Iri gurluşyklar — döwrüň ýaraşygy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň deňsiz-taýsyz gülläp ösüşleri, beýik özgerişleri, täze, döwrebap şäherdir obalaryň döremegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna deňleşmegi eziz Diýarymyzy täsin bir gurluşyk meýdançasyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudagyň hem mynasyp zähmet paýy bar. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, goňşy ýurtlarda-da düýpli gurluşyklary amal edip, milli binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşýan işewürlere Gahryman Arkadagymyz: «Telekeçiler şäherleri gurmaga ukyplydyrlar» diýip, ýokary baha berýär. 

                                                                   

 Bu hakykat ýörite habarçymyzyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk bölüminiň müdiri Hojamämmet BAÝRAMSÄHEDOW bilen söhbetdeşliginde hem öz beýanyny tapdy.  

                                                                   

 — Hojamämmet aga, ýurdumyzda amal edilen we häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän düýpli gurluşyklar barada gürrüň edilende, bu beýik işleriň aňyrsynda, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasynyň bardygyny aýtmagymyz gerek. Täze gurlan her bir binada döwrüň beýik arhitektorynyň yhlasyny, döredijiligini görmek bolýar. Gurluşykçy telekeçiler muňa has gowy göz ýetirýän bolsalar gerek?!  

                                                                   

— Garaşsyzlyk ýyllary içinde günsaýyn däl, sagatsaýyn ösüp-özgeren ata Watanymyzyň gaýtalanmajak milli binagärlik keşbi Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur söýgüsinden, ýürek mährinden kemal tapandyr. Paýtagt şäherimizde, ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap binalar — ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, kottejler toplumlary, medeni-durmuş, sport we saglyk maksatly desgalar, bilim ojaklary, köçe-ýollar, köprüler, seýilgählerdir ýadygärlikler toplumlary güneşli Diýarymyzyň täze keşbine gözellik goşmak bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna hem giň şertleri döredýär. Olaryň aglabasynyň täsin binagärlik keşbi, ýokary hil derejesi degişli halkara guramalar tarapyndan ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. 

                                                                   

Aýratyn-da, durmuşymyzda esasy zerurlyklaryň biri bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň artmagy buýsançly ýagdaýdyr. Tapgyrlaýyn hem toplumlaýyn ösdürilýän gözel Aşgabadymyzy alyp göreliň! «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary we desgalary gurmak hakynda» Kararyň üstünlikli amal edilmeginde hususy işewürleriň uly goşandy bar. Olar Aşgabady ösdürmegiň 12, 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarynda, Köşi, Çoganly ýaşaýyş toplumlarynda ähli amatlyklary bolan, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, sport toplumlarynyň, seýilgähleriň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurluşygyny alyp bardylar.  

                                                                   

 — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilen ýylynda ýurdumyzda 73 sany iri desganyň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzy begendiren wakalardan boldy. Bu şanly toýa gurluşykçy telekeçiler hem sowgatly barandyrlar?! 

                                                                   

— Elbetde. Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesiniň bellenilen ýylynda telekeçilerimiz toý joşguny bilen has-da gaýratly, ýokary öndürijilikli hem döredijilikli işlediler. Olaryň geçen ýylda guran dürli maksatly desgalarynyň sany 50-den geçýär. Şolaryň hatarynda «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan paýtagtymyzda gurlan «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan Kerki şäherinde gurlan Halkara howa menzili, «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan Balkan we Daşoguz welaýatlarynda, «Ajaýyp döwür» hususy kärhanasy tarapyndan Lebap welaýatynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalary, şeýle-de köp sanly döwrebap ýyladyşhanalar toplumlary bar. Ýurdumyzyň düýpli gurluşyklarynda aýratyn tapawutlanan hususy kärhanalardan «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýeti, «Nur bina gurluşyk», «Röwşen» hususy kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli hususy telekeçileriň arasynda yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde «Ýylyň işewür gurluşykçylary» diýen hormatly ada mynasyp boldular. 

                                                                   

 — Gurluşyk işleriniň gerimi has giň. Gurluşykçy telekeçileriň arasynda ýol, köpri gurmak ýaly sogap işler bilen il alkyşyna eýe bolýanlary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara howa menzillerini, döwrebap awtomenzilleri gurup adyganlary hem bar... 

                                                                   

— Ýol, köpri gurmak ýaly sogap işler agzalanda, ozaly bilen, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hakynda gürrüň etsek ýerlikli bolar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz awtobanyň dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek maksady bilen, döwrebap tehnikalary satyn alyp berdi. Çig mallar bilen üpjünçiligiň ýokary derejede ýola goýulmagy gurluşyk işleriniň bökdençsiz amal edilmegine getirýär. Netijede, gurluşykçylarymyz bu ýoluň Aşgabat — Tejen bölegini ýokary hilli gurup, halkymyzyň hyzmatyna berdiler. Tejen — Mary bölegini hem geljek ýyl ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Hususy işewürleriň ýol, köpri gurmakda toplan baý tejribesi olara şeýle düýpli gurluşygyň ynanylmagyna getirdi. Şol sanda «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň bu ugurda köp ýyllardan bäri işleýändigini bellemeli. Bu hususy kärhana tarapyndan Aşgabatda, Mary welaýatynda onlarça kilometrlik täze ýollar gurlup, öňden bar bolan ýollarda abatlaýyş, durkuny täzeleýiş işleri geçirildi. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýol gurluşygynda bu hususy kärhananyň hünärmenlerine merkeze barýan hem-de içerki ýollaryň gurluşygy ynanyldy.  

