Ýurdumyzda telekeçilere maliýe goldawlarynyň berilmegi hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, täze iş ýerlerini döretmek, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda gol çeken Karary möhüm ähmiýete eýe bolup, ol dünýäde dowam edýän çylşyrymly şertlerde ykdysady ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamaga, ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet karz edaralaryna öz we çekilen serişdeleriniň hasabyna ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin, Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde ýyllyk 5 göterim bilen, esasy bergini üzmek boýunça 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 7 ýyl möhlete karzlary bermegi üpjün etmek bellenildi.
Telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslar üçin ýeňillikli şertlerde berilýän karzlaryň elýeterli bolmagy olaryň başlangyçlarynyň rowaçlanmagyna, söwda, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek, azyk önümlerini öndürmek, kiçi we orta derejede maldarçylygy, guşçulygy alyp barmak, senagat, sarp ediş harytlaryny öndürmek babatynda alyp barýan işlerini goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda giň mümkinçilikleri açar. Şeýle-de importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän görnüşini we mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.
Telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurdaky kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Döwrebap kanunçylyk binýady ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, kiçi, orta we iri telekeçiligiň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir.
Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny, onuň amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýän, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň taslamasyny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onuň işlenilip taýýarlanylmagynyň esasy maksady döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we gaýry serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, infrastrukturanyň obýektleriniň ösdürilmegi boýunça taslamalary, meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin býujetden daşary çeşmelerden serişdeleri çekmek bolup durýar.
Kanunda döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň taslamalaryň taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi üçin özleriniň serişdelerini birleşdirmäge esaslanýan anyk möhlete hukuk taýdan resmileşdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy bolup durýandygy görkezildi. Şeýle hem döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň arasyndaky bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi, hyzmatdaşlaryň deňhukuklylygy, daşky gurşawy goramak, hyzmatdaşlyk amala aşyrylanda, kadalaryň we düzgünleriň aýdyňlygy hem-de taslamalaryň netijeliligi döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleriniň sanawynda beýan edildi.
Kanunda ykdysady ösüşi höweslendirmek we Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady infrastrukturanyň emele getirilmegine, dikeldilmegine, ulanylmagyna, saklanylmagyna ýardam etmek, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, şeýle hem olaryň elýeterliligini giňeltmek, hususy bölegiň maliýe serişdeleriniň çekilmegini üpjün edýän şertleri döretmek, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Şulardan görnüşi ýaly, bu Kanun hem-de berilýän maliýe goldawlary ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam eder.
Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36207
Döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenistanyň telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz ýurdumyzy okgunly ösdürmekde ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtaýar.
Hökümetiň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Şol mejlisde beýan edilen görkezijiler ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136 göterimden gowraga, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy.
Ilata edilen hyzmatlaryň möçberi hem ep-esli artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçiliginiň wekilleriniň 26 müňe golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýar. Ýurdumyzyň zähmet çekýän ilatynyň 50,3 göterimi ykdysadyýetiň hususy ulgamynda işleýär.
Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri önümçiligi ulgamy türkmen telekeçileriniň işiniň depginli ösýän ugurlarynyň biridir. Telekeçilerimiz önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we sport desgalaryny, ýollary gurýarlar.
Şu ýylyň alty aýynyň dowamynda telekeçileriň ulanmaga beren iri desgalarynyň hatarynda Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binalary, Kerkidäki Halkara howa menzili, Farap şäherindäki “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezi, ýaşaýyş toplumlary we beýleki binalar bar.
Hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýan iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze “Daşkent” seýilgähiniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyny we olaryň gurluşygyny görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe iri desgalary açmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky täze desgalaryň ençemesi — A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygyndaky ýerasty geçelge, döwrebap ýaşaýyş toplumy hem-de Tähran köçesiniň ugrunda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi bar. Sebitlerde täze mekdepler, saglygy goraýyş edaralary ulanmaga berler. “Türkmenawtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygyny tamamlar.
Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurluşyk serişdelerini öndürýän zawodlar üstünlikli işleýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy telekeçilere çykarylýan önümleriň görnüşlerini yzygiderli täzeläp durmaga mümkinçilik berýär.
Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini obalaryň we şäherçeleriň, mineral dökünleri öndürýän täze zawodlaryň hem-de ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň gurluşygyna, awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemäge we beýleki işlere has işjeň çekmegi tabşyrdy.
Hususy telekeçiligiň mümkinçilikleri oba hojalyk ulgamynda hem-de azyk önümlerini öndürmekde ähmiýetli orna eýedir. Azyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy hem-de görnüşleriniň köpeldilmegi hojalygy ýöretmegiň bazar gurallarynyň pugtalandyrylýandygynyň, telekeçileriň kuwwatynyň artdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleriniň uzak möhletli ulanmaga berilmegi ekin meýdanlarynyň çägini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, suwdan peýdalanmagyň tehnologiýalaryny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Şu ýylyň alty aýynyň dowamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişini meýilleşdirilen möçberinden üçden bir esseden gowrak artdyrdylar. Telekeçiler ýylyň birinji ýarymynda oba hojalyk önümleriniň jemi 150 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar.
Ýyladyşhanalarda pomidorlaryň we beýleki oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň eksport kuwwaty ep-esli artdy. Häzirki wagtda oba ýerlerinde umumy meýdany 450 gektara barabar bolan ýyladyşhanalaryň 100-den gowragy guruldy we işe girizildi.
Ýyladyşhanalarda öndürilen önümleriň aglabasy daşary ýurtlara iberilýär. Ýaz möwsüminiň dowamynda ýyladyşhana hojalyklary daşary ýurtlara pomidorlaryň dürli görnüşleriniň 50 tonna golaýyny iberdiler. Munuň özi 2020-nji ýylyň dowamynda ugradylandakydan hem köpdür. Ýurdumyzyň eksport edijileri Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryny işjeň özleşdirýärler. Pomidoryň 20 tonna golaýy ilkinji gezek Awstriýa ugradyldy. Ýurdumyzyň gök we bakja önümlerini öndürijileriniň önümleriniň Ýewropanyň ölçeglerine laýyk gelýändigi ykrar edildi. Ýylyň ahyryna çenli Günbataryň ýurtlaryna ter pomidorlaryň ýene-de 60 tonna golaýyny ibermek meýilleşdirilýär.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň iýul aýynda Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde dostlukly ýurda oba hojalyk we senagat önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazanyldy. Şol önümler gaýra goýulman Gyrgyzystana ýetirildi.
Türkmen ekerançylary diňe bir däp bolan gök we dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmeýärler. Telekeçileriň birnäçesi göýül (kapers) ösümligini ýetişdirmäge girişdiler. Birnäçe türkmen kompaniýalary bolsa Uzak Gündogarda we Günorta-Gündogar Aziýada giňden ýaýran pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýärler. Iri ýaprakly agajyň beýikligi 15 — 20 metre çenli ýetýär. Bu agaç alty ýyldan soň dürli maksatlar üçin ulanylýan ýumşak we ýeňil agajyň bir ýarym kub metrine golaýyny taýýarlamaga çig mal bolup hyzmat edýär.
Telekeçiler kärende meýdanlarynyň köp böleginde ýüpekçilikde giňden ulanylýan tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirýärler. Ýüzlerçe gektar meýdanlarda baglar döredilýär.
Ýylyň başyndan bäri içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän haly önümleriniň, döwrebap aýakgaplaryň hem-de dokma önümleriniň öndürilýän möçberi ep-esli artdyryldy.
Döwrebap senagat kärhanalarynyň, önümçilik desgalarynyň döredilmegi, ýerli çig maldan içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir.
Häzirki döwürde innowasion senagaty ösdürmek arkaly önümçiligiň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de sanly ulgama geçilmeginiň hasabyna türkmen ykdysadyýeti okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçileri işewürligiň täze ugurlaryny, şol sanda önüm öndürýän we gaýtadan işleýän pudaklarda hem-de ulag ulgamynda kämil tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen ugurlary işläp taýýarlaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda şu maksatlar bilen sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.
Işewürligiň gazanýan üstünligi we geljekki ösüşleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanylyp geçirilýän pudaklaýyn serginiň meýdançalarynda görkezilýär. Şu ýylyň martynda guralan sergide “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak çäresi möhüm ähmiýete eýe boldy.
Telekeçiler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmek işine işjeň goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçiliklere, ähli pudaklara sanly ulgamlary we tehnologik täzelikleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Söwda-senagat edarasynyň dürli sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň döwrebap senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän düzümleriň diwarlyklary uly orun eýeläp başlady. Sergide görkezilýän, her ýyl 1-nji synp okuwçylaryna gowşurylýan kompýuterleriň, iki sim-kartly öýjükli telefonlaryň, smartfonlaryň, dürli görnüşli monobloklaryň, smart-telewizorlaryň, split-kondisionerleriň, routerleriň hem-de agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerleriň, boýlerleriň we beýleki durmuş tehnikasynyň hem-de ýokary tehnologiýaly elektrik enjamlarynyň diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli 30-31-nji maýda guralan sergä hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilýän şanly senelere gabatlanylyp geçirilen sergi çärelerine işjeň gatnaşandyklaryny bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginiň diňe bir importyň umumy möçberiniň azalmagyna däl, eýsem, uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan ilaty üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz internet arkaly harytlaryň satuwyny artdyrmak, ýurdumyzyň içinde elektron söwdany guramak üçin öz meýdançalarymyzy döretmek, ýurdumyzyň harytlaryny halkara derejede mahabatlandyrylmagyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri öňde goýdy.
