Новости
Energetika pudagynyň rowaç menzilleri

Häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginde bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan aýrybaşgalykda göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza howa ýaly möhüm bolup dur. Bir söz bilen aýtsak, energetika pudagy bolmasa, öňe bir ädim ätmegem çetin. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleri külterleýär. Döwlet syýasatyny ruhubelentlige beslän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem eziz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny gülletmäge, dünýä şan berjek ösüşlere ýaran etmäge derwaýys üns berilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 20-nji iýulynda — düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem şu günümizi şana, geljegimizi zerewşana öwren ädimleriň nobatdakysydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýalarynyň alyp baran gurluşyk işleriniň netijesinde binýat bolan bu iri desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, onuň çäginde dolandyryş, ammar, tehniki we kömekçi binalary, abatlaýyş we dikeldiş, himiki arassalaýyş bölümleri, abatlaýyş ussahanasy ýerleşýär. Ýurduň ösüşlerine, özgerişlerine özboluşly goşant goşýan halk hojalygynyň möhüm ulgamlaryny geljekde hem gülletjek hünärmenleriň taýýarlanmagy şu günümiziň derwaýys talaplarynyň biridir. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklaryna ýöriteleşen, döwrüň sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan, ylym-bilim başarnyklaryny eziz Diýarymyzyň bähbidine gönükdirjek ýaş hünärmenler taýýarlanýar. Gurlup ulanylmaga berlen Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň hünärmenleri hem tejribelerini has-da kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Bu möhüm ähmiýetli desganyň ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, munuň üçin sarp edilýän wagty azaltmaga ýardam berjekdigi, önümçiligiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döretjekdigi nygtalmaga mynasypdyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabyndaky: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik. Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda, Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan   ugurlaryny   kesgitledik.  Dünýäniň   energetika  ulgamynda ýurdumyzyň tutýan     ornuny   berkitmek   boýunça   anyk   çäreleri   belledik»   diýen   jümleleri okanyňda, döwletimizde üstünlikli hereket edýän «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny biygtyýar ýadyňa düşüp, bu resminamalaryň geljegi aýdyň energetika pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we durmuş esaslaryny, wezipelerini we borçlaryny kesgitleýändigine buýsanjyň ekezlenýär. Maksatlar aýdyň bolanda ösüşleriňdir özgerişleriň barha dabaralanjakdygy öz-özünden düşnüklidir. Bu ebedi hakykat.  

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrligi özünde «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyny, «Türkmenenergogurluşyk» konsernini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny we onuň tabynlygyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezini, «Türkmenenergotaslama» institutyny, Maýa goýum we tehnologiýa taslamalarynyň döwlet seljeriş müdirligini, Energohyzmat birleşigini, Aşgabat Energetika orta hünär okuw mekdebini we Mary şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebini jemleýär. Bir jümlä jemläp aýdanyňda, bu ministrlik elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan merkezi edara bolup durýar. Türkmenistan häzirki wagtda energetika syýasatynda sebit we halkara derejesinde giň möçberli işleri dabaralandyrýan, elektrik energiýasynyň goruny artdyrýan döwlet hökmünde tanalýar. Bu ugurda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän önümçilik birleşiklerinde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, sebitleriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryna gözegçilik etmek ýaly işleriň ýerine ýetirilmegi döwletli tutumlara aýratyn goşantdyr.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda energetika pudagynyň ösüşli menzilleri we öňde durýan maksatlary barada hem aýdylyp geçildi. Döwlet elektroenergetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Bu ugurda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle hem ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisini çekmek  üçin  zerur  bolan  enjamlary we  serişdeleri  satyn almak boýunça degişli işler geçirilendigi, Arkadagly Serdarymyzyň degişli Karara gol çekmegi diýseň buýsançly ýagdaýdyr. Bu möhüm başlangyç «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edip, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden-göni ýardam berer. Sözümizi jemläp aýdanymyzda,  «ýaşyl»   energetikanyň  mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak zerurdyr.  

                                                                                                           

Gurbanmyrat SARYÝEW,

                       

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».

22.07.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(2022-nji ýylyň 21-nji iýuly) 

                                                                   

 Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
 

                                                                   

Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine şu duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden hem sowlup geçmedi. 

                                                                   

Howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris. Howplar bar, olar dürli görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýar. Men şolaryň esasylary barada durup geçmek isleýärin: 

                                                                   

 Birinjiden, bu biziň sebitimiziň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşykdyr. 

                                                                   

Biz olaryň nähili netijelere getirýändigini görýäris. Munuň özi bizden jebisligi we bilelikde olara garşy durmakda aýgytlylygy talap edýär. Şu ýerde men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen öz wagtyndaky, aýgytly hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygyny tassyklamak isleýärin. 

                                                                   

Ikinjiden, munuň özi ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygydyr. Terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleridir. 

                                                                   

Üçünjiden, munuň özi biziň sebitimiziň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsiridir. 

                                                                   

Dördünjiden, munuň özi maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagydyr, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagydyr. 

                                                                   

Ýokarda sanalyp geçilen wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýär. Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Işi utgaşdyrmagy biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly öz üstüne almalydyr. Ýagdaýy hemişe öwrenmek, öz wagtynda maglumatlary alyşmak, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermek zerur bolup durýar. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada tabşyryklary bermegi teklip edýärin. 

                                                                   

Şeýle hem sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin biziň ýurtlarymyzyň döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işlemegi teklip edýäris. Täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir “Özüňi alyp barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamak mümkin bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamak bolar. Munuň özi oňyn maglumat ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara, döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi, biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer diýip pikir edýärin. 

                                                                   

Ozalkysy ýaly, owgan ugrunda bilelikde işlemek sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Owganystan bilen aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermäge, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etdirmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini goldaýar. 

                                                                   

Döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, halkara syýasatda we ykdysadyýetde çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýetiň dialogy baradaky mesele ählumumy ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlary birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidirler hem-de bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidirler. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy taýýarlaýar we biz bu oňyn teklibiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýäris. Şol bir wagtyň özünde biz BMG-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdik. Bu başlangyjyň hem goldanyljakdygyna umyt edýäris. 

                                                                   

Sebit gapma-garşylyklarynyň ýygylygynyň artmagy bilen baglylykda, olary aradan aýyrmak, öňüni almak boýunça ylalaşykly garaýşymyz aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. 

                                                                   

Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip bileris we teklip etmelidiris, oňa hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermelidiris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi teklip edýärin. 

                                                                   

Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyna gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm şerti hökmünde garaýarys. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ornunyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň awtordaş bolmagynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilendigini we goldanylandygyny bellemek isleýärin. Bu ýagdaýy biziň ýurtlarymyzyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça halkara gün tertibini mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ulanmagy teklip edýäris. 

                                                                   

 Hormatly döwlet Baştutanlary! 

                                                                   

Biziň ýurtlarymyz bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýär. Munuň özi yklymara we ählumumy işlerde öz ornuna umumy düşünmäge esaslanan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny, maksatlaryň oýlanyşykly, takyk esaslandyrylmagyny, olara ýetmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň, artykmaçlyklaryň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip hasaplaýaryn. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Hususan-da, Türkmenistan Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. 

                                                                   

Awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladýaryn. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt edýäris. Ol halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi teklip edýäris. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle hem onuň daşynda, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bagly bolar. Umuman, sebitiň ulag babatdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňde goýup bileris. 

                                                                   

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge ynam bildirýäris. Biz eýýäm iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrdyk. 

                                                                   

Hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardyrys. 

                                                                   

Häzirki wagtda halkara işewürlik, maliýe institutlary biziň sebitimize üns hem-de gyzyklanma bildirýärler, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna oňat düşünýärler. Telekeçilik üçin amatly ýagdaýy döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa könelişen böwetlerden, päsgelçiliklerden halas etmek, Merkezi Aziýany uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin özüne çekiji sebite öwürmek üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Merkezi Aziýada önümçilik taýdan ýakynlaşmak möhüm meseledir. Biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Olary birleşdirmek, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmek derwaýys mesele bolup durýar. Bu babatda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Biziň ýurtlarymyzyň maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga berilmegi gerek. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz gönüden-göni duşuşyp, amatly we maksadalaýyk ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda aýdylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmegi teklip edýäris. 

                                                                   

 Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada hem durup geçmek isleýärin. 

                                                                   

Merkezi Aziýa dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridir. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde medeni bileleşikleriň toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklaryny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda giňişleýin gatnaşyklary höweslendirmegiň ulgamy hökmünde sebitde bitewi medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar. 

                                                                   

Hut şolar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek wezipesini öz üstüne almalydyr. Biz ony «Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumy» diýip atlandyryp bileris. Şeýle hem bu ulgamdaky işi höweslendirmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin her ýylky baýragyny döretmegi teklip edýärin. 

                                                                   

Şeýle hem ÝUNESKO-da bilelikdäki işi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň taryhy mirasyny aýawly saklamak boýunça işi güýçlendirmegi we işjeňleşdirmegi, bu meselä biziň wekiliýetlerimiziň bu guramadaky işiniň aýratyn ugry hökmünde garamagy möhüm hasaplaýarys. Daşary syýasat edaralaryna ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamagy teklip edýärin. 

                                                                   

 Hormatly döwlet Baştutanlary! 

                                                                   

Çykyşymy tamamlamak bilen, häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi, jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi hem-de öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtamak isleýärin. Şunda biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi, Merkezi Aziýanyň dünýä ähmiýetli, çalt depginler bilen ösýän, geljegi uly ykdysady sebitleriň hataryna doly we netijeli goşulmagyny üpjün edip biljekdigimize ynanýaryn. Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ysnyşykly gatnaşyklara taýýardyr.

22.07.2022
Telekeçilik işiniň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan taryhy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy we zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Çünki ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň eldegrilmesizdigi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy kesgitlenilýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň Esasy Kanunynda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada esas goýujy hukuk kadasynyň hem berkidilendigini aýratyn bellemek ýerlikli bolar. Sebäbi Konstitusiýada kiçi we orta telekeçilik diýen düşünjäniň ulanylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän bu ugruň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslarynyň hukuk taýdan kepillendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Telekeçilige goldaw bermek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegiň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Raýat kodeksini, «Salgytlar hakynda» Bitewi kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar.  

                                                                   

Goý, ýurdumyzda telekeçiligi yzygiderli ösdürmekde, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! 

                                                                                                           

Gülbahar HOJAMYRADOWA,

                       

Aşgabat şäher Köpetdag etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.

22.07.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy. 

                                                                   

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň ähli halkyna rowaçlyk we abadançylyk arzuw eden Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň mähirli salamyny ýetirdi. Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berýär hem-de däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň, öz gezeginde, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini maksat edinýändigini belledi. 

                                                                   

Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygynyň şu gezekki saparynyň şanly senä beslenen ýylda geçýändigi nygtaldy. Şu ýylyň 16-njy iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçen döwürde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň uly, oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat goýdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakli Garibaşwili taraplaryň hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, şu gezekki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman häzirki döwürde iki döwletiň hem diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny aýdyp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman dürli taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak meselesine aýratyn üns berdiler. Munuň özi söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Hususy işewürlik ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu ugurdaky kuwwatyň ulanylmagy söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

                                                                   

Söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň bilelikdäki anyk meýilnamalara we maksatnamalara esaslanmalydygyny bellediler. Şunda halklaryň ýakyndan gatnaşyk etmäge, iki döwletiň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanmalaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, döredijilik çärelerini, sergileridir maslahatlary guramagyň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakli Garibaşwili döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine deglip geçildi. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde kesgitläp, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin häzirki döwrüň täze çemeleşmeleri talap edýändigini nygtadylar. Haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara iberilýän önümleriň sanawyny giňeltmek babatda uly mümkinçilikler bar. Ulag-aragatnaşyk ulgamy häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, esasy ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar utgaşykly üstaşyr ulag we logistik düzümleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlar taraplaryň bu ulgamda umumy gyzyklanmalarynyň bardygyny belläp, şunda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändiklerini nygtadylar. 

                                                                   

Wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda diňe bir iki döwletiň bähbidine däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada energetika howpsuzlygynyň kemala gelmegine-de kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine üns çekildi. 

                                                                   

Taraplar Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony anyk tagallalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, däp bolan döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

21.07.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýokary tehnologiýaly desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Energetika senagatynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli amala aşyrylýan Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň kuwwatynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň energetika pudagynyň düzümleriniň üstüniň ýokary öndürijilikli gaz turbinaly enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe elektrik stansiýasy bilen ýetirilendigini bellemek gerek. ABŞ-nyň dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bu ulgamda Türkmenistanyň öňden gelýän işjeň hyzmatdaşy bolup durýar. Bu merkez degişli enjamlary ýokary hil derejesinde, bellenilen möhletlerde abatlamaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ony ulanmagyň netijeliligini, uzak möhletleýinligini ýokarlandyrmaga ýardam berer hem-de pudagyň ykdysady görkezijileriniň depginli ösüşini üpjün eder, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşant goşar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze desganyň toý bagyny kesýär.

Döwlet Baştutanymyz merkeziň dolandyryş binasyna girip, mejlisler zalynda özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Bu ýerde dabaraly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara we pudagyň işgärlerine ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini aýtdy. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Häzirki wagtda-da bu pudakda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, amala aşyrylýan giň gerimli işler ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, onuň eksport ugurlaryny köpeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu gün ulanmaga berilýän merkez hem energetika pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkeziň gurluşygyny «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edilen. Abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşy ekologik talaplaryna doly laýyk gelýär. Merkezde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler.

Häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan täze desga Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydyr. Şular ýaly iri taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek biziň baş wezipämiz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene-de bir iri desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, energetika pudagynyň işgärlerine bolsa berkarar döwletimiziň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Ol şu gün ulanmaga berilýän ýokary tehnologiýaly merkeziň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary we goldawy netijesinde gurlandygyny nygtady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň energetika pudagynyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Täze energetika ulgamlaryny döretmek boýunça möhüm çäreler geçirilýär, bu pudakda öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler gazanyldy. Içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly möçberde üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary ösüş depginlerine eýe boldy.

Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi enjamlaryň ýokary hilli abatlanylmagyny hem-de uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz hem-de doly güýjünde işledilmegine ýardam berer. Häzirki döwrüň ekologik howpsuzlygynyň ýokary talaplary hasaba alnyp gurlan bu desga tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Işgärleriň hünär taýýarlygyny, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş desgalarda okuw-iş tejribeliklerini guramak arkaly kämilleşdirmek hem-de tejribe alyşmak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Şeýlelikde, täze merkez dünýädäki şeýle desgalaryň hatarynda iň döwrebap we öňdebaryjy desga bolup durýar.

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän düzümi Türkmenistan bilen üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk hyzmatdaşlyga hem-de iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýandyklaryna buýsanýar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Işewür bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra ABŞ-nyň “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Braýs Raisine söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimize ýüzlenip, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. “General Electric” kompaniýasy indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri energetika pudagyny ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşy bolup durýar. Geçen ýyllarda kompaniýa Türkmenistanda gazanylan uly üstünlikleriň şaýady boldy.

Bu merkezde energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn esasda oňyn çözgütler durmuşa geçiriler. Netijede, gaz turbina enjamlaryny abatlamak üçin daşary ýurtlara ibermek zerurlygy aradan aýrylar. Olary döwrebaplaşdyrmak üçin bu ýerde “General Electric” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýasy peýdalanylar. Munuň özi ýangyjyň netijeli sarp edilişini ýokarlandyrmagyň hasabyna serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Bu innowasion çözgüt enjamlaryň ulanyş möhletini uzaltmaga-da ýardam eder.

Jenap Braýs Raisin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu günki dabara çakylyk hem-de “General Electric” kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze desganyň işgärleriniň alyp barjak netijeli işleriniň Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary dabaraly ýagdaýda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine “General Electric” kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänamany gowşurdy.

Soňra Beýik Britaniýanyň “The London Energy Club” kompaniýasynyň ABŞ-daky wekili Hubert Wilson Watsona söz berildi. Ol Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu täze desga onuň Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky “The London Energy Club” kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Fraunhofer” adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň professory Harald Apel çykyş edip, döwlet Baştutanymyza dünýä derejeli Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi. Myhman ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda bu institutyň adyndan merkeze durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Soňra Güwänamalaşdyrmak hem-de baha bermek boýunça halkara gurama — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “TUV” kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň energiýa boýunça müdiri Anton Lepiksona söz berilýär. Myhman şu günki dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, “TUV Austria” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänamasyny gowşurmak hakynda çözgüde gelendigini habar berdi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Anton Lepikson merkeze güwänamany gowşurýar.

