Новости
Günbatar sebitde döwrebap ulag düzümi döredilýär

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň çägindäki Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň üstüni ýetiren waka boldy. Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da artdyrjak bu täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşan balkanly ildeşlerimiziň käbiri ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy. 

                                                                   

 Hangeldi KERIMOW,
Balkan Awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň başlygy:
 

                                                                   

— Täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda merdana halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda goňşy we beýleki halklar bilen söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli alyp barypdyr. Netijeli özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bolsa belli bir derejede çar tarapa uzaýan ýollaryň ygtybarlylygyna, asudalygyna we howpsuzlygyna baglydyr. Türkmenistan hut şeýle ýollar bilen taryhyň ähli döwürlerinde-de uly abraýdan peýdalanypdyr. Ýurdumyzda awtomobil, howa, deňiz we demir ýollarynyň gurluşyklarynyň ençemesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Soňky ýyllarda şäherara, etrabara, şonuň bilen birlikde-de, halkara awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri täzeden gurlup, ozaldan hereket edýänleriniň durky döwrebaplaşdyryldy. Arkadagly Serdarymyzyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň gurluşygyna badalga bermegi bolsa bu sogaply işiň üstünlikli dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Türkmenbaşy şäherinden goňşy Gazagystanyň serhedine çenli uzap gidýän bu ýol diňe bir içerki däl, eýsem, halkara ulag gatnawlary üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklar üpjün edilen şeýle iri desganyň gurluşygyna badalga beren hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok. Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 Toýly GURBANGELDIÝEW,
«Garabogazkarbamid» zawodynyň taýýar önümi satmak bölüminiň esasy hünärmeni:
 

                                                                   

— Hazaryň türkmen kenary Garaşsyz döwletimiziň, şol sanda tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine önjeýli goşant goşýan möhüm künjekleriň biridir. Kenarýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolsa ýükleri üstaşyr geçirmekde, daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda wajyp orun eýeleýär. Aslynda, Türkmenbaşy şäherindäki ulag düzümleri Ýewraziýa ugurlary boýunça logistik merkez bolup durýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Garabogazdaky karbamid zawodynda we Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda taýýarlanylýan ýokary hilli önümler şu düzümler arkaly daşarky bazarlara ugradylýar. Şeýle möhüm işleri bökdençsiz we ygtybarly amala aşyrmak üçin bolsa, ilkinji nobatda, ygtybarly deňiz, howa, awtomobil, demir ýollary gerek. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda düýbi tutulan täze köpriniň gurluşygy şu işleriň çözgüdini tapmaga örän oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy biziň kärhanamyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň her ýylda öndürýän önümimiziň üçden bir bölegi ýük göterijiligi 11 tonnadan 20 tonna çenli bolan ýöriteleşdirilen awtoulaglar arkaly Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we demir ýol menziline daşalyp, içerki hem daşarky sarp edijilere ugradylýar. Bizde her günde taýýar önümiň bäş ýüz tonnadan müň tonna çenlisini awtoulaglar arkaly ugratmaga mümkinçilik bar. Diňe şu ýylyň geçen 7 aýynda kärhanamyz boýunça taýýarlanan 669 müň tonna çemesi taýýar önümiň 205 müň tonna golaýy awtomobil ulaglary arkaly degişli ýerlere ýetirildi. 

                                                                   

Täze awtomobil köprüsiniň işe girizilmegi bilen, awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygy üpjün ediler. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun! 

 Amangeldi REJEBOW,
Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy:
 

                                                                   

— Arkadagly Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna girişilmegi döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň barha pugtalanýandygyndan habar berýär. Ýol çekmek, köpri gurmak iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze guruljak desganyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşyp, bu taslama badalga bermegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga goşant bolar. 

                                                                   

Halkymyzy täze belentliklere tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan işlerine buýsanjymyz günsaýyn goşalanýar. Awgust aýynyň başyndan bäri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze «Rowaç» täze kottejler toplumynyň ulanyşa berilmegi, Esenguluda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň işläp başlamagy welaýatyň ýaşaýjylarynyň uly bagtdan paýlydygynyň güwäsine öwrüldi. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga geleninde, biz — ýaşulular bilen saglyk-amanlyk soraşyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da berkitmegiň hatyrasyna döwlet derejesinde bitiriljek işler barada gürrüň berdi. Halkymyzyň bähbidine gönükdiriljek şeýle tutumly işler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygynyň nyşanydyr. 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

09.08.2022
Geljege köprüler gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy 

                                                                   

 Garabogaz, 8-nji awgust (TDH). Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna goşulyşmagy, häzirki zaman ölçeglerine gabat gelýän, ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzümiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurulmagy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. 

 Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şanly waka mynasybetli ýörite gurnalan bina barýar hem-de awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşýar. Bu ýerde Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpriniň gurluşygynda ulanyljak kuwwatly tehnikalary-da görmek bolýar. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza ýolgurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de şekil taslamalarynyň üsti bilen Diýarymyzyň halkara ulag geçelgeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmek, ýurdumyzyň yklymyň wajyp üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr gatnawlaryň işjeňleşmegine, şunuň bilen birlikde, eksport-import amallarynyň döwrüň talaplaryna laýyk amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. 

                                                                   

Bu ýerde goýlan şekil taslamalaryndan, kartalardan we çyzgylardan görnüşi ýaly, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpriniň gurulmagy Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň halkara derejedäki ähmiýetini artdyrar. Bu taslamany amala aşyrmak Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine ynanyldy. 

                                                                   

Şekil taslamalarynda potratçynyň täze köpriniň gurluşygynda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy görkezilýär. Aýratyn-da, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ugurdaş desgalar barada hasabat berildi. Şolaryň hatarynda sürüjiler we ýolagçylar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri, myhmanhana, tehniki hyzmat ediş merkezleri, awtobus duralgalary, ulaglaryň agramyna hem-de ölçegine gözegçilik etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam, yşyklandyryjylaryň, ýol belgileriniň görnüşleri bar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidýär. 

                                                                   

Içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen birlikde, ýük hem-de ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleriň döredilmegine ýardam berýän täze halkara ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegi Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şu maksat bilen, demir ýol, howa hem-de deňiz ýollary bilen bir hatarda, awtomobil ýollarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar we täze ýollary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek meýilleşdirildi. 

                                                                   

Wise-premýer Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň döwrüň talabyna kybap derejede ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda sazlaşykly işleriň üpjün ediljekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze köpriniň Demirgazyk — Günorta ugrunyň möhüm bölegine öwrüljekdigini, onuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli boljakdygyny belläp, gurluşyklaryň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy möhüm talapdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli gurluşyklaryň kesgitlenen möhletde tamamlanmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip nygtady we wise-premýere işleriň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna girdi hem-de özi üçin ýörite bellenilen ýere geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu günki wakanyň — ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ýene bir möhüm ähmiýetli desga bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagynyň taryhy ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny ýokarlandyrmak, yzygiderli ösdürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň döwrebap ulgamy döredilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Amala aşyrylýan iri taslamalar ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda onuň täzeçil esasda dikeldilmeginde wajyp orun eýeleýär. Ady rowaýata öwrülen bu ýoluň täze görnüşi sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parasatly pederlerimiziň ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrendiklerini aýtdy we bu gün ýol-ulag düzüminde amala aşyrylýan giň gerimli işleriň şu sogaply ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýändigini nygtady. 

                                                                   

Häzirki zamanyň barha ösýän talaplaryny nazara almak bilen, Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze, döwrebap awtomobil köprüsini gurmak maksadalaýyk hasaplandy. Şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolan, ikitaraplaýyn gatnawly awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

 Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar. 

                                                                   

Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Bu köpri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu desganyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, täze köpriniň ýurdumyza dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmak, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin amatly şertleri döretjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, Diýarymyzda awtomobil ýollaryny gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Bu giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy Ýewropadan Merkezi Aziýa, Merkezi Aziýadan Ýewropa çenli ýükleri we ýolagçylary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üznüksiz gatnatmaga has amatly şertleri üpjün eder. 

                                                                   

Deňiz ýakasynyň hem-de Garabogazkölüň baý tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, bu ýerleriň geografik ýagdaýlaryny öwrenip, netijeli ulanmaga ýardam berer. Şeýle-de syýahatçylaryň Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen şypahana-dynç alyş desgalarynyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik döreder. 

                                                                   

Bu taslamanyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge oňyn täsirini ýetirjekdigine pugta ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze, döwrebap köpriniň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko söz berilýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýolgurluşyk ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýa Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak ynanyldy. 

                                                                   

“Altkom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, düzümleýin desganyň gurluşygyna — Garabogazkölüň üstünden geçýän awtomobil ýolunyň ugry boýunça Gazagystanyň serhedine çenli barýan iki zolakly awtomobil köprüsiniň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli geçirilýän dabara bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

A.Tislenko deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açyk bolan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna “Altkom” kompaniýasyna bildirilen ynam hem-de berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dostlukly ýurduň geljekki ykdysady ösüşine goşant goşmagyň, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümini döretmäge ýardam bermegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady. 

                                                                   

Daşary ýurt kompaniýasynyň ýolbaşçysy ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň daýanjy diýlip ykrar edilen ajaýyp ýurt hasaplanýan Türkmenistan bilen 2009-njy ýylda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň taryhy barada aýdyp, şu ýyllaryň içinde Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň, Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsiniň, Kerki — Kerkiçi awtomobil köprüsiniň, degişlilikde, Kerki — Ymamnazar ugry boýunça iki demir ýol köprüsiniň, Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluşyklarynyň taslamalaryny durmuşa geçirendiklerini belledi. 