Şu ýyl söwda we hyzmatlar ulgamynda işleýän hususy kompaniýalar internet-söwdanyň gerimini ep-esli giňeltdiler. Olar ykjam elektron goşundylaryny döredýärler hem-de öndürilýän harytlary aralykdan ýerlemek üçin meşhur internet-meýdançalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, KERWEN taslamasy barada ýatlatmak ýerlikli bolardy. Munuň özi önüm öndürijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürýän elektron onlaýn söwda ulgamydyr. Ol sanlylaşdyrmak ulgamynda milli syýasatyň wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz telekeçileri maliýe we maddy-enjamlaýyn tarapdan goldamak hem-de söwda ulgamyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz bar bolan önümçiliklerden has netijeli peýdalanmak, içerki bazary harytlar we hyzmatlar bilen doly üpjün etmek üçin täze önümçilikleri döretmek, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmegi, halkara bazarlaryň ýagdaýyny öwrenmegi hem-de olary içgin seljermegi tabşyrdy.
Bu wezipeleri çözmek üçin hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýer böleklerini resmileşdirmek babatda telekeçilere ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, hususy ulgamda ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň sanyny artdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Şu ýyl döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak işi bilen baglylykda, ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýyny artdyrmak boýunça öňegidişlikler gazanyldy. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň döwlet ulgamyna degişli kärhanalaryny azaltmak boýunça wezipeler hormatly Prezidentimiziň umumy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Bu strategiýada bolsa döwlet eýeçiligini yzygiderli hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi hususy işewürligiň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, açyk auksionlar hem-de gazna bazarlary hususylaşdyrmak işiniň esasy gurallary bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa, energetika we düzümleýin ulgamlaryň kärhanalary hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmaga hem-de paýdarlar jemgyýetlerini döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz dünýä bazarlaryndaky nyrhlary seljermegiň hem-de şuny nazara almak bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlara iberýän harytlary babatda nyrh syýasatyny alyp barmagyň, şeýle hem sanly ulgamlaryň kömegi arkaly ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bahalary, hili we beýleki görkezijileri baradaky maglumatlaryň ýerli sarp edijiler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.
Şu we beýleki wezipeleri çözmek üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça geljek bäş ýyl üçin maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwletiň we hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bu işi mundan beýläk-de hukuk taýdan goldamagyň zerurdygyny şertlendirdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy ulgamyň paýynyň artýandygyny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 8-nji iýunda güýje giren “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň ähmiýetini bellemek gerek. Bu Kanun işewürligiň döwlet maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir.
Şu resminama laýyklykda, döwlet-hususy taslamasy amala aşyrylanda, telekeçiler dürli görnüşdäki maliýe goldawyny, şol sanda subsidiýalar, aktiwleriň we emlägiň goýumlary, önümiň, işiň we hyzmatlaryň taslamasyny amala aşyrmak üçin möhüm tölegler görnüşindäki tölegi alyp bilerler.
Telekeçiligi höweslendirmek, onuň ykdysadyýetiň ösmegine, ýurdumyzyň haryt dolanyşygyna we ilatyň iş bilen üpjünçiligine goşýan goşandyny artdyrmak, Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň halkara bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, toparyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümini tassyklady. Bu topar eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmagy hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen döredildi.
Türkmen ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde, ýurdumyzda hojalygy ýöretmegiň bazar gurallarynyň pugtalandyrylýandygynyň, telekeçileriň mümkinçilikleriniň hem-de kuwwatynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36045
Sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň özara baglaşylan halkara-hukuk derejesindäki ikitaraplaýyn resminamalary hemişelik bitaraplyk syýasatynyň hukuk esasy hökmünde çykyş edýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap amala aşyrylýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň BMG derejesinde ykrar edilmegi halkara gatnaşyklar ulgamynda synagdan geçen institutlaryň biri bolan bitaraplygyň taryhynda ilkinji tejribeleriň birine öwrüldi. Geçen döwürde ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm işlere amal edildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika howpsuzlygyny milli, sebit we halkara derejede üpjün etmek üçin zerur bolan mehanizmleri döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi.
Häzirki döwrüň global howpsuzlyk şertlerinde energetika howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolup çykyş edýär. Bu ýöne ýerden däldir. Sebäbi energiýa çeşmeleriniň elýeterliligi, bu ugurda ösen infrastrukturanyň bolmagy, häzirki zaman ykdysadyýetiň ösmegi, halklaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bütin adamzadyň medeni we ruhy taýdan ösmegi üçin maddy binýady döretmegiň esasy faktory bolup durýar. Aslyýetinde, energetika howpsuzlygy global howpsuzlygyň institusional esaslarynyň biri bolup hyzmat edýär.
Global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek giň halkara tagallalar bilen birlikde, döwletler tarapyndan degişli çäreleriň berjaý edilmegine hem baglydyr. Şol sebäpli, bir ýurduň çägindäki energetika howpsuzlygy islendik döwletiň strategik maksady bolup durýar. Energetika howpsuzlygynyň ölçeglerini düzmek we kesgitlemek, şeýle hem howpsuzlygyň wehimlerini hem-de töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak birmeňzeş daşary we içeri syýasaty işläp düzmäge ýardam berýär.
