Tebigy gaz — ýurdumyzyň milli baýlygy. Ýeriň astyndan onuň çykarylyşyny artdyrmak we sarp edijilere bökdençsiz ugratmak şu günüň derwaýys wezipeleriniň biridir. Bu işde biz, nebitgaz pudagynyň işgärleri bolup, tagalla baryny edýäris. Munuň üçin Hytaý döwletinden satyn alynýan burawlaýjy maşynlar we kämil tehnologiýa esasy daýanjymyz bolup durýar. Hut şolaryň kömegi bilen şu günki günde ýurdumyzyň çägindäki 137 guýudan gaz akymy alynýar. Geljekde olaryň sany ýene-de köpeler. Türkmen gazyna bolan isleg dünýä bazarynda barha artýar.
Ýurdumyzyň öz içinde hem tebigy gaza bolan isleg ýokary. Sebäbi soňky döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän gazturbinaly elektrik stansiýalary barha köpelýär. Çärjew etrabynyň çäginde gurlan, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz-turbinaly elektrik stansiýasy hem şolaryň biri. Arkadagly Serdarymyz Lebap welaýatynda bolan pursady ýörite teleköpri arkaly bu elektrik stansiýasyna tebigy gazy akdyrýan Üçajy — Zerger gaz geçirijisiniň işe girizilmegine ak pata berdi. Uzynlygy 125 kilometre barabar bolan täze gaz geçirijiniň akdyrýan gazynyň bir bölegi bolsa Lebap welaýatynyň oba-şäherleriniň ýaşaýjylarynyň öýlerine barýar, netijede, geljekde olaryň gaz bilen üpjünçiligi ep-esli gowulanar.
Akmämmet AKMÄMMEDOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni.