Energetika pudagynyň rowaç menzilleri

Häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginde bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan aýrybaşgalykda göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza howa ýaly möhüm bolup dur. Bir söz bilen aýtsak, energetika pudagy bolmasa, öňe bir ädim ätmegem çetin. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleri külterleýär. Döwlet syýasatyny ruhubelentlige beslän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem eziz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny gülletmäge, dünýä şan berjek ösüşlere ýaran etmäge derwaýys üns berilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 20-nji iýulynda — düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň — Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem şu günümizi şana, geljegimizi zerewşana öwren ädimleriň nobatdakysydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýalarynyň alyp baran gurluşyk işleriniň netijesinde binýat bolan bu iri desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, onuň çäginde dolandyryş, ammar, tehniki we kömekçi binalary, abatlaýyş we dikeldiş, himiki arassalaýyş bölümleri, abatlaýyş ussahanasy ýerleşýär. Ýurduň ösüşlerine, özgerişlerine özboluşly goşant goşýan halk hojalygynyň möhüm ulgamlaryny geljekde hem gülletjek hünärmenleriň taýýarlanmagy şu günümiziň derwaýys talaplarynyň biridir. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklaryna ýöriteleşen, döwrüň sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan, ylym-bilim başarnyklaryny eziz Diýarymyzyň bähbidine gönükdirjek ýaş hünärmenler taýýarlanýar. Gurlup ulanylmaga berlen Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň hünärmenleri hem tejribelerini has-da kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Bu möhüm ähmiýetli desganyň ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, munuň üçin sarp edilýän wagty azaltmaga ýardam berjekdigi, önümçiligiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döretjekdigi nygtalmaga mynasypdyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabyndaky: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik. Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda, Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan   ugurlaryny   kesgitledik.  Dünýäniň   energetika  ulgamynda ýurdumyzyň tutýan     ornuny   berkitmek   boýunça   anyk   çäreleri   belledik»   diýen   jümleleri okanyňda, döwletimizde üstünlikli hereket edýän «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny biygtyýar ýadyňa düşüp, bu resminamalaryň geljegi aýdyň energetika pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we durmuş esaslaryny, wezipelerini we borçlaryny kesgitleýändigine buýsanjyň ekezlenýär. Maksatlar aýdyň bolanda ösüşleriňdir özgerişleriň barha dabaralanjakdygy öz-özünden düşnüklidir. Bu ebedi hakykat.  

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrligi özünde «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyny, «Türkmenenergogurluşyk» konsernini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny we onuň tabynlygyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezini, «Türkmenenergotaslama» institutyny, Maýa goýum we tehnologiýa taslamalarynyň döwlet seljeriş müdirligini, Energohyzmat birleşigini, Aşgabat Energetika orta hünär okuw mekdebini we Mary şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebini jemleýär. Bir jümlä jemläp aýdanyňda, bu ministrlik elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan merkezi edara bolup durýar. Türkmenistan häzirki wagtda energetika syýasatynda sebit we halkara derejesinde giň möçberli işleri dabaralandyrýan, elektrik energiýasynyň goruny artdyrýan döwlet hökmünde tanalýar. Bu ugurda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän önümçilik birleşiklerinde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, sebitleriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryna gözegçilik etmek ýaly işleriň ýerine ýetirilmegi döwletli tutumlara aýratyn goşantdyr.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň hatarynda energetika pudagynyň ösüşli menzilleri we öňde durýan maksatlary barada hem aýdylyp geçildi. Döwlet elektroenergetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Bu ugurda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle hem ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisini çekmek  üçin  zerur  bolan  enjamlary we  serişdeleri  satyn almak boýunça degişli işler geçirilendigi, Arkadagly Serdarymyzyň degişli Karara gol çekmegi diýseň buýsançly ýagdaýdyr. Bu möhüm başlangyç «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edip, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden-göni ýardam berer. Sözümizi jemläp aýdanymyzda,  «ýaşyl»   energetikanyň  mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak zerurdyr.  

                                                                                                           

Gurbanmyrat SARYÝEW,

                       

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».