Türkmenistan ähli gyzyklanýan taraplaryň energetika howpsuzlygynyň ygtybarly halkara-hukuk kepilliklerini we berk esaslaryny döretmek boýunça, ilki bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn we netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň tarapynda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň mazmunyny okgunly global ösüşi üpjün etmegiň, dünýäniň energetika giňişliginde ýörelgeleýin täze nusganyň esasy binýady bolmaga gönükdirilen köptaraplaýyn çözgütleri işläp düzmegiň esasy faktory hökmünde kesgitlemegi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şeýle nusganyň esasyna energiýa çeşmelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň utgaşyklylygyna hem-de ylalaşyklylygyna, olaryň geljekki iberiliş ýollary babatda dünýä bileleşiginiň umumy bir netijä gelmäge ukyplylygyna esaslanýan ýörelgeleriň goýulmagy aýratyn bellenmäge degişlidir. Çünki bu çemeleşmede taraplaryň deňhukuklylyk ýörelgesine berk eýerilýändigini görmek bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyndaky çykyşynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara özara hereketleriň mundan beýläk hem ilerlemeginiň konseptual düzgünlerini esaslandyrdy. Şunda energiýa akymlarynyň diwersifikasiýasy, täze, köp görnüşli turbageçirijileri döretmek ilkinji nobatda durýan mesele hökmünde görkezildi. Bu babatda Türkmenistan öz çig mal binýadyna hakyky baha bermäge we ony geljekde ulanmak mümkinçiliklerine esaslanyp, döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz täze, Türkmenistan — Hytaý we Türkmenistan — Eýran gaz geçirijileriniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagyny we ulanmaga berilmegini ynamly deliller hökmünde mysal getirmek bilen, «Biz olara halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga hakyky goşant hökmünde, umumy ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, Aziýa yklymynda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň bütin ulgamyna goşmaça durnuklylygy bermäge ukyply hakyky faktor hökmünde garaýarys» diýip belledi. Energetik triada gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň durmuşa geçmegi syýasy erkiň we köptaraplaýyn oňyn çemeleşmäniň netijesinde mümkindir.
Türkmenistan tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan energiýa strategiýasynda diwersifikasiýa syýasaty möhüm orun eýeleýär. Bitarap Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi hem-de uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna uzak möhletleýin esasda ibermegi guramakda täze mümkinçilikleriň döremegine hem ýardam edýär.
Ýurduň energiýa syýasaty diňe söwda-ykdysady häsiýetli däl-de, eýsem, has giň ölçeglerdäki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şuňa baglylykda ýene-de bir taslamanyň, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy derwaýysdyr. Bu iri taslamanyň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi ähli gatnaşyjy taraplar üçin diýseň bähbitlidir. Sebitiň ykdysadyýetini ýokary galdyrmakda, köp sanly goşmaça iş orunlaryny döretmekde, durmuş infrastrukturasyny döretmekde we gowulandyrmakda, yklymda durnukly syýasy ýagdaýy saklamakda hem-de berkitmede TOPH-nyň köptaraplaýyn ähmiýeti äşgärdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda belleýşi ýaly, häzir dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň dünýä energetikasynyň durnuklylygyna daýanýandygy jedelsiz hakykatdyr. Şonuň üçin hem bu ulgamda özara hyzmatdaşlygyň degerli usullaryny işläp düzmek hem-de ony halkara hukugy arkaly berkitmek möhümdir.
Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36042
Adaty durmuşda dostlaryň başy jem bolanda, ýürekdeş gürrüňdeşlikleriň başlanyşy ýaly, döwletleriň Liderleri duşuşanda-da, millionlarça ýürekleri ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň-da mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny asyrlarboýy dowam etdirip gelýän bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň ykbalynda, sebit hyzmatdaşlygynda täze gözýetimleri, täze mümkinçilikleri açjak sammit boljakdygy ikuçsuzdyr.
Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýän Merkezi Aziýa sebiti uzak geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy mirasy bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetiňdir diniň, özara gyzyklanmalaryň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýan çelgi bolup, hut şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyklarda-da ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar edilmegini şertlendirýär. Şoňa görä-de, käbir taryhçylardyr syýasatşynaslar bu sebit bilen bagly gürrüň edenlerinde, oňa «hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň sungaty» hökmünde baha berýärler.
Hakykatdan-da, goňşuçylykda ýaşamagyň özboluşly nusgasyny kemala getiren Merkezi Aziýa döwletleriniň ykbalyny, sebitiň umumy ösüşini birek-birekden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün sebitiň ýurtlary diňe bir gadyrly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dowam etdirmek bilen çäklenmän, döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryp, dünýäniň häzirki meýillerini nazara almak bilen, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarlar. Şunda özara gyzyklanmalardyr bähbitleriň birligini, baş maksadyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly ýokary derejeli pikir alyşma meýdançasynyň döredilmegi hem açyk we netijeli gepleşikler arkaly hut şu maksada ýetmekde bilelikdäki tagallalara goşmaça itergi bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň taryhy bilen gyzyklanyp, uzaklara nazar salmagyň zerurlygy ýok. Sebit hyzmatdaşlygynyň bu meýdançasy örän ýaş, şol bir wagtda-da netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ony döretmek hakynda ilkinji gezek 2017-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan öňe sürlen teklibiň sebit döwletleri we halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldanylmagy bu ýurtlaryň Baştutanlaryny 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda bolsa Özbegistanda duşurdy. Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçirilen ikinji duşuşygyň Bilelikdäki Beýannamasynda sebitiň bäş döwletiniň Baştutanlary görnüşde ýokary derejedäki geňeşmeleri her ýylda yzygiderli guramagyň zerurdygy beýan edildi. Pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlar bilen baglylykda, sebitiň ýurtlarynyň Prezidentleri iki ýyldan soň, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda netijeli gepleşikleri geçirerler.
