Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Wise-prezidenti Anna Býerde hem-de Bankyň sebitleýin Merkezi üçin Aziýa direktory Tatýana Proskurýakowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi we oňa ministrligiň degişli wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady Türkmenistan bilen Bütindünýä Bankynyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän maksatnamalar we taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz tarapyndan Bütindünýä bankynyň toparyna ýurdumyz bilen Bütindünýä Bankynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Bütindünýä banky bilen birnäçe taslamalary taýýarlamak boýunça, şol sanda karz serişdelerini maliýeleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bolup durýandygy duşuşykda bellenilip geçildi.

Mundan başga-da ministr Muhammetgeldi Serdarow, ýurdumyzyň Bütindünýä banky bilen özara ileri tutulýan ugurlar boýunça degişli taslamalary babatynda, bankyň hünärmenleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy barada aýtdy.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Wise-prezidenti Anna Býerde, öz gezeginde soňky wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigini belläp, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk babatynda göz öňünde tutulýan taslamalar boýunça işleriň has-da uly depginlerde amala aşyryljakdygyny nygtady.Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi