Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumy, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty sebiti senagatlaşdyrmagyň bellenilen maksatnamalara laýyk alnyp barylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Tutuş dünýäde ykrar edilen bu desgalaryň her biri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ähmiýetli orun eýeleýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Gyýanly şäherçesindäki dünýäniň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gaz-himiýa toplumy aýratyn gürrüň edilmäge mynasypdyr. Bu toplum Türkmenistanyň diňe halkara energiýa bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp ornuny kesgitledi. Ýeri gelende, 2014-nji ýylyň aprelinde gurluşygyna badalga berlen bu gaz-himiýa toplumynyň taslamasynyň şol ýyl Ýewropada we Ýewraziýada eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde ykrar edilip, Beýik Britaniýanyň abraýly «TXF» guramasynyň ýörite baýragy bilen sylaglanandygyny aýtmalydyrys.
«Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde gurlan bu toplumyň ýyllyk taslama kuwwaty polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu netijeleri gazanmak üçin toplumda her ýylda gaýtadan işlenilmeli tebigy gazyň möçberi bäş milliard kub metre deňdir. Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň öňünde täze mümkinçiliklere giň ýol açdy. Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, Hazar deňziniň türkmen böleginiň gorlarynda milliardlarça tonna barabar nebit we trillionlarça kub metre barabar tebigy gaz jemlenendir. Bu çäklerdäki Magtymguly, Diýarbekir ýaly känler tejribe-senagat taýdan ulanmaga taýýarlanylyp goýuldy. 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň we ýerüsti gaz terminalynyň gurlup, ulanyşa tabşyrylandygyny hem ýatlap geçmegimiz gerek.
— Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag hem-de beýleki möhüm düzümleriň bolmagy hut Gyýanly şäherçesiniň iri gaz-himiýa toplumynyň merkezi hökmünde saýlanyp alynmagyny üpjün etdi. Geçmişe nazar aýlasak, Türkmenistany senagatlaşdyrmak işiniň uglewodorod we mineral serişdeleriniň gorlaryna baý bolan Balkan töwereklerinden gözbaş alandygyny äşgär görmek bolýar. Hazar sebitiniň ummasyz baýlyklary gadymdan bäri mälimdir. Bu barada gadymyýetiň belli taryhçylary, alymlary öz ýazgylarynda ýatlap geçipdirler. Geçen asyryň başynda bolsa Çeleken ýarym adasynda daşary ýurtlaryň, şol sanda dünýä meşhur doganlar Nobelleriň şereketleriniň we kompaniýalarynyň ýigrimiden gowragy hereket edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän ýyllarynda bu hazynalar mesgeniniň baýlyklaryny has-da netijeli özleşdirmekde, halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmakda uly işler ýola goýuldy. Arkadagly Serdarymyz hem bu döwlet bähbitli, dünýä ähmiýetli işi mynasyp dowam etdirip, günbatar sebitdäki ýataklardan alynýan uglewodorod serişdelerini işjeň özleşdirmekden gelýän girdejileri ýurdumyzy ykdysady taýdan barha kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirýär. Ine, şu beýik işler hem güýjümize güýç goşup, ganatly göwünlerimizi has arşa göterýär — diýip, zawodyň baş tehnology Eziz Goçow buýsanç bilen aýdýar.
Türkmen hünärmenleri tarapyndan ygtybarly dolandyrylýan bu gaz-himiýa toplumy Türkmenistanyň energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşarky bazarlara ugratmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary önümçilik pudagyny hem döredýär. Aslynda, ýurdumyzda tebigy gazdan alynýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän polimer zawody ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmek bilen gönüden-göni baglydyr. Türkmen döwletiniň alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasaty hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri nebitgaz pudagynda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär. Bu gaz-himiýa toplumynda polietilen we polipropilen önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Ilkinji çig maly öňdebaryjy innowasion usullar boýunça mümkin bolan ähli garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi toplumda ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän önümleriň taýýarlanýandygyndan habar berýär. Bu kuwwatly kärhanada ýangyna garşy we tehniki howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, toplumyň ekologiýa zyýanly täsirini azaltmak boýunça görülýän çäreleriň hem ýokary talaplara kybap gelýändigini ynam bilen aýtmak bolar.
— Külkelenen polipropilen dünýä bazarynda geçginli harytlaryň biridir. Ol polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar, polimer önümleri bolan turbalar, şpagat, mäkäm urganlar, awtoulaglar üçin süzgüçler, şeýle hem dürli egin-başlar we mebeller, azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdeleri, gutular hem-de beýlekiler öndürilende örän gerekdir.
Polietileniň esasynda bolsa uly isleg bildirilýän dürli turbalaryň, suwuklyk saklamak üçin gaplaryň, süýümleriň, gurluşyk serişdeleriniň, sanitar-tehniki önümleriň, içki protezleriň we başga-da birnäçe harytlaryň önümçiligini ýola goýmak bolýar. Iň esasy zat bolsa, gaz-himiýa toplumymyzda ýerli hünärmenlerimiziň netijeli zähmet çekmegi üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilenligidir. Olaryň tutanýerli işleriniň netijesinde kärhanamyzda bellenilen meýilnamalara artygy bilen amal edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen birinji ýarymynda polimer öndürmek baradaky tabşyryga 106,3 göterime golaý amal etmegi başardyk. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 121 göterime barabar boldy. Zawodymyzda taýýarlanýan ýokary hilli polimer önümlerimizi Hytaý, Türkiýe, Russiýa, Owganystan ýaly döwletler uly isleg bilen satyn alýarlar — diýip, gaz-himiýa toplumynyň önümleri ýerleşdirmek bölüminiň esasy inženeri Mähri Berdiýewa gürrüň berýär.
Dünýä bazarlaryna «Türkmenistanda öndürildi» diýen buýsançly belgi bilen gymmat bahaly polimer önümlerini eksport etmegi başarýan bu kuwwatly toplumda zähmet çekýänleriň agramly bölegi ýaşlardyr. Kärhanada olaryň işden boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary geçirmegi, dürli maşklary ýerine ýetirip, sagdyn bedenli bolmagy üçin hem ähli şertler döredilipdir. Bu mümkinçilikleriň her biri gujurly ýaşlary ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna öz halal zähmetleri bilen önjeýli goşant goşmaga hyjuwlandyrýar.
Hawa, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawody täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Kärhananyň zähmetkeş topary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny has belent sepgitlere beslemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.