Berkarar döwletimiziň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ulgam dünýä nusgalyk derejede ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu wajyp pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmakda döwrebap işler amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iýul aýynyň 20-sinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze kärhananyň tutuş Merkezi Aziýada ýeke-täk desgadygy has-da buýsançly hakykatdyr.
Ýeri gelende aýtsak, bu ulgamdaky ägirt uly ösüşler Balkan welaýatymyza hem gönüden-göni dahyllydyr. Diňe soňky on bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy gurlup, işe girizildi. Welaýat merkezindäki öňden hereket edip gelýän Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde täze energobloklaryň hem birbada ikisiniň herekete girizilmegi netijesinde bu bekediň kuwwatlylygy düýpli artdy. Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkeziniň bölekleýin döwrebaplaşdyrylmagy bilen, tutuş welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri ep-esli artdy. Bular günbatar sebitiň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçilik halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň iň wajyp şertleriniň biridir. Hut şonuň üçin hem iki ýyl mundan öň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu energiýa desgalarynyň işe girizilmegi bilen, geljek ýyllarda Balkan welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi has-da ýokarlanar. Elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçilik bolsa islendik pudakda, gazanylýan üstünliklerde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň güýzünde ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi herekete girizildi. Bu welaýatyň elektrik ulgamynyň işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde öndürijilikli zähmet çekip, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan energetiklerimiz şu ýylyň geçen döwründe mynasyp işleri bitirip, öz hünär baýramlaryna sowgatly gelmegi başardylar. «Balkanenergo» önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň geçen ýedi aýynda 36 million 554 müň manatdan hem köp elektrik energiýasy üstaşyr geçirildi. Bu baradaky tabşyryk 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Birleşigimiz boýunça gazanylan buýsançly ykdysady görkezijiler başga-da az däl. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen birinji ýarymynda welaýatyň bu ulgama degişli kärhanalary boýunça 4 milliard 875,4 million kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini iki esse ýokarlandy. Bu ajaýyp görkezijiniň ýylyň ikinji ýarymynda has netijeli işler bilen berkidiljekdigine energetiklerimiz pugta ynanýarlar. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe diňe bir «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda 628 million 452 müň kilowatt-sagat elektrik togy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi şu ýylyň 7 aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamanyň 113 göterim ýerine ýetirilendiginden habar berýär. Şeýle üstünlikler welaýatda elektrik energiýasyny öndürmek bilen meşgullanýan beýleki kärhanalara-da degişlidir. «Balkanenergo» önümçilik birleşigi boýunça geçen hasabat döwründe elektrik desgalaryny we geçirijilerini düýpli abatlamagyň meýilnamalary hem abraý bilen berjaý edildi. Gazanylýan üstünliklere birleşigimiziň welaýatyň etrapdyr şäherlerindäki düzümlerinde halal zähmet çekýän hünärmenlerimiz özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Biz hünärmenlerimiziň diňe bir öndürijilikli işlemekleri üçin däl, eýsem, sapaly dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri barada-da yzygiderli alada edýäris. Diňe şu ýylyň başyndan bäri önümçilik birleşigimiziň Balkanabatdaky «Energetik» şypahanasynda ýeňillikli ýollanmalar esasynda hünärmenlerimiziň ýüzlerçesi döwrebap dynç alyp, saglyklaryny berkitdi. Döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklarda, şeýle hem her ýylyň netijeleri boýunça önümçiligiň öňdebaryjylaryny gymmat bahaly sowgatlardyr pul baýraklary bilen sylaglamak hem birleşigimizde asylly däbe öwrüldi.
Şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, merdana hem agzybir halkymyzyň mukaddes ojaklaryna, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryna nur paýlamak bagtyna eýe bolan hünärmenlerimiziň adyndan Arkadagly Serdarymyzy, eziz Diýarymyzyň ähli energetiklerini Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Çary TAÝLYÝEW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.