Habarlar
Türkmenistan “akylly” şäherleriň gurluşygyny çaltlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.

Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we gurluşyk işlerinde nazara alynmaly esasy şertleriň biridir.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar, dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Ş.Durdylyýew bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän dürli maksatly binalaryň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň teklip edilýän baş meýilnamasy, ýollaryň teklip edilýän çyzgysy hem-de belent gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamalar bar. Şeýle hem “akylly” öýüň enjamlaryny dolandyrmak, dolandyrylyşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, suw, gaz we beýleki ulgamlary aralykdan dolandyrmak, “akylly” şäheriň dürli ulgamlary, şol sanda elektro awtoulag düzümi barada maglumat berýän şekiller görkezildi.

“Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy bular barada hasabat bermek bilen, “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze şäheriň gurluşygynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, internet ulgamlaryny, şeýle hem sanly ulgamy utgaşdyrmak konsepsiýasynyň amala aşyrylmalydygyny belledi we ýaşaýyş düzümleriniň ähli ugurlarynyň täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dolandyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy teklip edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamalar bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz bilim edaralarynyň teklip edilýän binalarynyň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zamanyň ýagdaýyndan we dünýä tejribesiniň gazananlaryndan ugur alynmalydygyny belledi we bu babatda işleri talabalaýyk derejede alyp barmagy, görkezilen taslamalaryň täzeden işlenilmegi barada ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda bar bolan inženerçilik-zeýkeş we lagym ulgamlarynyň ýagdaýy we şäheriň çäklerinde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, şeýle hem bu ulgama degişli desgalary gurmak boýunça teklip edilýän taslamalaryň görnüşleri, olaryň geçiriljek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlaryndaky we beýleki desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra degişli desgalaryň gurluşygynyň taslamalary we onuň bilen baglanyşykly gurluşyk işleriniň maksatnamasy taýýarlanylanda, ylmyň gazananlaryna möhüm üns berilmelidigini, şeýlelikde, bu işlere ylmy esasda seljermeleriň geçirilmelidigini belledi. Şäheriň çäkleriniň yzygiderli giňelýändigini, onuň çäklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginlerde dowam edýändigini nazara alyp, degişli inženerçilik desgalarynyň, dürli maksatly binalaryň we lagym ulgamlarynyň gurluşygyna jogapkärçilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan derejede çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Aşgabat şäheriniň köçelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary we oturdylmagy meýilleşdirilýän duralgalaryň, yşyklandyryş ulgamynyň we ýol belgileriniň şekil taslamalary, olaryň görnüşleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen paýtagtymyzyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk, abadanlaşdyryş we abatlaýyş işleriniň ähli görkezijileri babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň köçeleriniň we beýleki desgalarynyň durkuny täzelemek işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary işjeň ulanylmalydyr. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigini, şunda ýokary tehnologiýaly ulgamy ornaşdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek hem gurluşygyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara derejä laýyk gelmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» hökmünde ykrar edilip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda etraplar tutuşlygyna döwrebap ýagdaýa getirildi. Täze iri ýaşaýyş toplumlary bina edilip, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.

Şoňa görä-de, şäher ajaýyp binagärlik çözgütleri bilen täze desgalaryňdyr kaşaň binalaryň gurulmagy netijesinde barha gözelleşýär. Biz geçen ýyl şäheriň demirgazygynda ägirt uly, döwrebap we täzeçil taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berdik. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik däpleri öz beýanyny tapar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat-siti» diýip atlandyrylan bu ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, ýörite pudagara toparynyň döredilendigini we onuň düzüminiň tassyklanandygyny aýtdy.

Täze guruljak ýaşaýyş toplumynda alnyp baryljak işlere gözegçilik etmek üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Gurulýan desgalaryň direksiýasy döredildi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bu özboluşly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy bilen bagly garaýyşlaryny beýan etmekleri üçin, «Aşgabat-siti» portaly döredildi we işe girizildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Paýtagtymyzdaky täze şähere öwrüljek «Aşgabat-sitiniň» Baş meýilnamasynyň şekil taslamasyna laýyklykda, 200-den gowrak binany öz içine alýan bu ägirt uly toplumda 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz täze şäher üçin saýlanyp alnan ýerde jikme-jik inženerçilik-gözleg işlerini geçirmek, durnuksyz topraklary berkitmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işlerde iň soňky «smart», ýagny «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de her binadyr desgany sanly ulgamyň enjamlary bilen üpjün etmegiň, sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri bolandygyny belledi. Geçen ýylyň dowamynda örän möhüm taryhy wakalaryň ikisi — Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýi uly dabaralara beslendi. Muny şöhrata beslenen ýylyň dowamynda amala aşyrylan beýik işleriň mysalynda hem görmek bolýar.

Häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, şäherimiziň tämiz bolmagyny üpjün etmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň we ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatlaryny diňledi.

Degişli gulluklaryň ýolbaşçylary hasabatlarynda ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik aýratynlygy, gurulmagy teklip edilýän dürli maksatly desgalaryň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler we onuň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumatlary berdiler.