Soňra “Duisburg-Essen” uniwersitetiniň (GFR) professory Bernd Reinhold Rosin çykyş edip, döwlet Baştutanymyza şu günki dabara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan bu uniwersitetiň Aşgabatda açylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamany gowşurmak çözgüdine gelendigini habar berdi.

Güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşýanlara wideofilm görkezildi. Film merkeziň işi, onuň niýetlenilen ugry hem-de esasy tehniki häsiýetnamalary barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Üç gektar meýdanda ýerleşýän bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkiýäniň “Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy amala aşyrdy. Onuň gurluşygyna ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar. Merkezde netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilip, bu ýerde ýöriteleşdirilen enjamlaryň 55-si gurnaldy. Toplum ugurdaş bölümleri, barlaghanany, edara binasyny, mejlisler jaýyny, arhiwi, ammary, tehniki, kömekçi jaýlary we beýleki zerur düzümleri öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde işgärler üçin lukmançylyk otagy, aşhana, naharhana göz öňünde tutulandyr.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan täze merkez Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk desgadyr. Bu ýerde iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda “General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalary abatlanylar hem-de olara hyzmat ediler. Ähli işler ýokary hil derejesinde, ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginde ýerine ýetiriler. Merkezde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyna laýyklykda, degişli okuwlar guraldy hem-de “General Electric” kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky hyzmat ediş merkezlerine birikdirmek bilen, onlaýn görnüşde nazary we amaly okuwlar geçirildi.

Şeýlelikde, ýurdumyzda esasy energetika enjamlaryny abatlamak üçin mümkinçiligiň döredilmegi bu işlere sarp edilýän wagty azaltmaga, pudagyň ykdysady düşewüntliligini ýokarlandyrmaga hem-de tutuşlygyna içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge ýardam berer hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrar.

Wideofilm bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz abatlaýyş bölümine baryp gördi. Bu ýerde hünärmen gologramma usuly arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.

“General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalarynyň görnüşleriniň biriniň mysalynda 5D görnüşinde görkezilen uly göwrümli şekil birnäçe amallary öz içine alýan işleriň tehnologik halkasyny synlamaga mümkinçilik berýär. Şolaryň hatarynda enjamlary suw bilen ýuwup arassalamak hem-de zeper ýetirmezden kemçiliklerini anyklamak, mehaniki zeperleri düzetmek, kebşirlemek, gyzgyna we sowuga durnukly örtügi çaýmak, wakuum pejinde enjamlary taplamak we beýleki işler bar. Enjamlary abatlamak işleri tamamlanandan soňra, olar synagdan geçirilýär.

Merkeziň işgärleriniň adyndan hünärmen döwlet Baştutanymyza energetika pudagyny ösdürmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow abatlaýyş bölümini synlady. Onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de tehnologik üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Bu ýerde hünärmenler döwlet Baştutanymyza geçirilýän işleriň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Merkez häzirki zaman enjamlary, şol sanda synagdan geçirmek, barlamak hem-de gaz turbinalarynyň böleklerini, içinden geçýän sowadyş ýollaryny arassalamagyň dürli usullary üçin niýetlenilen enjamlar bilen üpjün edilendir. Abatlanylýan enjamlary mehaniki taýdan işläp bejermek üçin niýetlenilen kabinada metal gyryndylaryny sorup alýan ulgam gurnalandyr. Bu ulgam işgärleriň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Tokar, radial burawlaýjy, elektroerozion we metaly ýonýan elektroerozion, lenta görnüşli ýylmaýjy ýaly häzirki zaman stanoklar merkeziň işgärleriniň ygtyýaryndadyr, olar degişli abatlaýyş işlerini ýokary takyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Koordinataly ölçeg we 3 ugurly mehaniki taýdan işläp bejerýän stanoklar sanly tehnologiýalaryň binýadynda işledilýär. Boroskop arkaly gaz turbinalarynyň enjamlaryny sökmezden, olaryň içki böleklerine 4 millimetrlik ölçegli wideoenjam arkaly gözegçilik edilýär. Dartyş synagy üçin niýetlenilen stend programma üpjünçiligi arkaly dolandyrylýar hem-de metallaryň fiziki häsiýetnamalaryny kesgitlemek üçin peýdalanylýar.

Abatlanylýan enjamlara zeper ýetirmezden, olaryň kemçiliklerini ýörite madda — çäge pürkmek arkaly flýuressent ýa-da gyzyl reňk arkaly anyklamak usullary hem bar. Önümçiligi awtomatlaşdyrmak ulgamynda dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan “FANUС Robotics Europe S.A.” kompaniýasynyň önümi bolan bu senagat roboty degişli işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Merkezde oturdylan wakuum peji gaz turbinalarynyň abatlanylýan enjamlaryny kebşirlemezden ozal we soňra termiki taýdan işlemek hem-de metalyň kristal gözeneklerini dikeltmek ýoly bilen olary taplamak üçin ulanylýar. Ýene bir ýöriteleşdirilen peç gaz turbinalarynyň işçi pilçelerini termiki taýdan işlemek üçin niýetlenendir. Şeýle hem degişli enjamlar, gurallar we beýleki abzallar bar. Abatlanmaga degişli energetika enjamlary merkeze gelip gowşanda, ilki bilen, olar gözden geçirilýär, zerur bolan işleriň görnüşi kesgitlenilýär, soňra bolsa degişli abatlaýyş bölümlerine iberilýär.

Hünärmenler häzirki zaman merkeziniň ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Merkez bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow, asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň energetika ministrine bu merkez üçin niýetlenen täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny hem gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

21.07.2022
Büzmeýinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açyldy

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. 

                                                                   

Şowhunly el çarpyşmalar astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde alnyp baryljak işler bilen tanyşdy. 

 Desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, merkez ýolbaşçylar we hünärmenler üçin iş otaglaryny, mejlisler otagyny, synp otaglaryny, arhiwi, lukmançylyk otagyny, aşhanany, naharhanany öz içine alýan dolandyryş binasyndan, ammar binasyndan, abatlaýyş we dikeldiş sehinden, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş sehinden, tehniki we kömekçi binadan ybaratdyr. 

                                                                   

«Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlan bu merkez ýöriteleşen ugry boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji desgadyr. Merkezde «General Electric» kompaniýasynyň energetika enjamlaryna tehniki hyzmat işleri geçiriler. Bu ýerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin 55 sany ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar gurnaldy. 

  Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, täze merkeziň mümkinçilikleri dogrusynda belläp geçdi. Şeýle-de dabarada daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine söz berildi. Olar öz çykyşlarynda täze merkeziň dünýädäki şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini belläp, degişli güwänamalary gowşurdylar.  

                                                                                                           

«Türkmenistan»

21.07.2022
Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Innowasion çözgütleriň netijeli ulanylmagy müşderiler hem-de bazara gatnaşyjylar bilen özara gatnaşyklaryň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly bu ulgamy düýpli özgertmäge itergi berýär. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine durnuklylyk mahsus bolup, onuň ýokary ösüş depgini, sebit we halkara ykdysady giňişligine netijeli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän möhüm orny has-da pugtalandyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ösüşleriň täze belentliklerini uly ynam bilen nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli we döwrebap özgertmeleriň gözbaşynda amala aşyrylýan milli we döwlet maksatnamalarynyň durandygyny bellemek gerek. Ýurt derejesinde meýilnamalaýyn durmuşa geçirilýän işler türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli esasda artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. 

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täze başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, ähli ugurlary öz içine alýan ösüş strategiýasy halkyň abadan ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy girewi hökmünde çykyş edýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady juda berkden tutulan milli ykdysadyýetimiz özboluşly ösüş ýoly bilen tapawutlanýar. Has takygy, ýurdumyza milli ykdysadyýetiň diňe çig mala gönükdirilmegini aradan aýyrmak, bazar özgertmelerini çaltlandyrmak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň we raýatyň durmuşy, saglygy, iş bilen üpjünçiligi, bagtyýarlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli berjaý edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ösüşiň häzirki tapgyrynda, ýagny institusional özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyna esaslanýan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, maliýe ulgamynda, durmuş çygrynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge geçilýän döwürde statistikanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmekde döwlet statistikasynyň zerurlygy has-da artýar. Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, ýurduň uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseleleriň hatarynda maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamy aýratyn orun eýeledi. Hasabatlardan görnüşi ýaly, ykdysadyýetimiziň görkezijileri oňyn häsiýete eýe bolup, ösüşleri nazarlaýar. 

                                                                   

Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri döwrebap özgertmelerden nyşandyr. Hasabat döwründe ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Munuň özi bolsa maýa goýum syýasatynyň oňyn netijelerini berýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40  göterim köpeldi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbidini nazarlaýan oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanandygy, häzirki wagtda bolsa, medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işleriň gyzgalaňly dowam etdirilýändigi diýseň buýsandyryjydyr.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek barada birnäçe möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň ählisi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen çäreleriň çäklerinde alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, sanly ulgam maliýe-bank ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm ugry bolup durýar. Häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryndan ugur alsak, bu möhüm wezipäniň durmuşa geçirilmegi tutuş ykdysady ulgama we onuň binýatlaýyn edaralaryna we düzümlerine hil taýdan täze talaplaryň peýda bolmagyny hem şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu ugurda geçirilýän işler durmuş we maýa goýum syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagyna, işewürlik ulgamynyň işjeňliginiň höweslendirilmegine, netijeliliginiň ýokarlanmagyna, umuman, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 8-nji iýulda geçen Hökümet mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Kararlara gol çekmegi ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak babatda ädilen möhüm ädimdir. Munuň özi bolsa döwlet derejesinde kesgitlenen ösüş strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir möhüm subutnamasy bolup durýar.  

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

21.07.2022
Merkezi Aziýada ilkinji: energetika enjamlaryny abatlamakda we hyzmat etmekde täze tejribe

 Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Öz ugrundan sebitde ýeke-täk desgada 120-den gowrak hünärmen zähmet çeker. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygy has-da guwandyryjydyr. Biz bu ýerde zähmet çekjek ýaşlaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolduk. 

                                                                   

 Berdimyrat BEGENJOW,
merkeziň hil gözegçiligi boýunça bölümçesiniň başlygy:
 

                                                                   

— Dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miweleriniň biridir. Bu ýerde zähmet çekjek hünärmenlere «General Electric» kompaniýasynyň daşary ýurtlarda ýerleşýän hyzmat ediş merkezlerinden onlaýn sapaklar, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Grinwil, Indoneziýanyň Bandung şäherlerindäki degişli merkezlerde nazary, amaly okuw sapaklary geçirilip, olaryň bu ugurdan bilimlerini artdyrmak üçin mümkinçilikler döredildi.  

  Bilşimiz ýaly, energetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Desganyň açylyş dabarasynda Arkadagly Serdarymyzy garşylap, täze merkeziň bölümleriniň işi bilen tanyşdyrýan 5D şekilli gologrammany görkezmek maňa miýesser etdi. Biz bu ýerde gaz turbina desgasyny «General Electric» kompaniýasynyň abatlaýyş tehnologiýasy esasynda ýörite tehnologik enjamlaryň kömegi bilen doly söküp abatlamak we hyzmat etmek işlerini alyp bararys. Şu wagta çenli şeýle çylşyrymly enjamlaryň abatlaýyş işleri daşary ýurtlarda geçirilýärdi. Ýurdumyzyň çäginde öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmek we olary talabalaýyk abatlamak işleriniň merkezimizde ýerli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetiriljekdigi hem guwandyrýar, hem jogapkärçiligimizi artdyrýar.  

