Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halk baradaky alada

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýubileý ýylynyň dokuz aýynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy. Bu çözgüt Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini belledi. Bu bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidir, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidir. Sebäbi biziň esasy syýasatymyz — «Döwlet adam üçindir!» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu çözgütler türkmenistanlylaryň ählisini Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrdy hem-de adam baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň we halkymyzyň kuwwatly döredijilik mümkinçiliklerine daýanmak bilen, berkarar döwletimizi beýik geljege ynamly öňe alyp barýar, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ilkinji nobatda bolsa, türkmenistanlylaryň parahat, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça kabul edilen milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine baha bermek bilen, ýetilen sepgitleriň koronawirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine ýetiren oňaýsyz täsiri zerarly ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini aýdyň görkezýär diýip belledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga gönükdirilen halkymyzyň döredijilikli zähmeti ägirt uly üstünliklere beslendi, ýubileý ýylynda ýokary ykdysady görkezijilere ýetildi.

Şeýle tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň 6,2 göterim möçberde ýokary ösüş depginini saklap galmak başartdy. Daşary haryt dolanyşygy 12,3 göterim artdy we 9 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak boldy.

Eksportyň möçberi hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterime golaý artdy we ABŞ-nyň 6 milliard dollaryna golaý boldy. Iň esasy zat bolsa, eksportyň möçberi, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda 50 göterime golaý artdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz bolsa ýurdumyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Prezident Maksatnamasy esasynda, häzirki döwürde ozalkysy ýaly, durmuş meselelerini çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we işläp gelýänleriniň durkuny täzelemäge ägirt uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Iri halkara hem-de içerki taslamalar amala aşyrylýar. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, esasy gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini gurmak, şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiz hem netije berip başlady. Şu ýyl gallanyň gowy hasyly ýygnaldy. Nesip bolsa, Hasyl toýuna çenli pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk hem ýerine ýetiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge telekeçilerimiz hem saldamly goşant goşýarlar. Olar dürli pudaklarda işlemek bilen, hili daşary ýurt kompaniýalarynyňkydan birjik-de pes bolmadyk, has çylşyrymly we uly taslamalary amala aşyrýarlar.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem özgertmeler üstünlikli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň hem-de eksport ugurly harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak, dürli pudaklarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak meselelerini ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly dowam etmeli. Şeýle hem öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de olary daşarky bazara çykarmagyň ýollaryny giňeltmek gerek. Mundan başga-da, 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny işläp taýýarlamaga hem-de tassyklamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

2022-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwy döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi hem-de abadançylygy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer. Ministrler Kabinetiniň 1-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak çäräniň “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygaryny we Döwlet baýdagyny, “Ak öý” binasyny, türkmen halysynyň göllerini hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan “2022” sany şekillendirilen nyşany makullap, oňa halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlanmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öňde boljak çäre Türkmenistany ösdürmegiň döwlet, sebit we pudaklaýyn maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, Döwlet býujetini taýýarlamak üçin ygtybarly statistika maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de ýaşaýyş jaý syýasatyny netijeli alyp barmak maksady bilen guralar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin, ýetilen sepgitler bilen kanagatlanmaly däldiris. Öňde çynlakaý çemeleşmeleri we öňdengörüjilikli çözgütleri talap edýän täze, jogapkärli wezipeler durýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiniň baş maksadyny eziz halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy hakyndaky alada diýip yglan etdi. Milli Liderimiz ösüşiň täze giňişliklerini açyp, bu aýdyň ýoly möhüm hem-de uly üstünliklere besläp, Türkmenistany belent maksada tarap ynamly öňe alyp barýar.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43023