                                                                   

Kompaniýanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň sebit we halkara derejede abraýly döwleti kemala getirmekde ägirt uly üstünlikleri gazanmakda öňdengörüjiligini belläp, ýurdumyza gysga wagtyň içinde iri üstaşyr ulag merkezine öwrülmegiň başardandygyny aýtdy. 

                                                                   

Bu gün Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny — asyrlaryň jümmüşine uzaýan ýollary işjeň we üstünlikli gaýtadan dikeltmegi dowam edýär, sebitde düzümleriň özara baglanyşyklylygy, häzirki zaman awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ugurlary görnüşindäki serhetüsti ulag geçelgeleriniň gurluşygy boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

A.Tislenko Türkmenistanyň we türkmen halkynyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli işlere gönüden-göni gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de dabara gatnaşyjylara nobatdaky möhüm düzümleýin desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. Ol täze awtomobil köprüsiniň tehniki häsiýetnamalary hem-de ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, goňşy ýurtlar bilen üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bu desganyň ägirt uly ähmiýeti barada maglumat berýär. 

 Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti iki ýylyň dowamynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden häzirki zaman awtomobil köprüsini hem-de oňa eltiji ýollary gurar. Iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň umumy uzynlygy 354 metre, ini 21 metre deňdir. 

                                                                   

Şu gün düýbi tutulýan köpri durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň bir bölegi bolar. 

                                                                   

Ulag-kommunikasiýa ulgamy häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň hem-de söwdasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna, deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, şeýle-de ol durnukly ösüş wezipelerini çözmekde uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatynyň doly peýdalanylmagyna, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen bu taslama ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da gönüden-göni ýardam berer. 

                                                                   

Wideofilme tomaşa edilenden soňra, ýaşajyk nesliň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdan täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna ak pata bermegini hem-de şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş edýärler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgysyny ýörite guta ýerleşdirýär. Soňra hormatly Prezidentimiz köpriniň düýbüniň tutuljak ýerine barýar. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli lybasly çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Olar täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak haýyşy bilen ýüzlenýärler. 

                                                                   

 Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär. 

                                                                   

Ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobil köprüsiniň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenip ýadygärlik ýazgy ýazylan gutyny goýberýär hem-de desganyň binýadyna pil bilen beton erginini guýup, gurluşyga badalga berýär. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryp, olar bilen ýadygärlik surata düşýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soňra, hemmeleri şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlaýar we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugraýar.

09.08.2022
Maýa goýum — ykdysady rowaçlygyň kepili

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň netijesinde milli ykdysadyýetimiz kuwwatlanýar. Sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly ösüşi ýola goýulýar. Ýurt möçberinde her ýyl maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, wezipeler kesgitlenende, önümçilikde we durmuş ulgamynda göz öňünde tutulýan sepgitler anyklaşdyrylýar. Makroykdysady görkezijileri ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha gowulandyrmakda öňegidişlikler gazanylýar. 

                                                                   

«Daşary ykdysady iş hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary maýa goýum syýasatynyň kanuny ulgamyny emele getirmek bilen, birnäçe möhüm kadalary özünde jemleýär. Türkmenistan özüniň milli bähbitlerini baglaşylýan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň esasynda, halkara ykdysady gatnaşyklaryň düzgünlerine laýyklykda gorap saklaýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, telekeçilik işiniň hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum edilip goýulýan, şonuň netijesinde hem peýda (girdeji) alynýan ýa-da durmuşy netije gazanylýan emläk we intellektual gymmatlyklaryň hemme görnüşi maýa goýumlar diýlip hasaplanýar. Şeýle görnüşli gymmatlyklara pul serişdeleri, belli maksat üçin niýetlenen bank goýumlary, paýlar, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar; gozgalýan we gozgalmaýan emläk (jaýlar, desgalar, enjamlar hem-de beýleki maddy gymmatlyklar); awtorlyk hukugyndan gelip çykýan emläk hukugy, «nou-hau» tejribesi (guramaçylyk, ylmy-tehniki, tehnologik, täjirçilik bilimleri) hem-de beýleki intellektual gymmatlyklar; ýerden hem-de beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmak hukugy, emläk hukuklary; beýleki gymmatlyklar degişlidir. 

                                                                   

Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa goýumlar görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Başgaça aýdylanda, maýa goýum işi diýlende, döwletiň, şahsyýetiň we ýuridik taraplaryň maýa goýumlary durmuşa geçirmek barada edýän amaly hereketleriniň tutuş jemine düşünilýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen baş maksatlara ýetmekde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulmagy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 36,1 milliard manada barabardyr. Onuň 60,2 göterimini önümçilige, 39,8 göterimini bolsa durmuş-medeni maksatlara gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidýär, milli manadymyzyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmäge, eksporty artdyrmaga, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam berer. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan önjeýli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu maliýe edarasy halkara maýa bazarynda ýurdumyzyň resmi wekili bolup çykyş edýär. Strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek bankyň alyp barýan işleriniň biridir. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky abraýly halkara maliýe guramalary, ösüş banklary, eksport-karz agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça bank tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli işler amala aşyrylýar. Daşary ýurtly maýadarlar bilen ylalaşykly görnüşler — şertnamalar, önümi paýlaşmak hakynda şertnama, hyzmat ediş şertnamalary, halkara karz pul berilmeleri, bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy usullary bolup durýar. 

                                                                   

Maýa goýumyň ykdysady ösüşde we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda esasy orun tutýandygy äşgärdir. Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýeti ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan durnukly hem-de netijeli maýa goýum ulgamyny döretmegi başardy. Ýurdumyzyň ähli ulgamy boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanýandygyny we girdejileriň barha artýandygyny bellemek gerek. Muny «Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň Türkmenistana beren ýokary bahasy hem tassyklaýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň esasynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Bu paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzda maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüş derejesini ýokarlandyrmaga öz täsirini ýetirer. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

09.08.2022
Toý saçaklarynyň bezegi

Türkmen telekeçileri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, döwrebap önümçilikleri ýola goýup, täze iş orunlaryny döretmek wezipesine örän jogapkärli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Begmyrat Işanowyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän, «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän kärhanasy-da şeýle kärhanalaryň biri bolup, onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar.  

                                                                   

Işewürlikde uly tejribesi bolan telekeçiniň konditer kärhanasy ýurdumyzda döredilen döwlete dahylsyz düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde ýokary hilli süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşi öndürilip, owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýar we elýeterli nyrhlar bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ugradylýar.  

                                                                   

Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 5 müň tonna süýji önümlerini öndürmäge niýetlenilendir. Bu ýerde haryt nyşany bilen süýji önümleriniň dürli görnüşi öndürilýär. Dürli agramdaky tagamly önümleri «Garagum», «Ýyldyz», «Aýazbaba», «Ülje», «Keýik», «Maýa», «Täç», «Aýly agşam» ýaly milli nyşanlar bezeýär. Ýakynda kärhanada «Çopantelpek», «Taýçanak» atly süýji önümleriniň täze görnüşleri hem öndürilip başlandy.  

                                                                   

«Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasynyň edara binasynyň we önümçilik sehleriniň bir binada ýerleşmegi işleriň alnyp barlyşyny ýeňilleşdirýär.  

                                                                   

Önümçilik sehlerine Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Häzirki wagtda kärhanada her çalşykda 30-a golaý işgär zähmet çekýär. Kärhanada işçi-hünärmenleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertler döredilipdir. 

                                                                   

Kärhananyň işgärleri öndürýän süýji önümleriniň görnüşlerini has-da köpeltmegi, möçberlerini artdyrmagy hem-de ýokary hilli önümleri öndürip, ilata amatly bahalardan hödürlemegi maksat edinýärler. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri hususy ulgamyň ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.  

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW.

                       

Türkmen döwlet medeniýet instituty.

08.08.2022
Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty artýar

Aşgabatda halkara sergi we maslahat geçirildi 

                                                                   

 6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilikli, ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen öňe barýan döwletimiziň bu ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňişleýin beýan etdi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler geçirildi, zähmetiň öňdebaryjylary sylaglanyldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

                                                                   

Ägirt uly serişde ekologik taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary hilli önümleriň önümçiligi hem-de olaryň halkara ülňüleriň talaplaryna doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň daşary ýurtlarda uly abraýyny üpjün edýär. Kuwwatly önümçilik düzüminiň döredilmegini, ýerli çig mal serişdeleriniň we tebigy baýlyklaryň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberleriniňdir görnüşleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Olar ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de daşary ýurt kompaniýalary we maýa goýumlar üçin açyk bolan bazarymyzda öz orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar. 

                                                                   

Bu gezekki halkara serginiň hem-de maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermekden, döwletimiziň haryt öndürijileriniň ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri, daşary ýurtly gatnaşyjylaryň häzirki zaman enjamlary, täze tehnikalary, hyzmatlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar. 

                                                                   

Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gurluşyk, senagat we energetika ulgamlarynda hem ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýär. 

                                                                   

“Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Pudaga häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar. Şeýle-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmakda hem-de özara bähbitli taslamalary amala aşyrmakda şunuň ýaly halkara sergileriň we ylmy maslahatlaryň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. 