Ak mermerli Aşgabatda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň binagärlik çözgütlerine wajyp orun degişlidir. Munuň özi paýtagtymyzda bir bitewi binagärlik sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Hasabatlardan görnüşi ýaly, şäheriň arassaçylygy we abadançylyk derejesi hemişe ünsde saklanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler Aşgabat şäheriniň derejesine laýyklykda ýola goýulýar. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzyň ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýörite iş meýilnamasy taýýarlanylyp, ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem şäherde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, zeýkeş-aragatnaşyk ulgamynyň, suwaryş gullugynyň işini kämilleşdirmek meseleleri möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şunlukda, ýaşaýyş jaýlarynyň üpjünçiligine, olaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hasabatlaryň çäklerinde şäheriň ilatyny aragatnaşygyň häzirki zaman düzümleri bilen üpjün etmek, saglyk öýleriniň kadaly işini ýola goýmak, şol bir wagtyň özünde şäheriň çäklerinde ýokary ekologik ýagdaýy saklamak meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy döwrebap derejede ösdürmek, degişli gulluklaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek hem-de täzeçil usullary milli ýörelgeler bilen utgaşdyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň önümçilik mukdarynyň artdyrylmagyna, olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Biziň maksadymyz özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan şäheri döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Jemagat hojalygynyň we beýleki degişli gulluklaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy, şäherde ýokary arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň kämilleşdirilmegi, düzüme degişli kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň hem üns merkezinde saklanylmalydygyny, paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan gök zolaklaryň giňeldilmelidigini we şäheriň toprak-howa şertleriniň nazara alnyp, bag nahallarynyň oturdylmalydygyny belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň gurluşyk toplumynda gazanan oňyn tejribeleri “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda işjeň ulanylmalydyr. Bu işler bilen bir hatarda şäher ilatyna edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylmalydyr hem-de hili gowulandyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow häzirki döwürde institutda ýurdumyz üçin zerur binagärleri, taslamaçylary we gurluşykçylary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugra degişli okuw sapaklarynyň maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde geçilýän sapaklaryň, amaly okuwlaryň tejribede utgaşdyrylmagynyň, şunda gurluşyk babatda dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli öwrenilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli çig mallardan gurluşyk senagaty üçin zerur serişdeleri taýýarlamak, türkmen topragynda bar bolan magdan serişdelerini ylmy taýdan öwrenmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyklaryny zerur serişdeler bilen doly üpjün etmegiň häzirki döwrüň wajyp talabydygyna ünsi çekip, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline we olaryň berkligine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli tabşyryklary berdi.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, oňa dünýäniň ösen tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde giň möçberli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygyny belledi. Ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip nygtady.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow şäheriň ähli düzümleriniň gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, paýtagtymyzyň çäklerinde arassaçylygy, abadançylygy yzygiderli ýola goýmak, şol bir wagtyň özünde şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek ugrunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny belledi. Şunda şäher düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, oňa täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, şeýlelikde, ak mermerli paýtagtymyzyň gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Ş.Durdylyýew hasabat bermek bilen, bu ýerde emele geljek täze ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň ylmy taýdan barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek, gurluşyga ýokary tehnologiýaly ulgamy ornaşdyrmak we bu ugurda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuşlygyna täzeçil usullara, häzirki zaman ýörelgelerine esaslanýan “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň döwrebap binagärlik çözgüdine eýe bolmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, işleri talabalaýyk guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleri degişli derejede ýola goýmagy berk talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň 2022-nji ýyl üçin bellenilen meýilnamasy we onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde milli Liderimiziň sargytlaryndan we häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alnar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ak mermerli Aşgabadyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty bolmakdan başga-da, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Şoňa görä-de, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynda we maýa goýum maksatnamasynda şäher häkimliginiň we onuň müdirlikleriniň amala aşyrmaly işleri doly göz öňünde tutulmalydyr. Paýtagtymyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, jemagat hyzmatlarynyň hilini düýpgöter ýokarlandyrmaga, pudagy düýpli döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binalaryňdyr jemagat desgalarynyň gurluşygynyň giňden alnyp barylmalydygyny, bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmek we daş-töweregini abadanlaşdyrmak işleriniň yzygiderli geçirilmelidigini belledi. Bu işler aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen olaryň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döreder.

Umuman, Aşgabat özüniň belent derejesine laýyklykda, ähli babatda, şol sanda abadançylyk hem-de amatly şertleri bilen öňdebaryjy, sanly tehnologiýalar, bezeg we ekologiýa babatda nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimiziň baş şäherini mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak boýunça hemmämiziň öňümizde uly wezipeleriň durýandygyny belläp, ak şäherimiz Aşgabadyň bütin dünýäde abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň nusgalyk merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

20.01.2022
Türkmenistanda eksporty ösdürmegiň mümkinçilikleri

Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlary hökümet derejesinde millileşdirildi hem-de döwlet syýasatynda ep-esli derejede uýgunlaşdyryldy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar özüne esasy ugurlaryň biri hökmünde Durnukly ösüş meseleleriniň yzygiderli amala aşyrmak wezipelerini birleşdirýär.

Eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de import garaşlylygyny peseltmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak hem-de içerki bazarlary ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde daşary ykdysady işiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň ähmiýeti has-da artýar. Bu kadalaşdyryşyň derejesi bolsa döwletde amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasat tarapyndan kesgitlenilýär. Daşary ykdysady syýasat diýlip, beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine düşünilýär. Döwletiň daşary ykdysady syýasaty milli ykdysadyýetiň strategiki maksatlaryny çözmäge gönükdirilen döwletiň düzgünleşdiriş işi bilen ýakyndan arabaglanyşyklydyr.

Döwletiň daşary ykdysady syýasatynda eksporta goldaw bermek babatynda amala aşyrylýan çäreler möhüm orny eýeleýär, çünki olaryň esasy maksady ýurtda ykdysady ösüşi gazanmaklyga gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan ykdysadyýete goldaw bermek konsepsiýasy ir döwürlerden bäri hereket edip gelýändigi bellidir. Şunuň bilen baglylykda, eksporta goldaw bermek babatyndaky çäreler ykdysady ösüşiň serişdesi hökmünde hyzmat etmelidir.

Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşky bazarlara çykmagy üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw eksport ediji-kärhanalar tarapyndan özleriniň töwekgelçiliklerini we harajatlaryny azaltmak üçin peýdalanylýar. Bu bolsa öz gezeginde milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Milli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin döwlet tarapyndan köpsanly gurallar we çäreler ulanylýar. Dünýä döwletleriniň aglaba köpüsinde eksporta goldaw bermek boýunça ýöriteleşen institutlar hereket edýär.