                                                                   

 Saparmyrat GAZAKOW,
merkeziň hünärmeni:
 

                                                                   

— Soňky ýyllarda ähli welaýatlarda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Bu desgalar ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

 Türkiýäniň «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlan toplumda bu pudak bilen baglanyşykly iň täze tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, işler ösen tehnologiýalarda, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa görnüşde amala aşyrylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişli bolan gaz turbinalaryň esasy enjamlaryny merkezde abatlamak mümkinçiligi bolansoň, indi olary bu maksat bilen daşary ýurda ibermek zerurlygy aradan aýrylýar. Turbinalarda öz wagtynda tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy netijesinde, elektrik energiýasy ýerli sarp edijilere hem-de eksporta iberilende, onuň üznüksizligi has-da ygtybarly bolar. 

                                                                   

Biz — ýaşlar, döwrebap energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde yhlasly zähmet çekip, pudagyň ösüşlerine öz goşandymyzy goşarys.  

 Kiçiguly KULYÝEW,
merkeziň hünärmeni:
 

                                                                   

— “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň belent ruhunda baýramçylyk joşguny bilen açylan täze merkezde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edilen. Merkez dolandyryş binasyndan, ammardan, abatlaýyş we dikeldiş önümhanasyndan, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş önümhanasyndan, tehniki hem-de kömekçi binadan ybarat. 

                                                                   

Tehniki hyzmatlary we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin 55 sany ýöriteleşdirilen döwrebap enjam gurnaldy. Merkezde zähmet çekjek hünärmenleriň daşary ýurtlarda ýörite okuw geçip gelendiklerini hem aýratyn bellemek gerek. Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Indoneziýada nazary we amaly sapaklary geçdik, onlaýn usulda guralan okuwlara gatnaşdyk. Ýöriteleşdirilen enjamlar bilen işleşjek hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyna laýyklykda, iňlis dili sapaklary çuňlaşdyrylyp öwredildi. Merkeze dünýädäki şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän degişli güwänamalaryň gowşurylmagy-da buýsandyryjy waka boldy.  

 Döwlet Baştutanymyzyň merkeziň açylyş dabarasynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan giň gerimli işler ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge mümkinçilik berip, elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, eksport ugurlaryny köpeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Il-ýurt bähbitli şeýle işlere mynasyp goşandymyzy goşup, gijämizi gündiz edip işläris. 

                                                                   

 Guwanç ALLANAZAROW,
merkeziň hünärmeni:
 

                                                                   

— Täze desganyň açylyş dabarasynda Arkadagly Serdarymyza gaz turbina desgasynyň bölegine robotyň kömegi bilen gyzgyna çydamly örtük çaýmagyň yzygiderligini görkezmek miýesser etdi. «FANUC Robotics Europe S.A.» kompaniýasynyň önümi bolan bu robot ýalyn we ony ugrukdyryjy turbalara hem-de pilçelere gyzgyna çydamly örtügi çaýmak üçin ýokary tizlikli gaz-kislorod usulyny ulanýar. Bu usulda ýangyç hökmünde ýokary derejeli arassa wodorod gazyndan peýdalanylýar. Desgada oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar hyzmat ediş işlerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. 


Merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty, serişdeleri azaltmaga ýardam berer. 

                                                                   

Ýurdumyzda sarp edijileriň elektrik energiýasyna isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredilýär. Ýokary mümkinçilikli bu desga pudakda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň aýdyň şöhlelenmesidir. Arkadagly Serdarymyzyň dabarada belleýşi ýaly, şeýle iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Merkezde zähmet çekýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy-da guwandyryjydyr. Ýaş nesilleriň döwrebap hünärleri ele alyp, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

21.07.2022
Geçmişimiziň gadymy senedi

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan egirme-dokma senedi iň gadymy senetleriň biridir. Ençeme müňýyllyklar geçse-de, gelin-gyzlarymyzyň bu el hünäri özüniň aýratynlygyny, millilik häsiýetini saklap gelýär. Bilşimiz ýaly, ene-mamalarymyz sada zähmet gurallarynyň kömegi bilen ýüpekden, ýüňden, pagtadan dünýäde deňi-taýy bolmadyk matalary dokapdyrlar. Häzirki döwürde hem ýüpekden dokalýan matalar bilen bir hatarda düýe ýüňünden dokalan agarçäkmenlik matalary hili boýunça meşhurlyk gazanyp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.  

                                                                   

Geçirilen gözleg işleriniň netijesinde Sumbar derýasynyň orta akymlaryndaky giçki bürünç eýýamyna degişli galalarda ýüňi işläp taýýarlaýan egriji gurallaryň tapylmagy hakykatdan hem gadymyýetde aýallaryň ik egirmek bilen meşgullanandyklaryny delillendirýär. Ol ýerde tapylan bürünçden ýasalan zähmet gurallarynda mata bölejikleriniň yzlarynyň bolmagy bolsa, Günorta Türkmenistanyň gadymy ilatynyň dokma dokandyklaryna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşan taryhçy Gerodotyň: «Ol ýeriň tokaýlarynda (häzirki Türkmenistanyň çäklerinde) şeýle bir ýaprak bilen örtülen agaç bar. Şol agajyň ýapragyny owadanlap we suw bilen garyp ýasalýan boýagdan olar geýimlere nagyş salýarlar. Nagyşlaryň reňki dökülmeýär, solmaýar, ol mata bilen deň könelýär» diýen sözlerine esaslanyp, ata-babalarymyzyň dokmaçylyk bilen bir hatarda boýagçylyk sungatyny hem kämilleşdirendiklerine göz ýetirmek mümkin. Gadymy Merwde gyzyl, gök reňkli nah, ýüpek, ýüň sapaklarynyň tapylmagy b.e öňki II-I müňýyllyklarda nagyş-bezeg sungatynyň ýokary derejede ösendiginiň, hili ýokary derejeli boýaglaryň çyga, Günüň şöhlesine, howa şertlerine çydamly, berk hem durnukly bolandygyny aňladýar.  