                                                                   

Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Döwlet maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän sergi bölümleri ýerleşdirildi. Onuň çäklerinde gurluşyk, senagat we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, elektroenergetika, himiýa senagaty, gaz hem-de nebithimiýa, ýol gurluşygy ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan işler görkezildi. Ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekde özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligi aýdyň beýanyny tapdy. 

                                                                   

Sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şol önümleriň hatarynda dürli ölçegdäki turbalar, kerpiçler, demirbeton önümleri, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çagyl, penopolistirol, keramzit, emulsiýalaryň we boýaglaryň dürli görnüşleri, elektrik kabeller, kafel, gury gurluşyk garyndylary, “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň dürli görnüşli aýnalary, ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlar bar. 

                                                                   

Sergi bölümlerinde görkezilýän wideoşekillerde gurluşyk önümçiliginiň täze önümleri we tehnologiýalary, awtomatik ulgamlar, gurluşyk serişdelerini öndürýän kiçi zawodlar, suw sorujylar hem-de suw arassalaýjy enjamlar, panel we diwarlyk bloklary, alýumin, plastik germewler, santehniki we bezeg serişdeleri mahabatlandyryldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “General Electric”, “Gap Inşaat”, “KSB”, “Rönesans”, “Sumitomo Corporation”, “Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalyk Enerji”, “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi hem-de beýlekiler gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalary görkezdiler. Sergide suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ugurlaryna möhüm orun berlipdir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň barha artmagyny we ýerli çig mal serişdeleriniň binýadynda onuň önümçiliginiň ösdürilmegini talap edýär. Häzirki wagtda munuň özi milli ykdysadyýetimizi dünýä ylmynyň we tejribesiniň ýokary gazananlaryna laýyklykda senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Täze binagärlik taslamalary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde edara toplumlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri görkezildi. Sergi diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, şäher ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem gyzykly boldy. Munuň özi ýurdumyzyň geljekki ösüşine nazar aýlamaga, şäherlerimiziň, obalarymyzyň ýakyn geljekde nähili keşbe eýe boljakdygy barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Aýratyn-da, gurluşyk pudagynda işleýän hususyýetçileriň bölümleriniň ýany köp adamly boldy. Olar soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi bilen, telekeçilik işi gurluşyk senagatynda netijeli ugurlaryň birine öwrüldi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz “akylly” şäher» we “akylly öý» taslamalaryny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalary netijeli ulanmak arkaly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, sergide “Aşgabat-siti” taslamasynyň binagärlik şekillerine aýratyn orun berildi. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän bu iri möçberli ýaşaýyş toplumynyň taslamasy “akylly şäher» konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň beýany bolar. Bu täze şäheriň durmuş ulgamynyň esasyna dolandyryşyň sanly, robotlaşdyrylan we intellektual mümkinçilikleri binýat hökmünde goýuldy.  

                                                                   

Gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine giň möçberli maksatnamalarda, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” wajyp ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň döredijilik ruhuny alamatlandyrýan täze obalar gurulýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň batly depginlerde dowam edýän gurluşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Bu gün ýerli kompaniýalar gurluşyk we taslamalary taýýarlamak ulgamynda häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler we şolardan netijeli peýdalanýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň hususy kärhanalary hil babatda halkara ülňülere doly laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular. Munuň şeýledigini ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem aýdyňlygy bilen subut etdi. Onda turbalaryň, kabelleriň, asma petikleriň, penjireler we gapylar üçin niýetlenen önümleriň, polietilenden, polipropilenden jemagat hojalygynda, gurluşyk önümçiliginde giňden ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. 

                                                                   

“Ajaýyp gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Ugurly ýol”, “Ak bulut”, “Berk menzil», “Sapaly jaý”, “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Weli gurluşyk”, “Kämil ymarat” we beýleki kärhanalar gurluşyk pudagynda hususyýetçiligiň mümkinçiliklerini görkezdiler. Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän bölümler uly gyzyklanma döretdi. Onda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň uly ýollarynyň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklary barada gürrüň berildi. 

                                                                   

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bölüminde oturdylan monitorlarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly we soňky ýyllarda ýol-ulag düzümine degişli taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan gurluşyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Onda ýerleri demrikdiriji, tekizleýji, gazyjy tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň işiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy hakynda gürrüň berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýolgurluşyk maksatnamasynyň, aýratyn-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine we Watanymyzyň sebitara, halkara multimodal gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny, geoykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam berer. 

                                                                   

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işleri özara baglanyşykly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Munuň özi ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin dürli görnüşli dökünleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak pudagyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we beýleki çig mallaryň ägirt uly gorlary, ony gaýtadan işlemek hem-de önümleri taýýarlamak boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mineral dökünleriň öndürilýän mukdarynyň, görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berdi. 

                                                                   

“Garabogazkarbamid” zawodynyň önümlerine ýurdumyzyň hünärmenleri we daşary ýurtly bilermenler tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Garabogazköl aýlagy dünýäde iň seýrek duş gelýän künjekleriň biri bolmak bilen, onda sulfat natrisiniň we beýleki gymmat minerallaryň senagat möçberinde tebigy şertlerde kristallaşmagy bolup geçýär. Balkan welaýatynyň baý mümkinçiliklerini, aýratyn-da, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara alanyňda, daşary ýurtlardan getirilýän himiýa önümleriniň ornuny tutýan täze önümleriň önümçiliginiň toplumlaýyn özleşdirilmeginde uly geljegiň bardygyny görmek bolýar. Gyýanlydaky polimer zawodynda zerur himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, hususan-da, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda onlarça paýlaýjy elektropodstansiýalar guruldy. Paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa bilen üpjünçiligini we yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Bu ugurda ýerine ýetirilýän giň möçberli işler diňe bir iri senagat toplumlaryny, her ýylda ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony daşary ýurtlara eksporta ugratmaga-da mümkinçilik berýär. 

                                                                   

“Sumitomo Corporation” hem-de “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň bölümlerinde elektroenergetika pudagynyň täze desgalarynyň gurluşyklarynyň taslamalary we olaryň döwrebaplaşdyrylyşy baradaky maglumatlar köpleriň ünsüni özüne çekdi. Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, “ýaşyl” generator beketleriniň şekilleri ýurdumyzyň energetika pudagynyň ýakyn geljekdäki ösüş meýillerine syn etmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bu ugra degişli düzümleriniň bölümlerinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň önümçiligi boýunça täze işläp taýýarlamalar görkezildi. 

                                                                   

Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölüminde “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr. Bu ýerde paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ýetilen sepgitler, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň netijeleri-de görkezildi. 

                                                                   

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem köp adamly boldy. Bu ýerde häzirki zaman senagat we elektron önümçiligine degişli önümler görkezildi. Bu hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Onuň düzümlerinde ykjam telefonlar, smartfonlar, monobloklaryň dürli görnüşleri, smart-telewizorlar, split-kondisionerleri, internet ulgamyny paýlaýjylar (routerler), agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamlar öndürilýär. 

                                                                   

Serginiň maksady diňe bir degişli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri görkezmekden däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelerini, onuň mümkinçilikleriniň, iň esasysy bolsa, Watanymyzyň gülläp ösüşini nazarlaýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny beýan etmekden ybaratdyr. 

                                                                   

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. 

                                                                   

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň innowasion ösüşini ugur edinýän syýasatynda gurluşyk we senagat pudaklaryny köpugurly ösdürmäge, umuman, ykdysadyýetimizde düzümleýin özgertmeleri durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Daşary ýurtly wekiller sanly ulgam arkaly eden çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda kesgitlän ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellediler. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda şweýsariýaly önüm öndürijileriň binalaryň we desgalaryň seýsmiki-gorag ulgamynyň ugurlaryna, RIK logistik modulynyň mümkinçiliklerine hem-de ulaglaryň çykdajylaryny hasaplamagyň guralyna, Russiýanyň kompaniýalarynyň önümleri, gurnamalary we enjamlary getirmegiň ykdysady taýdan bähbitli ugurlaryny kesgitlemäge, gurluşyk taslamalaryny dolandyrmagyň usullaryna hem-de türkiýeli işläp taýýarlaýjylar bilen geňeşmeleri guramaga degişli tekliplere baha berildi. 

                                                                   

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, önümçilige ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlary synagdan geçirmek boýunça giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardyklaryny nygtadylar. Şunda ýurdumyzda häzirki zaman düzümleriniň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy esasynda innowasion işleri alyp barmak üçin döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

                                                                   

Maslahatda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini saklamak, gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, ýolgurluşyk pudagynyň ösüşindäki täzeçil usullar ýaly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Ýurdumyzyň hünärmenleri we telekeçileri iri döwlet sargytlaryny durmuşa geçirmek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini, “Aşgabat-sitiniň” desgalaryny bina etmek boýunça birnäçe şekilleri görkezdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet strategiýasy uzak möhletleýin ösüş kuwwatyna eýe bolan hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar bu forumy guramak babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we ýurdumyzda maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, Diýarymyzyň dünýä giňişligine goşulyşmagyna we onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda öndürilýän harytlara içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar. Forumyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda gol çekilen resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. 

                                                                   

Forumyň gün tertibine himiýa senagatynda ylmyň orny, ýurdumyzyň gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarlaryna ugradylyşy, önümçilige täze enjamlaryň ornaşdyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika diplomatiýasynyň ösüşi, elektroenergetika ulgamynda gaz turbinalary, energiýa tygşytlaýjy gurnamalary ulanmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

                                                                   

“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy hem boldy. 

