Ýollar ýurdumyzda birleşýär

Türkmenistan milli ulag düzümini döretmek, ösdürmek we kämilleşdirmek babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli we halkara taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirdi. Munuň üçin ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar ýerine ýetirildi. 18 — 19-njy iýulda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatda hem bu babatda giňişleýin gürrüň edildi. Dünýä ýurtlarynyň ençemesinden bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryňdyr döwlet düzümleriniň wekillerini, halkara bilermenleri bir ýere jemlän bu maslahat ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň, sebitiň üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiligini artdyrmakda we ony yklym ýollary bilen birleşdirmekde täze mümkinçiliklere badalga berer. 

                                                                   

Türkmenistanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna aýratyn orun degişlidir. Deňiz portunyň umumy tutýan meýdany 150 gektardan gowrak bolup, umumy ýükler, konteýner, ýolagçy hem-de ürgün ýük terminallaryny öz içine alýar. Portuň bir ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük awtoulaglaryna, 400 müň konteýnerlere hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bir wagtda 17 gämi kabul etmäge we ýükleme-düşürme işlerini geçirmäge ukyplydyr. Bu mümkinçilikler ýurdumyzyň iki yklymy — Aziýa bilen Ýewropany birleşdirijilik ornuny ýokarlandyrýar.  

                                                                   

«Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlar boýunça halkara ähmiýetli köp şahaly üstaşyr ýollar Türkmenistan üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň çäklerinden halkara geçelgeleriň birnäçesi geçip, Türkmenistan döwletimiziň sebitde ulaglaryň dürli görnüşleriniň iri gatnawlar merkezi hökmünde çykyş etmegine esas döredýär.  

                                                                   

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny ýola goýmaga şert bolup durýar. Bu halkara demir ýol geçelgesi Pars aýlagyna we Ýewropanyň, Russiýanyň hem-de Hytaýyň bazarlaryna çalt we ygtybarly baryp ýetmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa halkara ulag geçelgesi hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. «TRASEKA» diýlip atlandyrylýan bu halkara ulag geçelgesi Hytaý Halk Respublikasy bilen bütin yklymy birleşdirýän halkara ugurdyr. Biziň ýurdumyzda öz başlangyjyny Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan alýan we Türkmenistan — Özbegistan gümrük serhet nokatlaryndan goňşy döwletleriň çäginde dowam edýän bu ugur halklaryň ýakynlaşmagynda, bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde kesgitleýji orny eýeleýär. Çünki bu ýollaryň özara birleşmegi ýükleri daşamakdaky we ýolagçylary gatnatmakdaky sarp edilýän wagty we serişdeleri ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.  

                                                                                                           

Gülnur HOJAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.