Käbir alymlar tarapyndan ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerde eksporta goldaw bermek bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky baglanyşyklar ýüze çykarylýar. Şol bir wagtyň özünde alymlaryň beýleki topary bu işlerde usulyýet ýetmezçiliginiň bardygyny nygtap geçýärler. Şeýle hem bolsa, eksport işinde döwlet goldawyndan peýdalanýan kärhanalar daşky bazarlarda bäsleşik göreşinde üstünlik gazanmakda uly artykmaçlyklara eýedirler. Başga bir tarapdan, eksport işi adatça milli we halkara söwda-ykdysady faktorlarynyň täsiri astynda bolýar. Bu faktorlar bolsa toplumlaýyn öwrenilmäge degişlidir. Milli kärhanalaryň eksport işine a) tarif we tarif däl; b) döwletiň pul-maliýe düzgünleşdirmesi we milli eksport edijileri maliýe taýdan goldamak çäreleri; ç) erkin söwda barada ylalaşyklary baglaşmak we erkin söwda zolaklaryny ösdürmek; d) milli maýadarlary goldamak we başga çäreleri amala aşyrmak arkaly täsir edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň karary bilen 2015-nji ýylda “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Bu maksatnamada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanda eksport işine tarif düzgünleşdirmesiniň üsti bilen goldaw bermek boýunça hem işler yzygider tertipde alnyp barylýar. Olara mysal hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň mart aýynda çykaran “Türkmenistanda öndürilýän ýüňi hem-de elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek hakynda” karary bilen milli telekeçilerimize ady agzalyp geçilen önümleri daşary ýurtlara erkin ýerlemäge mümkinçilik berildi.

Şeýlelikde, göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde Türkmenistanda ýeterlik derejede ösen bazar düzümini döretmäge hem-de ählumumy ykdysady ulgama has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, biziň haryt öndürijilerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

 

 Ymam NAZAROW, Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary


20.01.2022
Azyk bolçulygynyň berk binýady

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly soňky ýyllaryň dowamynda iri möçberli özgertmeleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär. Şu özgertmeleriň esasy maksady azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Üstümizdäki ýylda hem oba hojalyk önümleriniň ýeterlik mukdarda öndürilmegi üçin netijeli çäreler görülýär. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlara, şeýle hem «Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda» Buýruga gol çekdi.

Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem obasenagat toplumyny mundan beýläk-de özgertmäge, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen şol möhüm resminamalardan gelip çykýan wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem şol Kararlara laýyklykda gowaçanyň, ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň, soganyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar, ilatyň ýokumly önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak üçin gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyz boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriler. Şol ýeriň 130 müň gektaryna gowaça ekiler. Şonça meýdandan 320 müň tonna ýokary hilli hasyl almak meýilleşdirildi. Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler. Şu günler welaýatymyzyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Esasy azyklyk ekinleriň biri bolan ýeralmanyň ekilýän meýdany hem geçen ýyllardakysyndan köp bolar. Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl ýeralma we gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpelýär. Ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany ýurdumyz boýunça 106 müň gektara barabardyr, şol sanda 65 müň gektara bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektara güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Welaýatymyzda ýazlyk we güýzlük ýeralmany hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek üçin 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdany bölünip berildi. Şu ýyl ýeralmanyň ekilen her gektaryndan 140 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 5625 gektar, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 6045 gektar meýdan bölünip berildi. Şu ýyl welaýatymyzda her gektar ekilen ýerden pomidoryň 250, hyýaryň 200, soganyň 250, kelemiň 250, käşiriň 180, bakja hasylynyň 200 sentnerini ýygnamak maksat edinilýär. Eýýäm ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işlerine hem girişildi. Bugdaýdan boşan ýerlere ekiljek mäş, noýba ýaly aralyk ekinleriň her gektaryndan 15 sentner hasyl ýygnalar.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumy, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, uly mümkinçilige eýedir. Toplumdaky işleriň baý milli tejribä we ugurdaş ylymlaryň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanylyp, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly sazlaşykly ýöredilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek wezipelerini üstünlikli çözmäge hem-de ilatyň dürli, ýokary hilli önümlere, şol sanda ýeralma, gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam berer.

Ilmyrat DÖWLETOW.

20.01.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Goý, Zaman atly taýçanak Watanymyzyň täze eýýamyň beýik maksatlaryna ýetmeginde bedew badynyň nyşany bolsun!

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagynyň öňüsyrasynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele taýçanagyň doglandygy baradaky buşluk habaryny eşidip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Munuň özi “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen geçýän täze, 2022-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly wakasy boldy.

Milli Liderimiz halkymyzda geçmişde hem täze taýçanak dünýä inse, bu habaryň, edil çaga dünýä inen ýaly çar töwerege buşlanýandygyny we oňa mynasyp at dakylýandygyny belläp, taýçanaga Zaman diýip at goýdy hem-de “Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen geljege dowamat-dowam bolsun!” diýdi. Paýhasly pederlerimiz “At — myrat” diýipdirler. Hormatly Prezidentimiz gadymdan gelýän milli däplerimize eýerip, Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.

Şunuň bilen baglylykda, şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini hem-de tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga niýetläp, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek barada Karara gol çekendigini bellemek gerek.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewleriň dünýäde at-abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu pul serişdelerini Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerinden ýörite hasaba geçirmek tabşyryldy.

Şu gün “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda geçirilen “Halkyň Arkadagly zamanasynda bedew sarpasy” atly dabaraly maslahat hem bu möhüm wakalara bagyşlandy. Maslahatda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atşynaslygynyň täze belent derejelere ýetendigi bellenildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyna bu pudagyň ähli işgärleriniň hoşallyk sözleri beýan edildi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu ulgama berýän aýratyn ünsüniň netijesidir. Milli Liderimiz düýn Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baranda, türkmen atşynaslarynyň Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň abraýyny dünýä ýaýmak, şöhratly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap derejede ösdürmek ýaly asylly hünäriň eýesidiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Dabaraly maslahatda çykyş eden tanymal atşynaslar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda doglan taýçanaga milli Liderimiziň Zaman adyny dakmagynyň diňe bir şu ýylyň şygarynyň ruhlandyryjy güýjüni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eziz Diýarymyzyň täze eýýamyň belent maksatlaryna ýetmeginde okgunlylygyň hem nyşany boljakdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda pudagy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de köpasyrlyk şöhratly däplerini dikeltmek, gorap saklamak we dowam etdirmek, ugurdaş ylmy höweslendirmek, deňi-taýy bolmadyk arassa ahalteke tohumynyň baş sanyny köpeltmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde öz ömrüni behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge bagyş eden atşynaslaryň we seýisleriň zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredildi.