                                                                   

«Gündogdy» hususy kärhanasy Kerki şäherinde Halkara howa menzilini gurdy. Ondan öň bu hususy kärhananyň hünärmenleri Türkmenabadyň Halkara howa menzilini ýokary hilli gurup, bu üýtgeşik desga milli binagärlik keşbi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Häzirki wagtda telekeçiler Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iri gurluşyklarynyň biri bolan täze Halkara howa menziliniň gurluşygyny alyp barýarlar. Paýtagtymyzdaky Halkara awtomenziliň gurluşygyny «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň alyp barandygyndan habarlysyňyz. Ýurdumyzyň welaýat merkezleri bolan Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerinde ýolagçy awtomenzilleriniň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleriniň hem bu hojalyk jemgyýetine ynanylmagy telekeçilerimiziň öz işiniň ussadydygyny aňladýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän bu döwrebap awtomenziller mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuna sowgat bolar. 

                                                                   

 — Hojamämmet aga, gurluşyk işlerinde gerekli çig mallar bilen üpjünçilik esasy zerurlyklaryň biri. Birleşmäniň hususy gurluşyk kärhanalarynyň önümçilik bazalary bardyr, elbetde?! 

                                                                   

— Ýöriteleşdirilen önümçilik bazalarynyň bolmagy gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barlyp, öz wagtynda hem ýokary hilli amal edilmeginde uly orun eýeleýär. Gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde 100 gektar meýdany eýeleýän, Balkanabat şäherinde 50 gektar meýdany eýeleýän önümçilik bazalary bar. Geljekde Owadandepedäki önümçilik bazasynyň meýdanyny ýene-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

 — Çig mallar bilen üpjünçilik işleri nähili alnyp barylýar? 

                                                                   

— Häzirki wagtda bu babatda hiç hili kösençlik çekilmeýär. Çünki gurluşyk üçin gerekli bolan çig mallar, esasan, öz ýurdumyzda öndürilýär. Keramatly topragymyz ýerasty we ýerüsti baýlyklara baý. Gurluşyk işlerinde zerur bolan çäge, çagyl bu toprakda näçe diýseň bar. Telekeçilerimiz sement, kerpiç, demirbeton, keramiki, plastik, sanfaýans önümlerini, gury gurluşyk we boýag serişdelerini öndürmäge-de ökdelediler. Ekologik taýdan arassa çig mallar gurluşyk işleriniň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden, Lebap welaýatynyň Köýtendag etraplaryndaky sement zawodlary bökdençsiz işledilýär. Häzirki wagtda bu zawodlaryň ikinji tapgyrlarynyň gurluşyklary ýokary depginde dowam edýär. «Beýik bina» hususy kärhanasy we «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurulýan bu desgalar şu ýylyň ahyryna ulanmaga berler.  

                                                                   

 — Telekeçiler tarapyndan edil şu günlerde alnyp barylýan gurluşyklar barada-da durup geçäýseňiz! 

                                                                   

— Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň sany juda köp. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy, goldaw-hemaýaty bilen olaryň her biriniň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna beriljekdigine berk ynanýarys. Diňe iri gurluşyklar barada aýtsak, işewürlerimiz gojaman Köpetdagyň eteginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda güýçli depginde iş alyp barýarlar. Nesip bolsa, şu ýylyň dekabr aýynda ol ýerdäki döwrebap desgalaryň 340-a golaýynyň gurluşygy doly tamamlanyp, halkymyzyň hyzmatyna berler. 

                                                                   

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň täze keşbinde, Hazaryň türkmen kenarynyň dünýäniň iň gözel künjekleriniň birine öwrülmeginde hem türkmen telekeçileriniň mynasyp zähmet paýy bar. Birleşmäniň agzalary Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda täze dörän kottejler toplumynyň gurluşygyny alyp bardylar. Ähli amatlyklary bolan kottej jaýlarynyň 48-sini, şeýle-de hyzmat ediş merkezini özüne birleşdirýän bu toplumda şypaly hem sapaly kenara dynç almaga gelýänler üçin aňrybaş hyzmatlar göz öňünde tutulandyr. Hyzmat ediş merkeziniň binasynda restoran, howuz, hammam, türk hammamy ýerleşýär, şeýle-de ol ýerde medeniýetli dynç almak üçin ähli şertler bar.  «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde açyk howuzlar, çagalar üçin attraksion oýun meýdançalary, sport meýdançalary guruldy. Awazanyň ajaýyp binalarynyň üstüni ýetiren döwrebap kottejler toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn şan beren wakalaryň biri boldy.  

                                                                   

Halkymyzda «Gurmak — ömürden» diýilýär. Türkmen telekeçilerine uly ynam bildirip, ömürlere hem-de döwürlere uzaýan şeýle beýik işleri alyp barmak üçin ähli amatlyklary, ýeňillikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!  

                                                                   

 — Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».