                                                                   

 Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 

                                                                                                           

(TDH)

08.08.2022
Milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň ynamly gadamlary

6-7-nji awgustda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat milli ykdysadyýetimiziň şu öňdebaryjy pudaklarynda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitler, geljekki mümkinçilikler bilen giňden tanyşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi.  

                                                                   

 Biz nobatdaky gözden geçirilişe gatnaşyp, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hödürleýän hyzmatlary barada degişli hünärmenler bilen pikir alyşdyk. 

                                                                   

 Iri gurluşyklar — türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň nyşany 

                                                                   

«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzüminde 1996-njy ýylda döredilen «Gap Inşaat» kompaniýasy dünýäniň 22 ýurdunda 30 müňden gowrak hünärmeni bilen üstünlikli iş alyp baryp, bu günki gün Türkiýäniň gurluşyk pudagynyň hakyky buýsanjyna öwrüldi. Üç yklymda ýokary hilli, döwrebap taslamalaryň 130-dan köpüsini amala aşyran kompaniýanyň dünýäniň iň iri potratçylarynyň sanawynda mynasyp orun almagy hem munuň anyk delilidir. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä öz diwarlygy bilen gatnaşan «Gap Inşaat» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň şertnamalar bölüminiň hünärmeni Kerwen Çoganow bu meşhur türk şereketiniň biziň ýurdumyzdaky iri taslamalary barada, ine, şeýle gürrüň berdi:

 — «Gap Inşaat» indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda, esasan, üç ugurda gurluşyklary amala aşyrýar. Şolardan infrastruktura ugry awtomobil we deňiz ýollarynyň, howa menzilleriniň desgalar ugry durmuş-medeni, saglyk ugurly binalaryň, senagat ugry bolsa gazhimiýa, gazy gaýtadan işleýän önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryny öz içine alýar. 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty kompaniýamyzyň Türkmenistanda durmuşa geçiren iň iri taslamasydyr. Onuň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleriniň ugrundaky iň uly «deňiz derwezesidigini» aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde açylan we häzirki wagtda üstünlikli işledilýän «Garabogazkarbamid» zawody bolsa her gije-gündizde 3500 tonna karbamid öndürmek bilen, bu ugurda sebitde iň öňdäki orny eýeleýär. Häzirki wagtda hem türkmen paýtagtynda täze taslamalaryň 3-siniň — Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasynyň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklary güýçli depginde dowam edýär.  

                                                                   

Tejribeli hünärmen gürrüňdeşlikde türkmen bazarynyň «Gap Inşaat» üçin özüne çekijiligi barada-da durup geçip, ýurdumyzyň tebigy gaza örän baý döwlet bolmagynyň bu ugurda gurulýan desgalaryň özüne düşýän gymmatynyň amatlylygyny şertlendirýändigini, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmeginiň söwda, üstaşyr ulag gatnaşyklaryny ilerletmäge ýardam edýändigini, täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň bolsa has oňaýly, döwrebap durmuş-medeni maksatly taslamalary durmuşa geçirmäge islegi artdyrýandygyny belledi.  

 Täze awtomobil köprüsi: goňşudan dünýä uzajak ýol 

                                                                   

Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň ynanylandygyny göz öňünde tutup, halkara serginiň çäginde bu kompaniýanyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandyk. «Altkomyň» Türkmenistandaky şahamçasynyň bölüm başlygy Suraý Gurbanowanyň beren gürrüňleri hem, esasan, şu möhüm gurluşyk taslamasy bilen bagly boldy. Onuň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda gurluşygyna başlanýan bu awtomobil köprüsi Garabogazköl aýlagynyň üstünden Gazagystanyň serhedine çenli uzalyp gider. Onuň gurulmagynyň esasy maksady goňşy ýurtlar, ilkinji nobatda, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, «Altkom» maliýe-senagat topary 2010-njy ýylda Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak bilen, geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň çäginde ýokary derejeli köprüleriň 5-siniň gurluşygyny amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat — Farap, Kerki — Kerkiçi awtomobil köprüleri, Kerki — Ymamnazar aralygyndaky demir ýol köprüleriniň 2-si we Türkmenabat — Farap polat ýoly bar. Daşoguz Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy hem şu iri düzümiň ussat ýol gurluşykçylarynyň zähmetiniň netijesidir. Ýol gurmak, köpri çekmek ýaly sogaply işlere dahylly bolup, ýurtlardyr halklaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagyna goşant goşýan kompaniýanyň hünärmenleri geljekde-de Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.  

 Sanly hyzmat bilen hojalyk aladalaryňy aňsatlaşdyr! 

                                                                   

«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergide ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň gazananlaryny görkezýän diwarlyk hem özüne çekiji boldy. Onda Türkmenistanda elektrik energiýasy pudagyny ösdürmek, energiýa serişdelerini ýerlemek bilen bagly alnyp barylýan syýasata gönüden-göni dahylly bolan Energetika ministrliginiň iş ugurlarydyr durmuşa geçirýän taslamalary baradaky maglumatlar bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döredilipdir.  

                                                                   

— «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadyny döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde geçen ýylda Energetika ministrliginde hem maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümi döredildi. Aslynda, milli ykdysadyýetimiziň elektrik energetikasy ýaly iň bir girdejili pudagynyň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, elektrik energiýasyny öndürmegiň, ony daşary ýurtlara çykarmagyň has amatly usullarynyň işlenilip taýýarlanylmagy we iş ýüzünde ornaşdyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biziň alyp barýan işimiz ministrligiň merkezi edarasynda, şol sanda onuň garamagyndaky ugurdaş kärhanalarda sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, galyberse-de, maglumatyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir — diýip, ministrligiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň başlygy Hangeldi Ýusupow täze sanly hyzmat hökmünde «Milli Pay» mobil goşundysynyň aýratyn gyzyklanma döredendigini nygtady. 

«Milli Pay» mobil goşundysy barada aýdylanda, ol Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylyp, raýatlara tebigy gaz hem-de elektrik energiýasy üçin tölegleri elektron görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, töleg geçmek üçin wagtyňy sarp edip, bir ýere gitmek zerurlygy aradan aýrylýar. Bu mobil goşundy «Play Market» we «App Store» internet dükanlarynda elýeterli bolup, ony telefondyr planşete ýükläp almak bilen, ulanyjylar bank kartlary arkaly hojalykda sarp edilen gazdyr toguň tölegini nagt däl görnüşde hasaplaşyp bilýärler. Bir sözde aýdylanda, «Milli Pay» «Türkmengazüpjünçilik» hem-de «Döwletenergogözegçilik» kärhanalarynyň öýden uzakda ýerleşýän bölümdir müdirliklerini «eliň aýasyna getirmekdir».

 «Ojar Aziýanyň» gurluşyklary: Ýokary hil. Ussatlyk. Takyklyk 

                                                                   

«Ojar Aziýa» hususy kärhanasy Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda, hususan-da, ýol gurluşygy boýunça üstünlikli iş alyp barýan hususy düzümleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana Diýarymyzyň çar künjeginde durmuş-medeni, sport maksatly binadyr desgalaryň, awtomobil ýollarynyňdyr köprüleriň gurluşyklaryna işjeň gatnaşyp gelýär. Ilkibaşda ýük daşamak ulgamynda işe girişen bu düzümiň hususy awtoparky bolup, onda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýük daşaýjy tehnikalarynyň dürli görnüşleri bar. Munuň özi diňe bir kärhananyň öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga däl, eýsem, tehnikadyr enjamlaryny gyzyklanma bildirýän taraplara kärendesine bermäge-de mümkinçilik döredýär. Häzir bolsa «Ojar Aziýanyň» ýol gurluşykçylary Köpetdagyň eteginde gyzgalaňly dowam edýän düýpli gurluşykda netijeli iş alyp barýarlar.  

                                                                   

«Şu günlerde kärhanamyzyň 600 işgäriniň ýarysyndan gowragy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde zähmet çekýär. Bize merkeziň birinji tapgyrynda içerki awtomobil ýollarynyň 48,8 müň metrini, ikinjisinde bolsa 17,8 müň metrini gurmak ynanyldy. Ýene 5,4 müň metre uzaýan ýolda hem abatlaýyş işlerini geçirmeli. Bu ugurda kärhanamyzyň kuwwatly tehnikalarynyň 120-ä golaýynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz ähli desgalarda, şol sanda onuň çäginde gurulýan awtomobil ýollarynda iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň esasy talaplaryň biridigini yzygiderli nygtaýar. Şoňa görä-de, biz «Ýokary hil. Ussatlyk. Takyklyk» ýörelgesini şygar edinip, ýol gurluşygy pudagyna dünýä standartlaryna laýyk gelýän täzeçil çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge çalyşýarys. Nesip bolsa, munuň ajaýyp miwelerini görjek günlerimiz hem uzakda däl» diýip, «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň direktory Amanmuhammet Ojarow aýdýar. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

08.08.2022
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet: müm­kin­çi­lik­ler we ar­tyk­maç­lyk­lar

Go­laý­da ka­bul edi­len «Elekt­ron hö­kü­met ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­larda san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Elekt­ron hö­kü­met ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ka­nun­çy­ly­gy Kons­ti­tu­si­ýa esas­lan­mak bi­len, ýo­kar­da ag­za­lan Ka­nun­dan hem-de beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­dan yba­rat­dyr. Ol elekt­ron hö­kü­me­tiň işi­niň ter­ti­bi­ni ka­da­laş­dyr­mak­da, bu çy­gyr­da ýü­ze çyk­ýan gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan res­mi­na­ma­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let do­lan­dy­ryş we hyz­mat ediş ul­gam­la­ryny san­ly­laş­dyr­mak ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň esa­sy ugurlarynyň biri ha­sap­lan­ýar.  