Ussat çapyksuwar hem-de behişdi bedewleriň hakyky muşdagy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty belent derejelere ýetdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýa dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň we ippologlarynyň duşuşmagy hem-de tejribe alyşmagy üçin netijeli gurama öwrüldi.

Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Däp bolşy ýaly, bu baýrama gabatlanyp, Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň arasynda atlaryň keşbini şekillendirmek boýunça döredijilik gözden geçirilişleri, at çapyşyklar we beýleki çäreler guralýar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ahalteke bedewleriniň we at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezýän türkmen ýigitleriniň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän uly bäsleşikleriň we sirk festiwallarynyň ýeňijileri bolandyklaryny bellemek buýsançlydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Diýarymyzyň daşynda hem uly meşhurlyga eýedir. Soňky ýyllarda bu topar birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. Toparyň daşary ýurtlardaky çykyşlary uly üstünlige beslendi.

Mälim bolşy ýaly, taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly dosty hem-de hemrasy bolan ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun eýeleýär.

Milli Liderimiz giňişleýin taryhy we häzirki zaman maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň netijesinde behişdi bedewler baradaky ajaýyp kitaplary döretdi.

Ildeşlerimiziň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylaryna, şeýle hem ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri bilen gyzyklanýan hünärmenler hem-de alymlar üçin hem elýeterli boldy.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda bu täsin tohumyň muşdaklarynyň barha artýandygy bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan behişdi bedewleriň ajaýyp sypatlarynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. 2018-nji ýylda Akhan artky iki aýagynda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda ýöräp geçmegi başaryp, dünýä rekordyny täzeledi. Bularyň hemmesi döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde atşynaslygyň gadymdan gelýän milli däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň misilsiz güwäsidir.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, onda türkmen halkynyň baý mirasyny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga berýän yzygiderli goldawy, ýurdumyzyň atşynaslary barada edýän hemişelik aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maslahatyň çäklerinde sungat ussatlary çykyş etdiler hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň muzeýine gezelenç guraldy.

20.01.2022
Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji

glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana Türkmenabat şäherinde gurlar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mundan bir hepde çemesi ozal geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen taryhy Karar ähli watandaşlarymyzda çäksiz uly begenji oýardy. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Türkmenabat şäherinde S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň binýadynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürjek kuwwatly kärhanany gurmak üçin degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu gymmatly önümi öndürjek kärhananyň gurluşyk işlerini «Mizemez gadam» hususy kärhanasy alyp barar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, häzir ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak munuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Adipson Ind. Srl.» kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi makullanyldy. Şeýle hem bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.

1994-nji ýylda esaslandyrylan «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň iri gurluşyklary amala aşyrmakda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde baý tejribesi bar. Ilkinji ýyllarynda kerpiç önümçiligi bilen meşgullanan hususy kärhananyň hünärmenleri 2009-njy ýylda dürli maksatly iri binalary gurmaga we düýpli abatlamaga girişdiler. Çärjew etrabynda döredilen hususy kärhana welaýatymyzyň çäginde dürli ýyllarda ýaşaýyş jaýlaryny, orta mekdepleri, çagalar baglaryny, sport mekdeplerini, saglyk öýlerini we beýleki binalardyr desgalary gurdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky 3 müň orunlyk awtoduralga hem hut şu hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy önümçiligini 2017-nji ýylda ýola goýan gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça hem dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Indi bolsa bu kärhananyň gurluşykçylary ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürjek kuwwatly kärhanany gurarlar.

Hususy kärhananyň baş inženeri Batyr Ibragimow gurluşyk üçin Türkmenabat şäherindäki 2-nji senagat zolagyndan 6 gektar ýeriň bölünip berlendigini gürrüň berýär. Ol Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasyna we welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine ýakyn ýerleşer.

Baş inžener gurluşykda geodeziýa we surata düşürmek işleriniň tamamlanyp, mobilizasiýa işlerine girişilendigini aýdýar. Şeýle hem şu günler gurluşygyň gitjek ýerine haýat aýlamak we beton garyjy desgany ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Ýakynda binýat guýmak üçin gazuw işleri başlanar.

Gurluşyk Italiýanyň «Adipson Ind. Srl.» kompaniýasy bilen bilelikde alnyp barlar. Has takygy, işiň tehnologiýa bölümi Italiýanyň kompaniýasyna ynanylar. Gurluşygyň tamamlaýjy tapgyrlarynda arassalanylmadyk glisirrizin turşusyny öndürmek üçin ýörite tehnologiýalaryň ýurdumyza getirilmegine we olaryň italiýaly hünärmenler tarapyndan ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Gurluşygy doly tamamlamak 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna meýilleşdirilen hem bolsa, «Mizemez gadamyň» hünärmenleri 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli gurluşyk işlerini doly tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. Hususy kärhananyň özünde ýeterlik derejede tehnika bar, gerek bolsa goşmaça gurluşykçylar işe çekiler. Iň bellenilmeli ýagdaý gurluşyk serişdeleriniň birnäçe görnüşiniň hut «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň öz hünärmenleri tarapyndan öndürilýänligidir. Has takygy, bu kärhana häzirki wagtda izogam, bitum, kolekum, kerpiç ýaly gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen içerki we daşarky bazara ýerleýär. Öňümizdäki iki ýylyň içinde täze gurluşyk üçin zerur bolan bu önümler bilen hususy kärhananyň öz zawody üpjün eder.

Ýeri gelende aýtsak, buýan kökünden alynýan glisirrizini Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýa, Hytaý we Hindistan ýaly döwletlerde bezeg serişdesi hökmünde (kosmetologiýada), derman we iýmit senagatynda giňden peýdalanýarlar. Diýmek, şeýle gymmatly önümiň ýene iküç ýyl çemesi wagtdan öz ýurdumyzda öndürilip başlanmagy milli ykdysadyýetimize iňňän bähbitli bolar. Türkmenistanda öndüriljek glisirrizin beýleki bir önümçilikler ― kosmetika, iýmit we derman önümleri üçin çig mal bolup hyzmat eder. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ýene bir önümçilik sazlaşygyny emele getirer.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.