Sebit hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilende, daşary syýasatynda ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklary ösdürmäge strategik ugur hökmünde garaýan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iri halkara we sebit guramalarynyň, ýöriteleşdirilen düzümlerdir maksatnamalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekmek zerur. Döwletleri geografik, geosyýasy we ykdysady, maliýe hem-de medeni taýdan birleşdirýän düzümler, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA), Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (CAREC), BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), «Aziýanyň ýüregi — Stambul prosesi»... ýaly hyzmatdaşlyk meýdançalarynda özara gatnaşyklary berkidip, ählumumy syýasy, ykdysady we medeni giňişlige işjeň goşulyşýan Merkezi Aziýa döwletleri dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny hem-de ähmiýetini barha pugtalandyrýar. Dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» (iki gezek), «Merkezi Aziýada durnukly syýahatçylyk we durnukly ösüş» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi bolsa sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň dünýä bileleşiginde ýokary ykrara eýe bolýandygynyň anyk-aýdyň delilidir.
Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa bäşligi» esasy hyzmatdaşlary — Ýewropa Bileleşigi, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özboluşly guralyny kemala getirdi we ony yzygiderli ösdürýär. «Merkezi Aziýa + ...» görnüşdäki duşuşyklar özara gatnaşyklaryň aýry-aýry, has möhüm meseleleri boýunça içgin pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. Sebitleýin hyzmatdaşlykda olaryň ähmiýetiniň barha artýandygyny hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkent sammitinde eden çykyşynda hem aýratyn nygtapdy. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly wekilçiligi has giň düzümleriň gatnaşmagynda geňeşmeleriň üstüniň ýetirilmegi bolsa sebitiň özüne çekijiligini artdyrmakda täze mümkinçilikleri açar. Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen «Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatyň çäklerinde-de «Merkezi Aziýa + ...» görnüşde duşuşyklaryň guralyp, taraplaryň syýasy, söwdaykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny, Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny bellemek möhümdir.
Strategik häsiýetli döwletara gatnaşyklarda-da, sebit hyzmatdaşlygynda-da syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ulag-logistika, howpsuzlyk, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklary ösdürmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň ileri tutýan ugurlary. Suwdan rejeli peýdalanmak, serhetüsti suwlary dolandyrmak, Aral heläkçiliginiň öňüni almak, sebitiň ýakyn goňşusy Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrmak bolsa birleşen tagallalary we anyk çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýän meselelerdir. Şunda sebit döwletleri Milletler Bileleşigi, Araly halas etmegiň halkara gaznasy hem-de iri maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi derwaýys zerurlyk hasaplaýarlar.
Ady agzalan ugurlarda garaşsyz ösüşiň 30 ýylynda anyk ädimler ädilip, doganlyk ýurtlardyr halklaryň bähbidine ençeme tutumly işlerdir taslamalar durmuşa geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Awazada geçiriljek üçünji konsultatiw duşuşygynda-da hut şu we halkara gün tertibiniň beýleki möhüm ugurlary boýunça netijeli gepleşikler geçiriler, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň geljekki mümkinçilikleri kesgitleniler. Munuň özi geçmişde siwilizasiýalaryň sallançagy bolan Merkezi Aziýanyň XXI asyryň täze taryhy şertlerinde hemmetaraplaýyn gülläp ösýän kuwwatly sebit hökmündäki eýeleýän ornuny has-da berkitmekde, onuň ykdysady we adam mümkinçiliklerini tutuş Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşyň berkarar edilmegine gönükdirmekde täze gözýetimlere ýol açar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36043
Aşgabat, 28-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini ýollap, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribä hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda BAE bolan resmi saparynyň çäklerinde uzak möhletleýin esasda ýola goýlan türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň bardygy bellenildi.
Şu ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň BAE bolan iş saparynyň çäklerinde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etdi. Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory bilen bolan duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, BAE-de geçirilen gepleşikler taraplaryň strategik hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny ýene bir ýola tassyklaýar.
Balkan welaýatynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze Halkara howa menziliniň gurluşygyna girişilmegi BAE bilen gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan degişli ylalaşygyň esasynda maliýeleşdirilýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan döwrebap Gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak üçin emirlikler tarapynyň maýa goýum serişdelerini çekmek meýilleşdirilýär.
Bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara alanyňda, energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, öňdebaryjy ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak ýaly möhüm ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň işine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Dubaý şäherinde geçiriljek nobatdaky Bütindünýä “EKSPO” sergisine gatnaşjakdygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameli türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, özüniň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynandyrdy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35873
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz şol gün Awazada 6 sany iri halkara çäräniň, ýagny Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň birinji forumynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň tagamlarynyň sergisiniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçiriljekdigini belledi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi nobatdaky gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň sebitde we dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny hem-de Merkezi Aziýanyň dünýä geosyýasatynda möhüm sebitdigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitdäki hem-de bu sebitiň beýleki ýanaşyk sebitler bilen utgaşygyny ýygjamlatmaga ýardam berýän halkara başlangyçlary we ykdysady taslamalary barada söhbet etmegi makul bildik.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasy döwrüň ählumumy meýillerini çuňňur we toplumlaýyn seljermäge, halkara gatnaşyklar ulgamynda binýatlaýyn garaýyşlaryň, uzak möhletleýin milli bähbitleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan döredijilikli çemeleşmä esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy saklamagyň we berkitmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekýär, bu ugurda sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine, ýurtlaryň gülläp ösmegine, abadançylygyna gönükdirilen umumy maksatlara daýanýan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–— 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda döwletimiziň daşary syýasatynda sebit boýunça goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barmak, ilkinji nobatda ileri tutulýar. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň meselelerini oňyn esasda çözmek, köpçülikleýin hereketleri işjeňleşdirmek, ählumumy ösüşiň giň gerimli işlerine sebitiň çekilmegi boýunça daşary syýasy başlangyçlaryny we tekliplerini yzygiderli öňe sürýär. Muňa, ozaly bilen, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylda geçirilýän mejlislerinde, iri sammitlerde we ýokary derejeli halkara forumlarda edýän çykyşlarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Goňşy döwletleriň arasyndaky oňat gatnaşyklar, bilelikdäki iri ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halkara syýasatyň möhüm meselelerine seredilende ylalaşylan çemeleşmeler tutuş sebitiň halklarynyň we döwletleriniň bähbidine gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda milli bähbitlerimize, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen ähli meselelere özara düşünişmek, bähbitlere hormat goýmak esasynda, netijeli gepleşikler we hyzmatdaşlyk ýoly bilen çemeleşýär. Munuň özi häzirki zaman ýokary tehnologiýaly ulag-aragatnaşyk, energetika infrastrukturasynyň ösmegi bilen uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ählumumy durnukly ösüşi gazanmak ugrunda sebitiň özüne çekijiliginiň artýandygy nukdaýnazaryndan hem örän wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän iri halkara başlangyçlaryň baş maksadynyň Merkezi Aziýa we Hazar basseýniniň sebitlerinde hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek, şeýle-de dawalaryň öňüni almaga, olary gowşatmaga, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy taýdan düzgünleşdirmäge, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermäge işjeň gatnaşmak bolup durýandygy tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa mydama geografik we geosyýasy nukdaýnazardan planetanyň iň özüne çekiji sebitlerinden biri bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky transkontinental geçelgäniň esasy halkasyny emele getirmek bilen Merkezi Aziýa elmydama Ýewraziýa yklymynyň dürli künjeklerinden — Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlaryndan adamlaryň, harytlaryň, pikirleriň birleşýän ýeri hökmünde çykyş edipdir. Şol bir wagtyň özünde sebit dünýäniň iri syýasy merkezleri, şeýle-de medeni-siwilizasion akymlary tarapyndan daşarky täsiriň taryhy we häzirki zaman faktorlarynyň biri-biri bilen baglanyşýan çylşyrymly birleşmesi bolupdy bu, şeýle bolmagynda hem galýar.
Bu, öz gezeginde, Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitlerine Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasy, Ýewropa hem Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaş, yklymyň iri energetika, ulag merkezi hökmünde garalýandygy bilen-de şertlendirilendir. Bu hakykaty nazara almak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak möhletleýin sebitara gatnaşyklara güýçli itergi bermäge ýardam berjek häzirki zaman, utgaşdyrylan ulag-üstaşyr infrastrukturasyny döretmek baradaky pikirleri, başlangyçlary öňe sürýär. Şeýlelik bilen, umuman, gürrüň bu sebiti Ýewropa, Orta we Ýakyn Gündogar bilen birleşdirýän, geljekde oňa Hytaý, Hindistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezleriň goşulmak mümkinçiligini nazara alýan täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň düýbüni tutmak barada barýar.