                                                                   

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­na san­ly ul­ga­my, tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ara­gat­na­şyk, şol san­da san­ly hyz­mat­la­ry kö­pelt­mek, olaryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­ly mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. In­no­wa­si­on ýol bi­len ösü­şi şert­len­dir­ýän san­ly ul­gam äh­li mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň işi­ne yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na, iri möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy­na, şeý­le hem döw­let eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni, des­sin­li­gi­ni we aý­dyň­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge aý­ra­tyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.  

                                                                   

Sy­ýa­sat­çy­lar, yk­dy­sat­çy­lar we bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan «san­ly yk­dy­sa­dy­ýet» adal­ga­sy giň­den ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan me­se­lä öw­rül­di. Mu­ny köp ýurt­la­ryň yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň ga­za­nan­la­ry­ny, hu­su­san-da, san­ly mag­lu­mat­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­te or­naş­dyr­ma­gyň ne­ti­je­sin­de uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ma­gy ba­şa­ran­dy­klary bi­len dü­şün­di­rip bo­lar. Bi­ziň hä­zir­ki ýa­şa­ýan mag­lu­mat­lar jem­gy­ýe­ti­miz­de, önüm­çi­li­ge ga­ra­nyň­da, hyz­mat­lar ul­ga­my ag­dyk­lyk ed­ýär. Şu se­bäp­li mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­sy orun eýe­le­mek bi­len, ol adam­la­ra hyz­ma­tyň me­ha­niz­mi­ni ýö­ne­keý­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. In­ter­ne­tiň ýü­ze çyk­ma­gy, bu ählumumy to­ra el­ýe­ter­li­li­giň ba­ha­sy­nyň pe­sel­me­gi dün­ýä­de ha­ky­ky mag­lu­mat öw­rü­li­şi­gi­niň bo­lup ge­çen­di­gi­ni, onuň ne­ti­je­sin­de dur­mu­şyň, şol san­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň öz­ger­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Soň­ky ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge dün­ýä döw­let­le­ri­niň islegleriniň has-da art­ma­gy­ny onuň ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek­de we ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­mek­de dö­red­ýän ar­tyk­maç­lyk­la­ry bi­len dü­şün­di­rip bo­lar. «San­ly yk­dy­sa­dy­ýet» adal­ga­sy il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýyl­da amerikan aly­my Ni­ko­las Neg­ro­pon­te ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­ýär. Ol bu adal­ga­ny ozal­ky yk­dy­sa­dy­ýet bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ok­gun­ly ös­me­gi ne­ti­je­sin­de ke­ma­la gel­ýän tä­ze yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny hä­si­ýet­len­dir­mek üçin ula­nyp­dyr. Onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan yk­dy­sa­dy işi aň­lad­ýar. Adal­ga­da «yk­dy­sa­dy­ýet» sö­zi esa­sy kes­git­leý­ji söz bo­lup dur­ýan hem bol­sa, bu öz­gert­mä­niň ne­ti­je­sin­de giň ugur­lar­da — jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da, adam­la­ryň özü­ni alyp bar­şyn­da, dün­ýä­ga­raý­şyn­da bel­li bir öz­ge­riş­lik­le­riň bo­lup geç­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. «San­ly» sö­zi yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň ne­ti­je­sin­de teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň tä­ze gör­nü­şi­niň, hu­su­san-da, in­ter­ne­tiň ýü­ze çyk­ma­gy we gün­de­lik dur­mu­şy­myz­dan baş­lap, önüm­çi­lik­de hem-de hyz­mat­lar ul­ga­myn­da ola­ryň giň­den ýaý­ra­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu ýag­daý san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi bi­len, tä­ze dur­muş ha­ky­ka­ty­ny aý­dyň gör­kez­ýär.  

                                                                   

 Tä­ze teh­ni­ka­la­ra we teh­no­lo­gi­ýa­la­ra is­le­giň bar­ha art­ýan döw­rün­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te dur­nuk­ly ösü­şiň ite­ri­ji güý­ji hök­mün­de ga­ral­ýar. Ol ýur­duň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de önüm­çi­li­giň esa­sy fak­to­ry san­ly gör­nüş­dä­ki mag­lu­mat­lar­dyr. Uly göw­rüm­li mag­lu­mat­la­ryň gaý­ta­dan iş­len­me­gi we sel­jer­mä­niň ne­ti­je­le­ri­niň giň­den ula­nyl­ma­gy ho­ja­ly­gy ýö­ret­me­giň ada­ty gör­nü­şin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, dür­li önüm­çi­lik­le­riň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, en­jam­la­ryň, şeý­le-de ha­ryt­la­ryň­dyr hyz­mat­la­ryň ge­ti­ri­li­şi­niň, sak­la­ny­şy­nyň we ýer­le­ni­şi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de uzak möh­le­ti na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty ze­rur­lyk bo­lup öňe çyk­ýar. Da­şa­ry ýurt tej­ri­be­sin­den gör­nü­şi ýa­ly, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bel­li bir wag­ty, se­riş­de­le­ri we in­že­ner­çi­lik işi­ni do­ly ele alan hü­när­men­le­ri ta­lap ed­ýär. Bu ug­ruň ös­me­gi üçin «döw­let — jem­gy­ýet — ylym — işe­wür­lik» gat­na­şyk­la­ryn­da düýp­li öz­ge­riş­lik­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy hem ze­rur şert­le­riň bi­ri­dir. Şun­da yl­my we teh­ni­ka­ny ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak örän mö­hüm­dir.  

                                                                   

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, döw­re­bap­laş­dyr­mak, howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, «Ki­ber­howp­suz­lyk ha­kyn­da» hem-de «Elekt­ron res­mi­na­ma, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy we san­ly hyz­mat­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry, Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny, 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­la­ry, 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çäre­le­riň Me­ýil­na­ma­sy ka­bul edi­lip, Pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­ip onuň dü­zü­mi tas­syk­lan­dy.  

                                                                   

Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, dür­li hyz­mat­la­ry san­ly gör­nüş­de ber­mek bi­len, ola­ry dür­li, şol san­da ki­berhowp­lar­dan we kiberhü­jüm­ler­den go­ra­mak iş­le­ri-de al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ki­bergi­ňiş­lik­de mil­li bäh­bit­le­ri, ada­myň hem-de ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny­dyr azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­gyň gu­ra­ma­çy­lyk we hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­mek­de, ýur­duň ki­ber­howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ýü­ze çyk­ýan gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek­de «Ki­ber­howp­suz­lyk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mag­lu­mat alyş-çal­şy­gyn­da, ony oka­mak­da we sak­la­mak­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan peý­da­lan­mak, hyz­ma­ty ýe­ňil­leş­dir­mek hem-de tiz­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, dün­ýä tej­ri­be­sin­de giň­den ula­nyl­ýan QR-kod, ýag­ny des­sin tas­syk­lan­ýan kod ar­ka­ly hyz­mat­la­ry or­naş­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy «Mag­lu­mat we ony go­ra­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny arkaly berkidildi. 

                                                                   

Ösen ýurt­lar­da or­naş­dy­ryl­ýan hem-de oňyn ne­ti­je­le­ri ber­ýän kö­pu­gur­ly «Bir pen­ji­re» ul­ga­my ila­ta köp gör­nüş­li san­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek­de adam fak­to­ry­ny ara­dan aýyr­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan kes­git­le­ni­li­şi ýa­ly, «Bir pen­ji­re» söw­da we lo­gis­ti­ka bi­len meş­gul­lan­ýan ta­rap­la­ra äh­li im­port, eks­port we üs­ta­şyr amal­lar­da ka­da­laş­dy­ry­jy ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ýe­ke-täk ul­gam­dan peý­da­la­nyp, stan­dart­laş­dy­ry­lan mag­lu­mat­la­ry we res­mi­na­ma­la­ry iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän me­ha­nizm­dir. Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy hem ag­za döw­let­le­ri­ni bu ul­ga­my dö­ret­mä­ge ça­gyr­ýar. Çün­ki ol söw­da­nyň ös­me­gi­ne, aň­sat­laş­dy­ryl­ma­gy­na uly iter­gi ber­ýär. Te­le­ke­çi­le­re wag­ty we çyk­da­jy­ny tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şeý­le-de söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan ta­rap­la­ryň we döw­let eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky mag­lu­mat do­la­ny­şy­gy­ny çalt­laş­dyr­mak­da hem-de ýö­ne­keý­leş­dir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.  

                                                                   

Bi­ziň ýur­du­myz­da-da mil­li we se­bit­le­ýin «Bir pen­ji­re» ul­ga­my­ny dö­ret­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Elekt­ron res­mi­na­ma, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy we san­ly hyz­mat­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da kö­pu­gur­ly «Bir pen­ji­re» bi­len bag­ly ka­da­lar be­ýan edil­di. Olar hal­ka edil­ýän san­ly hyz­mat­la­ryň dür­li gör­nü­şi­ni bir ýe­re jem­le­di. «Eks­port-im­port amal­la­ry üçin «Bir pen­ji­re» ul­ga­my­nyň işi­ni ut­gaş­dyr­mak bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di. Türk­me­nis­tan­da «Eks­port-im­port amal­la­ry üçin «Bir pen­ji­re» tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam et­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Söw­da we ösüş bo­ýun­ça kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň, Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ Äht­na­ma gol çe­kil­di.  

                                                                   

San­ly ul­ga­myň işi­ni mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak, pu­da­ga­ra elekt­ron mag­lu­mat alyş-ça­lyş işi­niň, elekt­ron döw­let hyz­mat­la­ry­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, bu çy­gyr­da gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ýa­kyn­da «Elekt­ron hö­kü­met ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. On­da elekt­ron hö­kü­me­tiň işi ba­bat­da döw­let düz­gün­leş­dir­me­si­ni ama­la aşyr­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň, yg­ty­ýar­ly eda­ra­nyň hem-de beý­le­ki döw­let eda­ra­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri kes­git­len­di. Elekt­ron hö­kü­me­tiň esa­sy we­zi­pe­le­ri, ýö­rel­ge­le­ri, kö­mek­çi hyz­mat ediş pu­dak­la­ry, döw­let mag­lu­mat bin­ýat­la­ry hem-de ýe­ke-täk ba­ra­bar­lan­dy­ry­jy­syn­dan peý­da­lan­mak bi­len bag­ly ka­da­lar be­ýan edil­di. Döw­let eda­ra­la­ry­nyň res­mi web-saýt­la­ry we döw­let hyz­mat­la­ry­nyň ýe­ke-täk por­ta­ly, res­mi­na­ma­la­ryň bir ül­ňä ge­ti­ril­me­gi­ni ama­la aşyr­mak, mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, elekt­ron döw­let hyz­mat­la­ry­nyň ýe­ke-täk Döw­let sa­na­wy, gör­nüş­le­ri, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň hi­li­ne ba­ha ber­mek, elekt­ron döw­let hyz­mat­la­ry­na hem-de ola­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­ra­da­ky sar­gyt­na­ma bil­di­ril­ýän ta­lap­lar, sar­gyt edi­ji­le­riň hu­kuk­la­ry kes­git­len­di. Pu­da­ga­ra elekt­ron mag­lu­mat alyş-çal­şy­gy­nyň, döw­let eda­ra­la­ry­nyň mag­lu­mat ul­gam­la­ry­nyň we gor­la­ry­nyň işi bi­len bag­ly ka­da­lar res­mi­leş­di­ril­di.  

                                                                   

Dur­mu­şy­my­za yzy­gi­der­li or­naş­ýan, hem­mä­miz üçin el­ýe­ter­li bo­lan elekt­ron tö­leg­ler, in­ter­net söw­da, in­ter­net ma­ha­bat­lan­dyr­masy san­ly­laş­dy­ry­lan yk­dy­sa­dy­ýe­tiň oňyn ne­ti­je­le­ri­niň di­ňe kä­bi­ri­dir. Şun­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­ter­ne­tiň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den ulan­ma­gyň ne­ti­je­sin­de sarp edi­ji­le­riň gym­mat­ly wag­ty­nyň we se­riş­de­le­ri­niň tyg­şyt­lan­ma­gy­na, hyz­mat­la­ryň tiz wagt­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne, ka­gyz gö­te­ri­ji­de ula­nyl­ýan mag­lu­mat­la­ryň sa­ny­nyň azal­ma­gy­na san­ly­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dö­red­ýän amat­lyk­la­ry hök­mün­de ba­ha ber­mek bo­lar. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de da­şa­ry ýurt­la­ryň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek ar­ka­ly ylym-bi­lim ul­ga­my-da düýp­li öz­ger­dil­ýär. Elekt­ron se­na­ga­t dep­gin­li ös­dü­ril­ýär. Elekt­ron tö­leg­ler we in­ter­net söw­da hyz­mat­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Ul­ga­myň mad­dy-teh­ni­ki hem-de ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu öz­gert­me­le­riň gel­jek­de has gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­re ýe­tir­jek­di­gi­ne şek-şüb­he ýok­dur.  

                                                                                                           

Gah­ry­man RO­ZY­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy.

06.08.2022
«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Sizi «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň we onuň bilen ugurdaşlykda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Pudaga häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmakda, iki tarapa-da bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde şeýle halkara sergiler we ylmy maslahatlar örän uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Bu halkara sergide we ylmy maslahatda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleriniň dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň taslama-çenlik resminamalaryny düzmekde, olaryň gurluşygynyň gidişine gözegçilik etmekde tejribesi has-da artdyrylar. Gurulýan desgalaryň, binalaryň milli binagärligiň aýratynlyklaryna laýyk gelmegine we ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ekologik taýdan arassa ýerli gurluşyk materiallarynyň ulanylmagyna, pudagyň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edilýär. Pudagyň alyp barýan işleriniň netijesi paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda gurulýan binalaryň, desgalaryň hilinde aýdyň beýanyny tapýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öndürýän senagat hem-de gurluşyk önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna, bäsdeşlige ukyply bolmagyna halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň barşynda toplanan oňyn tejribeler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde döredilýän täze önümçilikler uly ýardam edýär. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyna üstünlikli başlamagy, ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda iň döwrebap tehnologiýalara esaslanýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi halkara hyzmatdaşlygyň berýän miweleriniň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri we gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. Pudagyň garamagyndaky täze gurlan himiýa kärhanalarynyň ählisi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işler esasynda döredildi. Olarda öndürilýän oba hojalyk dökünleriniň, gazhimiýa önümleriniň görnüşleriniň artmagy we hiliniň ýokarlanmagy, himiýa pudagyna döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işleriň netijeli guralmagy Diýarymyzyň himiýa senagatynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

 Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi ýokary derejede tejribe alyşmaga we netijeli duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir. Sergide Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýeten sepgitlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmäge doly mümkinçilik dörediler. Bu bolsa geljekki anyk şertnamalarda hem-de taslamalarda öz beýanyny tapar. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatda bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu pudaklaryň ösüşi we maýa goýum ýagdaýy barada maglumatlary almaga mümkinçilik dörediler. Şonuň ýaly-da, gurluşyk we senagat pudaklary boýunça iň täze işläp taýýarlamalaryň, taslamalaryň innowasion çözgütleri giňden açylyp görkeziler. 

                                                                   

 Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň agzybir işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

06.08.2022
Iri gurluşyklar — döwrüň ýaraşygy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň deňsiz-taýsyz gülläp ösüşleri, beýik özgerişleri, täze, döwrebap şäherdir obalaryň döremegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna deňleşmegi eziz Diýarymyzy täsin bir gurluşyk meýdançasyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudagyň hem mynasyp zähmet paýy bar. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, goňşy ýurtlarda-da düýpli gurluşyklary amal edip, milli binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşýan işewürlere Gahryman Arkadagymyz: «Telekeçiler şäherleri gurmaga ukyplydyrlar» diýip, ýokary baha berýär. 

                                                                   

 Bu hakykat ýörite habarçymyzyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk bölüminiň müdiri Hojamämmet BAÝRAMSÄHEDOW bilen söhbetdeşliginde hem öz beýanyny tapdy.  

                                                                   

 — Hojamämmet aga, ýurdumyzda amal edilen we häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän düýpli gurluşyklar barada gürrüň edilende, bu beýik işleriň aňyrsynda, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasynyň bardygyny aýtmagymyz gerek. Täze gurlan her bir binada döwrüň beýik arhitektorynyň yhlasyny, döredijiligini görmek bolýar. Gurluşykçy telekeçiler muňa has gowy göz ýetirýän bolsalar gerek?!  

                                                                   

— Garaşsyzlyk ýyllary içinde günsaýyn däl, sagatsaýyn ösüp-özgeren ata Watanymyzyň gaýtalanmajak milli binagärlik keşbi Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur söýgüsinden, ýürek mährinden kemal tapandyr. Paýtagt şäherimizde, ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap binalar — ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, kottejler toplumlary, medeni-durmuş, sport we saglyk maksatly desgalar, bilim ojaklary, köçe-ýollar, köprüler, seýilgählerdir ýadygärlikler toplumlary güneşli Diýarymyzyň täze keşbine gözellik goşmak bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna hem giň şertleri döredýär. Olaryň aglabasynyň täsin binagärlik keşbi, ýokary hil derejesi degişli halkara guramalar tarapyndan ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. 

                                                                   

Aýratyn-da, durmuşymyzda esasy zerurlyklaryň biri bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň artmagy buýsançly ýagdaýdyr. Tapgyrlaýyn hem toplumlaýyn ösdürilýän gözel Aşgabadymyzy alyp göreliň! «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary we desgalary gurmak hakynda» Kararyň üstünlikli amal edilmeginde hususy işewürleriň uly goşandy bar. Olar Aşgabady ösdürmegiň 12, 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarynda, Köşi, Çoganly ýaşaýyş toplumlarynda ähli amatlyklary bolan, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, sport toplumlarynyň, seýilgähleriň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurluşygyny alyp bardylar.  

                                                                   

 — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilen ýylynda ýurdumyzda 73 sany iri desganyň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzy begendiren wakalardan boldy. Bu şanly toýa gurluşykçy telekeçiler hem sowgatly barandyrlar?! 

                                                                   

— Elbetde. Garaşsyzlygymyzyň ýubileý senesiniň bellenilen ýylynda telekeçilerimiz toý joşguny bilen has-da gaýratly, ýokary öndürijilikli hem döredijilikli işlediler. Olaryň geçen ýylda guran dürli maksatly desgalarynyň sany 50-den geçýär. Şolaryň hatarynda «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan paýtagtymyzda gurlan «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan Kerki şäherinde gurlan Halkara howa menzili, «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan Balkan we Daşoguz welaýatlarynda, «Ajaýyp döwür» hususy kärhanasy tarapyndan Lebap welaýatynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalary, şeýle-de köp sanly döwrebap ýyladyşhanalar toplumlary bar. Ýurdumyzyň düýpli gurluşyklarynda aýratyn tapawutlanan hususy kärhanalardan «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýeti, «Nur bina gurluşyk», «Röwşen» hususy kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli hususy telekeçileriň arasynda yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde «Ýylyň işewür gurluşykçylary» diýen hormatly ada mynasyp boldular. 