20.01.2022
Türkmenistan — Özbegistan: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklary geçirdi.

Bu sapar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Özbegistan Respublikasyna üstünlikli amala aşyran resmi sapary bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Şonda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda milli Liderimiz ynamyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesi Türkmenistana we Özbegistana öz gatnaşyklaryny geljegi nazarlap ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Ýokary hem-de hökümet derejelerinde özara saparlaryňdyr duşuşyklaryň hem-de daşary syýasat edaralarynyň we işewür toparlarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetde bolmagy döwletara aragatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna kybap gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň özenidir.

Bu gün türkmen-özbek gatnaşyklary üstünlikli ösüş ýoluna düşdi. Dostlukly döwletleriň Liderleri — Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň tagallalary netijesinde, soňky wagtda daşary syýasat ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça anyk ädimler ädildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gurallary işläp başlady hem-de ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Daşkent şäherine iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Özbegistanyň netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hem-de umumy bähbitler esasynda pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, açyklygy we aýdyňlygy gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmäge, şol sanda söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny nygtap, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem Daşkende iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklar we uzak möhletleýin geljek bilen baglylykda, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge, täze iri taslamalary amala aşyrmaga, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga şu günki gün ähli şertleriňdir mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Bu meseleleri çözmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun berilýär.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmen wekiliýeti üçin Daşkendiň tehnoparkynda ýaýbaňlandyrylan senagat we oba hojalyk sergisine gezelenç guraldy. Sergide bu ulgamlardaky geljegi uly, ýokary tehnologik taslamalar barada giňişleýin maglumat berilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça geçiren iş duşuşyklary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlyk Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň özara ynanyşmak gatnaşyklary, dostlukly döwletleriň Liderleriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýar.

(TDH)

19.01.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 18-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz bu iri möçberli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede, ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şol sanda Ahal welaýaty durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigi baradaky hoş habary eşidip, bu topluma sowuldy.

Bu ýerde işleýän atşynas milli Liderimizi mähirli garşylap, döwlet Baştutanymyza täze doglan taýy görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz atşynas bilen salamlaşyp, onuň iş aladalary, maşgala durmuşy, hal-ahwallary bilen içgin gyzyklandy hem-de onuň Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, şöhratly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap derejede ösdürmek ýaly asylly käriň eýesidigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda mundan beýläk-de zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde nurana taýçanagyň dünýä inmeginiň taryhy pursatlary buşlaýan şatlyga öwrülendigini belledi. Milli Liderimiz “At — myrat” diýlişi ýaly, häzirki döwürde pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede dowam edýändigini, behişdi bedewleriň göwnejaý idedilmegine, olaryň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, atşynaslara alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary O.Annalyýew milli Liderimiziň bu künjege Şa gadamynyň düşen pursatlarynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele reňkli taýçanaga at dakyp bermegini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz geçmişde her bir türkmeniň howlusynda atyň bolandygyny, eger, täze taýçanak dünýä inse, bu habaryň edil çaga dünýä inen ýaly çar töwerege buşlanandygyny we oňa mynasyp at dakylandygyny gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bu ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrandygyny aýdyp we şundan ugur alyp, bu taýçanaga Zaman diýlip at dakylsa ýerine düşjekdigini belledi.

— Goý, bu taýyň ady Zaman bolsun! Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen dowamat-dowam bolsun! — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerip, Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.

Milli Liderimiz atşynaslara alyp barýan döwletli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Atşynasa döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine tarap ugrady.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy üçin seçilip alnan ýeriň ähli görkezijiler babatda şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegini öz içine alýan durmuş-ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz binalaryň, desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimliginiň öňündäki meýdançada oturdylýan, beýikligi 40 metr bolan “Ahal” monumentiniň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz halkymyz üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna ünsi çekdi. Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelmelidir.

Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde gurulýan we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ahal” monumentiniň hem-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň içki we daşky görnüşleriniň, onuň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň taslamalary hödürlenildi. Şekil taslamalaryň hatarynda täze edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan 100 we 150 orunlyk çagalar baglarynyň içki bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän şekiller hem bar.

Merkezde bina edilýän ähli desgalarda döredilýän mümkinçilikleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmegi baş wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşy hem-de göwnejaý dynç almagy we öndürijilikli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň binagärlik derejesine, yşyklandyryş ulgamyna, şol bir wagtyň özünde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna möhüm orun degişlidir. Şeýle-de häzirki zaman stadionlarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna hem-de enjamlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, desgalarda sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze edara ediş merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän inžener ulgamlarynyň ýerleşiş çyzgysy hem hödürlenildi. Milli Liderimiz inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň zerurdygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanhanada dörediljek şertler bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap myhmanhanany we söwda merkezini atlandyrmak boýunça teklipler bilen tanşyp, myhmanhana “Marköw”, söwda merkezine bolsa “Gökdere” atlarynyň dakylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we halkymyzyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik we bezeg ulgamyndaky gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza hususyýetçileriň alyp barýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, olaryň dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gatnaşyşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna ak pata berip, onda ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desganyň bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmeginiň esasy talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda seýilgäh-dynç alyş zolagynyň ýerleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Zolagyň çäginde «Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähi» diýlip atlandyrylan bölekde sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň we zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.

Milli Liderimiz seýilgähiň daş-töwereklerinde dag arçasyny ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu ýerde ekiljek baglaryň ideg işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi bu künjekde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat merkeziniň ähli desgalarynyň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen dünýä tejribesiniň ösen ugurlary, ylmyň gazananlary utgaşdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýerine ýetirilýän gurluşyklaryň potratçylarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bu ýere gelýärkä, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigini eşidip, oňa baryp görendigini we atşynaslar bilen söhbetdeş bolandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde atçylyk ulgamyna degişli ýokary okuw mekdebiniň gurulýandygyna, onuň bölümlerinde ahalteke atlarynyň aýratynlygyny, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň we talabalaýyk derejede ideg etmegiň ugurlaryny öwrenmek boýunça degişli okuw maksatnamalarynyň taýýarlanylýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda behişdi bedewleriň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, olaryň dünýädäki abraýynyň belende galmagy ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, wise-premýer E.Orazgeldiýewe atçylyk pudagyny döwlet býujetinden daşary serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler babatda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini gowulandyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar diýip belledi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dowam edýän gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini hem barha ýokarlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, welaýatyň täze merkezini iki tapgyrda gurmagyň meýilleşdirilendigini belledi. Birinji tapgyrda 336 sany binany we desgany gurmak göz önünde tutuldy. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary bar. Bu ýerde 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşyk işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan 62 sany ýerli hususy kärhana, şeýle hem 5 sany döwlet kärhanasy ýerine ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu möhüm iri taslamany durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli amatlyklaryň döredilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylaryň we kömekçi potratçylaryň gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylandygyny belledi.

Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasynyň zerur bolan bölegini maliýeleşdirmek üçin, buýrujylaryň ýüztutmasy esasynda amatly möhletler bilen karzlar berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, täze edara ediş merkezinde gurluşyk işlerini ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Hususan-da, “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň ýolbaşçysy, “Saýaly menzil” hojalyk jemgyýetini, “Ussat inžener” hususy kärhanasyny esaslandyryjylar, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, “Dost gurluşyk, söwda önümçilik” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy, “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň, “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň direktorlary, “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory, şol jemgyýetiň baş inženeri, “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyny esaslandyryjy bu ýerde gurluşyk, ýol-ulag, inženerçilik düzümlerine degişli desgalaryň, seýilgähleriň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Bu ýerde işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Ýerli gurluşyk kärhanalary kesgitlenen wezipe esasynda gurluşyk işlerini ýerine ýetirýärler. Şunda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy boýunça bellenen işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýle hem durmuş maksatly binalaryň, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, olarda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda häzirki zaman ylmynyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar möhüm orun eýeleýär.

Desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde bu ýerde gurulýan binalaryň köpüsiniň esasy işleri tamamlandy.

Täze, döwrebap edara ediş merkezinde seýilgähleriň, gök zolaklaryň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýer, şol sanda onuň ekologik ýagdaýy, seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklamak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny belledi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew täze edara ediş merkezinde ýola goýulmagy meýilleşdirilýän internet we aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman görnüşleri, olaryň netijeli işini ýola goýmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz “akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny belledi. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam emele gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ahal welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň başlygy M.Pirgulyýew bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine edilýän gözegçiligiň netijeleri, şeýle hem gurluşygyň üpjünçilik derejesini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulýan merkeziň tehniki häsiýetnamalary boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda şäheriň durmuş üpjünçiligine, merkeziň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow täze merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talabyna we iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyna doly laýyk gelýändigi barada hasabat berdi. Ol şeýle hem welaýat merkeziniň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamak we gurluşykda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşygyň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmegi, onda zerur bolan inženerçilik kommunikasiýalary, şol sanda suw akdyryjylar, bu ýerde ekilen baglar üçin damjalaýyn suwaryş ulgamy, daşky yşyklandyryş üçin elektrik üpjünçilik ulgamyna tehniki zerurlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow merkeziň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de binalaryň daşky we içki görnüşleriniň aýratynlyklary, şeýle hem gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn we häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatyň senagat düzüminiň işini kämilleşdirmek, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ähli tapgyrlarynda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa gurluşygyň depginleriniň artmagyny, olaryň hil derejesiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze edara ediş merkezinde gurulýan ähli desgalarda, durmuş ulgamyna degişli binalarda adamlaryň göwnejaý durmuşy, ýokary derejeli dynç alşy hem-de öndürijilikli zähmeti üçin oňyn şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler has oňaýly, “akylly” şäher ýörelgesine laýyk gelmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmek, bu işlerde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ýerli howa hem-de toprak şertlerine laýyk gelýän baglarydyr ösümlikleri ekmek, welaýat merkezinde gurulýan binalarda we desgalarda milli binagärlik aýratynlyklaryny giňden ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gurluşyklara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çekmek, bu ýerde döredilen Iş toparynyň hepdede bir gezek maslahat geçirip, ýüze çykýan soraglara gyssagly seretmek hem-de olaryň oňyn çözülmegini gazanmak, aýratyn möhüm meseleler babatda teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän şular ýaly işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigini aýdyp, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki çärä gatnaşanlara berk jan saglygyny, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

19.01.2022
Elektrik enjamlary öndürilýär

Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, onuň eksportynyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynda berjaý edilýän işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär hem-de elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar.

Bu pudakda netijeli işleýän, hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen kärhanalaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Ol Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhananyň köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkeziniň işçi-hünärmenleri täze, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp sowgatlar bilen garşyladylar. Kärhanada önümçilik we elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş bölümleri, ammar we işgärler üçin niýetlenen jaý bar. Onuň önümçilik bölüminde daşary döwletleriň «DURMA» we «JUANEL» kysymly öňdebaryjy enjamlary ornaşdyryldy.

Bu ýerde 40 adam zähmet çekýär. Kärhana elektrik enjamlarynyň önümçiliginde we elektrik gurnama işlerinde öňdebaryjy hususy kärhanalaryň hataryndadyr. Bu ýerde demirden elektrik enjamlary üçin şitlerdir gutular öndürilýär, dürli pudaklardan gelýän sargytlar boýunça işler amala aşyrylýar. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde bolsa elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň hyzmatlarynyň hatarynda meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltda synagdan geçirmek, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurnamak hem sazlamak, gorag ýereçatmalaryny, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ugurlary görkezmek bolar. Mundan başga-da, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir düzümleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, kuwwaty 35 kW çenli bolan dizel generatorlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek işleri alnyp barylýar. Abatlanan enjamlar döwlet standartlaryna laýyklykda, ýörite barlagdan geçirilýär. Kärhana ýörite ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek boýunça işleri, gurluşyk işlerini hem ýerine ýetirýär.

Balkanly işewürler hormatly Prezidentimiziň bazar gatnaşyklaryny ösdürip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribä daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalaryna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.

