2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ozan Sewimliniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga ministrlgiň degişli wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň maksady, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ozan Sewimliniň täze wezipä bellenmegi bilen baglylykda ministr Muhammetgeldi Serdarow bilen tanyşmakdan hem-de Türkmenistan bilen Bütindünýä Bankynyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän maksatnamalar we taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň başynda, ministr Muhammetgeldi Serdarow, ýurdumyz bilen Bütindünýä Bankynyň arasyndaky alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Ozan Sewimlini täze wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň Bütindünýä banky bilen amala aşyrylýan birnäçe taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan we möhüm bolup durýan ugurlary barada bellenilip geçildi.Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ozan Sewimli, öz gezeginde, ýurdumyz bilen Bankyň arasynda häzirki wagtda hereket edýän taslamalaryň durmuşa geçirilişine ýokary baha berip, mundan beýläkde hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini giňeltmekde öz tarapyndan goldaw berjekdigini nygtady. Mundan başga-da, Bankyň hem bu özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmek üçin ileri tutýan ugurlary boýunça garaýyşlary we meýilleri barada gürrüň berdi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi