Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan taryhy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy we zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Çünki ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň eldegrilmesizdigi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy kesgitlenilýär.
Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada esas goýujy hukuk kadasynyň hem berkidilendigini aýratyn bellemek ýerlikli bolar. Sebäbi Konstitusiýada kiçi we orta telekeçilik diýen düşünjäniň ulanylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän bu ugruň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslarynyň hukuk taýdan kepillendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Telekeçilige goldaw bermek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegiň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Raýat kodeksini, «Salgytlar hakynda» Bitewi kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar.
Goý, ýurdumyzda telekeçiligi yzygiderli ösdürmekde, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Gülbahar HOJAMYRADOWA,
Aşgabat şäher Köpetdag etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.