19.01.2022
Halk hojalygynyň batly gadamlary

Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalary kabul edilip, onuň çäklerinde innowasion häsiýetli önümçilikleri giň gerimler bilen döretmek ugrunda düýpli işler alnyp barylýar.Işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde täze önümçilik desgalary we medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna, ýerli çig mal serişdelerine esaslanýan pudaklar bolan himiýa we nebithimiýa senagatynyň kuwwatyny düýpli artdyrmak, ösen gurluşyk materiallary senagatyny kemala getirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Şu ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagat tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyrynyň öndürilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Ýerli çig maldan taýýarlanylan kompozit gurluşyk armaturasy ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan bolsa elýeterli önüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrmagy bäsdeşlige ukyply ýokary hilli ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Geljekde bu paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen, kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek, ondan bolsa polat armaturasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde hususy telekeçiligiň dürli ugurlarda depginli ösüşleri gazanylyp, milli ykdysadyýetde tutýan orny barha artýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen taslamalaryň hem köpüsi hususy telekeçilere degişlidir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň senagatynyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de daşary ýurtlaryň harytlary bilen bäsdeşlige ukyply ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň artdyrylmagynyň ähmiýetini nygtamak bilen, bu işe döwlete dahylsyz ulgamyň wekillerini işjeň çekmegi tabşyrdy.

Bu ugurda alnyp barylýan işler Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän möhüm görkezijiler bolup durýar. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň senagatyny mundan beýläk hem ýokary depginler bilen ösdürilmegi gazanylar. Bu işde milli hünärmenleri taýýarlamak, berilýän bilimiň derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler hem öz netijesini berer we dünýäniň iň gowy tejribeleri esasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine öz guwandyryjy goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys.

Bägül ATAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

19.01.2022
Rowaçlyk ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz täze-täze üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan saýlanyp alnan Türkmenistanyň durmuş taýdan nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetiniň nusgasy we ýurdumyzy durnukly ösdürmek babatynda alyp barýan giň möçberli başlangyçlary, bazar özgertmeleri esasy makroykdysady görkezijileriň ýokary depginlerde ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini durnukly ösüş häsiýetine eýedir.

Ýurdumyzda geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetimize dünýä bazarlarynyň standartlaryny ornaşdyrmaklyga, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin amatly maýa goýum gurşawyny döretmeklige gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär we ony gazanmaga ýurtda höküm sürýän syýasy we durmuş asudalygy, ykdysady ösüşiň durnukly saklanylmagy, oýlanyşykly maliýe syýasatynyň alnyp barylmagy ýardam edýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda taýýarlanylan maksatnamalara laýyklykda, geljekde Türkmenistan öz ylmy-tehniki we serişde kuwwatlyklaryna daýanyp, şeýle hem öňde durýan ykdysady, durmuş we ekologiki wezipeleri nazara alyp, tapgyrlaýyn esasda öz durnukly ösüş syýasatyny dowam etdirer. Şunda gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda ýokary netijeli we ekologiki taýdan arassa önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berler. Olar hem eksporta gönükdirilen, hem importy çalyşýan önümçiliklerden ybarat bolar we halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

Milli ykdysadyýeti düýpli we doly döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilen özgertmeler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmeklige mümkinçilik döredýär. Şunda esasy ädim öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyrmaklyga, importy çalyşýan täze önümçilikleri guramaklyga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdiriler.

Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna getirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir öz hususy bähbitlerinden ugur alman, eýsem, beýleki ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini sazlaşdyrmaga çalyşýar. Bu aýratynlyk hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Biziň ýurdumyzdan dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan täze ulag geçelgeleriniň, gaz geçirijileriniň gurulmagy we bu işleriň häzirki döwürde hem dowam etdirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Abdy ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

19.01.2022
Sanly ulgam — döwrebap özgertmeler

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilip, olar esasynda häzirki zaman şertlerine laýyklykda täzeçe çemeleşmeler hem kemala gelýär. Munuň özi ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Halk hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň strategik ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Hususan-da, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halk hojalygynyň ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde bu ugruň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylyp, agzalan resminamanyň üsti ýetirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy doly güwä geçýär.

Bu maksatnama «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Ol Prezident Maksatnamasyna, sanly ykdysadyýeti we bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyna, Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamanyň baş maksady jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmakdan, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Onda döwlet dolandyryşyny we hyzmatlar ulgamyny sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak wezipeleri bar. Maksatnamada ilatyň sanly ulgam babatda sowatlylygyny artdyrmak ugrunda degişli çäreleri geçirmek, sanly lukmançylygyň hyzmatlaryny hödürlemek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipeler hem göz öňünde tutulýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň üstünlikli sanlylaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Tyllagözel ORAZMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

18.01.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlaryň, şeýle hem “Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda” Buýrugyň kabul edilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Diýarymyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de özgertmäge, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu resminamalardan gelip çykýan birnäçe wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde, şol sanda obasenagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ýokarda agzalan Kararlaryň durmuşa geçirilmegi babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şol Kararlara laýyklykda, gowaçanyň, ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň, soganyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hususan-da, Ahal welaýatynda şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 362,61 müň gektar, şol sanda gowaça ekmek üçin 135 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýerden 280 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. 195 müň gektar ýerde bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýeralma ösdürip ýetişdirmäge 13,1 müň gektar, gök ekinler üçin 9,38 müň gektar, bakja ekinleri üçin 3,32 müň gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 2,51 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,6 müň gektar ýer bölünip berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan häzirki işleriň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlarynyň çäklerinde amala aşyrylýan gowaçanyň hem-de beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk görlüşi, ilatyň ýokumly önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak üçin gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Şu ýyl welaýatda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň umumy meýdany 71,43 müň gektara deňdir. Şonuň 10 müň gektary gowaça ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. 50 müň gektarda güýzlük bugdaýa ideg edilýär.

Şeýle hem şu ýyl 3 müň gektarda gant şugundyry, 2,9 müň gektarda ýeralma, 4 müň 60 gektarda gök ekinler, 2620 gektarda bakja ekinleri, 50 gektarda kösükli däneli ekinler hem-de künji, 200 gektarda bolsa mekgejöwen hem-de bir ýyllyk ekinler ekiler.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilmegi, gowaçanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülmegi bilen birlikde, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işleriň depgini barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň güýzünde welaýatda 145 müň gektar ýere ekilen bugdaýdan bol hasyl almak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 324 müň 20 gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýeriň 140 müň gektaryna gowaça ekiler.