                                                                   

 — Gurluşyk işleriniň gerimi has giň. Gurluşykçy telekeçileriň arasynda ýol, köpri gurmak ýaly sogap işler bilen il alkyşyna eýe bolýanlary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara howa menzillerini, döwrebap awtomenzilleri gurup adyganlary hem bar... 

                                                                   

— Ýol, köpri gurmak ýaly sogap işler agzalanda, ozaly bilen, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hakynda gürrüň etsek ýerlikli bolar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz awtobanyň dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek maksady bilen, döwrebap tehnikalary satyn alyp berdi. Çig mallar bilen üpjünçiligiň ýokary derejede ýola goýulmagy gurluşyk işleriniň bökdençsiz amal edilmegine getirýär. Netijede, gurluşykçylarymyz bu ýoluň Aşgabat — Tejen bölegini ýokary hilli gurup, halkymyzyň hyzmatyna berdiler. Tejen — Mary bölegini hem geljek ýyl ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Hususy işewürleriň ýol, köpri gurmakda toplan baý tejribesi olara şeýle düýpli gurluşygyň ynanylmagyna getirdi. Şol sanda «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň bu ugurda köp ýyllardan bäri işleýändigini bellemeli. Bu hususy kärhana tarapyndan Aşgabatda, Mary welaýatynda onlarça kilometrlik täze ýollar gurlup, öňden bar bolan ýollarda abatlaýyş, durkuny täzeleýiş işleri geçirildi. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýol gurluşygynda bu hususy kärhananyň hünärmenlerine merkeze barýan hem-de içerki ýollaryň gurluşygy ynanyldy.  

                                                                   

«Gündogdy» hususy kärhanasy Kerki şäherinde Halkara howa menzilini gurdy. Ondan öň bu hususy kärhananyň hünärmenleri Türkmenabadyň Halkara howa menzilini ýokary hilli gurup, bu üýtgeşik desga milli binagärlik keşbi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Häzirki wagtda telekeçiler Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iri gurluşyklarynyň biri bolan täze Halkara howa menziliniň gurluşygyny alyp barýarlar. Paýtagtymyzdaky Halkara awtomenziliň gurluşygyny «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň alyp barandygyndan habarlysyňyz. Ýurdumyzyň welaýat merkezleri bolan Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerinde ýolagçy awtomenzilleriniň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleriniň hem bu hojalyk jemgyýetine ynanylmagy telekeçilerimiziň öz işiniň ussadydygyny aňladýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän bu döwrebap awtomenziller mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuna sowgat bolar. 

                                                                   

 — Hojamämmet aga, gurluşyk işlerinde gerekli çig mallar bilen üpjünçilik esasy zerurlyklaryň biri. Birleşmäniň hususy gurluşyk kärhanalarynyň önümçilik bazalary bardyr, elbetde?! 

                                                                   

— Ýöriteleşdirilen önümçilik bazalarynyň bolmagy gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barlyp, öz wagtynda hem ýokary hilli amal edilmeginde uly orun eýeleýär. Gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde 100 gektar meýdany eýeleýän, Balkanabat şäherinde 50 gektar meýdany eýeleýän önümçilik bazalary bar. Geljekde Owadandepedäki önümçilik bazasynyň meýdanyny ýene-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

 — Çig mallar bilen üpjünçilik işleri nähili alnyp barylýar? 

                                                                   

— Häzirki wagtda bu babatda hiç hili kösençlik çekilmeýär. Çünki gurluşyk üçin gerekli bolan çig mallar, esasan, öz ýurdumyzda öndürilýär. Keramatly topragymyz ýerasty we ýerüsti baýlyklara baý. Gurluşyk işlerinde zerur bolan çäge, çagyl bu toprakda näçe diýseň bar. Telekeçilerimiz sement, kerpiç, demirbeton, keramiki, plastik, sanfaýans önümlerini, gury gurluşyk we boýag serişdelerini öndürmäge-de ökdelediler. Ekologik taýdan arassa çig mallar gurluşyk işleriniň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden, Lebap welaýatynyň Köýtendag etraplaryndaky sement zawodlary bökdençsiz işledilýär. Häzirki wagtda bu zawodlaryň ikinji tapgyrlarynyň gurluşyklary ýokary depginde dowam edýär. «Beýik bina» hususy kärhanasy we «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurulýan bu desgalar şu ýylyň ahyryna ulanmaga berler.  

                                                                   

 — Telekeçiler tarapyndan edil şu günlerde alnyp barylýan gurluşyklar barada-da durup geçäýseňiz! 

                                                                   

— Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň sany juda köp. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy, goldaw-hemaýaty bilen olaryň her biriniň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna beriljekdigine berk ynanýarys. Diňe iri gurluşyklar barada aýtsak, işewürlerimiz gojaman Köpetdagyň eteginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda güýçli depginde iş alyp barýarlar. Nesip bolsa, şu ýylyň dekabr aýynda ol ýerdäki döwrebap desgalaryň 340-a golaýynyň gurluşygy doly tamamlanyp, halkymyzyň hyzmatyna berler. 

                                                                   

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň täze keşbinde, Hazaryň türkmen kenarynyň dünýäniň iň gözel künjekleriniň birine öwrülmeginde hem türkmen telekeçileriniň mynasyp zähmet paýy bar. Birleşmäniň agzalary Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda täze dörän kottejler toplumynyň gurluşygyny alyp bardylar. Ähli amatlyklary bolan kottej jaýlarynyň 48-sini, şeýle-de hyzmat ediş merkezini özüne birleşdirýän bu toplumda şypaly hem sapaly kenara dynç almaga gelýänler üçin aňrybaş hyzmatlar göz öňünde tutulandyr. Hyzmat ediş merkeziniň binasynda restoran, howuz, hammam, türk hammamy ýerleşýär, şeýle-de ol ýerde medeniýetli dynç almak üçin ähli şertler bar.  «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde açyk howuzlar, çagalar üçin attraksion oýun meýdançalary, sport meýdançalary guruldy. Awazanyň ajaýyp binalarynyň üstüni ýetiren döwrebap kottejler toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn şan beren wakalaryň biri boldy.  

                                                                   

Halkymyzda «Gurmak — ömürden» diýilýär. Türkmen telekeçilerine uly ynam bildirip, ömürlere hem-de döwürlere uzaýan şeýle beýik işleri alyp barmak üçin ähli amatlyklary, ýeňillikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!  

                                                                   

 — Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

06.08.2022
Ösüşlere beslenýän ulgam

Berkarar döwletimiziň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ulgam dünýä nusgalyk derejede ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu wajyp pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmakda döwrebap işler amala aşyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iýul aýynyň 20-sinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze kärhananyň tutuş Merkezi Aziýada ýeke-täk desgadygy has-da buýsançly hakykatdyr. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, bu ulgamdaky ägirt uly ösüşler Balkan welaýatymyza hem gönüden-göni dahyllydyr. Diňe soňky on bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy gurlup, işe girizildi. Welaýat merkezindäki öňden hereket edip gelýän Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde täze energobloklaryň hem birbada ikisiniň herekete girizilmegi netijesinde bu bekediň kuwwatlylygy düýpli artdy. Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkeziniň bölekleýin döwrebaplaşdyrylmagy bilen, tutuş welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri ep-esli artdy. Bular günbatar sebitiň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçilik halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň iň wajyp şertleriniň biridir. Hut şonuň üçin hem iki ýyl mundan öň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berilmegi hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu energiýa desgalarynyň işe girizilmegi bilen, geljek ýyllarda Balkan welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi has-da ýokarlanar. Elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçilik bolsa islendik pudakda, gazanylýan üstünliklerde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň güýzünde ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi herekete girizildi. Bu welaýatyň elektrik ulgamynyň işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde öndürijilikli zähmet çekip, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan energetiklerimiz şu ýylyň geçen döwründe mynasyp işleri bitirip, öz hünär baýramlaryna sowgatly gelmegi başardylar. «Balkanenergo» önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň geçen ýedi aýynda 36 million 554 müň manatdan hem köp elektrik energiýasy üstaşyr geçirildi. Bu baradaky tabşyryk 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Birleşigimiz boýunça gazanylan buýsançly ykdysady görkezijiler başga-da az däl. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen birinji ýarymynda welaýatyň bu ulgama degişli kärhanalary boýunça 4 milliard 875,4 million kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini iki esse ýokarlandy. Bu ajaýyp görkezijiniň ýylyň ikinji ýarymynda has netijeli işler bilen berkidiljekdigine energetiklerimiz pugta ynanýarlar. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe diňe bir «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda 628 million 452 müň kilowatt-sagat elektrik togy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi şu ýylyň 7 aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamanyň 113 göterim ýerine ýetirilendiginden habar berýär. Şeýle üstünlikler welaýatda elektrik energiýasyny öndürmek bilen meşgullanýan beýleki kärhanalara-da degişlidir. «Balkanenergo» önümçilik birleşigi boýunça geçen hasabat döwründe elektrik desgalaryny we geçirijilerini düýpli abatlamagyň meýilnamalary hem abraý bilen berjaý edildi. Gazanylýan üstünliklere birleşigimiziň welaýatyň etrapdyr şäherlerindäki düzümlerinde halal zähmet çekýän hünärmenlerimiz özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.  