                                                                   

Bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmäge, ösdürmäge, kämilleşdirmäge ata-babalarymyzyň baý mirasy bolan dokmaçylygy, onuň reňk öwüşginlerini, gadymy nusgalaryny dikeltmäge giň ýol açyldy. Ykdysadyýetimiziň öňde barýan pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilip, pagta arassalaýjy, ony ýüplük görnüşinde egriji fabriklerinden başlap, ýokary hilli egin-eşikleri öndürýän zawod-fabrikleriň uly toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkiýäniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň gatnaşmagynda pudagyň täze senagat desgalarynyň tutuş bir tapgyry guruldy we gurulmagyny dowam edýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze gurlup, ulanylmaga berlen dokma toplumy aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Pagtany gaýtadan işleýji pudagy ösdürmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda tebigy ýüpekden önüm öndürmegiň täze tehnologiýaly enjamlaryny ornaşdyrmak bilen panbarhat matalaryň dürli görnüşlerini öndürmäge, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän haly fabriginde täze nusgaly dürli reňkdäki halylary öndürmäge, häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny kemala getirmäge uly mümkinçilikler döredildi. Bu pudaga degişli kärhanalaryň ählisiniň-de öndürýän önümleriniň dünýä bazarlarynda geçginli haryda öwrülmegi bolsa, gadymy senedimiziň dowamaty dowam bolup, halkymyzyň milliliginiň dünýä ýaýylýandygyny delillendirýär.  

                                                                   

Goý, geçmişden miras galan gymmatlyklarymyzy sarpalap, olary geljekki nesillere ýetirmek üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Ogulsoltan BABAÝEWA,

                       

TGM-niň Beýik Saparmyrat   Türkmenbaşy adyndaky Harby   institutynyň mugallymy.

21.07.2022
Energetika pudagynyň täze desgasy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda  Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň  ähli ulgamlary bilen bir hatarda energetika pudagynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady barha kuwwatlanýar.  Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi bu ulgamyň döwrebap desgalarynyň  üstüni ýetirdi.   

                                                                   

Toplum Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanayi we Tiсaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlup, 2,99 gektar meýdany eýeleýär.  Onda zähmet çekjek 120-den gowrak hünärmen bilen  iňlis dilinden  okuw sapaklary, «General Eleсtriс» kompaniýasynyň daşary ýurtda ýerleşýän hyzmat ediş merkezleri bilen onlaýn sapaklary şeýle-de  beýleki hyzmat ediş merkezlerinde nazary we amaly okuwlar geçirildi. Olaryň tejribeleriniň  artdyrylmagy  bu merkezde  önümçiligiň hiç-hili bökdençsiz dowam etjekdigini şertlendirýär.      

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesensoň, merkeziň  dolandyryş binasynyň mejlisler zalynda  gutlag sözi bilen çykyş etdi. Dabara gatnaşanlar  energetika  pudagynyň ösüşleri bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa etmek bilen, mundan buýana-da energetika pudagynyň önümçiliginiň has-da ilerlejekdigine göz ýetirdiler.     

                                                                   

Topluma  ýokary hilli, ekologik taýdan durnukly we öňdebaryjy tehnologiýaly merkez hökmünde laýyklyk sertifikatlarynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa goraglylygynyň  üns merkezinde saklanýandygyny aýdyň görkezdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň  ýörite gulluk awtoulaglarynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy täze merkezde zähmet çekjek hünärmenleriň buýsanjyny artdyrdy. 

                                                                                                           

«Zenan kalby».

21.07.2022
Ýollar ýurdumyzda birleşýär

Türkmenistan milli ulag düzümini döretmek, ösdürmek we kämilleşdirmek babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli we halkara taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirdi. Munuň üçin ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar ýerine ýetirildi. 18 — 19-njy iýulda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatda hem bu babatda giňişleýin gürrüň edildi. Dünýä ýurtlarynyň ençemesinden bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryňdyr döwlet düzümleriniň wekillerini, halkara bilermenleri bir ýere jemlän bu maslahat ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň, sebitiň üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiligini artdyrmakda we ony yklym ýollary bilen birleşdirmekde täze mümkinçiliklere badalga berer. 

                                                                   

Türkmenistanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna aýratyn orun degişlidir. Deňiz portunyň umumy tutýan meýdany 150 gektardan gowrak bolup, umumy ýükler, konteýner, ýolagçy hem-de ürgün ýük terminallaryny öz içine alýar. Portuň bir ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük awtoulaglaryna, 400 müň konteýnerlere hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bir wagtda 17 gämi kabul etmäge we ýükleme-düşürme işlerini geçirmäge ukyplydyr. Bu mümkinçilikler ýurdumyzyň iki yklymy — Aziýa bilen Ýewropany birleşdirijilik ornuny ýokarlandyrýar.  

                                                                   

«Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlar boýunça halkara ähmiýetli köp şahaly üstaşyr ýollar Türkmenistan üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň çäklerinden halkara geçelgeleriň birnäçesi geçip, Türkmenistan döwletimiziň sebitde ulaglaryň dürli görnüşleriniň iri gatnawlar merkezi hökmünde çykyş etmegine esas döredýär.  