Şaly ösdürip ýetişdirmäge 8,1 müň gektar, ýeralma üçin 8,8 müň gektar, gök ekinleri ekmek üçin 7 müň 405 gektar, bakja ekinleri üçin 3 müň 745 gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 8,27 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,7 müň gektar ýer bölünip berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şu günler oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda welaýat boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Hususan-da, welaýat boýunça 130 müň gektar ýere gowaça ekiler. Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.

Şu günler welaýatyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda ak ekinlere, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, ekerançylyk ýerleriniň, degişli tehnikalaryň we gurallaryň ýazky gowaça ekişine taýýarlanylyşy barada hasabat berildi.

Iş maslahatynyň barşynda häkim şu ýyl welaýat boýunça 366 müň 670 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şol sanda welaýat boýunça 165 müň gektar ýere gowaça ekiler. Mundan başga-da, 14,9 müň gektara gant şugundyry, 12,9 müň gektara ýeralma, 8605 gektara gök ekin, 4,315 müň gektara bakja ekinleri, 2350 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 1500 gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.

Welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary şu günler bugdaý ekilen 170 müň gektar ýerde ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda 2022-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýazlyk hem-de güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilmeli meýdanlary hem-de öndürilmeli önümleriň möçberleri baradaky hasabatlar diňlenildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi bu oba hojalyk ekinlerini sebitiň 28 müň 310 gektarynda ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi sebitde ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekiljek umumy meýdanlarynyň 9 müň 630 gektara barabar boljakdygyny habar berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi şu ýylyň ekiş möwsüminde sebitde ýokarda agzalan oba hojalyk ekinleriniň 28 müň 220 gektar ýerde ekiljekdigi barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi hasabat berip, sebitde ýazlyk we güýzlük ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini ekmäge 11 müň 670 gektaryň bölünip berlendigini aýtdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi 2022-nji ýylda sebit boýunça 28 müň 170 gektar ýerde bu oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini ekmäge hem-de olardan ýokary hasyl almaga gönükdirilip geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri gowaça ekilmeli meýdanlaryň hem-de pagta öndürmegiň möçberleri, şeýle hem gowaça meýdanlary üçin goýberiljek mineral dökünleriň möçberleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi 135 müň gektar ýerde gowaça ekmegiň meýilleşdirilip, şonça meýdandan 280 müň tonna hasyl almagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Şunda ekinleri iýmitlendirmek üçin degişli dökünleri ulanmak göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynyň häkimi 10 müň gektar ýerde gowaçanyň ekişini geçirip, ondan 10 müň tonna “ak altyn” almagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin mineral dökünleriň zerur möçberleri ulanylar.

Daşoguz welaýatynyň häkimi gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýeriň bölünip berilýändigini, ondan 275 müň tonna pagta taýýarlamagyň maksat edinilýändigini hasabatynda belledi. Şunda mineral dökünler zerur möçberlerde peýdalanylar.

Öz nobatynda, Lebap welaýatynyň häkimi şu ýyl pagta ösdürip ýetişdirmek üçin 130 müň gektar ýeriň taýýarlanylandygy barada aýdyp, şonça meýdandan 320 müň tonna ýokary hilli hasyl almagyň pagtaçy kärendeçileriň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridigi barada hasabat berdi. Ekinleri iýmitlendirmekde mineral dökünleriň zerur möçberi ulanylar.

Mary welaýatynyň häkimi sanly ulgam arkaly çykyş edip, şu ýyl ýazky ekiş möwsüminde gowaçanyň 165 müň gektarda ekiljekdigini hasabatynda habar berdi. Şonça meýdandan gymmatly çig mal bolan pagtanyň 365 müň tonnasyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ekinleri iýmitlendirmek üçin degişli dökünler berler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda möwsümleýin çäreleriň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän maksada gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, sebitlerde oba hojalyk ekinlerini olary görnüşleri boýunça ýerleşdirmek hem-de ekmek üçin bölünip berlen umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektardan ybarat bolan meýdanda geçiriljek ekişe taýýarlyk görmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, bu resminama laýyklykda, 106 müň gektar ýere ýeralma we gök-bakja ekinlerini, şol sanda 65 müň gektara bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektara güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu ýyl bu maksatlar üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpelýär. Häzirki wagtda ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» kabul edilen Kararyna laýyklykda, 580 müň gektarda bu gymmatly tehniki ekini ekmek hem-de “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda welaýatlarda ýerleri sürmek we ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görmek işleri geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gallaçy daýhanlary howa şertlerini göz öňünde tutup, bugdaýa ösüş suwuny tutýarlar hem-de bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriň 690 müň gektaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini amala aşyrýarlar.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ilatymyzy, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, senagat pudagyny we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek maksadynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynyň uly mümkinçilige eýedigini, onda işleriň amala aşyrylmagynyň bu ulgamda baý milli tejribe bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly ugurdaş ylymlaryň öňdebaryjy gazananlaryna hem-de döwrebap tehnologiýalara daýanmalydygyny nygtady.

Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň artdyrylmagy, ugurdaş düzümleriň, şol sanda gaýtadan işleýän ulgamyň kämilleşdirilmegi, pudagyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylmagy bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň wajyp wezipeleri bolup durýar.

Şunda ýerden oýlanyşykly peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şu babatda ekin dolanyşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alnyp barylmagy, her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara alyp, seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bularyň ählisi ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek wezipelerini üstünlikli çözmäge hem-de ilatyň dürli, ýokary hilli önümlere, şol sanda ýeralma, gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şu maksatlar bilen, güýzlük bugdaýa degişli derejede ideg edilmegini üpjün etmek, ýazky gowaça ekişi möwsümine düýpli taýýarlanmak hem-de ony has amatly möhletde geçirmek, bugdaýyň, “ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin bar bolan hemme mümkinçilikleri ulanmak zerur diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyza amatly durmuş şertlerini döretmegiň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, suwarymly ekerançylykda ägirt uly tejribe toplan pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini dikeltmek boýunça işleri maksatnamalaýyn esasda dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz munuň gektardan alynýan hasylyň has-da ýokarlanmagyna, obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.01.2022