Şu jähetden, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň geosyýasatyň täsirli guraly hökmündäki barha ýokarlanýan ähmiýeti sebit we sebitara çygyrlarda, onda-da Aziýa yklymynyň merkezindäki giň çägiň dünýä prosesleriniň orbitasyna depginli aralaşýan döwründe aýratyn nazara ilýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy döwletara gepleşikleriň netijeli formatlarynyň biri bolup, olaryň ilkinjisi 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde geçirildi. Sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli formatdaky ikinji sammiti 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirildi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi, şeýle-de konsultatiw duşuşyklaryny guramak we geçirmek boýunça işleriň Reglamenti kabul edildi. Daşkent gepleşikleriniň netijesinde konsultatiw duşuşygyň geçirilmeginiň özara bähbitleriň meňzeşligini, taraplaryň sebit ösüşiniň iň möhüm meseleleri boýunça açyk gepleşiklere, bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine taýýardygyny ýene bir gezek tassyklaýandygy bellendi. Duşuşykda taraplar işjeň alyşmalary we aragatnaşygy saklamak, ylym, bilim, syýahatçylyk, medeniýet, sport ugurlarynda bilelikdäki çäreleri yzygiderli geçirmek barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkent sammitinde eden çykyşynda goňşy döwletleriň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin örän möhüm teklipleri we pikirleri öňe sürdi. Hususan-da, türkmen Lideri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryna ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça sebitiň döwletleriniň birleşdirilen strategiýasyny kemala getirjek esasy dolandyryş merkeziniň wezipesini öz üstüne alyp biljek bäştaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek barada oýlanyşmagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Owganystandaky ylalaşdyrmak işlerine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işleriň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz: «Men Türkmenistanyň bu babatda garaýşyny tassyklaýaryn, ol barada biz ozal hem ençeme gezek beýan edipdik. Bitarap döwlet we ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy usul arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge taýýardyr. Gepleşikleri geçirmek usulynyň taýsyzdygyna ynanýarys. Durmuşyň görkezişi ýaly, bu ýerde güýç ulanmak netijesiz bolup, onuň geljegi ýokdur» diýip, belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyny Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyny biziň ýurdumyzda geçirmek baradaky pikiri goldaýandygyny belledi. 2021-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny Awazada ýokary derejede guramagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Merkezi Aziýa sebiti üçin örän derwaýys meseleleriň biri goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek we kadaly durmuşy ýola goýmak bilen baglydyr. Owgan meselesi boýunça ýurdumyzyň garaýşynyň üýtgewsizdigi barada hormatly Prezidentimiz özüniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde hem aýratyn nygtamak bilen şeýle diýdi: «Merkezi Aziýada parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Owganystandaky ýagdaýlaryň düzgünleşdirilmegine gönüden-göni baglydyr. Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi tutanýerlidir we üýtgewsizdir: gepleşikleri geçirmek arkaly işlerden başga ýollar bolup bilmez. Mundan ozalky tejribeleriň ählisi güýç ulanyş usullarynyň geljeginiň ýokdugyny hem-de ylalaşyga we ýaraşmaga getirip bilmeýändigini görkezdi. Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde biziň ýurdumyz öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr».
Sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Aral deňzini halas etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmelidigine aýratyn ünsi çekdi, munuň özi Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmegiň, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Aral meselesine ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmäniň, degişli resminama-hukuk üpjünçiligiň zerurdygyna hem-de onuň Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn bir ugry hökmünde öňe çykarylmalydygyna ynanýanlygyny yglan etdi. Milli Liderimiz bu meseläniň adam saglygy nukdaýnazaryndan has wajyplygyny nygtamak bilen, şeýle belledi: «Pandemiýa bilen baglylykda ol ýerdäki ýagdaýlar ýitileşip, adamlaryň ömrüne we saglygyna hakyky howp salýar, ýokanjyň giňden we çalt ýaýramak howpy ep-esli ýokarlandy. Şunuň ýaly şertlerde, biz dünýä jemgyýetçiligini Aral we Aralýaka meselelere örän uly üns bermäge çagyrýarys».
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň sebitde suw serişdelerini gorap saklamak, olary rejeli ulanmak boýunça anyk ýollara, usullara bilelikde garamagyň, suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmek ýörelgeleri esasynda tagallalary birleşdirmegiň ýene bir tapgyryna öwrüljekdigine hem garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2-nji duşuşygynyň münberinden eden çykyşynyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýanlygyny bellemek ýerlikli bolar: «Biz suwdan peýdalanmak meselesine garamagy we ony çözmegi halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň esasynda hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylmaly diýip hasaplaýarys».
Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa sebitine dahylly halkara gatnaşyklaryň «arhitekturasyna» täzeçil çemeleşmegi teklip etmek bilen öňe sürýän başlangyçlary, ozaly bilen, bu ýerde ýerleşen döwletleriň tebigy we çig mal gorlaryny özara ylalaşykly ulanmagyň, etniki esasda döreýän we neşe serişdeleri bilen baglanyşykly transserhet jenaýatçylygynyň öňüni almagyň, amatly halkara ykdysady taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna sebitiň ykdysady ösüş derejesi birmeňzeş bolmadyk ýurtlarynyň özara ykdysady integrasiýasyny güýçlendirmegiň mehanizmini işläp düzmekligiň zerurlygyndan gelip çykýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görýär. Onuň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen meseleleriň giň toplumyna garalmagyna garaşylýar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35871
Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwrebap tehnologiýalary hem-de usullary ulanmak arkaly çig nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, nebit guýularyny abatlamak, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara üznüksiz iberilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak hem-de sarp edijileriň bu önüm bilen ygtybarly üpjün edilmegini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýerasty gaz saklawhanalarynyň gurluşygynyň meselelerine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.
Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan geologiýa-gözleg hem-de buraw işleriniň, şol sanda Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka zolaklarynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe iri nebitgaz kompaniýalaryny hem-de maýadarlaryny çekmegiň zerurdygyny belläp, iki aý möhletde bu barada degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.
Amatly maýa goýum ýagdaýyny we işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin zerur şertleri döredýän Türkmenistan energetika pudagynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berýär. Nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem maýa düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan bähbitliligi, durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň nebitgaz pudagyndaky netijeli gatnaşyklaryň milli bähbitlere we iki dostlukly döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk derejede ösdürilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu ugurda köpýyllyk bilelikdäki işleriň netijeleri boýunça oňyn tejribe toplandy. “Mawy ýangyjy” dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmaga we gaz senagatynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar munuň aýdyň netijesidir. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi bar. Onda Ýewropanyň we Aziýanyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, Amyderýanyň kenaryndaky känleri özleşdirmek meseleleri öz beýanyny tapdy.
Hytaý kompaniýasynyň dünýäniň iri “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Bu käniň açylmagy ýurdumyzyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki derejesini pugtalandyrdy. Mundan başga-da, Hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, bu geljegi uly käni ulanyşa girizmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek üçin Hytaýyň Döwlet ösüş banky “Türkmengaz” döwlet konsernine karz serişdelerini berdi. Häzirki döwürde karz alnan maliýe serişdeleri doly yzyna gaýtaryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şunuň bilen baglylykda belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan durnukly ösüş depginlerini we maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklaýar. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Amala aşyrylýan özgertmeler ähli gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda ýola goýulýan gatnaşyklar özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.
Tebigy gazyň ykrar edilýän gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” eksport edýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Amatly geosyýasy ýagdaýy we uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyz dürli ugurlarda, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlary boýunça gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýa — Hytaý ugrunyň çig malynyň binýady we halkara ugrunyň düzümleri berkidilýär. Täze gaz känleri “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilýär. Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerinde Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bu kände gözleg işlerini alyp barýar we ony döwrebaplaşdyrýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda “Malaý” ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň HHR-e uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädime öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energetika magistraly diňe bir türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşi, parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi üçin kuwwatly binýatdyr.
Hazaryň türkmen böleginiň we onuň kenar ýakalarynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň we oňa daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Bu ýerde BAE-niň “Dragon Oil”, Malaýziýanyň “Petronas”, Italiýanyň “Eni” ýaly dünýä belli kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk esasynda işleýärler.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Hazar sebitiniň energetika mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Şu günler Aşgabatda türkmen-azerbaýjan iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Onda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garalýar.
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyş derejesini saklamak netijeli tehnologiýalary we känleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň bilen geçen ýyl «Goturdepe» ýatagynda nebit çykarylyşyny artdyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça serwis hyzmatlarynyň berilmegini öz içine alýan goşmaça ylalaşyk gazanyldy. Şeýlelikde, ozal hereket edýän şertnama 2028-nji ýyla çenli uzaldyldy. Maýa goýumlary gaýtarmak täzeden dikeldilen guýulardan alynýan goşmaça nebitiň hasabyna amala aşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda nebithimiýa, himiýa we elektroenergetika pudagyna degişli uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işleýän häzirki zaman senagat toplumlary guruldy.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin önümçiligi boýunça gurnama, ýokary dykyzlygy bolan polietilen we dürli görnüşli polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji kärhana Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda gurlup ulanmaga berildi. Bu kärhanalaryň önümlerine bolan isleg artýar we olaryň eksport ugurlary giňelýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýändigini bellemek gerek. Bu toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi öndürilýär. Toplumda ýokary oktanly etilirlenmedik awtomobil we uçar ýangyjy, yşyk we tehniki kerosin, suwuklandyrylan nebit gazy, dizel ýangyçlaryň birnäçe görnüşleri, çalgy ýaglar, polipropilen we elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy öndürilýär.
Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslama we gudrony arassalaýan täze gurnama ornaşdyrylýar. Munuň özi nebitiň düýpli gaýtadan işlenýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, taslama kuwwaty sagatda 70 megawat bolan iki sany turbinaly energobloguň gurluşygy alnyp barylýar. Ol hereket edýän we täze gurulýan desgalaryň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini ýola goýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda 20 — 25 we 30 mikrometr galyňlygy bolan gaplama plýonkalaryň, süýji-köke gaplanylýan dürli galyňlykdaky polipropilen plýonkalaryň önümçiligi ýola goýlar. Plýonkalaryň bu görnüşleriniň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Olar içerki we daşarky bazarlara ugradylar.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutanyň, metanolyň we beýlekileriň önümçiligi boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýan wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion ulgamyny ösdürmäge we eksportyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň açyklyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly maýa goýum ýagdaýy dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35872