Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Öz ugrundan sebitde ýeke-täk desgada 120-den gowrak hünärmen zähmet çeker. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygy has-da guwandyryjydyr. Biz bu ýerde zähmet çekjek ýaşlaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolduk.
Berdimyrat BEGENJOW,
merkeziň hil gözegçiligi boýunça bölümçesiniň başlygy:
— Dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miweleriniň biridir. Bu ýerde zähmet çekjek hünärmenlere «General Electric» kompaniýasynyň daşary ýurtlarda ýerleşýän hyzmat ediş merkezlerinden onlaýn sapaklar, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Grinwil, Indoneziýanyň Bandung şäherlerindäki degişli merkezlerde nazary, amaly okuw sapaklary geçirilip, olaryň bu ugurdan bilimlerini artdyrmak üçin mümkinçilikler döredildi.
Bilşimiz ýaly, energetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Desganyň açylyş dabarasynda Arkadagly Serdarymyzy garşylap, täze merkeziň bölümleriniň işi bilen tanyşdyrýan 5D şekilli gologrammany görkezmek maňa miýesser etdi. Biz bu ýerde gaz turbina desgasyny «General Electric» kompaniýasynyň abatlaýyş tehnologiýasy esasynda ýörite tehnologik enjamlaryň kömegi bilen doly söküp abatlamak we hyzmat etmek işlerini alyp bararys. Şu wagta çenli şeýle çylşyrymly enjamlaryň abatlaýyş işleri daşary ýurtlarda geçirilýärdi. Ýurdumyzyň çäginde öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmek we olary talabalaýyk abatlamak işleriniň merkezimizde ýerli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetiriljekdigi hem guwandyrýar, hem jogapkärçiligimizi artdyrýar.
Saparmyrat GAZAKOW,
merkeziň hünärmeni:
— Soňky ýyllarda ähli welaýatlarda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Bu desgalar ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Türkiýäniň «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlan toplumda bu pudak bilen baglanyşykly iň täze tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, işler ösen tehnologiýalarda, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa görnüşde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişli bolan gaz turbinalaryň esasy enjamlaryny merkezde abatlamak mümkinçiligi bolansoň, indi olary bu maksat bilen daşary ýurda ibermek zerurlygy aradan aýrylýar. Turbinalarda öz wagtynda tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy netijesinde, elektrik energiýasy ýerli sarp edijilere hem-de eksporta iberilende, onuň üznüksizligi has-da ygtybarly bolar.
Biz — ýaşlar, döwrebap energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde yhlasly zähmet çekip, pudagyň ösüşlerine öz goşandymyzy goşarys.
Kiçiguly KULYÝEW,
merkeziň hünärmeni:
— “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň belent ruhunda baýramçylyk joşguny bilen açylan täze merkezde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edilen. Merkez dolandyryş binasyndan, ammardan, abatlaýyş we dikeldiş önümhanasyndan, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş önümhanasyndan, tehniki hem-de kömekçi binadan ybarat.
Tehniki hyzmatlary we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin 55 sany ýöriteleşdirilen döwrebap enjam gurnaldy. Merkezde zähmet çekjek hünärmenleriň daşary ýurtlarda ýörite okuw geçip gelendiklerini hem aýratyn bellemek gerek. Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Indoneziýada nazary we amaly sapaklary geçdik, onlaýn usulda guralan okuwlara gatnaşdyk. Ýöriteleşdirilen enjamlar bilen işleşjek hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyna laýyklykda, iňlis dili sapaklary çuňlaşdyrylyp öwredildi. Merkeze dünýädäki şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän degişli güwänamalaryň gowşurylmagy-da buýsandyryjy waka boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň merkeziň açylyş dabarasynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan giň gerimli işler ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge mümkinçilik berip, elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, eksport ugurlaryny köpeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Il-ýurt bähbitli şeýle işlere mynasyp goşandymyzy goşup, gijämizi gündiz edip işläris.
Guwanç ALLANAZAROW,
merkeziň hünärmeni:
— Täze desganyň açylyş dabarasynda Arkadagly Serdarymyza gaz turbina desgasynyň bölegine robotyň kömegi bilen gyzgyna çydamly örtük çaýmagyň yzygiderligini görkezmek miýesser etdi. «FANUC Robotics Europe S.A.» kompaniýasynyň önümi bolan bu robot ýalyn we ony ugrukdyryjy turbalara hem-de pilçelere gyzgyna çydamly örtügi çaýmak üçin ýokary tizlikli gaz-kislorod usulyny ulanýar. Bu usulda ýangyç hökmünde ýokary derejeli arassa wodorod gazyndan peýdalanylýar. Desgada oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar hyzmat ediş işlerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.
Merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty, serişdeleri azaltmaga ýardam berer.
Ýurdumyzda sarp edijileriň elektrik energiýasyna isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredilýär. Ýokary mümkinçilikli bu desga pudakda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň aýdyň şöhlelenmesidir. Arkadagly Serdarymyzyň dabarada belleýşi ýaly, şeýle iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Merkezde zähmet çekýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlar bolmagy-da guwandyryjydyr. Ýaş nesilleriň döwrebap hünärleri ele alyp, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.