Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler
Tähran — Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.
Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esasda däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine güýçli itergi bolup, bilelikdäki işleriň netijeleri boýunça toplanan tejribeleri, bar bolan serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan çemeleşmeleri kesgitlemekde oňyn şertleri üpjün etdi.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni sapar mahalynda bolýan “Serwestan” binasyndan “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Seýed Ebrahim Raisi birek-birek bilen doganlarça görüşdiler.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşanlaryndan soň, haly düşelen ýoda bilen meýdançanyň merkezine geçdiler. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly nyzama düzüldiler. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna harbylar uly hormat bildirýärler. Iki ýurduň Prezidentleri Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, Eýranyň Döwlet baýdagyna hormatyň nyşany hökmünde tagzym edýärler hem-de hatara düzülen esgerleriň öňünden geçýärler.
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Eýranyň Baştutany belent mertebeli myhmany köşge çagyrýar. Bu ýerde Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy öz ýurdunyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, eýranly kärdeşini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Soňra iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy.
Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasyna gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de belent mertebeli türkmen myhmanyny Tähranda görýändigine şatdygyny nygtady. Eýranyň halky dostlukly türkmen halkynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine guwanýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, onuň ýurdunda döwlet Baştutanymyzyň bu saparyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gezekki gepleşikler netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýän gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizdigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we eýran topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolýandygyny belledi. Şu ýyllaryň içinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilendigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Prezident Seýed Ebrahim Raisini bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Bu gatnaşyklar häzirki wagta çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen birnäçe döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarda öz beýanyny tapdy.
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda oňyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, onuň çäklerinde ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Yzygiderli geçirilýän Medeniýet günleri, iki goňşy ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara festiwallardyr sergiler munuň mysaly bolup durýar. Iki dostlukly ýurduň iri halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýran bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny nygtady we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary berkitmek babatda edýän şahsy tagallasy, aýratyn ünsi üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Şeýle-de ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça işjeň pikir alşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmen myhmanlary bilen mähirli salamlaşyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýranyň özüniň ygtybarly hyzmatdaşy we hoşniýetli dosty hasaplaýan goňşusy bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de wekilçilikli toparyny kabul etmäge hemişe şatdygyny nygtady. Eýran Lideri nobatdaky saparyň goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň iň ýokary wezipede Tährana guran ilkinji saparydygyny nygtap, bu gezekki gepleşikleriň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylan ikitaraplaýyn syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.
Eýran-türkmen hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesine daýanýan ygtybarly binýadynyň bardygyny belläp, Eýranyň Baştutany onuň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary barada aýdyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň syýasy erke esaslanýandygyny nygtady. Bu maksatlar degişli Ylalaşyklar we Ähtnamalar bilen berkidilen şertnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.
Ulag-kommunikasiýa pudagy we energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Soňky ýyllarda emele gelen düzümleriň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine täsirini ýetirer. Bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy ýakyn wagtda söwda-ykdysady ugurdaky eýran-türkmen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün eder we özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrar, pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine giň ýol açar.
Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan eýran we türkmen halklarynyň baý taryhy-medeni mirasy bu babatda oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.
Halkara syýasatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, Prezident Seýed Ebrahim Raisi taraplaryň sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady. Tähranda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň iki goňşy döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, Eýranyň Baştutany çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylap, görkezen myhmansöýerligi hem-de bilelikde işlemäge döreden oňaýly şertleri üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu saparyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde Eýrana amala aşyran ilkinji resmi saparydygyny belläp, onuň şu günki duşuşyga aýratyn many berjekdigine ünsi çekdi.
Iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilýändigi we ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi berilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine zerur şertler döredilýär. Döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.
Daşary syýasy ugurda, ilkinji nobatda, halkara we sebit howpsuzlygyny, durnuklylygyny berkitmek bilen bagly garaýyşlar netijeli özara hereketleriň esasy bolup durýar. Häzirki şertlerde ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek möhüm bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny yzygiderli goldaýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen Kararnamalaryň kabul edilmeginde awtordaş bolup çykyş edendigi üçin Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Biziň syýasy we diplomatik ugurdaky özara hereketlerimizde häzirki zamanyň howplaryna — halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmäge esasy orun berilýär. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwlet serhedi dostlugyň we hoşniýetliligiň serhedidir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky serhet we beýleki degişli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň geçirilmegi teklip edildi.