                                                                   

Biz hünärmenlerimiziň diňe bir öndürijilikli işlemekleri üçin däl, eýsem, sapaly dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri barada-da yzygiderli alada edýäris. Diňe şu ýylyň başyndan bäri önümçilik birleşigimiziň Balkanabatdaky «Energetik» şypahanasynda ýeňillikli ýollanmalar esasynda hünärmenlerimiziň ýüzlerçesi döwrebap dynç alyp, saglyklaryny berkitdi. Döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklarda, şeýle hem her ýylyň netijeleri boýunça önümçiligiň öňdebaryjylaryny gymmat bahaly sowgatlardyr pul baýraklary bilen sylaglamak hem birleşigimizde asylly däbe öwrüldi.  

                                                                   

Şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, merdana hem agzybir halkymyzyň mukaddes ojaklaryna, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryna nur paýlamak bagtyna eýe bolan hünärmenlerimiziň adyndan Arkadagly Serdarymyzy, eziz Diýarymyzyň ähli energetiklerini Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.  

                                                                                                           

Çary TAÝLYÝEW,

                       

«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

06.08.2022
Nusgalyk tagallalar rowaçlanýar

  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda halkara ulag-aragatnaşyk ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki döwürde onuň döwrebap ösdürilmeginde esasy orny eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä çykarmaga, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny ösdürmek meselesi hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän esasy strategiki ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe bir ýurt ýa-da sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Watanymyz bu gün Ýewropa bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçinem, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara söwda ýollaryny birleşdirýän milli ulag düzümlerini has-da giňeltmek wezipesine uly ähmiýet berýär. Halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýän şertlerinde ýurdumyzyň çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleri döredilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar öňe sürülýär we olary üstünlikli amala aşyrmagyň göreldesi görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça öňe sürlen degişli Kararnamalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini, şeýle hem 2016-njy ýylda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilendigini, soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara ähmiýetli awtoulag we demir ýollarynyň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň gurlandygyny bellemek gerek. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýetli ädimlerdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň kabul eden «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny ösdürmek, dünýäniň hem-de sebitiň ulag-logistika ulgamlarynyň talaplary göz öňünde tutulýar. Resminamada Türkmenistanyň ýol-ulag Kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, şeýle hem beýleki halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bellenilýär. Mundan başga-da, maksatnamada ýurdumyzyň ulag pudagynyň sanly ulgama geçirilmeginiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, geljekde bu ugra eksport we import amallaryny ýerine ýetirýän beýleki döwlet edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ulag pudagyny baglanyşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde ulag-aragatnaşyk kärhanalarynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy, serişdeler hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edilmegi halka edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ähli ulgamlar bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hem dünýä ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

06.08.2022
Gyýanlydaky gaýratly gadamlar

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumy, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty sebiti senagatlaşdyrmagyň bellenilen maksatnamalara laýyk alnyp barylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Tutuş dünýäde ykrar edilen bu desgalaryň her biri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ähmiýetli orun eýeleýär.  

                                                                   

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Gyýanly şäherçesindäki dünýäniň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gaz-himiýa toplumy aýratyn gürrüň edilmäge mynasypdyr. Bu toplum Türkmenistanyň diňe halkara energiýa bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp ornuny kesgitledi. Ýeri gelende, 2014-nji ýylyň aprelinde gurluşygyna badalga berlen bu gaz-himiýa toplumynyň taslamasynyň şol ýyl Ýewropada we Ýewraziýada eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde ykrar edilip, Beýik Britaniýanyň abraýly «TXF» guramasynyň ýörite baýragy bilen sylaglanandygyny aýtmalydyrys.  

                                                                   

«Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde gurlan bu toplumyň ýyllyk taslama kuwwaty polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu netijeleri gazanmak üçin toplumda her ýylda gaýtadan işlenilmeli tebigy gazyň möçberi bäş milliard kub metre deňdir. Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň öňünde täze mümkinçiliklere giň ýol açdy. Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, Hazar deňziniň türkmen böleginiň gorlarynda milliardlarça tonna barabar nebit we trillionlarça kub metre barabar tebigy gaz jemlenendir. Bu çäklerdäki Magtymguly, Diýarbekir ýaly känler tejribe-senagat taýdan ulanmaga taýýarlanylyp goýuldy. 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň we ýerüsti gaz terminalynyň gurlup, ulanyşa tabşyrylandygyny hem ýatlap geçmegimiz gerek. 

 — Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag hem-de beýleki möhüm düzümleriň bolmagy hut Gyýanly şäherçesiniň iri gaz-himiýa toplumynyň merkezi hökmünde saýlanyp alynmagyny üpjün etdi. Geçmişe nazar aýlasak, Türkmenistany senagatlaşdyrmak işiniň uglewodorod we mineral serişdeleriniň gorlaryna baý bolan Balkan töwereklerinden gözbaş alandygyny äşgär görmek bolýar. Hazar sebitiniň ummasyz baýlyklary gadymdan bäri mälimdir. Bu barada gadymyýetiň belli taryhçylary, alymlary öz ýazgylarynda ýatlap geçipdirler. Geçen asyryň başynda bolsa Çeleken ýarym adasynda daşary ýurtlaryň, şol sanda dünýä meşhur doganlar Nobelleriň şereketleriniň we kompaniýalarynyň ýigrimiden gowragy hereket edipdir. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän ýyllarynda bu hazynalar mesgeniniň baýlyklaryny has-da netijeli özleşdirmekde, halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmakda uly işler ýola goýuldy. Arkadagly Serdarymyz hem bu döwlet bähbitli, dünýä ähmiýetli işi mynasyp dowam etdirip, günbatar sebitdäki ýataklardan alynýan uglewodorod serişdelerini işjeň özleşdirmekden gelýän girdejileri ýurdumyzy ykdysady taýdan barha kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirýär. Ine, şu beýik işler hem güýjümize güýç goşup, ganatly göwünlerimizi has arşa göterýär — diýip, zawodyň baş tehnology Eziz Goçow buýsanç bilen aýdýar.  

                                                                   

Türkmen hünärmenleri tarapyndan ygtybarly dolandyrylýan bu gaz-himiýa toplumy Türkmenistanyň energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşarky bazarlara ugratmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary önümçilik pudagyny hem döredýär. Aslynda, ýurdumyzda tebigy gazdan alynýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän polimer zawody ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmek bilen gönüden-göni baglydyr. Türkmen döwletiniň alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasaty hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri nebitgaz pudagynda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär. Bu gaz-himiýa toplumynda polietilen we polipropilen önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Ilkinji çig maly öňdebaryjy innowasion usullar boýunça mümkin bolan ähli garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi toplumda ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän önümleriň taýýarlanýandygyndan habar berýär. Bu kuwwatly kärhanada ýangyna garşy we tehniki howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, toplumyň ekologiýa zyýanly täsirini azaltmak boýunça görülýän çäreleriň hem ýokary talaplara kybap gelýändigini ynam bilen aýtmak bolar. 

 — Külkelenen polipropilen dünýä bazarynda geçginli harytlaryň biridir. Ol polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar, polimer önümleri bolan turbalar, şpagat, mäkäm urganlar, awtoulaglar üçin süzgüçler, şeýle hem dürli egin-başlar we mebeller, azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdeleri, gutular hem-de beýlekiler öndürilende örän gerekdir. 

                                                                   

Polietileniň esasynda bolsa uly isleg bildirilýän dürli turbalaryň, suwuklyk saklamak üçin gaplaryň, süýümleriň, gurluşyk serişdeleriniň, sanitar-tehniki önümleriň, içki protezleriň we başga-da birnäçe harytlaryň önümçiligini ýola goýmak bolýar. Iň esasy zat bolsa, gaz-himiýa toplumymyzda ýerli hünärmenlerimiziň netijeli zähmet çekmegi üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilenligidir. Olaryň tutanýerli işleriniň netijesinde kärhanamyzda bellenilen meýilnamalara artygy bilen amal edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen birinji ýarymynda polimer öndürmek baradaky tabşyryga 106,3 göterime golaý amal etmegi başardyk. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 121 göterime barabar boldy. Zawodymyzda taýýarlanýan ýokary hilli polimer önümlerimizi Hytaý, Türkiýe, Russiýa, Owganystan ýaly döwletler uly isleg bilen satyn alýarlar — diýip, gaz-himiýa toplumynyň önümleri ýerleşdirmek bölüminiň esasy inženeri Mähri Berdiýewa gürrüň berýär.  

                                                                   

Dünýä bazarlaryna «Türkmenistanda öndürildi» diýen buýsançly belgi bilen gymmat bahaly polimer önümlerini eksport etmegi başarýan bu kuwwatly toplumda zähmet çekýänleriň agramly bölegi ýaşlardyr. Kärhanada olaryň işden boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary geçirmegi, dürli maşklary ýerine ýetirip, sagdyn bedenli bolmagy üçin hem ähli şertler döredilipdir. Bu mümkinçilikleriň her biri gujurly ýaşlary ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna öz halal zähmetleri bilen önjeýli goşant goşmaga hyjuwlandyrýar. 

                                                                   

Hawa, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawody täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Kärhananyň zähmetkeş topary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny has belent sepgitlere beslemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

05.08.2022