amala aşyrylýar. Munuň özi ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini elýeterli etmäge, olara ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini döretmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Gair GAIROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.