Döwletara gatnaşyklarymyzda Hazar deňzini parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşdyryjylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Doly kuwwatynda işleýän Hazar ulag ulgamynyň döredilmeginiň biziň ýurtlarymyzdan birnäçe ýöriteleşen wezipeleriň çözülmegini talap edýändigi gürrüňsizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, milli operatorlaryň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmak ýaly, möhüm meseleler boýunça işe başlamaga taýýardygyny nygtady.
Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek, ekologiýa, innowasiýalar we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy babatda aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wezipeleriň ählisiniň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
Owganystana ýardam etmek boýunça halkara tagallalary işjeň goldamak bilen, goňşy ýurtlar bolup, owgan meselesi boýunça işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyny geçirmek mümkinçiligine seredilmegini teklip edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwletara gatnaşyklar barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşiklere iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berýän waka hökmünde doly esas bilen garalýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň Eýrany Demirgazyk — Günorta demir ýoly boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çenli iň gysga ýol hökmünde esasy hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi.
Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalaryň güýçlendirilmegi zerur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy. Biziň döwletlerimiziň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berlip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmeginiň öwrenilmegi teklip edildi.
Elektrik energiýasy pudagynda iki ýurduň arasyndaky Mary — Maşat ýokary woltly elektrik ulgamynyň eýran böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny hem-de ulanmaga taýýardygyny göz öňünde tutup, häzirki wagtda bu ulgamyň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak meselesine seredilýär. Türkmenistan şu ýyl Eýranyň energoulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara ibermäge başlamagy teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygy we suw pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly geljegiň bardygyny aýdyp, bu babatda “Dostluk” suw howdanynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak meselelerine ünsi çekdi hem-de Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň döredilmegini teklip etdi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi we hil taýdan ösdürilmegi üçin, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn jogapkärçilik düşýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde bu toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, netijeli işlemek üçin döredilen mümkinçilik we özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bolan gyzyklanmalar, şeýle-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin, Prezident Seýed Ebrahim Raisä we EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi. Eýranyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edildi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary düýn Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda gümrük edaralary boýunça özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly ylalaşyklar bar. Ol Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmagyň tehniki şertlerini öz içine alýar. Durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy. Şunda Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde iki ýurduň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Habar beriş agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Medeni-ynsanperwer, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Şeýle-de ýurtlarymyz ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Tähranda degişli düzümleriň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň «Rasan Rail Pars Co.» hem-de «Wagon Bar Caspian» kompaniýalarynyň arasynda halkara ýük daşamalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Ýurdumyzyň işewür düzümleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kiçi kärhanalar we senagat şäherçeleri guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary metbugat üçin gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, Eýranyň Baştutany Seýed Ebrahim Raisi Tährana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalaryna hoşallyk bildirdi. Bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi bellenildi. Eýranyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklar diňe bir goňşuçylyk gatnaşyklary bolman, eýsem, doganlyk, medeni hyzmatdaşlygyň pugta binýadydyr.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe eýran-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berendigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Prezidenti 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda hormatly Arkadagymyz bilen geçiren duşuşygyny aýratyn mähir bilen ýatlady. Onuň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ulag, aragatnaşyk, söwda-ykdysady, suw we gaz ulgamlary, elektroenergetika ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirdi.
Işjeň we dostlukly ýagdaýda geçirilen şu gezekki gepleşikler, sözüň doly manysynda, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry emele getirdi diýip, Prezident Seýed Ebrahim Raisi nygtady hem-de gol çekilen resminamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň eýran-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şu gezekki geçirilen gepleşikleriň çäklerinde gol çekilen resminamalar geljek 20 ýyl üçin döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Tähranyň we Aşgabadyň möhüm orun eýeleýändiklerini görkezdi. Munuň özi taraplaryň eýran-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýokary derejede geçirilen duşuşykda garalan meseleleriň biri boldy. Munuň özi Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, eýran Lideri Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Eýranyň Prezidenti sözüniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ony ösüşiň sebit we dünýä derejesine çykarmakda täze, anyk ädimleriň ädiljekdigine pugta ynam bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, owgan meselesi boýunça iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr hem-de parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bu goňşy ýurtdaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy zerurdyr.
Çykyşynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza we ýurdumyzyň wekiliýetine ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Prezident Seýed Ebrahim Raisi ählumumy gyzyklanmalara, iki goňşy ýurduň we olaryň halklarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm ugurlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gadymy eýran topragynda mähirli garşylandygy hem-de netijeli gepleşikler babatda zerur şertleriň döredilendigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk döwletiň gatnaşyklaryna mahsus bolan açyklyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlary we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika we ulag pudaklary biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlary bolmak bilen, bu ugurda bar bolan kuwwatlyklary has-da netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtadyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge-de uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Iri halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýanlygy üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňzindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşini şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Owganystan meselesiniň wajypdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň Owganystana gülläp ösýän, sebit we halkara taslamalara işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde garaýandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilendigini belledi we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýrana nobatdaky saparyň maksadalaýyk derejede amala aşyrylandygyny belläp, bu ýurduň dostlukly halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy.
Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň adyndan resmi saparyň dowamynda gadymy eýran topragynda mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň Beýik ruhy liderine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berýän şahsy goldawy üçin aýdan minnetdarlyk sözlerini ýetirdi.
Uzak ýyllaryň dowamynda kemala gelen türkmen-eýran gatnaşyklary köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Goňşy Eýran bilen doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň ilkinjileriniň hatarynda Tährana resmi sapar bilen gelmeginiň Türkmenistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Özara gatnaşyklar barada aýdyp, söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň diňe bir iki goňşy döwlet bolman, eýsem, doganlyk gatnaşyklary bilen bagly döwletlerdigini nygtadylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Aýatolla Ali Hameneýi sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ornuny bellediler. Söhbetdeşler ägirt uly mümkinçiliklere we oňyn geljege eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge meýillidiklerini tassykladylar.
Döwlet Baştutanymyz doganlyk eýran topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we EYR-nyň Beýik ruhy lideri hoşlaşanlarynda, türkmen we eýran halklaryna tüýs ýürekden mähirli arzuwlaryny aýtdylar.
Soňra “Hafeziýe” köşgünde döwlet Baştutanlary eýran halkynyň milli gymmatlyklaryna we goňşy ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli sergini synladylar. Sergide Eýranyň milli önümleri, şekillendiriş sungatyna degişli eserler, haly we haly önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz serginiň goňşy ýurduň milli gymmatlyklary, özboluşly taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy. EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimizi binanyň içine girmäge çagyrýar.
Binanyň eýwanynda Mohammed Bager Galibaf belent mertebeli türkmen myhmanyny şu günki duşuşyga gatnaşýan Eýranyň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, öz nobatynda, Yslam geňeşiniň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, belent mertebeli türkmen myhmany we Mohammed Bager Galibaf binanyň “Aýna” zalyna geçýärler.
Bu ýerde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi we ony ýakynda Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mohammed Bager Galibaf hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady. Bu gezekki sapar taraplaryň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar. Dostluk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşykda iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, hususan-da, türkmen-eýran parlamentara duşuşyklarynyň geçirilmegini we özara tejribe alşylmagyny ýola goýmagy teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz myhmansöýer eýran topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Yslam Şurasynyň Başlygyny we EYR-nyň parlamentiniň agzalaryny özlerine amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Mehrabad” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Tutuşlygyna alnanda, hormatly Prezidentimiziň nobatdaky resmi sapary uzak möhleti nazarlaýan döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary öz içine alýandygyny hem-de iki döwletiň milli bähbitlerine kybap gelýändigini görkezdi. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna, iki ýurduň we sebitiň halklarynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Ýokary derejede geçirilen nobatdaky duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.