Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň soňky ýyllardaky durnukly ösüşi ilkinji derejede elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi ýurdumyzda üstünlikli çözüldi.
Energetika serişdeleriniň gorlary boýunça Türkmenistan bütin dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri hem energetika ulgamynyň sazlaşykly işi bilen baglanyşykly bolup durýar. Döwletimiz elektrik energiýasyny öndürmek üçin örän uly serişdeleri goýberýär. Bu serişdeler netijeli özleşdirilýär.
Elektriksiz ýaşaýyş-durmuşymyzy göz öňüne getirmek şeýle bir kyn. Sebäbi bu eşrete şeýle bir uýgunlaşypdyrys. Bagtyýar ildeşlerimiziň öýlerinde elektrik çyralary şugla saçýar, önümçilikler dyngysyz işleýär. Islendik iş elektrik energiýasy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Döwletimiziň innowasion tilsimatlary ulanmaklyga gönükdirilen syýasaty energetika ulgamyny ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwürdi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri üçin zerur bolan elektrik energiýasy özümizde ýeterli öndürilýär. Elektrik energiýasynyň eksporta iberilýän möçberiniň ýylsaýyn artýandygy bolsa Türkmenistanyň sebitdäki tutýan ornunyň has ulalandygyny görkezýär. Innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda pudagyň düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Uly we kiçi gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň onlarçasy guruldy. Häzirki döwrüň iň kämil innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan kuwwatly desgalar ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşine, şeýle hem uly gurluşyklaryň alnyp barylýan, täze, döwrebap önümçilikleriň işe girizilýän döwründe iňňän zerur bolan elektrik energiýasynyň ýeterli mukdardakysyny üpjün etmäge, şeýle-de energiýa serişdeleriniň biziň üçin amatly ugurlar boýunça dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmaklyga uly goşant goşýarlar. Bu desgalar ekologiýa taýdan hem howpsuzdyrlar, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamakda-da bu öňdebaryjy tehnologiýalaryň artykmaçlygy mälimdir.
Diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde geçen ýyllaryň dowamynda Çärjew etrabynda iki sany kuwwaty 149,2 we 432 megawat, Döwletli etrabynda kuwwaty 254 megawat bolan «Watan» döwlet gazturbinaly elektrik stansiýalary, Kerki etrabynda kuwwaty 500 kilowata barabar elektrik bekedi işe girizildi. Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgam işe girizildi. Bu desgalar daşary ykdysady gatnaşyklary hem berkidýär.
Döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurulmagy, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň hatarlarynyň barha uzalyp, ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen üpjünçiliginiň sazlaşygynyň emele getirilmegi bilen ýaşaýşymyz hem barha ýokary derejelere galýar. Ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen kadaly üpjünçiligi döwletiň adam hakyndaky aladalarynyň iň esasydyr. Türkmenistanda kuwwatly energetika ulgamynyň kemala getirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän islendik derejedäki bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň şaýoluna düşülen mahalynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegiň möhüm şertini emele getirdi. Türkmenistan kuwwatly energetika döwleti hökmünde has öňe saýlanýar. 2025-nji ýylda Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň umumy öndürilişi ep-esli artyp, onuň 34,2 milliard kWt/sagada ýetirilmegine garaşylýar. Bu döwürde Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 1,4 esse artyp, ol 3 milliard kW/sagatdan hem gowrak bolar.