                                                                   

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny ýola goýmaga şert bolup durýar. Bu halkara demir ýol geçelgesi Pars aýlagyna we Ýewropanyň, Russiýanyň hem-de Hytaýyň bazarlaryna çalt we ygtybarly baryp ýetmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa halkara ulag geçelgesi hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. «TRASEKA» diýlip atlandyrylýan bu halkara ulag geçelgesi Hytaý Halk Respublikasy bilen bütin yklymy birleşdirýän halkara ugurdyr. Biziň ýurdumyzda öz başlangyjyny Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan alýan we Türkmenistan — Özbegistan gümrük serhet nokatlaryndan goňşy döwletleriň çäginde dowam edýän bu ugur halklaryň ýakynlaşmagynda, bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde kesgitleýji orny eýeleýär. Çünki bu ýollaryň özara birleşmegi ýükleri daşamakdaky we ýolagçylary gatnatmakdaky sarp edilýän wagty we serişdeleri ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.  

                                                                                                           

Gülnur HOJAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

20.07.2022
Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy dünýäde giňden wagyz edilýär

Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň we fransuz hünärmenleriniň Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyp geçirilen wideoduşuşygy bu ugurdaky wezipeleri çözmegiň ýolundaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. 

                                                                   

Halkara ylmy bileleşigiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açylýar. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi. 

                                                                   

Biziň topragymyzda dünýäde ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny kesgitleýän Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri bar. Nusaý, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Sarahs, Abiwerd taryhy-medeni ýadygärlikleri, Gökdepe galasy açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bezeglideräniň gaýadaky şekilleri, Abiwerdiň, Sarahsyň binagärlik toplumlary we Amyderýanyň kenaryndaky gadymy döwre degişli desgalar dünýä bellidir. 

                                                                   

Köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Ulugdepe şäheriniň taryhy ýadygärliklerinde gyzykly açyşlar edildi. Türkmen we fransuz arheologlary bu ýerde senetçiligiň ösendigini alamatlandyrýan köp sanly tapyndylary ýüze çykardylar. Şäheriň bazarlarynda dokmaçylaryň, demirçi ussalaryň, küýzegärleriň dürli görnüşli önümleri, çeperçilik taýdan bezegli sowgatlyklar taýýarlanyş aýratynlygy we ussalaryň ukyby bilen tapawutlanypdyr. 

                                                                   

Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýerleşýän meýdany 15 gektara barabar bolup, onuň merkezinde 30 metr belentlikdäki depe ýerleşýär. Bu ýerde neolit döwrüne degişli ýaşaýşyň yzlary tapyldy. Ulugdepäniň has ösen döwri biziň eýýamymyzdan öňki 5000 — 4000-nji ýyllara gabat gelip, irki mis asyrynda bu ýerde suwarymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanylypdyr. Ýaşaýyş bolan ýerler hökmünde kesgitlenen künjekde köp sanly toýun peçler ýüze çykaryldy. Olar bu ýerde senetçiligiň sazlaşykly ösdürilendigini görkezýär. Pöwrize daşyndan we beýleki gymmat daşlardan ýasalan ykjam monjuklar bu şäherde söwda gatnaşyklarynyň ösendigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklaryndan ybarat iri möçberli sergileri guramakda oňyn tejribe toplandy. 2016-njy ýylda ABŞ-nyň iri “Metropoliten” sungat muzeýinde “Köşk dünýäsi we älem: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly serginiň geçirilendigini bellemek gerek. Sergide ilkinji gezek ýurdumyzyň gadymy muzeý gymmatlyklary — Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Köneürgenjiň muzeýiniň gymmatlyklary görkezildi. Şonda sergä gatnaşyjylara irki asyrlara degişli gymmat bahaly daşlardan, metaldan, piliň süňkünden ýasalan ýokary çeperçilikli önümler, küýzegärleriň zähmetinden kemal tapan dürli görnüşli küýzeler, heýkeller, ussatlyk bilen taýýarlanylan syrçaly gaplar görkezildi, bu gymmatlyklar Goňurdepäniň we Marguşyň oturymly ýerleriniň ýaşaýjylarynyň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. 

                                                                   

2018-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň muzeýinde türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeni köklerine şaýatlyk edýän önümler tanyşdyryldy. Berliniň Täze muzeýinde “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” ady bilen guralan sergide, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde we Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorn muzeýinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary görkezildi. Olar daşary ýurtda ilkinji gezek görkezilen gymmatlyklarymyza öwrüldi. Şol sanda ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň 220-ä golaýy görkezildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň muzeý gaznalarynyň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda görkezilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň netijesidir. Şeýle sergileriň baş maksady milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýä wagyz etmekden, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, goramak we dikeltmek babatda tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanda medeni gymmatlyklaryň degişli derejede saklanylmagyna gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli medeniýetiň işini kämilleşdirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek boýunça işler dowam eder, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi, taryhy-medeni mirasyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek boýunça zerur çäreler görler. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýän desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçiriler. “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylmagyna ýardam eder. Resminamada göz öňünde tutulan çäreler daşary döwletleriň we Diýarymyzyň syýahatçylarynyň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine hem-de beýleki gözel ýerlerine gelmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 

                                                                   

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, baý medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmegini hem-de geljek nesillere ýetirilmegini, dünýäde giňden wagyz edilmegini şertlendirer. Bu işe toplumlaýyn, düýpli ylmy çemeleşmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň we hünärmenleriniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda milletiň taryhy-medeni mirasynyň gymmatlyklary saklanýan iri medeni merkezler bolan muzeýlere möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, özboluşly däpleri, Watanymyzyň taryhy eýýamda ýeten derejesi örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy ýadygärlikler we türkmen topragynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar dünýäniň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Munuň özi taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açýar. 

                                                                                                           

(TDH)

20.07.2022